«Faeton» planetasy
«Faeton» planetasy
"FAETON" PLANETASY
Dünýä alymlary birwagtlar "Faeton" planetasynda ýaşaýşyň bolandygynyň, ýöne onuň ýadro partlamasy netijesinde weýran bolandygynyň üstüni açdylar.
Gözüňize, başyňyza döneýin,
Adamlar! Doganlar, dostlar, düşüniň,
Şeriň nesli, uruş atly gögeýin,
Geýip Ezraýylyň köne-küşülin.
Zeminiň üstnde örüp ýör kerep,
Jadylap guýrugy otly möýleri.
Häzir adamzada oýlanmak gerek,
"Ýaşamalymy ýa-da oda köýmeli?!"
Faetonly şahyrlaryň bir wagt,
Zarlap-zarlap ýazan şygyrlaryny,
Eşidip durun men, görýärin nagt,
Eneleň gan öýen bagyrlaryny.
"Faetonyň" agzynda ot çeýneýän
Bigaýrat, bidöwlet gurrumsaklar,
Girrik duýgýlaryn jylawlamaga
Gaýrat tapmady.
Şonuň üçin Ene Ýeriň uýasy,
Aýylganç silkinip, iňläp çatlady.
Şeýdip paýrap gitdiÝeriň soragy,
Dünýäniň düýbüne döküldi küli.
Ne ony şahyrlaň şygry goragy,
Ne diňdirip bildi, ene görgüli.
Gorkunç çaklamalar galdy, geljege,
Hem okuň daşyndan aýlanýan tozan.
Indi oň jogabyn kimler bermeli,
Birwagt onda durmuş bardy-la, dogan.
Adamlar, doganlar, dostlar, uýalar,
Bir zada düşüniň, howlukmak gerek.
Biz bolmasak, bolmasa bu ene Ýer,
Çeniň, çaklamalaň bary biderek.
Biziň her birimiz özbaşdak dünýe,
Her adam öz döwletiniň beýany.
Geliň, biz dört milliard, bu bagtly günde,
Jylawlalyň uruş atly belany.
Ýaltaň stollarnyň başyna geçip,
Jylawlanşy ýaly faşizmiň jynynyň,
Atom arwahyna goýmalyň geçit,
Hem ganhorlaň ot çeýneýän pygylyn.
Bize başga ýol ýok, ýaşajak bolsak,
Dialektika başga mülk ýok, göçere.
Dar ýüpi deý depämizde sallançak,
"Faeton" dur, garamatyn götere.
Adamlar, doganlar, aýaga galyň,
Ýüşüň dynçlyk baýdagynyň astyna.
Howlugyň Zemini ýakmanka ýalyn,
Howluguň Ynsany bogmanka ýalyn.
Ajal el urmanka Ynsan aslyna,
Göreşe, göreşe, göreşe galyň,
Adamla-ar!
07.04.1991 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular