Görogly taglymatynyñ esaslary 2: Görogly begiñ aslyýeti
Görogly taglymatynyñ esaslary 2: Görogly begiñ aslyýeti
2. Görogly begiň aslyýeti
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhynyň üçünji eýýamyny Görogly beg eýýamy diýip atlandyrdy we bu eýýama öz parasatly bahasyny berdi. Beýik Serdar üçünji Görogly beg Türkmen eýýamyny X asyrdan XVI asyr aralygy diýip kesgitledi.
Bu eýýamyň öňki Oguz han Türkmen hem-de Gorkut ata Türkmen eýýamlarynyň ruhlaryndan nämeler babatda parhlanýandygyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy takyklaşdyrdy: milli ruhuň birinji eýýamynda millete ýol görkezen şahsyýetiň patyşa bolandygyny, ikinji eýýamda bolsa patyşanyň ornuna keramatly akyldaryň gelendigini aýtdy. Eýsem türkmen ruhunyň üçünji eýýamyny kesgitlän Görogly beg taryhda kim bolupdyr?!
Görogly begiň eýýamy 1040-njy ýylda Merwden 10-12 agaç (bir agaç – 6 kilometre barabar uzaklyk ölçegi) günortada ýerleşen Daşrabat (Daňdanakan) galasynyň ýanynda türkmenleriň gaýa tiresinden bolan soltan Masut ibn Mahmyt ibn Söbüktegin Gaznaly şalygynyň goşunlary bilen türkmenleriň kynyk tiresinden bolan seljuklylar Çagry begiň, Togrul begiň, Musa begiň başda durmagynda söweşýärler, söweşde ýeňiş kynyklara gülüp bakýar. Netijede, Seljuk türkmenleriniň şalygy döreýär.
Bu hakda Beýik Serdar Mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabynda şeýle ýazdy: «Türkmen taryhynyň üçünji eýýamynda – XI asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlap, türkmen halkynyň taryhynda uly öwrülişik bolýar: türkmen serkerdeleri Togrul beg (993 – 1063 ý.); Çagry beg (991 – 1061 ý.) dünýäde «Beýik» diýen ady alan Seljuk Türkmen döwletini döredýärler.
Çagrynyň ady Dawut, Togrulyň ady Muhammatdir. Çagry, Togrul beýik serkerdeleriň tahalluslarydyr.
Çagry beg bilen Togrul beg Mykaýylyň ogullary, nesilbaşy Seljuk beg Dukagyň agtyklarydyr».
Şu ýerde Muhammet pygamberiň bir hadysyny hem ýatlamak isleýärin. Hadysda şeýle diýilýär: «Horasanda milleti arap bolmadyk, nurana ýüzli häkim peýda bolar. Onuň ady meniň adym ýaly Muhammet bolar we buweýhlileriň agalygynyň soňuna çykar, Horasandan beýik Derwezata (Seýhun derýasy bilen Anadoly aralygy) çenli basyp aljakdyr, gylyjyny iň soňuna – ýeňşe çenli elinden düşürmejekdir. Onuň ady Eýranda, Yrakda we Mekgede hutbada (namazlarda, doga-dileglerde) ýatlanjakdyr».
Görogly – Togrul begiň türkmen halkynyň ruhy dünýäsindäki çeper keşbidir. Togrul begiň asylly ahlak sypatlary, gaýduwsyzlygy, juwanmertligi Görogly begiň çeper keşbiniň üsti bilen teswirlenýär.
Görogly beg – wagt we giňişlik taýdan anyklaşan ýurduň, Seljuk türkmenleriniň şalygynyň – Çardagly Çandybiliň soltany. Çardagly Çandybiliň arazasy häzirki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň tutýan serhetleri bilen deňeşdireniňde düýpli tapawutlydyr, ol tapawut biziň güneşli ülkämiziň häzirki çäginden has giňligi bilen parhlanýar.
Biz şu ýerde Görogly begiň şalygy, serhet çäkleri hakdaky söhbetimizi biraz soňa goýup, Togrul beg bilen Görogly begiň biri-birine meňzeşligi hakdaky delillerimizi getirmek isleýäris. Elbetde, henize-şu güne çenli Görogly begiň taryhda kim bolandygy barada edebiýaty, taryhy öweniş ylymlarymyzda örän köp gürrüň edildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bolsa şu döwre çenli höküm süren pikirleri inkär edip, öz pikirini öňe sürdi we bu pikirini anyk deliller bilen subut etdi. Eýsem Görogly bilen Togrul begiň şahsyýetleriniň arasyndaky bada-bat gözüňe ilýän, esasy alamatlar haýsylar?! Dogry, ol meňzeşlik alamatlaryny doly beýan etmek gaty köp sahypany alar, ýöne esasy meňzeşlik delilleri-de şübhä ýer goýanok.
Birinji delil: Togrul begiň we Görogly begiň atalarynyň ykballary juda meňzeş.
Ikinji delil. Togrul begiň we Görogly begiň kakalary ir wepat bolýarlar. Şeýle bolansoň Togrul begi atasy Seljuk beg, Görogly begi bolsa Jygaly beg terbiýeleýär.
Üçünji delil: olaryň ikisi hem asyl gelip çykyşlary boýunça begdirler we batyr ogullarydyrlar.
Dördünji delil: olaryň ikisi hem serkerdedir we soltandyr.
Bäşinji delil: ikisi hem bir ülkede – Balkan daglarynyň eteklerinde, Uzboýuň aşaky akymlarynda dünýä inýärler we ösüp kemala gelýärler.
Altynjy delil: olaryň ikisiniň hem harby-söweş tilsimleri meňzeşdir. Ikisi hem söweşde gurt tilsimini gaç-ha-kow tilsimini peýdalanmagy gowy görüpdir.
Ýedinji delil: olaryň ikisi hem pederleriniň wesýetlerine esaslanyp, gaçany kowujy bolmandyrlar. (Mysal üçin, 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde soltan Masut gaçandygy üçin onuň yzyndan kowmandyrlar, netijede Gaznaly türkmenleriň şalygy 1181-nji ýyla çenli dowam edipdir).
Sekizinji delil: Görogly begiň Agaýunusa, Togrul begiň Altynjana öýlenişi gaty meňzeşdir, onuň üstesine-de Agaýunus bilen Altynjan ýanýoldaşlarynyň iň ýakyn maslahatçylarydyr, ikisi hem ýurdy edara etmek işine gatnaşan hatynlardyr.
Dokuzynjy delil: olaryň ikisem perzentsizdirler.
Onunjy delil: Görogly beg Öwezi, Togrul beg Alp Arslany ogullyga (lalalyga) alýar.
On birinji delil: Togrul begiň we Görogly begiň ömürleri söweşlerde, ýollarda geçýär.
Togrul beg bilen Görogly begiň arasyndaky meňzeşlikler juda köp. Ol meňzeşlikler hakda uly göwrümli kitap ýazmak boljak.
Yslamdan owal türkmen gerçekleri jahyl çykyp, küren obanyň kethudalarynyň öňünde «hünär görsedip» özlerine mynasyp at alypdyrlar. Türkmenler soňra täze diniň talabyna görä, çaga dünýä inende at dakmaly bolupdyrlar. Yslamy kabul etmek bilen türkmen halky oguz ýoluny-da saklapdyr. Netijede, türkmen ýigitleriniň iki ady bolupdyr. Bagdat halyfatlygy görnükli şahsyýetlere hormatly atlary hem beripdir. Netijede, iliň öňüne düşen şahsyýetleriň, begleriň köpüsinde üçünji at hem bolupdyr. Türkmende «Ýagşy ýigidiň ady köp bolar» diýen pähimiň döremeginiň hikmeti şu durmuş hakykatyna esaslanýar.
Ýeri gelende aýtsak, Göroglynyň yslamy ady, ýagny dünýä inendäki ady Röwşendir. Görogly – bu oguz däbi boýunça iliň beren adydyr. Togrul beg – beýik seljuk serkerdesiniň oguz adydyr, oba kethudalarynyň, iliň beren adydyr. Onuň yslamy ady bolsa Muhammetdir. Togrul begiň üçünji ady, ýagny apbasy halyfynyň beren ady Rukneddindir. Rukneddin – diniň diregi diýmekdir. Bu hakda Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda örän takyk ýazdy: «Çagrynyň ady Dawut, Togrulyň ady Muhammetdir. Çagry, Togrul beýik serkerdeleriň tahalluslarydyr. Olaryň bürgüt diýen manyny berýän bu ady götermekleriniň göçme manysy bar. Biziň bäşinji eýýamymyzda türkmen ruhy bedew bolan bolsa, üçünji eýýamymyzda türkmen ruhy bürgütdir». (Ruhnama. 1-nji kitap. 112 sah.).
Ýyllaryň geçmegi bilen «Görogly» şadessany çeper eser, halk döredijiligi hökmünde köp üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Her döwrüň bagşysy şadessana öz döwrüniň aýratynlyklaryny siňdiripdir, goşupdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Görogly begi edebi gahryman hökmünde däl-de, eýsem türkmen taryhynyň üçünji eýýamynyň şahsyýet görnüşi hökmünde öňe sürdi. Beýik Serdarymyzyň bu taryhy umumylaşdyrmasyndan soň, Görogly beg tutuş bir eýýamyň ruhuny özünde saklaýan beýik şahsyýet hökmünde örboýuna galýar. Bu bolsa bize türkmen taryhynyň üçünji eýýamynyň taryhy ruhuna düşünmäge, ony tutuş milli taryhyň bir eýýamy hökmünde duýmaga, netijede bolsa türkmen taryhyny ulgamlaýyn göz öňüne getirmäge, öwrenmäge kömek berýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň üçünji eýýamynyň ruhy oňony bürgüt diýip mälim etdi. Marydan tapylyp Beýik Serdarymyza gowşurylan Togrul begiň tugunda iki kelleli bürgüdiň şekili bar eken. (Seljuk beglerine tuglarynda iki kelleli bürgüdiň şekilini ýerleşdirmegi Mäne babanyň maslahat berendigi taryhy kitaplarda beýan edilipdir).
Görogly – gözsüz batyryň ogly diýmekdir. Ogurjyk alp sözi hem batyr oguzyň ogly diýen manyny aňladýar. Görogly – Togrul beg, Ogurjyk alp türkmen ruhunyň üçünji eýýamyny döretdi. Üçünji eýýam bolsa birinji eýýam bilen ikinji eýýamyň utgaşygyndan emele geldi. Oguz han gylyç we adyllyk bilen türkmene ýaşaýyş giňişligini – Watany; Gorkut ata syýasy, harby taýdan gurnalan giňişligiň ruhy ymaratyny berdi. Arap basybalyjylary yslamy getirenlerinde türkmen halky bu dini tykyramasyz kabul edipdir. Sebäbi türkmen halky Oguz hanyň Göktaňrylyk – Ýekehudaýlylyk dininiň içinde ýaşapdyr. Arap basybalyjylarynyň getiren dini hem öz dinlerine ýakyn bolupdyr, şonuň üçin türkmen halky yslamy aňsat özleşdiripdir.
Üçünji Görogly eýýamy – türkmen halkynyň dünýä ýaň salan, türkmene türkmen diýdiren, ýedi yklyma hökmürowanlyk eden eýýamy boldy. Beýik Serdarymyz türkmen halkynyň taryhda ýetmişden gowrak döwlet döredendigini Mukaddes Ruhnamasynyň başynda ýazdy. Ana, şol döwletleriň, şalyklaryň ýarpydan gowragy Görogly beg eýýamynda döredi we höküm sürdi.
Türkmenler yslamyň din gylyjyna öwrüldiler. Bu hakda Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda türk taryhçysy Ryza Nuruň bir pikirini ýatlady: «Türkmenler ilki başda yslam dinine gazaply garşylyk görkezipdir. Emma aradan köp wagt geçmänkä yslam dinini kabul edipdirler. Türkmenler musulmanlygy kabul eden wagtyndan başlap, yslamyň din gylyjyna öwrüldiler. Şol wagta çenli Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda köpri ýaly bolup duran türkmenler orta asyrlarda bolup geçen haçlylaryň çykaran dini söweşlerinde ýewropalylaryň öňüni kesdiler, olaryň ýeňilmeklerine sebäp boldular. Ýewropalylaryň Aziýany basyp almak pikirini puja çykaranlar türkmenleriň ýeke özleridi.
Türkmenler bu gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy bilen yslam dinini, yslam dini bilen birlikde bolsa arap kowumyny, onuň milli özboluşlylygyny ýok bolup gitmekden halas etdi.
Nirede deňsiz-taýsyz ýeňiş gazanylýan bolsa, onda ol türkmenleriň işidir diýen ynam, gorky Ýewropa, Aziýa ýaýrapdy, türkmenler Ýewropanyň, Aziýanyň aňynda ýeňilmezek, beýik halk hökmünde ýaşaýardy»… (277 sah.)
Görogly beg eýýamy türkmeniň galkynan eýýamy, bürgüt bolup daglaryň depesine galan eýýamy boldy. Şeýle bolansoň, bu eýýamyň ruhunda dagyň hem bürgüdiň ýörgünli bolmagy, olar hakda köp gürrüň edilmegi ýöne ýerden däl.
Türkmen ruhunyň birinji eýýamynyň milli pygamberi Oguz hanyň ömür menziline syn kylsaň, onuň ömrüniň eýer üstünde geçendigini görýärsiň.
Şeýle hem türkmen ruhunyň ikinji eýýamynyň milli pygamberi Gorkut atanyň ömür menziline syn kylsaň, onuň ömrüniň uç-gyraksyz sähralarda, uç-gyraksyz sähra ýollarynda geçendigini görýärsiň.
Eger türkmen ruhunyň üçünji eýýamynyň milli pygamberi Görogly begiň ömür menziline syn kylsaň, onuň ömrüniň mydama ýörişde geçendigini, daglardan daglara ýol ýasandygyny, daglardan daglara aşandygyny görýärsiň. Ol bir görseň Balhdadyr, Mawerannahrdadyr, Köneürgençdedir; bir görseň, Reýdedir, Mazandarandadyr; bir görseň, Anadolynyň serhetlerindedir; bir görseň, Töwrizdedir; bir görseň Wasytdadyr, Bagdatdadyr; bir görseň, Kazwiniň üsti bilen Urmiýe kölüne sary gidip barýandyr.
Türkmen diliniň iň gadymy, ezel döwründe ýurt sözi öý sözi bilen manydaş ulanylypdyr. Şol döwürlerde ýurt tutunmak öý dikmegi aňladypdyr. Oguz han öz milletine ýurt tutup berdi. Taryhy çeşmelerde Göktaňrynyň türkmen halkyna iki deňziň – Baýköl bilen Ortaýer deňizleriniň arasynda ýazylyp-ýaýramagy, hökümdarlyk etmegi miras berendigi aýdylýar «Oguznamada» Oguz hanyň tabynlygyndaky ülkeleriň, ýerleriň araçäkleri örän takyk nygtalýar. Mundan bäş müň ýyl owal «Öý diňe Serdarda däl, ähli neberämizde bolmalydyr» diýen pikiri Oguz han öňe sürýär we ilkinji bolup köpçülikleýin öý dikmegi ýola goýýar.
Göktaňrynyň Oguz hana peşgeş beren Watany mesgen manysyndadyr. Ikinji eýýamda Gorkut ata Watan düşünjesine ahlaky gymmatlyk manysyny berdi. Bu düşünje, köplenç, adamlaryň arasyndaky ahlaky gatnaşyklaryň hilini aňlatdy.
Türkmeniň taryhynyň birinji Oguz han eýýamynda Watan – adamyň daşyndaky giňişlik bolan bolsa; ikinji Gorkut ata eýýamynda adamlar arasyndaky giňişlik; Görogly beg eýýamynda adamyň içindäki giňişlik boldy.
Birinji eýýamda Watan – türkmeniň eliniň we aýagynyň bagydy.
Ikinji eýýamda Watan – türkmeniň dessuryýetiniň, edim-gylymynyň bagy boldy.
Üçünji Görogly beg eýýamynda Watan – türkmeniň ýüreginiň bagyna öwrüldi.
Edebi makalalar