Minnetdar, hanym (Hekaýa)

Lengston HÝUZ,
amerikan ýazyjysy
Köçeden uzyn boýly, daýanykly aýal agyr ýantorbasyny egninden üstaşyry göterip barýardy. Daşyndan synlasaň ýarylaýjak bolup duran ýantorbada çekiç bilen çüýden başga ähli zat bara meňzeýärdi. Bezemen geýnüwli aýal gije sagat on bir töwerekleri bolanlygyna garamazdan, ýeke özi köçäniň boýuny syryp, maýdalyna barýardy. Birdenkä alagaraňkylykdan okdurylyp çykan oglanjyk aýalyň ýantorbasyny garbap almaga synanyşdy. Oglanjygyň batly zarbasyna ýantorbanyň kemeri üzülip allowarra gitdi, özi bolsa ýantorbanyň hemem öz agramyna tap getiribilmän, ýanýodadan aňyrlygyna tüwdürilip gitdi.
Aýal sowukganlylyk bilen yzyna öwrüldi-de, arkanlygyna agdarylan oglanjygyň ýeňsesine kakyp goýberdi. Soňra oglanjygyň köýneginden çekip galdyrdy-da, tä dişleri şakyrdaýança silkelemäge durdy. Ol oglanjygy goýbermän durşuna:
— Ýantorbamy galdyr-da, elime ber, haý, bezzat diýsänim — diýip, gaharly seslendi. Soňra aşak egildi-de: «Utanmaýarmyň?» diýip, soragly garady.
Köýneginiň synyndan pugta gysyp durşuna, oglanjyk müýnli seslendi:
— Utanýan.
— Näme üçin beýle hereket etdiň?
— Bilgeşleýin etmedim.
— Haý, kiçijik ýalançy diýsänim!
Daş-töwerekde birlän-ikilän adam saklanyp, bolýan zatlara syn edýärdi.
— Goýbersem, gaçarmyň?
— Hüm.
— Onda goýbermerin — diýdi-de, ol yzgytsyz nazaryny aýlap, oglanjygy saklady.
— Meni bagyşlaň, hanym. Günämi ötüň. — Oglanjyk naýynjar seslendi.
— Ýüzüňem-ä hapadan ýaňa gara-gäz bolupdyr. Seni gowuja edip ýuwundyrmasam boljak däl. Öýüňizde hiç kim saňa suwa düşmelidigini aýtmaýarmy?
— Ýok.
— Diýmek, biz ýöne ýere sataşmandyrys. Bu gün ýuwunmak üçin gaty laýyk gün — diýdi-de, ol gorkudan ýaňa saňňyldap duran oglanjygy süýräp diýen ýaly alyp gitdi.
On dört-on bäş ýaşla çalym edýän oglanjyk gowuşgynsyz we çepiksije, mawy jalbarly, tennis aýakgaplydy.
— Häzirlikçe, saňa öz oglum hökmünde nämäniň dogrulygyny we nädogrulygyny öwredeýin. Häzir bolsa ýüzüňi gowuja edip ýuwaly. Ajykýaňmy?
— Ýok. Ýeke-täk islegim — sizden sypmak.
— Aýt bakaly, köçeden geçip barýarkam men saňa azar berdimmi?
— Ýok, hanym.
— Kiçijik jenap, seniň hut özüňjik gelip elime düşdüň, şonuň üçinem menden aňsatlyk bilen syparyn öýdýän bolsaň ýalňyşýaň. Şu sözleri berk belle: işimiz gutarandan soňam, sen missis Luýelle Beýts Waşington Jonsy hiç wagt ýadyňdan çykarmarsyň.
Garader bolan oglanjyk güýç bilen sypmaga synanyşsa-da, teý başarmady. Aýal berdaşly gollary bilen çagany ebşitläp tutdy-da, köçäniň ahyryna çenli silterläp äkitdi. Oglanjygy sypdyrman saklap durşuna, missis Jons öýlerine girdi-de, kaşaň bezelen aşhananyň içi bilen ýöräp ugrady. Soňra otagyň çyralaryny ýakdy-da, gapyny açyp goýdy. Öýdäki beýleki ýaşaýjylaryň gülki sesleri, alagowurdysy oglanjyga eşidilip durdy. Oglanjyk rehimsiz aýal bilen ikiçäk galmandygyna begenip, uludan demini alýardy, hanym bolsa ony mäkäm saklap durşuna, teý goýbererli däldi.
— Seniň adyň näme?
— Rojer.
— Diýmek, Rojer, häziriň özünde şu grandyň aşagyna gir-de, mazalyja el-ýüzüňi ýuw!
Oglanjyk bir hanyma, bir-de gapa seredip ýaýdanjyrap durşuna, bialaç granda tarap ýöneldi.
— Suw ýylaýança biraz garaş. Me, arassaja elsüpürgiç.
Ýüzüni granda tutup duran oglanjyk howsalaly seslendi:
— Siz meni tussag etdirmekçimi?
— Gowuja ýuwun bakaly. Bu ýüzüň bilen men seni hiç ýere äkidip bilmerin. Pikir edip gör, men haýal etmän öýüme aşyp, garbak-gurbak edineýin diýen pikir bilen barýan, şol ikarada-da sen gapjygymy ogurlamaga synanyşýaň. Wagt giç bolansoň, senem agşamlyk edinen dälsiň. Şeýle dälmi?
— Ýok, biziň öýümizde nahar taýynlamaga adam ýok.
— Onda bilelikde garbanaly. Sen aç bolanyň üçin ogurlamaga, has dogrusy, ogurlyk etmäge synanyşan bolmaly.
— Ýok, meniň nahar däl-de, gök reňkli köwüş edinesim geldi.
— Haýsydyr bir gök reňkli köwşe eýe bolmak üçin ogurlyk etmek gerek däl ahyryn. Menden sorabam bilerdiň.
— Hanym?!
Oglanjyk haýran galyjy äheňde hanymyň ýüzüne garap durdy, ony der basypdy. Ümsümlik uzaga çekdi. Oglanjyk näme etjegini bilmän, aýagaldygyna ýüzünden syrygýan deri süpürýärdi we daş-töweregine garanjaklaýardy. Gapy bolsa henizem açyk dur. Ol gapydan ümdüzine tutduryp, uzaklara gaçyp gidip biljekdi.
Hanym diwanda otyrdy.
— Meniňem ýaş wagtym eýe bolmak islän zatlarym bardy.
Otagy bütinleý asudalyk gurşap aldy. Oglanjygyň haýran galmakdan ýaňa gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Emma birdenkä özi duýmazdan gaşy çytylyp gitdi.
— Hüm, sen şu ýerde meniň: «Ýöne özgeleriň torbasyny ogurlamaýardym» diýerime garaşdyň öýdýän. Men ony diýmekçi bolamok.
Ýene-de içgysgynç ümsümlik aralaşdy.
— Saňa gürrüň berip bilmesem-de, meniňem ýalňyşan, bärden gaýdan ýa-da öte geçen ýerlerim bar. Elimden gelse, men olary Hudaýdan hem ýaşyrardym. Şonuň üçin garbanara bir zatlar taýynlaýançam, sen şu ýerdejik otur. Onsoňam işsiz oturma, göze ýakymly görneýin diýseň, şu darak bilen saçyňy oňatja dara.
Hanym Jons otagyň beýleki künjündäki gaz plita bilen sowadyjynyň ýanyna bardy. Hanym «birden gapjygymy ogurlap, gaçyp gidäýmesin» diýen pikir bilen oglanjykdan gözüni aýranokdy. Oglanjyk özüni has oňat görsün diýip, ýörite hanymyň göz aýlap, seredip biläýjek ýerinde oturdy. Ol hanymyň özüne ynam bildirýändigini duýýardy we bu ynamy ýitirmezlik üçin ähli zada taýyndy.
— Dükana gidip geleýinmi, hanym? Belki, süýt ýa başga zat gerekdir? — Oglanjyk soragly nazaryny aýlady.
— Men kakao ýasajak, konserwirlenen süýdüm-ä bar, täzeje süýt içesiň gelse, özüňe alnaý.
«Ýok, kakao has gowy» diýip, oglanjyk begendi.
Hanym sowadyjydan duzlanan doňuz etini we noýba çykardy, soňra kakao ýasandy we oglanjygyň ýanyna geldi. Hanym oglanjykdan ýaşaýan ýeri, dogan-garyndaşlary ýa-da ony biynjalyk edip biläýjek hiç zady soramady. Onuň ýerine, özüniň gijagşama çenli işleýän ýeri bolan gözellik salony, akýagyzdyr garaýagyz müşderileri barada gürrüň berdi. Soňra 10 sente satyn alan şirinnanyndan bölüp berdi.
— Iýip otur, oglum.
Mazaly iýip-içensoňlar, hanym oglanjygyň eline 10 dollar tutdurdy-da, özüniň almak islän mawy reňkli aýakgabyny almagyny sargady.
— Indikide bu ýalňyşyňy gaýtalamagyn, ogul. Ogurlyk edip satyn alan köwşüň aýaklaryňy ibaly zadyň üstünden eltmez. Häzir bolsa birsalym dem-dynç almakçy. Şu günden soň özüňi mynasyp, dogry alyp bararsyň diýip umyt edýän.
Hanym oglanjyk bilen gapynyň işigine çenli geldi.
— Hoş, sag bol, oglum. Akyllyja bol! — diýdi-de, ol köçä tarap garady.
Oglanjyk hanym Luýelle Beýts Waşington Jonsona minnetdarlyk sözünden başga-da has köp zatlar aýtmak isleýärdi. Emma işikde duran bu daýanykly aýala garap durşuna ol zordan: «Minnetdar, hanym» diýip bildi.
Bu olaryň ilkinji we iň soňky duşuşygy boldy.
