| | |

Oguz han taglymatynyñ esaslary -3: Göktañry teswiri

Oguz han taglymatynyñ esaslary -3: Göktañry teswiri

3. Göktaňry teswiri

Saparmyrat Türkmenbaşy Oguz han taglymatyny biziň üçin açdy. Bu beýik taryhy açyşdaky esasy pursatlaryň biri-de Oguz han Türkmeniň Bir Taňrylyk dinini esaslandyrandygy baradaky pikirdir. Oguz han beýik patyşa, älemiň soltany bolmazdan ozal, ilki bilen, Pygamber bolupdyr. Onun türkmen-oguz milletini döretmek işiniň başlangyjynda täze dini ynanjy – Bir Taňrylyk dinini yglan etmek pursady ýatýar. Munuň özi biziň beýik eždatymyzyň geljekde nähili şahsyýet boljagyny öňünden kesgitlän esasdyr. Oguz han ýöne bir adaty patyşa däl-de, eýsem dünýäni özgertjek patyşa, täze beýik milletiň esasyny goýjak, adamzadyň ruhy ösüşini müňlerçe ýyllar öňünden kesgitlejek patyşa bolup öňe çykmalydy. Bäş müň ýyl mundan ozal dünýä halkyýetleriniň daşa, buta, beýleki maddy närselere çokunyp ýören wagty, birgiden taýpalaryň entek wagşylyk derejesinde ýaşaýan mahaly, Oguz han Hudaýyň birdigi baradaky taglymaty öňe sürdi. Munuň özi örän düýpli özgerişdi. Çünki Bir Hudaýlylyk uly bir garaýşa – göze görnüp duran dünýäden bütinleý başga bolan ruhyýet dünýäsiniň barlygyna ýol açýardy. Adamzadyň ruhy ösüşiniň hut şu nokadyndan häzirkizaman – medeniýetleşen, bakylyga ýol salýan adam başlanýar. Munuň özi iş ýüzünde adamzadyň özge barlykdan ýokary goýulmagydy, onuň tebigatdan bir gez ýokary galyp, tebigatdan tapawutlylykda adamzat ýaşaýşynda ruhuň we ahlagyň kesgitleýji zada öwrülmegidi. Şoňa çenli sansyz-sajaksyz hudaýlara, iş ýüzünde tebigatyň güýçlerini alamatlandyrýan, köplenjem maddy häsiýete eýe bolan, hemişe diýen ýaly adama ala göz bilen garan her hili jadyly şahslara gorka uýup gelen adamzadyň ruhy azatlyga çykmagydy. Dogrudanam, Hudaýyň birdigine ynanmak adamzady her hili sansyz güýçleriň bendiliginden, aň hem ruhy baglylygyndan azatlyga çykarmakdy. Bir Hudaýlylyga ýetip, adamzat tebigatyň şol bir aýlaw edip duran demir kanunlarynyň içinde ösüşiň, ruhy göterilişiň mümkin däldigine göz ýetirýär. Ösüş diýilýän adamyň ruhy hem ahlak ýaşaýşyndadyr.
Oguz han Türkmeniň Bir Taňry taglymaty türkmeniň millet hökmündäki aň-ruhy we syýasy ösüşine badalga bolupdyr. Aň-ruhy babatda ol akyl-paýhasy butparazlygyň garaňkylygyndan alyp çyksa, ruhy babatda bitewi milletiň kemala gelmeginiň, syýasy jähetden bolsa bir bitewi döwletiň – dünýä imperiýasynyň döremeginiň esasy bolup hyzmat edipdir. Degişli taryhy-ruhy hadysanyň – beýik öwrülişigiň düýp manysy barasynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz şygyrlarynda ençeme gezek çeper beýan edýär. Türkmen milleti Oguz handan başlanýar, bitewülik Oguz handan başlanýar, ruhy-aň bitewüligiň üstünde döwlet-syýasy bitewüligi guralýar. Şu şahyrana pähimler Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Oguz han», «Bir Serdara uýmagyň gudraty», «Ýaňykent», «Oguz han paýhasy», «Oguz han kelamy» ýaly şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Oguz han Türkmeniň Bir Taňrylyk dininiň taryhy-ruhy ähmiýeti halkymyzyň hakydasynda ömürlik ornaşypdyr. Ýöne taryhy ösüşiň dowamynda, ylaýta-da yslamyň gelmegi bilen Göktaňry ynanjy belli bir derejede yslamlaşdyrylypdyr. Taryhy hakykat bolsa belli bir derejede hyýalatylaşdyrylypdyr. Munuň şeýledigini biz orta asyrlardan saklanyp galan «Oguznamalardan» görýäris. Geliň, şol taryhy çeşmeleriň degişli meseläni beýan edýän parçalaryna ýüzlenip göreliň. Fazlallah Reşideddiniň «Oguznamasyndan»: «Gara han atasynyň ýerine geçdi. Onuň bir ogly boldy. Ol oglan üç gije-gündiz emjek almady we enesiniň süýdüni emmedi. Munuň üçin onuň enesi aglady we çokundy. Ol hatyn gijelerine düýş görýärdi. Ol oglan ejesine: «Eý, eje, sen Taňryny bilseň, Hudaýy söýseň, men emjegiňden süýt emeýin» diýýärdi. Ol aýal ýeri hem töweregindäki ähli kabylasy Hudaýa ynanmaýandyklary üçin açykdan-açyk Hudaýa ynanmakdan gorkdy we gizlin, hiç kime bildirmän Taňra ynandy, çaga ejesiniň emjegini agzyna aldy we süýt emdi».
«Oguz ýigit bolup ýetişdi. Onuň kakasy Gara han özüniň iň uly doganynyň gyzyny gelin edip, Oguza alyp berýär. Oguz ol gyza gizlinje: «Sen Taňryny söýseň we onuň birligine ynansaň, men seni söýeýin we seniň ýanyňa baraýyn» diýdi. Gyz onuň sözüni kabul etmedi».
Şondan soň Oguza ikinji gyzy alyp berýärler, ol-da Oguzyň şertini kabul etmeýär. Diňe üçünji gyz Oguzyň dinine girýär. Soň bir gezek başky iki gyz Oguzy kakasyna ýamanlaýarlar. «Ol başga bir dine geçdi, ol Gögüň we Ýeriň hudaýyny söýdi, şoňa ynanýar» diýdiler». Şondan soň Oguz han mejbury suratda garşydaşlary bilen 75 ýyllap söweşýär we üstün çykýar. Bu söweş täze ynanç, täze gymmatlyklar ugrunda söweş bolupdyr, şol ýeňiş hem täze milletiň ruhy esasyny goýan gymmatlyklaryň ýeňşi bolupdyr.
Abulgazynyň kitabynda taryhy wakalar hasam yslamlaşdyrylýar: «Oguza dil bitende «Alla, Alla» diýer ýörerdi. Ony kim eşitse, «Çagadyr-da, dil bitmänsoň, näme diýýäninem bilýän däldir» diýerdi. Çünki «Alla» sözi arapça. Mogollaryň atalarynyň hiç biri arap dilini eşitmändi». «Oguz han mogol hem tatar bilen süňk garyndaş bolsa-da, ýetmiş iki ýyllap olar bilen uruşdy. Ýetmiş üç ýyl bolanda, olaryň barysyny agzyna bakdyryp, musulman etdi».
Görnüşi ýaly, Abulgazy türkmeniň bäş müň ýyl mundan ozalky taryhyny diňe bir musulmanlaşdyrman, eýsem öz islegine laýyklykda, mongollasdyrmaga-da çalyşýar. Eýsem-de bolsa şeýle uzak taryhy wagtyň içinde garaýyşlaryň, düşünjeleriň üýtgewsiz durmajakdygy düşnüklidir. Esasy zat – halkymyz bolup gecen taryhy wakalary unutmandyr, olar özen hökmünde saklanyp galypdyr. Maglumatlaryň dürli döwürleriň aňyna görä reňkini üýtgetmegi bolsa düzederliklidir.
Hawa, esasy zat – Oguz hanyň bäş müň ýyl mundan ozal – häzirki ähli dünýä ýekehudaýlylyk dinlerinden has ozal Göktaňry dini-ynanjyny döredenligidir we Hudaýyň birligine göz ýetiren pygamber bolanlygydyr. Munuň özi Biribaryň – Hudaýyň öňünde taryhy ýaşaýyşda türkmen diýilýän täze millete ak pata alynmagy bolupdy.
Eýsem-de bolsa «Göktaňry» jümlesine nähili düşünmeli?! Köpler iki sözden durýan bu jümläniň birinji bölegine reňk manysynda düşünip, ýalňyşýarlar. «Gök» sözi örän köp manylary aňladyp, şol manylaryň birgiden ulgamy giňişlik, tarap düşünjelerini öz içine alýar. «Gök» sözüniň ýokarky birikmedäki esasy manysy «asman» diýmekdir. Şeýlelikde, ol söz düzümi «Asman, asmandaky, asmanyň Taňrysy» manylaryny berýär. Edil şu birikmedäki many öwüşginleriň gürrüňini soňa goýup, umuman, «gök» sözüniň köne türkmen dilindäki many täsinlikleriniň gürrüňini edýän ylmy kitaplara ýüzleneliň. «Göktaňry» sözlerini «asman Hudaýy» diýip terjime etmek dogry bolardy» (A.Jykyýew).
«Beýleki ýazarlaryň pikirine görä, ak, gara, gök ýaly reňk sypatlary käbir halatlarda dünýäniň taraplaryny aňladýar:
ak – günorta,
gara – demirgazyk,
gök – gündogar
we ş.m.-ler». «Ak we gara sözleri reňki däl-de, geografik taraplary aňladýar, ak – gündogar, gara – günbatar ýa-da demirgazyk». «Gök sözüniň gündogar manysy bar». «Meselem, «gyzyl oguz» gunbatarly oguz manysyny berýär» (S.Atanyýazow).
Şeýlelikde, reňk däl-de, tarap manysynda gelende, gök – gündogar, ak – günorta, gyzyl – günbatar, gara bolsa demirgazyk bolýar. Munuň özi Günüň doguşy, hereketi, ýaşyşy hem-de şoňa baglylykda, jahanyň reňk alşy bilen baglanyşyklydyr. Gün doganda, irden jahanda gök – asman görnüp başlaýar. Gijelerine reňk manysyndaky asman ýokdur, çünki gara perde onuň ýüzüni örtýär, ýapýar. Gündiz ak – çünki jahan ýagty, ak görnüşde bolýar. Gün batyp ugranda, jahan gyzarýar, ol demirgazygrakda batansoň bolsa, garalyar.
Eýsem-de bolsa «gök» sözüniň gündogar tarapy manysy «asman» diýen asyl manysyndan döräpdir. Şeýle-de bolsa bu sözüň başga manylara hem eýe bolandygyny aýtmak gerek. «Bangyň we nemes alymlarynyň pikirine görä, Mogilýan han döwründe Ötügen sebitlerinde, Gündogar Hakgaýdaky tokaýlarda ýaşan gök türkmenleriniň ady «tokaý türkmenleri» manysyny beripdir (S.Atanyýazow).
Soňky maglumaty häzirlikçe aýtmasa-da bolardy, ýöne «gök» sözüniň «tokaý», «ösümlik» – manysy Oguz hanyň ogly Gök hanyň adyna dogry düşünmäge ýol açýar.
Şeýlelikde, «gök» aslynda asman diýmekdir. Eýsem-de bolsa, «gök» bu ýerde asman bilen reňkdeşligi üçin şeýlemikä? Köpler muňa şeýle düşünýärler. Emma bu ýerdäki «gök» asla-da reňkden uç almaýar. Ol reňki däl, görnüşi aňladýar. Hut şonuň üçinem ol «Taňry» sözi bilen tirkeş ulanylypdyr. Aslynda bularyň ikisi-de şol bir görnüş şekiliniň iki gezek gaýtalanmagydyr. Bu taýda haýsy şekil barasynda gürrüň gidip biler? Bu sözleriň ikisi-de asyl manysynda halka, tegelek, töwerek diýmegi aňladýar. Munuň özi Asmanyň – Ýeri gurşap durýan giňişligiň görnüşidir. «Gök» käbir türkmen şiwelerinde we käbir türki dillerde «göň» görnüşinde aýdylýar. Olaryň manysy aýlamak, towlamakdyr, «tigir» we «tigirlenýän» diýmekdir. «Taň-ry» sözi aýlanýan asmandaky Hudaý, Gudrat diýen manyny berýär. «Göň» hem-de «Taň» sözleri, megerem, şol bir sözlerdir. «Geň» – täsin, gudratly, gowy manylary, «taň» hem şeýle, ertir manysyndaky «taň-la» we «daň» bolsa gögüň – asman halkasynyň görnüp ugraýan wagtyny aňladýar.
«Göktaňry» miladydan öňki V-IV müňýyllyklardan bäri mälim hasaplanylýar. Ony şumerleriň asman hudayý Deňgir bilen bir zat hasaplaýarlar. Taňrynyň jübüti Humaý atlandyrylypdyr, ol aýal, zemin başlangyjyny alamatlandyrypdyr. Gadymy türki mifologiýa görä, Taňry älemi we adamlary ýaradypdyr. Ol öz islegine görä höküm edýär, türki hanlara akyl-paýhas bilen häkimlik eçilýär. Arap syýahatçysy Ibn Fadlanyň maglumatlaryna görä /X a./, oguzlar «Bir Taňry» diýer ekenler. Bu ýekehudaýlylyk düşünjesi-de türkmenler arasynda yslamyň çalt ýaýramagyna ýardam edipdir. Mikaýyl Siriýaly /XII a./ seljuklar barada şeýle ýazypdyr: «Türkmenler Hudaýyň birligini hemişe-de ykrar edipdirler hem-de hatda öz öňki ýaşan ýerlerinde-de asman gümmezini Hudaý hasaplapdyrlar. Hatda şu günlerem sada adamdanam sorasaň, «Gaň Taňry» diýip jogap berer. «Gaň – olaryň dilinde «gök asman», «taňry» bolsa «Hudaý» diýmekdir. Olar asmany ýeke-täk Hudaý hasaplaýarlar. Onsoň olar araplaryň bir Hudaýy ykrar edendiklerini bilip, olaryň dinini kabul etdiler».
«Taňry hytaýlylaryň «taň», şumerleriň «dingir» /asman/ düşünjeleri bilen deňdeş hasaplanylýar. Asman hem onuň özüdir, hem onuň mekanydyr. Taňry gadymy türki mifologiýada adamyň, halkyň we döwletiň ykbalyny kesgitleýän, belli bir şekilde bolmadyk erkeklik ylahy hökmünde çykyş edýär».
Görnüşi ýaly, Göktaňry hatda Oguz han Türkmenden öňem belli eken. Emma Oguz han öz döwründe Ybraýymyň butlary ýok edişi ýaly, oguzlaryň sansyz hudaýlarynyň soňuna çykyp, diňe Göktaňryny – bir hudaýy ykrar edipdir. Netijede, bitewi milletiň hem bitewi döwletiň esasy goýlupdyr. Şu berk esasda türkmenleriň adamzat taryhyndaky ýokary göteriliş hadysasy başlanypdyr.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle