| | | |

Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -6: Oguz zamany

Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -6: Oguz zamany

6. Oguz zamany

Bu jümle «Gorkut atada» köp gaýtalanýar. Edil şonuň ýaly-da, oguz ili diýlip  köp aýdylýar. Özboluşly ahlak-ruhy gymmatlyklary bolan durmuşy bitewülik hökmünde bular soňky asyrlaryň «türkmençilik» diýlen durmuş hem gymmatlyklar ulgamyna gabat gelýär. Gündogaryň taryhynda oguz bile türkmen manydaş düşünjelerdir. Taryhçylaryň köpüsi «oguzlar – türkmenlerdir, türkmenler – oguzlardyr» diýip, gümürtiksiz ýazýarlar. Oguzlaryň türkmen adyna geçmegi nähili taryhy üýtgeşiklikler bilen şertlendikä?! Bu iki adyň arasynda tapawut barmy ýa ýokmy?!
Oguzlaryň IX-X asyrlarda başdan geçiren ruhy özgerişlikleri olaryň halk hökmündäki adynyň üýtgemegine getiripdir. Bu ýerde, esasan, olaryň yslam dinini kabul edip, bu diniň iki-üç asyryň dowamynda halkyň ruhy dünýäsine mazaly ornaşmagyny göz öňünde tutup bolar. Içki özgertme güýjüniň nukdaýnazaryndan din uly hadysa. Ýöne, şonda-da, yslamyň kabul edilmegi oguzlary bütinleý özgerdipdir, olaryň ruhy durmuşynyň esaslaryny doly üýtgedipdir diýip netije çykarmak bolmaz. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «türkmen» sözüniň asyl manysyny şeýle dogry düşündirýär: «Türkmeniň döreýşi Nuh eýýamyndan gözbaş alýar. Biz türk – iman – asly nur diýen ady alan türkmenlerdiris. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmendir. Oguz han özüne, milletine Türkmen – asly nurdan diýip at dakypdyr». 
Oguzlar baryp Oguz han döwründen bäri «bozuklar» hem «üçoklar» diýen iki topara bölünipdir. Ine, iň gadymy «Oguznamada» şeýle sözleri okaýarys: «Kün, Aý, Ýulduz köb kiklär, köb kuşlar awlagulardan soň, ýolda bir altun ýani çaptylar, aldylar, atasyga berdiler… Kenä andan soň Kök, Tag, Teňiz, köb kikler, köb kuşlar awlagulardan soň, ýolda üç kümüş okny tapdylar, aldylar, atasyga berdiler».
Oguz han ilki üç ogluna – bozuklar, soňky üç ogluna üçoklar diýip at berýär. Bu atlar ýaňy-ýaňylaram ulanylýan eken. Yslamy kabul edenden soň, oguzlar – ok hem ýaý bölünişigindäki oguzlar täze dindeşleri bolan araplar, eýranlylar tarapyn tirler-kemanlar diýlip atlandyrylyp ugraýarlar: ýagny hindi-ýewropa dillerinde tir – ok diýmegi, keman bolsa ýaý diýmegi aňladýar. Diýmek, orta asyr taryhçylarynyň «Oguzlar – türkmenlerdir, türkmenler – oguzlardyr» diýmesi doly hakykat bolup çykýar. Türkmen sözi oguzlaryň ikinji hili atlandyrylyşydyr. «Oguzyňam», «türkmeniňem» sözköki ok bile ýaýa syrygýar.
Şonuň üçinem «Gorkut ata» gönüden-göni türkmen halkynyň ruhy döredijiligidir. Şol sebäpden ony haýsydyr bir başga halk ýa halklar bilen baglanyşdyrjak bolmak, elbetde, hakykata laýyk gelmez. Özem gep bu eseriň nirede, haýsy ýurtda döränliginde däl, gep onuň mazmunynda diňe türkmen-oguz ruhunyň ýatanlygyndadyr. Ol ruhuň bolsa häzirki wagtda ilkinji mirasdüşerleri hut türkmenlerdir.
Belli alym H.Göroglynyň «Gorkut ata» şadessany hakdaky kitabynda şeýle sözlemler bar: «Kitaby Gorkut» atly uly grammatiki oçerkiň ýazary türk alymy Muharrem Ergin bu ýadygärligiň leksikasynyň hem stiliniň derňewi esasynda şeýle tassyklaýar: «Kitaby dädem Gorkut» durşuna Azerbaýjanyň döredijiligidir. Muňa bu kitabyň şahsyýetleriniň atlary hem ýer-ýurt atlary oňat şaýatlyk edýär. Diňe bu-da däl, eýsem eseriň dili-de Azerbaýjanyň möhürini göterýär. Kitabyň mazmunyna garadygyň bes, şobada şol ýurda düşen ýaly bolýarsyň. Her bir setiriň leksikasy, frazeologiýasy, morfologiýasy hem sintaksisi bizi azerbaýjan türküçesi bilen gabatlaşdyrýar». Soň H.Görogly şeýle dowam etdirýär: «Tebigy zat, bäş ýüz ýylyň içinde azerbaýjan dili öz esasy goruna arap-pars sözleriniň köp mukdaryny kabul edip, uly özgerişleri başdan geçirdi. «Kitaby Gorkudyň» diliniň häzirki azerbaýjan edebi dili däl-de, eýsem terekeme taýpasynyň şiwesi bilen (karapapahy) köp meňzeşligi özünde saklandygyna-da ünsi çeken Muharrem Ergin mamladyr. …Azerbaýjan dili terekeme şiwesine golaý nusgadyr. «Kitaby dädem Gorkudy» okap otyrkaň özüňi biygtyýar terekemeleriň arasynda ýaly duýýarsyň».
Eger azerbaýjan dili terekemäniň şiwesi bolsa, onda ol türkmen diliniň özüdir. Çünki terekeme – arapça türkmenler diýmekdir.
Eger azerbaýjanly gardaşlar oguzlaryň nesli bolsa, onda türkmenler, ýokarda aýdylyşy ýaly, oguzlaryň özleridir. Şonuň üçinem biz «Gorkut ata», ilki bilen, türkmenlere degişlidir diýýäris. Esasy mesele – islendik medeni ýadygärligiň, ilkinji nobatda, ruhy boýunça haýsy halka degişliligidir.
«Gorkut ata» diliň leksikasy, sintaksisi ýa morfologiýasy boýunça ýazylan ylmy kitap däl. Ol türkmen ruhunyň bir kitaba jemlenip, ýüze çykmasydyr. Ruh bolsa ondaky sözlemleriň sintaksisinde, morfologiýasynda ýüze çykanok. Grammatika diliň özi, janly hadysasy däldir, ol dilçileriň dile akyl ýetirmek hem düşündirmek üçin oýlap tapan howaýy düşünjeleridir. Ol howaýylyklar nämäni görkezende-de, daşky, şertli gabyklar kime degişli bolanda-da, gep içki özende, ruhda ahyryn! Gep, şol «Gorkut atadaky» ruhuň dünýewi pelsepeleriň hut şu günlerem türkmende ýaşap ýörenligindedir.
«Gorkut ata» kimdir biri üçin ruhuň düýnki güni bolsa, türkmen üçin ol ruhuň şu günüdir, ol türkmen ruhunyň bakylygydyr.
«Gorkut atanyň» süňňi türkmeniňkidir. Onuň süňňüni bolsa türkmenleriň häzirem dini ynançlary, dünýägaraýşy hem dünýäni duýşy tutýar. Bular jemlenibem, biziň taglymat diýýänimizi emele getirýär.
Beýik taryhyň, baýlygyň, hazynanyň eýesi hem köp bolýar. Hezreti Gorkut atamyza ata diýip, eýe çykyp, asyl ony hakyky neberesinden hem gysganyp, eýeläp barýanlar az däl. Goý, olaram ata diýsin, hakyky ogul atasyna ata diýenlerden gysganmaz.
Gardaşymyz azerbaýjanlar «Dädem Gorkudyň kitabyny» neşir edip, Gorkut atanyň wakalarynyň geçýän ýerleriniň kartasyny çyzyp, käbir zatlary degerli tutaryk edinjek bolýarlar.
«Gorkut atanyň kitabynyň» Watikan hem Drezden nusgalarynyň giçki orta asyrlarda işlenendigi görnüp dur. Olarda Stanbul, Sofiýa ýaly birnäçe sözler bar. Öňi bilen, Gorkut ata ýaşap geçen zamanlary Stanbul şäheri ýok, Stanbul şäheriniň ady ol wagt – Konstantinopol. Osman döwletiniň patyşasy Muhammet Fetih 1453-nji ýylda Konstantinopoly basyp alýar we ony musulman şäherine öwürýär. Şäheri bolsa Stanbul diýip atlandyrýar. Ikinjiden, Sofiýa hristianlaryň baş buthanasy. Üçünjiden, bu taýda alymlyk iş ýok. Sebäbi Häzirbegjan ady bilen türkmeniň kalbyna şeýle ýakyn ornan Azerbaýjanyň halky Gorkut ata zamanynda pars dilli halkdy. Entek musulman hem däldi. Azerbaýjanlar seljuklaryň toparlaýyn göçüp barmasy esasynda parsy dilden türki dile geçip ugrady. XIII-XIV asyrlarda azerbaýjan halky türki dilli halka öwrüldi .
Häzirki Türkiýe hem Gorkut atanyň zamanynda musulman däldi, ol Wizantiýa ady bilen dünýä hökmüni ýöredip ýören hristian döwletidi!
Bu zatlary gepiň gerdişine görä diýýärin. Gorkut ata diňe türkmeniň, diňe azeri doganlarymyzyň, diňe türki gardaşlarymyzyň atasy däldir, beýle dana ata külli türki dünýäsiniň, jümle-jahanyň edebiýaty söýüjileriniň atasydyr!..
Şunça delili getirmek bilen men näme diýmekçi bolýaryn?! Dil bilen ruhuň aradaşlygyny, mynasybetini nähili göz öňüne getirmeli? Ilki bilen, dile garanda ruhuň has uly hem has düýpli zatdygyny aýtmalydyrys. Ruh dilden başga-da dürli zatlarda – däp-dessurda,  ynançlarda, yrymlarda sungatyň hem halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde we ş.m.-lerde ýüze çykyp bilýär. Diýmek, dil ruhuň ýaňky sanalan zatlar ýaly ýöne bir şekilidir. Bu ikisiniň bir zat bolmandygy üçinem, halkyň dili üýtgäp biler, ruhy üýtgemän galar ýa-da ruh üýtgese-de, dil öňküligine galar. Mysal üçin, amerikanlar bilen iňlisler bir dilde gepleýärler, emma ruhlarynyň arasynda tapawut uludyr. Ýa-da özbek gardaşlarymyzyň dili türki, emma olaryň ruhunda dili boýunça birwagt eýran dillerine degişli dilde geplän sartlaryň ruhy ölçegleri rüstemlik edýär. Ýunanlaryň özlerine dakan «hellem» ady gadymy Ýunanystanyň bir taýpasynyň adydyr. «Rus» ady hem skandinaw asyllylardan dörän atdyr. Skandinaw asyllylar «rus», «isket», «sarmat», «alan» hemem «slaw» taýpalaryndan ybaratdyr. Häzirki fransuzlaryň asly «germanlardyr». Fransuzlaryň atalary «franklar», ýagny germanlar hasap edilýär. Iňlis milleti bolsa keltlerden, angyllardan, jutlardan, saksonlardan emele gelen germanlar bilen brutonlardan, normanlardan emele gelen daniýalylara degişli taýpalaryň birleşmegi netijesinde dörän milletdir. Bir söz bilen aýdanyňda, iňlisleriň asly germanlar bilen daniýalylardyr, ýöne bu gün iňlisleri nemes, daniýalylary hem iňlis diýip atlandyryp bolmaz. Ýöne olaryň ählisiniň bir kökden dörändigi taryhy hakykatdyr. Şol kökden emele gelen, german dillerinde gürleýän şwedler, nemesler, awstriýalylar, şweýsariýalylaryň bir bölegi we daniýalylar bu gün aýry-aýry milletlerdir. Şu günki iňlis milleti «angyllaryň» ady bilen ýatlanýar. Ýöne XI asyrda Ýewropada bilim dili latyn, syýasy dil fransuz, köçe dili iňlisçe eken.
Miladydan öň pars – Pars ýarym adasynyň kenaryndaky kiçeňräk bir welaýatyň ady eken. Ýöne bu at wagtyň geçmegi bilen milletiň adyna, diline öwrüldi. Yslamyň gelmegi bilen türkmenleriň şalyk eden musulman ýurtlarynyň galaba ýerlerinde bilim dili arapça, syýasy dil parsça, köçe dili türkmençe boldy.
Häzirki türkmen diline salgylanyp, düşündirip bolmajak ýekeje sözem «Gorkut atada» ýokdur. Häzirki türkmen dilinde ekiz taýy bolmadyk ýekeje-de morfologik birlik ýa-da sintaktik ýasaw «Gorkut atada» ýokdur.
Onsoňam «şindi» däl-de, «şimdi» diýip ýazylanlygy dünýägaraýşyň, ruhy taglymatyň hem mirasdüşerligiň düýpli meselelerinde dürli-dürli orunlara getirjek tapawutmyka?! Hatda dil derejesinde-de «bu bir halkyňky, beýleki ikinji halkyňky» diýer ýaly olar aýry-aýry iki sany söz däl, munuň özi şol bir türkmen sözüniň iki hili aýdylyşy hem ýazylyşydyr. Özem bu pikir «Gorkut atadaky» ähli sözler babatda hakykatdyr. Çünki dünýä baradaky özbaşdak taglymat bolan oguz ruhy birdir, bitewüdir, dil hem şol ruhuň ebeteýidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Gorkut ata» şadessany hakynda şeýle diýdi:

«Biziň halkymyzyň ruhy çeşmelerini, onuň pelsepewi çuňlugyny, durmuş paýhaslylygyny, şu belent adamkärçilik ýörelgelerine tüýs ýürekden berlendigini aýdyň görkezýän «Gorkut ata» şadessany oguzlaryň ilkinji hem-de gös-göni nesilleri bolup durýan türkmenleriň taryhynda aýratyn orny eýeleýär».

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle