Goşgy
Goşgy

Hamana dünýäde az bolan ýaly
Galamymyň ujyn gyran günlerim,
Ölemde-de mertlik galamyn küýsäp,
Mazarymda açyk galar gözlerim.
Men ejiz däl, çünki meniň ömrümde
Poeziýa — enem deýin diregim.
Bilim guşap her bir ýalan öwrümde,
Galam bilen ganly urşa girerin.
Simap ýaly bir-birinden gaçyşyp
Pytran pikirlermi agtaryp ýörün.
Men ýüpe däl — hakykata ýapyşyp,
Bir gün ejizligiň gazaryn görün.
Ýakamdan tutanda durmuş sowaly
Güýjüm asgyn diýip etmerin wehim.
Daş bolsam-da garşymdaky dag ýaly
Ýalan üçin birehim men — birehim.
Nyşanasyz aran maňa-da iler,
Iň soňky nokadyn goýanda ömrüm.
Men bolmaryn… emma size güýç berer
Galamymyň ujun gyran günlerim.
22.02.2019 Goşgular