| |

Oguz han taglymatynyñ esaslary -8: «Adat» teswiri

Oguz han taglymatynyñ esaslary -8: «Adat» teswiri

8. «Adat» teswiri

Oguz han Türkmeniň taryhy şahsyýeti we edebi keşbi Saparmyrat Türkmenbaşynyň pelsepe, ylmy hem şahyrana döredijiliginde uly orun eýeledi. Onuň dünýä hem türkmen taryhyndan uçursyz sowatlylygy oňa Oguz hanyň taryhy şahsyýetini bäş müň ýyldan soň bitewülikde hem töwerekleýin göz öňüne getirmäge kömek edipdi. Ruhnamanyň birinji kitabynyň 83 – 109-njy sahypalarynda Oguz hanyň türkmen hem dünýä taryhyndaky orny doly aydyňlaşdyrylýar. Şeýle-de Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahyrana döredijiliginde Oguz han Türkmene bagyşlanan ýigrimi bäşe golaý şygyr bar. Türkmeniň atasy bolan Oguz hanyň şahsyýeti we bitiren işleri Beýik Şaşahyra uly döredijilik ylhamyny beripdir. Şonuň üçinem bu goşgularyň her setiri, her bendi Oguz hana söýgi hem-de buýsanja ýugrulandyr. Söýgi hem buýsanç şygyrlaryň aýratyn owazly, gözel hem çuňňur bolmagynyň gözbaşydyr.
Söýgi hem buýsanç Beýik Serdaryň Oguz hanyň ýalkymly şahsyýetini duýmakdan, bilmekden, görmekden gözbaş alýar. Ruhnama hem şeýle görüşiň, bilişiň ajaýyp nusgasydyr. Onda Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz han Türkmeniň taryhy hyzmatlary hakynda söz açyp, ilki bilenem beýik eždatymyzyň adamzat taryhynda ilkinji bolup ýekehudaýlylyk dinini yglan edendigini aýtdy.
Ýekehudaýlylyk – Bir Taňrylyk dini türkmen-oguz milletiniň ruhy hamyrmaýasy bolupdyr. Ylaýta-da, Beýik Serdaryň öz şygyrlarynda-da öwran-öwran nygtaýşy ýaly, özge halklaryň «oda-suwa, ýele-ýagmyra uýup ýören» wagty, «Müsür şalarynyň özlerini Hudaýyň ogullary diýip yglan eden zamany» Oguz hanyň Bir Taňry dini tutuş adamzadyň beýik ruhy ösüşi bolupdyr. Hut şu hili täze dünýägaraýyş hem beýik milli galkynyşyň, türkmen taryhynda ilkinji Altyn eýýamyň ruhy esasy boldy. Ilkinji nobatda hem bu pikir iş ýüzünde milletiň bitewüleşmegine esas bolupdyr. Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz hanyň şahsyýetini pygamber diýip kesgitledi. Göktaňrydan ylham hem pata alan Oguz hanyň ata çykyp, leşger çekip dünýäni almagy-da milli galkynyşdy. Şol Galkynyşy-da Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz hanyň pygamberligi bilen düşündiripdi.

Baýlyk däldi Oguz hanyň matlaby,
Basyp almak däldi onuň maksady,
Zemin jemendesi bir Pikre uýsa,
Zemin jemendesi bir Dine uýsa,
Jahanyň halklary bir Haka uýsa,
Jümle-jahan abadanlyk boljakdy
Ulus-iller ekip-dikip biljekdi.

Oguz han täze dini yglan edip, täze millet – türkmen-oguz milletini kemala getirip, dünýä ýaň salan türkmen döwletini döretdi. Bu hakda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamanyň birinji kitabynda şeýle ýazdy: «Oguz han öz eýýamyny Altyn eýýama öwrüp, ýurt, sebit derejesinde däl-de, dünýä derejesinde pikirlenip, dünýäniň döwletlerini, halklaryny öz derejesine göterip, öz ýoluny, öz dinini-ýörelgesini döreden beýik şahsdyr!
Oguz han – ilkinji bolup turkmen dünýäsini açan hem türkmen dünýäsiniň ykbalyny egnine alan beýik serkerdedir».
Oguz han Türkmeniň döwlet ýörelgeleri onuň ýurda häkimlik ediji patyşa baradaky pähimlerinde oňat beýan bolupdyr. Geliň, Oguz hanyň Ruhnamada getirilen degişli pähimlerini, tymsallaryny okap göreliň:

«Patyşalar öýsüzleriň we ýetimleriň atasydyr. Patyşa olara atalaryndan hem artyk hossarlyk etmelidir».

«Patyşa mydama aňly we her işden habardar bolmalydyr».

«Patyşa uly işleri, diwanhana işlerini, hünärment we tejribeli kişilere tabşyrmalydyr».

«Zorluk we zulum edijiler möwç almaz ýaly zorluk we zulum gören kişileriň dadyna ýetişmelidir. Sebäbi patyşalaryň ilden görýän haýyrlary ýowuzlary dep edenlerinde halala öwrülýär».

«Hakykatda patyşalaryň döwleti we hormaty goşun, il we ýurt bilendir. Eger goşun, il we raýat bolmasa, patyşalyk mümkin däldir».

«Patyşa gaharlanýan we gazaplanýan wagtynda gyssanmaçlyk etmeli däldir. Sebäbi dirini öldürip bolar, emma ölini direldip bolmaz, döwügi bitin edip bolmaz, bitini syndyryp bolar».

«Wepat bolan kisiniň malyny, dowaryny öýsüzlere bererler. Geldi-geçer dünýäde ýagşy atdan gaýry zat baky galmaz».

«Ylalaşyk we ýaraşyk eden duşmanlary dargatmak bolmaz. Tersine, olardan birnäçesini dost ederler, getirerler».

«Biadyl patyşa dary ýa-da arpa ekip, bugdaý isleýän ekinçä meňzär».

«Kim deňlik ýolundan dogry ýörese, onuň ýoly şumluga barmaz».

«Eger seniň tutan ýoluňy il oňlamasa, görjegiň gowulyk bolmaz».

«Kim öz raýatyna zulum etse, öz gabryny özi gazar».

«Kim raýatyna zulum etse, ol duşmanyň etjek işini edýändir. Beýle ýagdaýda diňe duşmanlar şat bolar».

«Adyllykdan özge ýol patyşaga laýyk däldir».

Oguz han Türkmeniň şeýle döwletli pähimleri üstünden bäş müň ýyl geçenem bolsa, döwrebap hem täze görünýär. Olar döwleti dolandyrmagyň ajaýyp sapaklary bolup durýar. Döwlet baştutany hökmünde Oguz hanyň öňe süren baş taglymaty deňlik hem adalat bolupdyr. Deňlik hem adalat döwletiň sütüni bolup, ýurduň berkligini we sarsmazlygyny üpjün edipdir. Berk işlenilip düzülen düzgün-tertip döwletiň syýasy dowamatynyň esasy girewi bolupdyr. Şeýle düzgün-tertiplilikde her bir zat öňünden aýdyň we gutarnykly suratda kesgitlenilipdir.
Döwletdäki tertip-düzgün her bir adam üçin hökmany, hemmeler üçin deň bolupdyr. Döwletiň öňünde hiç bir kişiniň aslyna, wezipesine ýa-da hyzmatyna daýanyp aýratyn hukuklara eýe bolmagyna yol berilmändir. Tertip Oguz han üçin iň esasy gymmatlyk bolupdyr. Ol öz nesillerini hem raýatlaryny şu ruhda terbiýelemegi başarypdyr. Oguz han Türkmeniň şeýle kanunlar ýygyndysyna «Adat» diýip at beripdirler. «Adatda» döwleti dolandyrmagyň, jemgyýeti edara etmegiň, goşuna ýolbaşçy bolmagyň ähli meseleleri jikme-jik işlenilip düzülipdir. Hut şonuň üçinem «Adat» müňlerçe ýyllaryň dowamynda türkmenleriň esasy ýol-ýörelgesi bolup gelipdir. Ýöne wagtyň-döwrüň özgermegi bilen «Adatyň» türkmen durmuşynda tutýan orny-da üýtgäpdir. Yslamyň gelmegi bilen «Adat» ozalky ähmiýetini ýitirip, syýasy, döwlet, jemgyýetçilik hukugy bolmagyny bes edip, maşgala hem güzeran hukugy bolup galyberipdir. Aslynda bolsa «Adatyn» öz içine alan meseleleri giň eken. Onuň «Töreçilik» bölegi syýasy-döwlet hukuk meselelerini, «Ilçilik» bölegi jemgyýetçilik eýeçilik meselelerini, «Öýçülik» bolsa maşgala hukugynyň meselelerini düzgünleşdiripdir. Eger biz «Adatyň» taryhyny yzarlasak, onda soňky asyrlarda onuň geriminiň daralyp, «Adatyň» bary-ýogy maşgala hukugy derejesinde galandygyny göreris. Yslamyň ornaşmagy bilen «Adatyň» şeýle daralmagy we ýuwaş-ýuwaşdan gysylyp çykarylmagy baryp, takmynan, müň ýyl mundan ozal başlanypdyr. Beýik türkmen alymy we döwlet işgäri Ýusup Balasagunlynyň «Bilimnama» eseri-de türkmeniň Oguz handan gelýän şol düzgünlerini saklap galmagyň bir alajy hökmünde görlüpdir.
Oguz hanyň «Töreçilik» adatyna laýyklykda, patyşalygyň ilkinji şerti ýurduň diňe bir adam tarapyndan dolandyrylmagydyr. Töräniň üç sypaty bolmalydyr: Gönülik (adalat), Uzluk (gowulyk), Düzlük (deňlik), Kişilik (adamkärçilik). Oguz hanyň talabyna laýyklykda, türkmenlerde patyşa diňe sag goldan – Gün, Aý hem-de Ýyldyz hanyň golundan bolmaly. Serkerdeler bolsa beyleki – çep goldan bolmaly eken. Elbetde, taryhy durmusda bu talaby hemişe berjaý edip bolan däldir. Ýöne munuň özi hiç mahal bozulmaly däl hasaplanylan başga bir talaba – patyşanyň, ilkinji nobatda, asylzada bolmalydygy baradaky talaba esas bolupdyr. Seýle-de, patyşa boljaga aşakdaky talaplar bildirilipdir: patyşa görk-görmekli, akyl-paýhasly, edepli, edenli hem syýasatly, baý hem sahawatly, maşgalaly adam bolmaly eken.
Oguz han Türkmen köne oguz jemgyýetini akyl-paýhasa laýyklykda gurnamagy we dolandyrmagy başarypdyr. Bu barada Mukaddes Ruhnamada şeýle diýilýär: «Oguzyň buýrugyna görä, ähli halky üçe böldüler. Akyldarlara, bilimlilere, hasapçylara mal we dowar jem etmek, harç etmek, girdeji we çykdajyny hasaplamak, kethudalyk, wezirlik we ýazyjylyk berdi.
Batyrlara serkerdeligi berdi. Çakgan kişilere kement berip, at bakmaga gönderdi.
Bilimsiz, sada kişileriň eline taýak berip, düýe, sygyr we goýun bakmaga gönderdi».
Munun özi Oguz hanyň guran jemgyýetiniň adamzat taryhyndaky ilkinji medeniýetli jemgyýetleriň biridigini görkezýär. Çünki ýokarky maglumatda hut medeniýetli jemgyýete mahsus bolan alamatlar – dürli hünärleriň, dürli gatlaklaryň ýüze çykyşy aýdyň bolýar. Olaryň hersiniň öz wezipelerini berjaý etmeginden jemgyýetiň sazlaşykly ýaşaýşy kemala gelipdir. Oguz han adamlary hut olaryň başarnygyna, zehinine we ukyplaryna görä bölüpdir. Akyllylara akyl zähmetini, harby ukyplylara goşuny, gara zähmete werzişlere-de çopanlygy paýlapdyr.
Oguz hanyň söwda, harby gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berendigi düşnüklidir. Ol bu barada şeýle taglym ýöredipdir: «Bezirgenler zerli matalar we bazar ýükleri bilen gelenlerinde köňülleri kuwwatly we umytly bolar. Goşun begleri hem şonuň ýaly öz esgerlerine ok atmagy, at segretmegi we göreş tutmagy gowy öwretmelidir».
Oguz hanyň beýik serkerdeligi «Oguznamalaryň» ählisinden aýdyň bolýar. Onuň nesillerine goýup giden köp-köp pähimlerindenem onuň harby hünärde taýsyz şahsyýetdigini görüp bolýar. Goşuna ýolbaşçylyk etmek, esgerlere harby tälim öwretmek, söweşde ýeňiş gazanmak ýaly meselelerde ol hiç mahal gymmatyny ýitirmejek pikirleri bize miras goýupdyr. Geliň, bu barada onuň aýdan pähimlerini diňläp göreliň:
«Ýolbaşçylyk edýän, tamam esgerleri bilen awa we söweşe gidýän uly begler öz atlaryny belli ederler. Mydama Haktagala haýyr-doga kylyp, köňüllerini oňa baglap, ýeňiş we gowulyk dilärler. Goşuna gireniňizde, ýaňy dogan göle kibi, söweş edeniňizde aç bolup, awa uçjak şuňkar ýaly jeňe giriň».
«Her kim öz öýüni düzedip bilse, onbaşy bolmaga ýarar. Her kim on kişini başarsa, elli kişini başarar. Her kim elli kişini başarsa, ýüzbegi bolmaga ýarar. Her kim ýüz kişini başarsa, müňbegi bolmaga ýarar. Her kim müň kişini başarsa, tümenbegi bolmaga ýarar. Her kim bir tümeni başarsa, boýbaşy bolmaga ýarar. Boýa han bolan il we yklym patyşalyga ýarar».
«Her at semizlikde gowy çapsa, orta etli we arryk bolanda-da, gowy çapyp bilse, ol ata yagşy at diýmek bolar. Emma şu üç ýagdaýyň birinde gowy çapyp bilmese, ol ata ýagşy at diýmek bolmaz».
Görnüşi ýaly, Oguz han harby meseleleriň anyk hem dogry çözgüdini tapyp bilen serkerde bolupdyr. Ol söweş alyp barmagyňam, goşuny gurnamak we oňa ýolbaşçylyk etmegiňem, söweşde uly hyzmat bitiren atlary seýislemegiňem düzgünlerinden oňat baş çykarypdyr.
Oguz han Türkmeniň «Adatynda» hukuk tertibi hem takyk işlenip düzülipdir. Hukuk bozujylara bellenilýän çäreler we olary ýerine ýetirmegiň tertibi-de anyk bolupdyr. Hukuk bozulmalary babatda «Adat», hususanam, asakdaky çäreleri göz öňünde tutupdyr: «Biziň urugymyzdan biri karar edilen düzgüne bir gezek terslik etse, oňa dil bilen öwüt bermeli. Ikinji gezek terslik etse, ýeterlik mukdarda gorkuzmaly we temmi bermeli. Eger üçünji gezek etse, ony daş ýere – Hotan sebitlerindaki ýaşalmaýan, awçylaryň ýylda iki gezek barýan eýýesiz çöllerine ibermeli. Birnäçe wagtdan soňra, ýene yzyna getirmeli. Eger asyllanyp, akyllansa gowy, eger şonda-da akyllanmasa, zyndana taslamaly. Onda-da akyllanmasa, aga-ini ýygnanyşyp, gürleşerler. Onuň maslahatyny görüp, düzgüne salarlar».
«Hiç kim hyýanat, ogurlyk we haramlyk etmez ýaly, haýyn we günäli kişileriň çäresini görmek gerekdir».
«Ýowuzlaryň gulagyny burup, temmi berip, soň ýene-de eline güýç bermek gurdy tutup, ant içirip, goýun ynanylyşyna meňzär. Ogra, haramylara we şerçilere ynanmak bolmaz. Betkärligi mälim bolan kişini kowup, ilden çykarmakdan ony öldürmek ýegräkdir, ýagny ýylany öz öýünden alyp, goňşy öýüne kowmak gowy daldir».
Oguz hanyň adamsöýüjiligi onuň aşakdaky pähiminden mälim bolýar:
«Gulluk edýän we gullukdan galan gojalary we mätäçleri göreniňizde: «Her kim mätäçlere kömek etmegi başarmasa, ýolbaşçylyga ýaramaz» diýişleri ýaly, rysk bermek bilen kömek ediň».
Oguz han Türkmeniň pähim-paýhaslary halkymyzyň arasynda nakyla öwrülip gidipdir. Onuň paýhaslarynda türkmeniň ruhy gujury jemlenipdir. Beýik Serdarymyz Ruhnamasynda şol pähimlerden käbirini mysal getiripdir:

«Biri maňa söz diýse, men oňa ýok diýmedim (Haýyşyny bitirdim).
– Haýyr bilen şeriň ahyryna garap, maksadyma ýetdim.
– Barça maksadymy iliň gözüne görkezip, halkymy ynandyrdym.
– Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym.
– Adyllyk ýoluny tutup, öz ilimi jem kyldym.
– Birewe kast etmedim, jebir etmedim, özüme jebir edilse, sabyr etdim».

Osman ÖDE.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle