|

Wepaly aýallar

Wepaly aýallar WEPALY AÝALLAR

Wepaly aýallar

Wepaly aýallar watan ýalydyr…
Olar ogluň bar günäsin geçerler.
Olar bilen garrar uly söýgüler,
Dünýäni garrydan gamlar, heserler.

Wepaly aýallar watan ýalydyr…
Watan üçin ýowa gidende ärler,
Gursagyny ezjek köňül zarydyr,
Ýöne zeýrenç bilen dilini ýarmaz.

Wepaly aýallar watan ýalydyr…
Wepaly, asylly, halalzada, päk.
Ezizi gidensoň, ölmez, garramaz,
Şo-ol garaşar ýörer, olar gelýänçä.

Olar üçin gam –gussalar tükenmez,
Ogly bir gün jeňiň içinde galar.
Ogul takdyryny  öňünden syzyp,
Ene ýüreginde owsunar talaň.

Emma dost däl syryn aňyp syrtarmaz,
Ezizini jaýlap ýürek töründe.
Jesedini götär ýörer kalbynda,
Şonuň bile ýatar göründe.

Wepaly aýallar watan ýalydyr…
Olar oglun, ýaryn, eziz doganyn,
Penalap gözlerden dilden, ajaldan,
Hen namysyn saklar  ýörer şolaryň.

6.07.1987 ý.

• OL ÝYLLARYÑ GELINLERI

Ejem, enem, gelnejelem, mamalam,
Ýarasa bor diýip, watan derdine.
Özleriniň ajtyn-kümüş şaýlaryn,
Gypynç etmän front döwri berdiler.

Şaý-sep näme,
Watan üçin, ýar üçin,
Şirin janlarynam berjekdi, olar.
Gidenler tä ýeňiş bilen gelýänçä,
Ýurdy saklap duran gerçekdi, olar.

Sakladylar gidenleriň ornuny,
Kyn bolsa-da, hor bolsa-da, zenanlar.
Gijesi, gündizi ýary, ogluny,
Ili-güni Aýdan, Günden dilänler.

Ýeňişe ýetdiler,
Ezizlerini,
Garşylamak üçin çykyp ýoluna,
Şonda birazajyk gynanypdylar,
Bezenmäge şaý-seplerniň ýoguna.

Döwletli, yrsgally, parahat günler,
Ýeňşiň yzy bilen gelýän ekeni.
Şol günleriň gelinleri şaý-sepni,
Nämä çalyşýanyn bilýän ekeni.

10.07.1987 ý.

• BIBIJAN

(«Bibijan» atly türkman halk sazyna ýanama)

Sen meniň enemmisiň,
Uýammy sen, Bibijan.
Ýürekde buýsanjymmy,
Haýammy sen, Bibijan.
Ýa mukamy doguran 
Aýalmy sen, Bibijan.

Nädip meni direltdiň,
Ot ýakyp ojagyma.
Garaşdym Leýli bolup,
Mežnun deý guçaryňa,
Al, indi bas bagryňa,
Gel, meniň gujagyma,
Owazmy ýa Bibijan.

Gözlemi çeşme etdiň,
Kalby eýlediň derýa.
Sen pynhan umydymmy,
Ýürek ne perwaz urýa,
Bu ömrüm, geljek ömrüm,
Bolsun janyňa gurban,
Meni mukama alan,
Hyýalmy ýa, Bibijan.

Beýle duýga duşmandym,
Eneleň ak süýdümiň.
Ýa gundakda ganylman,
Galan şirin hüwdümiň.
Müň ýyla bir ykbalmyň,
Ýa bar zatdan süýjümiň,
Ýa zehiniň gurbaty,
Halallygy güýjümiň,
Zyýanmy ýa Bibijan.

Saba öwsen şemalmyň
Oýnap zülpleň burmasyn.
Ýa-da zerzawa goýan,
Öz ilimiň durnasyn,
Säherler aýdymmy sen,
Ýa bagtymyň urbasdy—
Diýarmy ýa, Bibijan.

5.07.1987 ý.

Öwezdurdy NEPESOW.

Surat: Medine Safari / «Obaly aýallar» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle