|

Bir asyra sygmajak buýsanç

Bir asyra sygmajak buýsanç

BIR ASYRA SYGMAJAK BUÝSANÇ

Nurgeldi uniwersitetiň žurnalistika bölümini tamamlandan soň, respublikan gazetleriniň redaksiýasyna işe bardy. Mazaly, ol bu redaksiýa tüýs bir sargyt bilen baran ýaly boldy. 
Nurgeldiniň tüýs men diýen wagtydy. Bu göwni edil bir şugladan doly, göwni açyk, mydama ýagşy niýetli,  güler ýüzli, näme ýumuş buýursaň, ilgezik ylgapjyk ýören, eli, dili,  hulky  süýjüden ýakymly ýetginjekdi. Ol  bu redaksiýada  ýaş işgärler-ä däl, ýaşy bir çene baran işgärlere çenli, ählisine hemaýatyny, dil, el kömegini ýetirjek bolup, yhlas edýärdi. Ol redaksiýa  irden, heniz hiç gelmänkä,  işe gelýärdi. Işiň ahyryna çenli  başyny galdyrman  işleýärdi. 
Ol bu ýerde nobatçy bolmalam bolsa, taýýar gazeti okamalam bolsa, korrektor, hatda podçiçjik bolmalam bolsa, hyk-çok edip duranokdy. Ýöne redaksiýanyň  ýolbaşçylary Nurgeldini has möhümräk ýumuşlarda ulanmak isleýärdiler. Ony döwrüň iň beýik   ýumuşlaryna ýaradaslary gelýärdi. 
Nurgeldi  okuwy tamamlap, bu redaksiýa işe gelip, işläp  başlanyndan soň soň has ekabyrlandy. Onuň aňy, gözýetimi has açyldy, aýdyňlaşdy. Ol gündelik gazetleri, žurnallary uly buýsanç, uly söýgi bilen okaýardy. Türkmenistanyň her bir ösüşine,  raýat hökmünde-de, Watan ogly hökmünde-de juda guwanýardy. Ol öz begenjini, guwanjyny ýazýan her bir  makalasynda parlap, her bir okanyň   kalbyna, ýüregine ýeter ýaly edip ýazmaga çalyşýardy. 
Ol Garaşsyzlyk bilen ýalkanan  gözel Türkmenistanyň döwlet başyna Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow geçenden soň, Türkmenistan dünýäniň depesine çykdy. Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan  durmuşyň  ähli meselesinde juda beýik ösüşlere, beýik üstünliklere eýe boldy. Bu gün Türkmenistan Halk hojalygynyň ähli ugrunda, oba hojalygynda gowaça, bugdaý  ekip, onuň bol hasylyny almakda, öz pagtamyzyň hasabyna pagtany gaýtadan işleýän, öz pagtamyzdan egirýän, dokaýan, dünýäniň gyzan bazarlarynda iň uly isleg bildirýän žinsi, pombarh, beýleki matalary dokamakda,dürli ölçeglerdäki sapaklary taýýarlap dünýä bazaryna çykarmakda heniz görlüp, eşidilmedik işler edilýändigine buýsanýardy. Onda-da ýüzden gowrak dokma kärhanasynyň ählisi barada ýazsam diýip arzuw edýärdi. 
Ol bu gün Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz bugdaýyna halkyny bol – elin ekläp, onuň üstesine-de, dünýä döwletlerine-de türkmeniň ak bugdaýynyň bal ýaly ununy satmagyny nähili keremat bilen deňeşdirjegini bilmeýärdi. Sebäbi, ol  Soýuz döwründe Türkmenistanyň halkyny özüni oňarmaýan, beýleki doganlyk döwletlere  elgarama ülkejik hökmünde görendiklerini, onuň hem esasan bugdaý, un meselesinde  ýüze çykandygyny ol  uniwersitetde okaýarka,  okapdy. 
«Emme her döwür bir döwür bolýan eken! Bu günki Türkmenistanyň beýle  beýik ýeňişine  onsoň, kim ynansyn» – diýip Nurgeldi oýlanýardy. 
Ol edip oturan işinden  başyny galdyrdy. 
– Ýok, bu barada şeýle bir  makala ýazmaly. Ony okanlaryň buýsançdan ýaňa akly haýran galsyn. 
Nurgeldi ilki bölüm müdiriniň ýanyna baryp, oňa niýetini düşündirdi, ondan makullanma alanyndan soň, baş redaktoryň ýanyna baryp, Köneürgenjiň un zawodyna bir hepdelik rugsat sorady. O öz matlabyny redaktora düşündirdi. Redaktor rugsat bereninden soň, ol öýlerine baryp, iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gidýändigini ejesine duýdurdy. Şondan soň ol  awtobusa münüp, täzelikde açylan uçar menziline bardy. 
Bu uçar menzili aklyňy haýran galdyrýan,  dünýä uçar menzilleriniň   arasynda taýy bolmadyk  gözel, owadan bu ugurda iň ygtybarly, iň kämil uçar menzili bolup,  bezelişi, täzeçillik bezeg tapyndylary ilkinji sapar ulanylýan häzirki zaman sazlaşykly binady. Şeýle uçar menzilleri Türkmenbaşy şäherinde-de, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerind-de gurulyp, ulanylmaga berilipdi. Olar bu gün welaýat merkeinde halka günübirin hyzmat edýärdi.Iň esasy ýeri, şol uçar menzillerinden hem edil Aşgabadyňk ýaly «Boing»  uçarlary  gatnaýardy. 
Nurgeldini haýran galdyran ýagdaýlaryň biri, Gözel Aşgabadyň aklyňy haýran galdyran uçar menzilinden dünýäniň  çar künjegine  iň täzeden täze «Boing» uçarlary  her sagatda uçup durdy. «Türkmen nire, bu uçar menzili, bu uçarlar nire?» – diýip, Nurgeldi bagtyýarlyk bilen oýlandy. Salyp geçmänkä, ony  ýaňy alan petigi boýunça Daşoguz  welaýatyna uçýan uçara çagyrdylar. 
Nurgeldi uçara ýaňy münen wagty onuň gapdalyna bir ýaş gyz elindäki peteginden gözüni aýyrman  gelip saklandy. Ol gyzyň iki gözi peteginde bolany üçin, ol öňe-yza garanjaklap, özüniň oturmaly ýerini anyklajak bolýardy. 
Oňa çenli ýol belet gyz onuň ýanyna geldi. 
– Men bu petekde ýazylan sanlara düşünmejek bolýaryn, mümkin bolsa, meniň ýerimi görkeziň – diýip, ol gyz  elindäki petegini uçaryň ýol beledine berdi. Ýol belet gyz  onuň gulagyna, gyzyň  ýeriniň içerki salondadygyny aýtdy. Soň olar tirkeşip has içerräk gitdiler. 
Nurgeldi uçaryň içki bezegine, rahatlygyna, oturgyçlaryň juda rahat, sygymlydygyny razylyk bilen synlady. Onuň ýadyna şu dünýä belli uçar menzili açylyp, ulanylmaga berilen mahaly, ABŞ-yň Birleşen Ştatlarynyň uçar ýasaýan «Boing» kärhanalaryndan şeýle tipli uçarlaryň ençemesiniň satyn alnandygyny ýatlady. 
– Hawa-da, biziň ata-babalarymyz «Köp ber, gözel al!» diýip dogry aýdypdyrlar. Diňe şu uçaryň özem  bäçe bereniňe hem degýär. Meniň halkymyň dünýäniň gazananlarynyň iň bir hözirlisniň hyzmatyndan peýdalanmaga haky  bar ahyryn. Hormatly  Prezidentimiz halkyny eşretleriň ak ýoluna çykaryp  dogry edýär.Öňki  döwürlerde respublikamyzyň welaýatlaryna, şäherlerine «TU» diýer,  «AN» diýer, «Ýak» diýer, şoňa meňzeş uçarlar gatnardy. Olara-da haçan görseň  petek tapmak garagörgüdir. Adam başynda her dürli ýakymsyz ýagdaýlar hem ýok däl ahyryn, ine, şonda agyr külpete galynýan ýagdaýlar az bolmaýardy. Nurgeldiniň özüniň hem şeýle ýagdaýlarda görgä galan wagtlary az bolmandy. Ine indi  bu ýurtda-da özüňi hakyky ynsan hakyky raýat saýyp bilersiň, ýoldaş Nurgeldi Meredow! – diýip, ol  guwanç bilen içini gepletdi. 
Kän garaşdyrman, «Boing» uçary emaý bilen  asmana galdy. Nurgeldi uçaryň salonyna getirilen gazet-žurnallardan saýlap birine eline aldy. Bu žurnal   aýal-gyzlar  žurnaly eken. Ol žurnalyň gatlaryny açyşdyryp, suratlary,  makalalary synlap başlady. Onuň birden žurnalyňahyrraklaryndan «Döwrüň talaby» atly makalada gözleri eglendi. Makalanyň meselesi ýitidi. Žurnalist bu görlüp-eşidilmedik ajaýypdan aklyňy haýran edýän beýik döwürde aýal-gyzlaryň öz orunlaryny tapmaklary baradaky möhüm meseläni orta atýardy. 
Nurgeldi makala gyssanmaç göz aýlady-da, bu makalany kimiň ýazandygy bilen gyzyklandy. Makalanyň ahyrynda «Galamgär Akgözel Abaýewa» diýilip ýazylypdy. Ol makalany täzeden, gaýtalap okady. 
«Gowja makala eken. Döwrüň iň möhüm meselesini-hä gozgapdyr. Ýazsaň şular ýaly makala ýazaýsaň» – diýip gysgajyk oýlandy. 
Soňra Nurgeldiniň bar pikir-oýy döwür, raýatlar, olaryň ählisiniň, olaryň aýaly-erkegi ýok, barynyň äk niýetini, tutuş maksadyny döwri beýgeltmäge, döwre,   Hormatly Prezidentimize şirin jany, ähli gujur-gaýraty bilen goldaw bermäge  gönükdirmeli. 
Nurgeldi talyp mahaly bir makala okapdy. Şol makalada 1936-njy ýylda Ikinji sapar Amerikanyň  prezidentligine saýlanan döwürlerinde  Amerikanyň başyna , agyr kynçylyklar düşüp, onuň pulunyň hümmetsizlenip, banklaryň işiniň bozulyp, gahatçylygyň düşendigini, şonda  ABŞ-yň şäherleriniň köçelerinde olaryň pullary bolan dollaryň juda hümmetsiz bolandygyny, şol döwürlerde ABŞ-yň  prezidenti Franklin Ruzweltiň hepdelik radioçykyşlarynyň birinde amerikan halkyna ýüzlenip: « – Hormatly amerikanlylar! Häzirki wagtda  Amerikanyň başyna juda agyr kynçylyk düşdi. Şonuň üçin häzir her bir amerikan raýaty: «Amerika maňa näme berdi!» diýmän, «Men amerika näme berdim!» – diýip oýlanmalydyr» diýip aýdandygy Nurgeldiniň ýadyna düşdi. 
«Hudaýa şükür! Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna beýle dýip bolmaz. Milli manadymyz öz gymmatyny doly saklap gelýär. Bazarlarymyz,  dükanlarymyz  zerur, elýeter  harytlardan dolup dur.  Aýlyklarymyz, pensiýe, kömek pullarymyz, talyp haklarymyz wagtly-wagtyna, ýokarlandyrylan görnüşde berilip dur. Hormatly Prezidentimiz gijesini gündiz edip, juda parasatlylyk,  juda paýhaslylyk bilen ähl zady gül ýaly çözüp otyr. Indi  türkmen raýatlary şu ýagdaýda nähili bolmaly? 
Nurgeldi bu owalyna özi jogap saýlady.»Hormatly Prezidentimize her bir raýat tüýs ýüregi bilen, halys göwünden el bilen, pähim-paýhas bilen, dil bilen, ylym bilen, bilim bilen  halys göwünden hemaýat etmeli! Ata-babalarymyz «Eli döwük işlär işlär, göwni döwük işlemez» diýip ýöne ýere adadan däldir-ä. Hormatly Prezidentimiziň agzyndan çykan her bir sözi gyzyla gaplap, bada-bat  ýerine ýetirmeli. «Bag ekeliň!» diýdimi, tutuş Türkmenistany bada-bat bagy-bossana öwürmeli. Mermer şäherimiz Aşgabady arassa saklap, söýginiň hemde gözelligiň arassa, äkize şäherine öwrüp,  arassa saklalyň!» diýdimi ýurduň her bir raýaty Aşgabadyň her köçesiniň, her bulwarynyň, her bir seýil bagynyň, prospektiniň, Şaýolunyň gül pürkülen ýaly bolmagy barada yhlas etmeli…» 
Hawa,   şu eşretden, bagtdan, bolçulykdan bark urýan  şäheriň  ähli eşretiniň , gözelliginiň, bolçulygynyň hözirini ine-ganaganyp ýören halyma, men bu eşretli eýýama, öz halkynybagtly aşatmak üçin gijesini gündiz edip ýören eziz Prezidentimize, bagtly türkmen halkyna men näme  peýda etdim? Ine,  sen Nurgeldi,   jogap berip bilseň, ine, şu sowala jogap ber! 
Tutuş türkmen halky, şol sanda senem şu güne çenli,  ýaltaçylyk, hallaň- sallaňlyk bilen, işiň iň peýdalysyna, ýeňil- ýelpaýyna kowalaşyp, gün geçirip geldiň. Ýöne  indi biz  bu bolşumyzy düýbünden taýlap, Hormatly Prezidentimiziň sözi, parasatly paýhasy bilen işlemelem, ýaşamalam. Bu meselede seniň goýýan meseläň juda   dogry hem hakykat Akgözel Abaýewa!» diýip, Nurgeldi elindäki žurnaly  ýapyp, çykala tarap gadam goýdy. 
Daşoguz şäheri ýaş ýigidi henize çenli görlüp-eşidilmedik bir ýakymly,  müşkmi,  atyrmy, ýa-da başga bir keramatly ys bilen garşylady. Nurgeldi Aşgabatdan tä Daşoguza çenli giden meýdanlaryň bir iki gatly häzirki zaman, içinde bagtly ýaşamak üçin  hemme mümkinçilikler döredilen, daşynda mal saklamak üçin, ekin- tikin bilen meşgul bolup, eli giň, köwli giňlikde gagta beslenip ömrüň, döwrüň hözirini göreüp, rahat, bagtly ýaşamak üçin gurlan sapaly, eşretli jaýlaryň müňlerçesiniň tutup oturmasyna guwanmak guwandy. Ýaş oglan öňlerem-ä, bu mekana  telim gaýta gelip görenem bolsa, bu gün onuň gözleriniň görýän şäheri – Ruhyýet köşgi, Andalyp adyndaky, sazly-drama teatrynyň ajaýyp binasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeý-köşgi, Myhmanhanalar, keselhanalar topumy, atçylyk sport  kompleksi,beýleki ajaýyp-ajaýyp gatbar- gatbar binalar, Oba hojalyk institutynyň owadan binas ýaly aklyňy haýran edýän köşgi-eýwanlar öň görlüp-eşidilen şähere hiç meňzänokdy. Uçar menzili dagy-ha, edil uly gyzyň elýaglygy ýal,  päkizedi. 
Nurgeldi şol  haýran galyp durşuna, birden hälki uçaryň üstünde eline petegini alyp oturmaly ýerin gözläp duran gyza gözi düşdi. Ol edil bir ençeme-ençeme wagtlap ýitiren hossaryna tötänden duşup, indem ony ýene ýitiräýmeginiň mümkindigine ynanýan bende ýaly, uçaryň trapyndan düşen badyna şol gyz tarapa howlukdy. 
Ol  orta boýly, ullakan  goýun gözlerinde  nurly şugla çyrpynyp duran , bir eli bilen   goşuny göterip, bir eli bilen tokmak ýaly gara saçlaryny  Daşoguzyň garagolja   bahar şemalyndan saklap durşuna,  älem-jahany haýran galdyryp, şeýle bir enaýyja, şeýle bir  owadandan näzijek ýylgyryp barýardy welin, tutuş bu mekanyň ynsy, jynsy, bagy-bakjasy, uçardan düşüp barýanlaryň ählisi, aý, garaz Nurgeldiden başgalaryň bary, hatda Daşoguz şäheriniň uçar menziline çenli, bu näzenin perizadyň alynda dyzlaryna çöküp, oňa sadyklyk bilen tagzym edip duran ýalydy. Bu ýagdaý Nurgeldiniň göwnüne bolmagam, ýöne hakykatdan hem şeýle bolmagam ahmaldy. 
Nurgeldi gyza bakan ýöredi. Ol gyzyň deňine baryp – Ýeriňizi tapdyňyzmy? – diýip samrap goýberdi. 
Gyz oňa düşünmedi. Oňa çenli bir ulag gelip gyzyň öň ýanynda saklandy. Ulagyň ýanasyndan kellesini çykaryp, boýnuny uzadan sürüji gyza habar gatdy: 
– Akgözel, geldiňmi?! 
Gyz başyny galdyrdy-da sürüjä geň galma bilen garap: 
– Geldi, kursdaş, senmi? – diýdi. Soňra: – Şähere äkidermisiňiz? – diýip,   ýuwaşja gepledi. 
Sürüji begençli  gygyrdy. 
– Men ýörite geldim-ä. Ejeňi gördüm. Ol sanitoride dynç alyp ýör. Seni soradym welin, ol «Şu günki uçarda gelmelidir – diýdi. Onsoň menen okuwy gutaranymyz bäri göşemizok – diýdim-de ulagymy alyp, uçar menziline gaýtdym. Gel, mün. 
Ulag bir gyra sowulyp durdy. Gyz  nätanyşam bolsa, Nurgeldini  unutmady. Ol ýigidiň uzyndan owadan didaryna, gapdalyna gaýtarylyp, ak mapraç, nurana  ýüzüne gelşip duran  gara saçly başyna, berdaşly göwresine hyrydarlyk bilen garady-da: 
– Adyňyzam bilemok welin, sizem şähere barmalymy? – diýdi. 
Nurgeldi birden, bu keramatly mekana gelip düşenden elkezlenen ýaly boldy. Häzir onuň kalbyna bir çogdam ylham gory guýulan ýaly boldy. Onuň häzir adama ýük bolasy gelmedi. 
– Meniň adym Nurgeldi Meredow. Respublikan gazetde habarçy bolup işleýän. Welaýatyň Galla önümleri zawodyna iş sapary bilen geldim. Soň Köneürgenje  gitjek.Siz arkaýyn gidiberiň. Men hiç-le, siz gitseňiz bolýar. Men yzyma petek aljak. Soň barmaly ýerlerim bar, sag boluň, gidiberiň. 
Olar eýtdiler, beýtdiler, ahyry Nurgeldini bu ulaga münmäge yrdylar. Nurgeldi  ulagyň yzky oturgyjyna münüp, ýagşy jaýlaşansoň, özünde bolup geçen ýagdaý barada oýlandy. Indi onuň gözleri bu dünýä başga bir nazarýet bilen garaýardy. Onuň kalbynda beslenen niýet, päkize duýgular, ýaş ýigidiň heniz özünde bolmadyk bir   joşgunly hyjuwa beslenipdi. Onuň häzir şeýle bir gözel-gözel makalalay ýazasy gelýärdi. Onuň ýazan makalalaryny okan her bir okyjy bu döwre, Hormatly Prezidentimize ähli yhlasyny, ähli myratyny, köňlüniň eşret şerbetini türkmen halkyna bagyş edibermelidi. 
Ýaş ýigit  bu gyzyň  kalbyndaky  ähli ýagşy, şatlykly, bagtly duýgularyň özüne geçen bolaýmagynyň hem ahmaldygyny  güman etdi. Ýöne bu tanamadyk, bilmedik maşgalasynyň kimdigini, nähili adamdygyny bilmezden bir zat diýip bilmedi. 
Oňa çenli sürüji ýigit gyza habar gatdy. 
– Akgözel, ýagdaýlaryň gowumy? Okuwy tamamlanymyz bäri näme üýtgeşiklik bar. Men-ä öýlendim. Iki çagamyz bar, aýalym bakjada işleýär. 
Akgözel ähli syryny açmaly boldy. 
– Men-ä Geldi, okuwy gutaryp şol «Aýal-gyzlaryyň «Bägül» žurnalynda Akgözel Abaýewa bolup, işläpjik ýörün. 
Bu söze  Nurgeldiniň  ýüregi  jig edip gitdi. Ol: 
– Şo-ol Akgözel Abaýewa sizmi? Berekella! – diýeninem duýman galdy. Gyz Nurgeldiniň ýüzüne şeýle bir geň galma, haýran galma bilen dikanlap bir seretdi welin,  ýaş yigidiň tutuş süňňi  gyzyň  gözleriniň alasyna baglanyp, onyň dünýäsine gaplanyp giden ýaly boldy. 
– Hä, näme boldy? – diýip, gyz ondan jogap sorady. 
Nurgeldi buýsanç bilen: 
– Žurnalda ýazýan makalalaryňy okaýan welin,  tüweleme, goýýan meseleleriň tüýs beýik döwrüň möhümden möhüm meselesi bolup dur. Meseläni goýuşyň, ony çözüşiň, makalalaryň diliniň süýjüligi haýran galdyrýar, men şonuň üçin «berekella!» diýdim – diýdi. 
Gyz adaty bolmadyk, başga hiç kime meňzemeýän ajaýyp keşbini mähir muhabbete ýuguryp, ýylgyrdy. Şonda Nurgeldi bu gyzy ýagşy synlady. Gyzyň giň maňlaýy, ýüzüne gelşipjik duran burnuna  ýetip,  ondanam pisse ýaly dodaklaryndan  ýüzüne biçilip ýasalan ýaly eňeginden owadan göwüslerine tarap  juda gelşik bilen gaýdýardy.  Tokmak ýaly saçlary bolsa tutuş kükregini  tutup ýatyrdy. Onuň egninde    ýüzüne  gelşip duran lawsan köýnegi iri-iri  nagyşly ýakasyny güjeňläp durdy. Gyzyň dykyz, berdaşly  bedeni onuň  juwanlyk hyjywyny gizlejegem bolman, gaýta ony  has güjeňlemek bilen paş edip durdy. 
Nurgeldi gözlerine erk edip bilmän, tutuş töweregi, gyzyň didarynyň üstaşyry synlaýardy. Daşoguz şäheri çäginem, keşbinem düýpli üýtgedipdi. Täze- täze owadan binalar şäheriň giň, eremli gujagynda edil bir Akgözeliň owadan synasynyň ýerbe-ýerligi ýaly, edil gözleriň agyny iýip barýardy. Bu beýikden owadan, gözel binalary, asyrlaryň  deňine ýetýän köşgi-eýwanlary synladygyňça synlasyň gelýärdi. 
Ulag Daşoguz şäherindäki  ajaýyp köşgüň, täzeje myhmanhananyň öňünde saklandy. Nurgeldi myhmanhana baryp,  özüne boş otaglaryň birini  ýazdyryp aldy. Bir seretse, Akgözel bilen Geldem onuň yzyna düşüp gelýän eken. Olar hem ýaş ýigidiň  myhman   jaýynyň ýagdaýyny bilmekçi bolupdyrlar. 
Geldi  habar gatdy. 
– Dost, biziň ilde myhmany  öýüňe çagyrmazlyk, ony myhmanhanada taşlap gitmek gaty aýyp görülýär. Şonuň üçin sen ilki biziň garyp çatma barsaň, biziň saçagymyzdan duz-tagam dadyp, soň nirä gitseň, senden razy bolardyk. Mazaly, meniň  uniwersitetde bäş ýyllap bileje okan gyzymyz hem gelen eken. Onsoňam, şu gün meniň körpeje çagam, oguljygymyň doglan güni. Şonuň üçin  häzir bize gideli… 
Nurgeldiniň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol bu täze tanyşynyň mürehedinden nädip boýun  gaçyrjagy barada oýlandy. 
Ol bu  häzirki zamanyň iň soňky gazananlary esasynda  gurulan, bezelen otagy höwes  bilen synlap duran Akgözele garady. 
– Ýok, dostum, sen maňa  gideli diýme. Men juda uly ýumuş bilen bu ýere gyssagly geldim. Aşgabatdan, redaksiýadan her ädimimi yzarlap oturandyrlar. Men- ä gitsem, yzymdanam maňa jaň etseler, tapmasalar, olar näme pikir ederler.  Sen maňa öý  salgyňy, telefon belgiňi ber, men boşandygym, barar gaýdaryn. 
Geldi ýer depip durmady. Ol myhmana, onuň işiniň möhümligine düşünip,   basym razylaşdy. Mazaly, olar   heniz  otagdan çykyp gitmänkäler, häkimlikden jaň edip  soradylar. 
– Siz  Nurgeldi Meredowmy? 
– Hawa men Meredow. Bolýar, bolýar. Häzir myhmanhananyň daşyna çykýaryn. 
Nurgeldi olar bilen tirkrşip myhmanhanadan çykdy. Olary iki sany epeý pyýada   garşylady. 
Olar salamlaşdylar. 
– Men welaýat galla önümleri zawodynyň  ýolbaşçysy Togsanbaý Akmedow… Bu ýigidem welaýat häkimliginiň senagat bölüminiň müdiri Welbaýew! Siziň näme  ýumşuňyz bar. 
– Men welaýatyň Könürgençdäki un zawodyny görjek. Soň Daşoguz ýag zawodynyň işini görjek. Ine, meniň şu günki  etmeli gyssagly işlerim. Agşam bolsa şolar bardada düýpli makala ýazyp,  internet arkaly redaksiýa ibermeli… 
Nurgeldi ýoldaşlary bilen hoşlaşdy. Ol Akgözeliň islegi boýunça myhmanhandaky otagynyň telefon nomerini, el telefonynyň nomerini berip, olar bilen hoşlaşdy. 
Nurgeldi ýoldaşlary bilen göni Köneürgenje ugrady. Ol ýerde bulara garaşyp duran ekenler Nurgeldi, zawoda aýlanyp, olaryň iş ýagdaýlary bilen içgin tanyşdy,   olaryň degirmenlerini, galla gorlaryny, iş  düzgünleri bilen  düýpli tanyşdy. Soň olar bilen hoşlaşyp, Daşoguz şäherindäki pagta çigidinden ýag alýan zawoda ardyp, gijäniň bir wagty myhmanhana geldi. Ol ýuwunyp, ardynyp, naharlanyp, stoluň başyna geçip «Notbugyny» açdy. 
Ol Könürgenjiň un zawodynyň şu güne çenli öndüren ununyň tutuş  respublikanyň  halkyny tutuş ýyllap doýuryp biljekdigi barda,   zawodyň işi barada, işçileri barada alan maglumatlaryny edil läle düzen ýaly edip, şirin dil, hoş owazly hulk bilen şeýle gowy makala ýazdy welin, özüniň hem gözlerine ýaş aýlanyp gitdi. 
Biz ýyl ýaňy başlanandygyna aramazdan eýýäm tutuş  ýylyň jemini jemläp otyrys – diýip, degirmen sehiniň müdiri Ýazdursun Gazakowanyň buýsançly gürrüňini makalada getirdi. Makalanyň adyny «Beýik toýlaryň badalgasy» diýip goýdy. Soň makalany ýene bir sapar  okady, kesdi, biçdi, timarlady-da Internet boýunça redaksiýanyň saýtyna ugradyp goýberdi. 
Soň ol Daşoguz şäheriniň ýag zawody baradaky makalasyny ýazmaga başlady. Ol respublikamyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabatdaky, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabyndaky Balkan welaýatynyň Serdar  şäherindäki  ýag zawodlarynyň ýagdaýyny Daşoguz şäheriniň  Daşoguz şäherindäki ýag zawodynyň derejesi, depgini  bilen deňeşdirip, bu zawodda işleriň juda önjeýli gidýändigini  sanlar, mysallar, önümçilik öňe gidişlikleri bilen birin-birin, şirin dilde, akgynly, süýjilikli beýan bilen bäş ýarym kagyz  makalany ýazyp, oňa-da, «Ýag derýasynyň kuwwatly bulagy» diýen at bilen, Internetiň üsti bilen redaksiýanyň saýytyna iberdi. Ol un zawodynda-da, ýag zowodynda-da iş ulgamyndan işgärleriň üç dört sany suratyny ertir gyssagly  redaksiýa iberiň – diýip, bu kärhananyň ýolbaşçylarynyndan haýyş edipdi. Ol bu haýyşyny ertir irden hem olara duýdurmak üçin olaryň el telefonleriniň nomerlerini alypdy. 
Nurgeldi işlerini bir ýüzli edip, bir käse çaý içeýin diýip, saçagyň başyna ýaňy geçende  onuň el telefony jyňňyrdady. 
Ol telefonyny açanda nätanyş nomere göz düşdi. Ol telefonyň düwmesini basdy. 
– Salam! 
– Salam! 
– Bu men, Akgözel! Nurgeldi! Nähili, işleriňden dynyşýaňmy? 
Nurgeldi  begenip, özüni ykjam ele aldy. 
– Hawa, Akgözel,  Könürgenjiň un zawodyna-da baryp, haýran galyp, aýlanyp gaýtdyk. Dünýäniň iň kämil enjamlary, edil ýüpek ýaly ak un! Näçe waspyny etseň, bärden gaýdýar, Akgözel! Soň Daşoguz şäheriniň ýag zawodyna-da baryp aýlanyp,  işler bilen tanyşyp, maglumat alyp, myhmanhana gelip, iki zawod barada-da makala ýazyp, Internet arkaly redaksiýa-da iberdim. 
– Makalalaryňa näme at dakdyň? 
Nurgeldi güldi. 
– Gör, näme diýseňem, kärdeş-dä, gyzyklanýan zadyna gara! 
Ol uly buýsanç bilen: 
– Un zawody baradaky makalam-a «Beýik toýlaryň badalgasy» diýip at goýdum. Ýag zawody baradaky makalama-a «Ýag derýasynyň kuwwatly bulagy» diýip at goýdum. Bolupmy? 
–    Tüweleme, bolupdyr. Hersi kompýuterde näçe sahypa? 
– Birinji makala alty sahypa, ikinji makala bäş ýarym sahypa. 
– Tüweleme, sen-ä gaty çaltam işleýän ekeniň! 
Nurgeldi tolgundy. 
– Men, Akgözel, ýurdumyzda bolup geçýän bu ýetilen beýikden beýik üstünliklere şeýle bir guwanýan, şeýle bir begenýän. Bar üstüliklerimiz barada beýik aýdymlar ýazyp, edil döwrüň çür başyna çykyp,  şol oturan ýerimden aşak aýagymam sallap oturyp,  bar sesim bilem, belent owazda dünýä ýaýyberesim gelýär. Ine  şonuň üçin öz hyýallaryma berlip, seniň häzir nirededigiňem soramandyryn. Ejeňi gördüňmi, öz ýagdaýlaryň ýagşymy? 
Akgözel: – Menem Berdilerde galmadym. Ol Daşoguz sanitorisine ejesiniň ýanyna gelendigini, ertir bu sanitoriý barada maglumat alyp, ejesi bilen yzyna gaýtjakdygyny gürrüň berip başlanda telefon kesildi. Nurgeldi  el telefonyna başga bir çakylygyň gelendigini duýdy. 
– Alo, alo! Nurgeldi, özüňmi? Men Sopy Garly-laý. Redaksiýadan – bölüm müdiriň. Sen meni diňle, ýaňy maňa baş redaktor jaň etdi-läý. Ertir günüň dowamynda  Türkmenistanyň hormatly Prezidenti  Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine barýar, şol ýerde  köprüleri açylýar. Ýadygärlik açylýar. Nurdeldi jan, inim, eşit, ol saňa hökman şol ýere barsyn-da köpriniň açylyşy barada gowja material taýýarlasyn diýdi. Sen şony gaýrat et, onda!.. 
Nurgeldi baş atdy. – Bolar! – Ol gyssagarada Sopy Garlyýewi öz işleri bilen habardar etdi. 
– Men iki zawod barada-da  makala ýazyp redaksiýanyň saýytyna iberendirin. Suratlar ertir barar. Şondan habarly bolawer. 
Sopy aga begençli gygyrdy: – Baý, şon-a tüýs oňarypsyň, ýaşşa!

* * *

dowamy bar..

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle