|

Magtymguly eýýamynyñ beýik serkerdeleri

Magtymguly eýýamynyñ beýik serkerdeleri

Magtymguly eýýamynyň beýik
serkerdeleri

1. Nedirguly şa Afşar – 1688 – 1747-nji ýyllarda ýaşan.

Türkmenleriň kyrkly urugynyň afşar taýpasyndan Eýranyň şasy. Ýiti serkerdelik zehini bolansoň owganlary kowup çykardy we Eýrany azat etdi, 1736-njy ýylda bolsa Eýranyň şasy boldy. Owganystana, Hindistana, Buhara, Hywa, Günorta Kawkaza, Yraga, Dagystana ýeňişli harby ýörişleri geçirdi.

2. Gowşut han Türkmen – 1823 – 1878-nji ýyllarda ýaşan.

Merw tekeleriniň iň uly hany, wekiller tiresinden. 1854-nji ýylda Sarahsda han saýlanylýar. Akyl-paýhasy, pähimdarlygy, şahsy edermenligi, serkerdelik zehini bilen tapawutlanýardy. 1855-nji ýylda Sarahsyň eteginde hywa hany Muhammet Eminden üstün çykyp, ajaýyp ýeňiş gazandy, 1861-nji ýylda bolsa Nasreddin şanyň eýran goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Sarahsyň eteginde Gowşutgala, Merwde bolsa Gowşuthanagala atly galalaryň gurluşygyna ýolbaşçylyk etdi.

3. Nurberdi han – 1826 – 1880-nji ýyllarda ýaşan.

Ahal tekeleriniň hany. Serkerde we zehinli häkim hökmünde abraý gazandy. Tekeleriň goşunlaryna baştutanlyk edip, 1858-nji ýylda gökleňlere kömek bermek üçin Garrygala bardy. Şol ýerde tekeleriň, gökleňleriň we ýomutlaryň birleşen güýçleri ähtiýalan Japarguly hanyň goşunyny kül-peýekun etmegi başardy.

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle