Pyhy Tagan bilen Gurban Wehiminiň aýdyşygy:
Pyhy Tagan bilen Gurban Wehiminiň aýdyşygy:
Gelýärmiş garrylyk Hazary böwsüp,
Zaluwat, öňünden çykawer, Pyhy!
Päli bet geçmänkä Balkandan towsup,
Seňrigne ykjamlap kakawer, Pyhy!
Pyhy:
Garrylygy garşylaryn gül bilen,
Gaşym çytyp ýüzne urman, Wehimi.
Duşdan geçirerin, ony ýol bilen,
Oň bilen tirkeşip ýörmen, Wehimi.
Wehimi:
Ýaşamagyn hemme kişä dert bolup,
Ýok edeliň ol belany mert bolup,
Gitsin, oň ýüzleri garaört bolup,
Batyrlyk tohumyn ekewer, Pyhy!
Pyhy:
Gorkma, garrylyk gelýär diýip daşdan,
Mert ýigit baryny geçirer başdan,
Näleri agdardy goşa ýanbaşdan,
Ol meni hem goýmaz arman, Wehimi.
Wehimi:
Goç ýigitler abraý bolsa, at bolsa,
Başy göge ýeter il-gün şat bolsa,
Şol garrylyk ýanyp duran ot bolsa,
Üstünden suw bolup akawer, Pyhy!
Pyhy:
Girdi girdabyna Göroglyň kyrky,
Rüstem Zal, Süleýman ederdi gorky,
Isgender dek ärleň üzüldi örki,
Hata boljak ýokdur görmän, Wehimi.
Wehimi:
Gaýduwsyz, gahryman, şir boljak bolsaň,
Dostuňa wepaly är boljak bolsaň,
Bu işde Gurbandan zor boljak bolsaň,
Ýeňiş baýdagyny dikewer, Pyhy!
Pyhy:
Gelse gelibersin, seňrigne kakman,
Pyhy diýr öňünde men dyza çökmen,
Müň derde em tapan ol Hekim Lukman,
Ol derde tapmandyr derman, Wehimi! Goşgular