| | |

Perisypat / hekaýa

Perisypat / hekaýa PERISYPAT

Perisypat / hekaýa

Ol Surat diýseň, suratdy. Ak ýüzüne gelşik berip, gyýlyp duran gaşalry, deňziň suwy ýaly dup-dury gözleri, hanjar gaşlaryň agram berip duran badam gabaklary edil  buýrulyp ýaslan ýalydy. Onuň syraty diňe bir ýigitleri däl, gyzlaram haýran edýädi. Şirin  Surat bilen sen dur, men öleýin diýip duran jora bolmasa-da,  garaz, gepi alyşýardy. Şo gezek joralar üýşüp,  Seýitjemeletdiniň ýadygärligine  gezelenje  gitdiler. Olara bu täsin kümmeti has ýakyndan synlamak höwesi köpden bäri  ynjalyk beremänsoň, dynç güni talyp joralar ýola düşdüler.
 Altyn güýzüň gözelligi türkmen sährasyna üýtgeşik gelşik berýärdi. Uly ýoluň bir tarapynda ak patrak bolup oturan owadan meýdanda pagta ýygýan  tehnikalar müňzeşip ýördi.  Ýoluň beýleki tarapynda altynsow ýapraklaryň arasyndan jyklaýan  almadyr behi  agzyňy suwardýardy. Ho-ol aňyrlarda gyzyl çäji ýygnalan ak meýdanda günüň şöhlesine öwşün atýan sypallar ýütgeşik bir duýgy döredýärdi. Töweregiň bu gözelliginden ylham alýan talyplar ýadygärlige nädip ýetenlerinem duýmadylar. Ýomak atyşyp baryşlaryna olar özlerinden başga-ga bir topar oglan-gyzlaryň bu ýere gezelenje gelendiklerini gördüler. Gyzlar  basgançaklar bilen  baýyrlyklara galyp başlanlarynda başga olar eýýäm metjitden çykyp gelýardi.  Gyzlar olary uly bilesigelijilik bilen synlap başladylar. 
Töweregini nebsewürlik bilen synlap barýan Şirin basganjakda  bir ýigit bilen göni gabatlaşdy-da oňa ýol bermek üçin saga sowuldy. Şobada ol  ýigidem saga öwrüldi. Şirin derrew çepe öwrüldi weli,  olam  çepe çekildi. Şirin   ýüzüni galdyranda garşysynda ynha, bir görmegeý pyýada dur. Ol näme etjegini bilmän,  aljyrady. Jorasynyň aňalyp duranyny gören Surat:
     -Ýöresene, gyz, näme beýdip, ýoly saklap dursuň- diýip, onuň yzyndan iteledi, şobada-da onuň garşydaky ýigide gözi düşdi.
 – Geçiber, senem  gyz görtmedik ýaly bolup, aňalyp durma-da- diýip, Surat  azymly gepledi. 
Ol ýigidem gep alyp galarly däl eken.
—    Özüň-ä zyba gözel ekeniň weli, arman, gep uruşyň birneme gödegräk gelýä-dä.
Surat ýigide seredenden, onuň syratyna haýran galdy. Bu ýigidiň ýüz-gözünden mähir syçrap durdy. Bu duşuşygyň täsiri gyzlaryň dünýäsine gozgalaň saldy.  Indi olaryň  mugallymyň berýän gürrüňi bilen-de, töwerekdäki täsinlik bilen-de,  metjidiň gapysynyň ýokarsynda biri-birine bakyp duran aždarha bilen-de seri ýokdy.  Olaryň bar küýi-küçesi ýaňky ýigitdi.
—    Surat,  dogryňy aýdaý, ol oglanyň owadanlygynyna haýran gadyň gerek ?
Surat kalba dolan duýgularyny basmarlamak üçin gepi başga ýana sowdy.
—    Seniň edebiýatçy bolaýşyňy.  Türkmen dilinde erkek adama owadan diýilmeýär, olara  görmegeý, syratly, nurana  diýilýär.
—    Ýeri,  bar şo ýigit syratlymyş-da,  owadanlygy näme? Edil ýüzünde hat ýazybarmeli diýilýän oglan şol-a.
Surat hezil edinip güldi.
—    Bir bakyşda  Ýusup dek nurana ýigide aşyk boldum diýsene…  
Ol sözüni soňlamady. Belki, ol edil şu pursat  bir bakyşda döreýän duýgy barada oýlanandyr? Belki-de, Suratyň zybalygy ol ýigidiň  gözünde galandyr? Bu zatlardan gyzlaryň hiçisiniň habary ýokdy. Ýöne ol ýigit hut şu pursat Şirine  oýlanmaga, özüniň Surat ýaly owadan  däldigime  kemsinmäge sebäp döretdi.  
     Jorasynyň hiç zat bilen seriniň ýokdugyny badabat aňan Surat  çete çekildi-de bu giden baýyrlygy bilesigelijilik bilen synlap başlady.  Şol dem onuň gözüniň öňünde bag-bakjaly, ekinzarlyklary ýaýylyp ýatan owadan mekan peýda boldy.  Geýnüwli türkmen gelniniň  tamdyrdan çykarýan mele-myssyk çöreginiň hoşboý ysy onuň beýnisini gaplady. Gelin çym-gyzyl bolup, türkmeniň gülälekli ýaýlasyny ýatladyp duran çörekleri  ak saçagyň üstünde ýaýraptdy. Ol  öz ýanyna ylgaşlap gelen körpeleriň hersiniň eline bir döwüm çörek tutdurdy. Özem birmahal edil Suratyň ejesiniň edişi ýaly, gyzgyn çöregi tamdyr suwuna batyrdy. Hol, beýleräkde duran ýigit bolsa, guwanç bilen olary synlaýardy. Surat  bu ahwalatyň öz haýalydygyny unudyp, gelniň hödür üçin özüne uzadan çöregine imrindi. Birdenem aýňaldy-da, tisginip gitdi. Surata bir zat bolandygyna düşünen Şiriniň oňa degesi geldi:
—     A gyz, Surat, ýaňky  nurana diýýän ýigidiň seň aklyňy alaýan ýaly-la. Ne-hä mugallymyň  gyzykly söhbetini diňleýäň, ne-de…
Surat näme diýjegini bilmän ýaýdandy. 
—    Men hakyt ýürejigiňi bildim gerek?
—    Ýok,  golaýyndanam barmadyň. Men şu mahal hut şu ýerde bolan  şo-ol gadym durmuşyň, gülläp-ösen diýaryň  içinden gaýtdym.
—    Goýsana, gyz, hyýalbent bolanyňda-da çaky ýagşy.
—    -Çynym , çypbakaý çynym. Çörek bişirip duran gelniň syratyny, onuň eginbaşyny, tamdyrdan çykaran  çöreklerini diýsene.  Bu baýyrlyklara derek  köşki-eýwanlar, läläzar meýdanda agyp-dönýän goýun-guzylar,  täzelikde altyn sünbülleri orlan ak sypally meýdanlar, baryny göterip bilmän başyny ýere degrip oturan miweli baglar,  geýnüwli gelin-gyzlar—bularyň bary hakykat. Bular Änewdäki  döwletli döwranyň  meň gözüme görnen salgymy däl-de, hut özi. 
Şirin säher bilen bu ýere gelýärkäler töwerekdäki gözelligiň hut häzir Suratyň janlandyryşy ýalydygyny ýatlady. Suratyň aňyna ornaşan bu gözellik, türkmen topragynda baky mekan eýlän bagtyýar durmuşyň  bir bölejigidigi ony birneme rahatlandyrdy. Ýogsam ol jorasynyň  hälki wakadan soň, özüne ýer tapman durşuna haýrandy.  
   Günortana çenli  ýadygärlige aýlanan gyzlar aşak düşüp, birsellem dynç almak üçin ak eýwanyň gapysyndaky  tagta sekide oturdylar.  Şol dem  olaryň öňüne saçak ýazyldy.  Gyzlaryň geň galandygyny aňan ýigitleriň biri dillendi:
—     Bizem gezelenje geldik. Biziň barymyz ýaş suratkeşler. Hem-ä dynç alalyň, hemem şu açyk meýdanda gadymy ýadygarligiň birmahalky keşbini, şu gününi kendiriň ýüzüne geçireliň diýip geldik. Biziň bu ýere eýýäm üçünji gezek gelşimiz. Her gezegem talyplar bolup, hem surat çekýäs, hemem sadaka berýäs. Häzir biziňkilerem gelerler. Olar ho-ol beýleräkde işläp ýöreler. Bu günlükçe nahar bişirmek  bize ynanyldy.  Ýogsa-da siz haýsy institutdan?
—     Biz  Türkmen döwlet uniwersitetinden.
Surat assyrynlyk bilen Şirini synlady.   Ýaňky kalbyna gozgalaň salan ýigidiň  niredendigini eşidende  onuňam ýüzüniň ýagtylyp gidendigini bada-bat  duýdy. Ýöne özi ýaly owadan gyz barka, onuň Şirine ylykmajakdygyna-da ynandy. Gyzlar heniz  özüni dürsemänkä, suratkeşleriň   ýomak atyşyşyp gelýändiklerini eşitdiler.
—    A gyz, Güller, Töräň hälki gyzy synlaýşyna üns berdiňmi?
—    Goýsana, gyz, senem ýok bir zady aýdaýýaň. Ýagşyny görmek jennet diýilýar. Şonuň üçinem onuň owadan gyza gözi gidäýendir-dä. Seniň gabanjagyňy nä bilsin, neresse. 
—    Gabanyp gabanman, meniň Törä hiç hili dahylym ýok.
—    Diýseňem-ä seň şondan soň, keýpiň bolmady. Çeken şekilleňem…
Olar tagta sekiniň üstüni dolduryp oturan gyzlara gözi düşenden kürtdüdip durdular. Oňa çenli  aşpez ýigitler ýetişdi:
—    Güller, Selbi, hany, Töre dagy, siz näme olara garaşman gaýdyberdiňizmi?
—    Olaram gelýäler, biz size kömekleşeli diýip,  irräk gaýdyberdik. Görýäs weli, kömekçiňiz ýetik ýaly-la. 
—    Bu gyzlaram  zyýarata gelipdirler. Özlerem  edebiýatçy. Ýörüň, bize işdäaçarlary çekişiň. Ýogsam ýigitler gelýänçä ýetişmeris. 
     Suratkeş gyzlar  ýene degişdiler: 
  -Diýmek, edebiýatçylar bilen suratkeşler-türkmeniň gadymyýetiniň janköýerleri bu gün Seýitjemaletdin metjidinde-dä. 
–Edebiýatçylar bilen suratkeşleriň bu ýerde gabatlaşmagy tötänlik öýdýän. Ýogsam  isläňde-de beýle laýyk getirip bolmaz. 
–Bu türkmeniň gadymyýetiniň şu günki talyplara sowgady öýdýän.
    -Şeýledir-le…
 Gyzlar tanyşlykdan soň, derrew öwrenişdiler.  Ýigitlerem kän garaşdyrman geldiler. Oturanlaryň ählisi assyrynlyk bilen biri-birini synlady.  Edebiýatçy gyzlaryň  barynyň nazary Törede eglendi. Töre weli bu çak diňe bir gyzy- Suraty görýärdi. Ol nazaryny töwerekdäkilerden  gizlemek üçin başyny galdyrman,  nahara güýmendi.
—    Hany, onda bissimilla diýip, alybereliň.  Seýitjemaletdin janyň gudratyna dönseň, ol  bizi gözel gyzlar bilen duşurdy. Sadakaňyzam kabul bolsun.
Saçak ýygnalýança hiç kimden ses çykmady.  Aýat-töwir edilensoň, ýigitleriň  çilesi açylan ýaly boldy. Olar biri-birinden öňürti edebiýatçy gyzlar bilen tanyşmaga howlukdylar. Töre dil ýarmaga gyssanmady. Ol häli özüniň öňüni baglan gyzyň gözünde üýtgeşik bir mähriň  bardygyny saýgarypdy. Töre assyrynlyk bilen Şirini içgin-içgin synlady. Ýöne häzir ol mähir nirädir bir ýerlere zym-zyýat bolupdy. Şobada-da Töräniň nazary Suratda eglendi.  Onuň durulykdan ýaňa düýbi görnüp duran gözleri, güýzüň  güneşine az-kem gyzaran ýaňaklaryny hasam owadan görkezýärdi. Şol dem Töräniň ýüreginde bir damar üzülen ýaly boldy. Ýigidiň özüni synlaýandygyny aňan  Surat uýaljaňlyk bilen aşak bakdy. Ýöne onuň bu pursatyň öz kalbynda döreden gogalaňyny basmarlap bilmedi. Ol bu nurana, ýüzünden-gözünden mähir ýagyp duran ýigidi köpräk synlap, onuň keşbini gözlerinde galdyrasy geldi. Owadanlykda özüne göwni ýetýän Surat  bir demde surat ýaly ýigidiň yşkyna düşendigini boýun almajak boldy. Ýöne  maý tapdygy nazaryny Törä tarap aýlanyny özem duýanokdy. Ol bu duýdansyz dörän duýga erk etmek isläp, gyzlara ýola düşmegi teklip etdi. 
   Bu çak olaryň hiç haýsynyň  ýerinden gozganasy gelenokdy. Çünki ýaşlaryň tanyşlykdan başlanan söhbeti  gadymy Änew medeniýetine syrygypdy. Metjidiň gadymy dyrky, şol döwrüň durmuşy oturanlaryň barynyň dünýäsini gaplap aldy.  Surat şol dem hälki gözüniň öňünde peýda bolan  wakany ýatlady. 
—    Ynansaňyzam, ynanmasaňyzam öz ygtyýaryňyz.  Häli metjitde otyrkam bu ýerleriň bag-bakjasyny,  lälezarlygyny, onda aga-ýana otlap ýören goýun- guzulary, gyzyl çaji ýaňy ýygnalan meýdanlary, tamdyrda çörek bişirip duran gelni, onuň  töweregindäki çagajyklary synladym. Men hatda gelniň tamdyrdan  ýaňyja çykaran çöreginiň ysynam aldym…    
—    Bagyşlaň weli, siz edebiýatçy däl-de, suratkeş ýaly-la.  Siziň  aýdanlaryňyzy kendiriň ýüzüne geçirseň, ine, saňa  Änew medeniýeti. Ýogsa-da men öz eserimde hut şol pursatlary janlandyrmak isleýän. Belki, o barada siz maňa maslahat berersiňiz, edebi maslahatçym bolarsyňyz. Saý- sebäp bilen tanyşdyk, galanam özümize bagly. Wiý, ýogsa-da men Töre, ol Aman, aňyrsyndaky ýigit Durdy,  Sapa, Wepa ekizler,  Sellbi,  Sülgün… 
—    Meni ýatdan çykardyňmy, Töre beg.
—     –Heý senem bir unudyp bolarmy, Güljemal han. Sözümi soňlamaga maý ber ahyry.  Ine, biziň iň zehinli talybymyz Güller. Biz oňa Güljemal han diýýäs. Sebäbinem aýdaýynmy, dile geldi, bile geldi ýa-da… 
   Gyzlar ýerli-ýerden garşy çykdylar.
 –Beýdip edebiýatçylary gorkuzaýma birden. Biz bularyň biriniňem adyny bilemzok. Gorksalar, köşeşdirmäge barybam bilmeris. Senem edebi maslahatçysyz galarsyň. 
–Selbi, seň bar aladaň meniň maslahatçysyz galanym däldir-le.
 –Gowusy sen ony gepletme. Gyzlar, dogrudanam tanyşalyň. Bir gören tanyş, iki gören garyndaş diýipdirler. 
 –Men Şirin,  bu Surat, Sülgün, Suraý, Jahan, Aýna,Göwher… Bizden ýene kim galan bolsa dillensin… 
Suratyň adyny eşidenden Töre hemmeden öň dillendi:
  -Surat adyny saňa bilip dakypdyrlar. Hakykatdanam surat kemiň ýok, suratlara gaýra dur diýýäň. Seniň zehiniňem hakyky suratkeşiňki. Meň ýaňky teklibimem degişme däldir, Surat gyz.   
Talyplar Töräň üstünden düşdüler:
—    Haý, duraweri, zaluwat, sen birden edebiýatçylaryň hataryna goşulyp gidiberme. Sungat äleminde senden tamamyz uludyr. Bizi ussatsyz goýaýma. 
Oglanlaryň ýarym degişme bilen aýdanlaryny gyzlar alyp göterdiler.
-Gideýin diýende Töräni goýberýän barmyşmy?
Surat gepiň kime kakdyrylýandygyny aňdy.
— Goşulaýyn diýende-de, goşup barýan barmy? Töräňizem, begiňizem özüňize nesip etsin. Onsoňam edebiýatçy bolmak kendiriň ýüzünde reňkli galamy eýläk-beýläk çyzan ýaly däldir. Baý, çorba sowatmaly bolar-a. 
Bu owadan gyza göwni gidenem bolsa, Töräniň  gepde  basylasy gelmedi.  
— Öňem biri gep otarmagyň  sungat döretmekden  kyndygyny subut etjek bolup, görgä galanmyş…
-Men sungata dil ýetirmek islämok, ýöne heniz talypkaňyz özüňize suratkeş diýip bilýän bolsaňyz, aperin size.
Oturanlaryň barynyň ünsi Töre bilen Suratda jemlendi. Özüne göwni ýetýän  Töre Surat bilen gep uruşdyrdygyça, ýüreginde üzülen hälki inçejik damar oňa bardygyny duýdurdy.  Indi ýigidiň diňe bir nazary däl,  tutuş göwresi lowlap başlady. Ol garşysynda oturan Aý ýaly gyza bakdygyça, kalbyny gozgalaňa salan duýgynyň otlukly nazara nädip geçeninem bilmedi. Şol demde ol töweregindäkileri-de, nirede oturandygyny-da unutdy.  
      Surat Töräniň balkyldap duran gara gözleriniň onuň ýüreginde hut şu çak möwç urup başlan söýginiň sessiz mukamyny çalýandygyny badabat duýdy. Suratyň bu gudratly mukamy eşidesi, ondan kalbyny gandyrasy geldi. Birdenem  Siriniň hälki bolşy onuň hakydasyna doldy. Jorasynyň bir bakyşda bu ýigidiň intizary bolandygyny boýun alsa-da, öz ýanyndan   Töräni gabandy.  Kalbyna gozgalaň salan duýgyny ezizledi. Şobada-da özüne  nätanyş hem ýakymly duýgynyň dura-bara tutuş süňňüni gaplap alandygyna düşündi. 
Ýaş sutatkeşler edebiýatçy gyzlara birsellem bu gözelligi, eser döredişlerini synlamagy teklip etdiler. Surat olaryň taslama işlerini görenden hakyky sungaty döretmegiň  reňkli galamy kendiriň ýüzünde iki ýana çyzan ýaly aňsat däldigine düşündi. Olar entek geljekki işleriniň taslamasyny düzýärdiler. Ol hakyky eser bolýança ençeme çorba sowatmaly, zehin hem yhlas siňdirmelidigi görnüp durdy. Surat  Töräniň gara galamy ak kagyzyň ýüzünde işledişine höwes etdi.
-Men size öteräk degäýipdirin öýdýän. Dogrudanam siz hakyky suratkeş.
-Onda sizem Alla tarapyn dünýä iýnen perizat.
Birdenem ol alňasady:
-Duruň, duruň, birje minut şu durkuňyzy saklaň-da, maňa serediň.  Siziň şu durkuňyzy, zybalygyňyzy  gadymy medeniýetiň gatyna salasym gelýä. Bu gözellik bir adam üçin bolup bilmez. Ol sungata degişli. 
— Sizem edebiýatçylarça bar ýaly-la. Gep urşuňyz-a ýeser. 
-Häli sizi görenimden ýüregim atygsap başlady. Tizräk galamy elime alasym, siziň keşbiňizi sungata geçiresim geldi. Sebäbi gadymy Änew perisypat gyzlaryň mesgeni bolupdyr diýýäler. Sizem şolaryň neslinden bolaýmaly hökman.   Men bu işimi ýaş suratkeşleriň milli mirasymyz baradaky eserleriniň bäsleşigine hödürlemekçi. Eger  bäsleşikde ýer alaýsam, onda meniň şü günki arwuwlarymyň ählisiniň wysal boljagyny duýýan. Ony siziň gök deňziň tolkunlary ýaly owadan hem yssy mähri peşgeş beren gözleriňizden aňýan.
Surata bu sözleri diňlemek  ýakymlydy. Şonuň üçinem ol giç öýläne çenli Töräniň ýanynyndan aýrylmady. Diňe ýola düşjek bolanlarynda gyzlara goşulyşdy. Şirin jorasynyň  ýüreginde gopan harasady badabat aňdy:
— A gyz, nurana ýigit bilen gepiň alyşdy öýdýän. Asyl ýanyndan aýrylmadyň. 
— Goýsana senem, ýöne bir zady diýäýýäň, men onuň çekýän suratyny synladym. 
— Olam senimi? Onnoň näme boldy?
— Hiç zat. Hökman bir zat bolmalymy?
— Siziň biri-biriňize otrlukly nazar bilen bakyşyňyzy, gözleriňizden syçraýan söýgi uçgunlaryny, ýüregiňizde, beýniňizde gopan harasady hemmämiz gördük. Indi ony gizläp oturmagyň hajaty ýok.  
— Ol-a şeýle weli, Sirin, bu tötänleýin duşuşykda dörän  duýgydan çekinmän duramok. Biz ýaş, ýürekler atygsap dur. Şeýle halatda duýgynyň hakykydygyny seljermek kyn düşäýmese. 
— Onuň üçin wagt gerek. Ol hemme zady terezä salar.  
— Ol-a çyn weli, ýürege nädip diýen etdirmeli.
— “Men ölýärin sen diýip, sen Ýusup dek nurana” diýsene.
-Goýsana, seň oýun ýadyňa düşýär. Men çynym bilen  maslahat soraýan.
— Ony ýüregiňden sora. 
                                            
* * *

Ýaş suratkeşleriň eserleriniň sergisine çykarylan işleri synlan eminler “Gadymy Änewiň perisiniň” ähli babatda beýlekilerden saýlanýandygyny bellediler. Tomaşaçylaram, edebiýatçy  gyzlaram ýerli-ýerden Töräni gutladylar. Töräniň bu wagtky şatlygy hiç zat bilen deňär ýaly däldi.
-Gyzlar, bü ýeke meň üstünligim däl. Joraňyz  Suratam menden az zehin siňdirmedi muňa. Onuň ýürekdeşligi, onuň mähri, söýgüsi, galyberse-de perisypat keşbi  meni ylham atyna atardy. Indem  Surat ikimiz siziň baryňyzy indiki dynç güni  Änew şäherçesindäki toý mekanyna çagyrýas. Şeýle dälmi, surat ýaly Suratym. Bizi duşuşdyran, söýgüden paý beren  gadymy Änew medeniýeti hem Seýitjemaletdiniň metjidi ahyry. 
Sergini synlamaga gelenleriň nazary badabat  Suratdyr Törede eglendi. Çünki  sergi zaly tutuşlaýyn bu iki juwanyň birek-birege söýgüsinden nurlanyp,  gadymy Änewiň  şol birmahalky gözelligini gaýtadan janlandyran ýalydy.

Ogulgerek Ussaýewa. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle