|

Ikinji adam

Ikinji adam IKINJI ADAM

Ikinji adam

Men saňa: “Söýýärin!” diýip ýalbarsam,
Gadym ýaşap geçen aşyklar deýin,
Sen diýýärsiň ýüzleriňe çaýyp gam:
“Ikinji adamy nädip söýeýin?!”

Sen meni ikinji orunda goýup,
Ýaňzydýarsyň maňa Birinjiň baryn.
Hem: “Başga birini söýäý-dä” diýip,
Egismek isleýäň kalbymyň zaryn.

Ýok, men başga eşitdirmen ahymy,
Goý, sen diýip örteneýin — köýeýin,
Menem edil özüň ýaly ahyry —
Ikinji adamy nädip söýeýin?!

Tirkeş Sadykow. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle