Aýyt baýramy (Hekaýa)

Aýyt baýramy (Hekaýa)

Munşi PREMÇAND,
hindi ýazyjysy

1

Remezan aýynyň tegelek otuz güni geçenden soň, ine, bu gün Aýyt baýramçylygy geldi. Gör, nähili mylaýym, hoştap daň säheri?! Al-ýaşyl öwüsýän agaçlardyr peller hasam göze ýakymly, täsin. Gyzyl şapakly asmany diýsene, juda haýran galdyryjy. Gökdäki täze dogan Güne sered-ä, neneňsi ajaýyp, şeýle bir üýtgeşik. Salkyn arassa howa. Bular, göýä, bütin ýer ýüzüni Aýyt baýramy bilen gutlaýan ýaly.

Obada diýseň başagaýlykdy. Aýyt baýramyna gitmäge taýýarlyk görülýärdi. Kimsiniň köýneginde iligi ýok, goňşularyndan iňňe-sapak getirmäge ylgap barýar. Käsiniň köwüşleri gatap gidipdir, olary ýaglatmak üçin köwüş ýaglaýançynyň öýüne howlugýar. Çaltlyk bilen öküzleriň ot-suwuny berýärler. Aýytdan gaýdylýança gün günorta bolar. 9-10 kilometrlik ýolda ýüzlerçe pyýada biri-birleri bilen duşuşyp görüşmeli. Günortandan öň öýe dolanmak hyllalla.

Oglanjyklar örän şadyýandy. Olaryň käbiri bary-ýogy bir gün agyz bekläpdi, käsi onça-da ýok. Ýöne şonda-da Aýyt baýramyna gidýändikleri üçin olaryň begençleriniň çägi ýokdy. Agyz beklemek diňe ýaşulular, garrylar üçin, çagalar üçin bolsa Aýyt ullakan şadyýanlyk. «Aýyt» sözi dillerde sena bolupdy. Ine, bu gün bolsa şol garaşylýan gün geldi. Onsoň adamlar neneň Aýyt baýramyna gitmesin?! Bu gün olar hojalygyň aladasyny neýlesin? Saweýýa bişirmek üçin öýlerinde süýtdir şeker barmy ýa ýok, barybir, çagalar bu gün saweýýa iýer. Bir ýaşulynyň garaniýetli arçyn Kaýamaliniň öýüne näme üçin ylgap barýanyny kim bilsin diýsene? Eger arçyn sözünden dänip, beren sözünden boýun gaçyrsa, Aýyt baýramçylygyny bellemegi bütinleý gadagan etjeginden olaryň hiç hili habary ýokdy. Oglanjyklar jübilerinden pullaryny çykaryp sanaýardylar we soňra olary monça bolup yzyna salýardylar. Mahmyt sanap ugrady: bir, iki… on, on bir. Onuň on bir şaýy bar. Ondan soň Mohsin sanady: bir, iki, üç… sekiz, dokuz… on bäş şaýy bar. Olar munça pula birentek zatlary alar: oýnawaçlar, süýjülikler, jaňjagazlar, topjagazlar we şuňa meňzeşler.

Hemmelerdenem beter Hamid hasam begenýärdi. Ol 4-5 ýaşlyja oglanjykdy. Hamidiň kakasy geçen ýyl mergi keseline ýolugyp, aradan çykypdy. Ejesi bolsa gün-günden saralyp-solup, ahyry bir gün dünýäden ötüpdi. Onuň nähili derde uçrandygyny bilýän adam ýokdy. Onuň derdini kim diňlesin?! Hamidiň ejesi ähli derdine çydaýardy, içine salýardy. Ýöne onuň derdi çydardan güýçlidi. Şol sebäplem ol bu dünýe bilen hoşlaşmaly boldy. Hamid häzir garry enesi Eminäniň gujagynda ýatýar. Özem şeýle bir göwnühoş. Onuň atasy gazanç etmäge gidipdi. Atasy torbasyny birtopar üýtgeşik zatlardan dolduryp getirer. Enesi bolsa oňa metjitden gowudan-gowy zatlary getirmäge gidipdi. Şonuň üçinem Hamidiň keýpi kökdi. Umyt gaty uly zat, onda-da bigünä çaga üçin. Olar hyýalynda çowdarydan dag ýasap bilýärler ahyryn.

Hamidiň aýagynda köwşi ýokdy. Kellesinde bolsa gyralary garalyp giden köneje başgaby bardy. Şonda-da ol şadyýandy. Atasydyr enesi Hamida getirmegi wada beren zatlaryny getirip berende, onuň ýüreginde arman galmaz. Onsoň göreli bakaly, Mahmytdyr Mohsin, Nurydyr Sammi şonça puly nireden taparka? Biçäre Emine öz otagynda aglap otyrdy. Bu gün Aýyt güni, onuň öýünde bolsa hiç hili galla ýokdy. Şu gün Aýyt nähili gelen bolsa, şo hili hem gider. Emine ýoksullykdan lapykeç bolup, gam laýyna batyp otyrdy. Ýeri, şu betbagt Aýyt baýramyny, kim çagyrypdyr diýsene?! Bu öýde onuň işi ýok ahyryn. Ýöne Hamid? Ony köteklemegiň asla manysy ýok. Hamidiň kalbynda umyt gül açýar. Kynçylyklar durky-düýrmegi bilen gelip, onuň şatlykdan ýaňa nur saçýan ýüzüni soldurar.

Hamid içerik girip enesine:

— Ene, sen hiç alada etme. Ine görersiň, men iň birinji bolup, hemmeden öň gelerin. Asyl-ha gorkma — diýdi.

Eminäniň kalby ejir çekýärdi. Obadaky çagalar öz kakalary bilen ýaşaýardy. Hamidiň kakasy hem, ejesi hem Eminedi. Nädip onuň ýalňyz özüni mähellä goşup goýberjek?! Topar-topar adamlaryň içinde bu oglanjyk ýitäýse näme bolar? Ýok, Emine ony asla ýeke goýbermez. Kindiwanja oglanjyk 9-10 kilometrlik ýola nädip ýarasyn? Aýaklarynda çiş, gabarçak dörär. Onuň köwşem ýok ahyryn. Emine agtyjagyny gujagynda göteripjik gider. Ýöne bu ýerde saweýýany kim bişirer? Onuň ýanynda puly bolan bolsady, gaýdyp gelýärkä ähli gerek zatlary alyp, dessine saweýýa bişirip bererdi. Emine şu günden beýläk demirden ýasalan zatlary ýygnap başlar. Indi hiç zady diläp tapmaly bolmaz. Ho-ol gün ol Patmanyň köýnegini tikip, sekiz köpük gazanypdy. Şol gazanan pullaryny bolsa gözüniň göreji deýin gorap, şu Aýyt baýramçylygy üçin ýygnap goýupdy. Ýöne ertir süýt satýançam-a gelmeli. Hamid üçin iň bolmanda iki şaýylyk süýt gerek ahbetin. Aýyt baýramyny bellemek üçin bolsa, bary-ýogy iki köpük galypdy. Üç köpük Hamidiň jübüsindedi, galan bäş köpügem Eminäniň gapjygynda. Rysgal-berekediň baýramy bolan Aýyt baýramynda ähli işlerimizi Allanyň özi oňuna etsin! Hemmä-de saweýýa gerek. Gözlerine edil çüý dürtülen ýaly, hiç kimiň gözüne uky gelenok. Adamlaryň kalbynda bir-birege bolan hiç hili öýke-kine-de ýok. Öýke-kine nireden bolsun? Bu tutuş ýylda diňe birje gezek gelýän baýramçylyk ahbetin. Durmuşda elmydama ýagşylyk höküm sürsün! Her bir çaganyň rysgaly onuň özi bilen bile gezýändir. Ähli çagany Hudaý öz penasynda aman saklasyn! Bu günlerem geçer gider.

Mähelle obadan saýlandy. Beýleki çagalar bilen bilelikde Hamid hem Aýyt baýramyna gidip barýardy. Çagalar käte üýşüp ylgaşyp, mähelleden saýlanyp öňe gidýärdiler. Soňra bir agajyň aşagynda durup, beýleki ýoldaşlaryna garaşýardylar. Bu adamlar näme üçin beýle haýal ýöreýärkäler?! Hamid edil ganat baglap uçup barýardy. ol hergiz ýadarmy? Aýyt baýramyna barýan halaýyk şäheriň bir çetinden girdi. Ýoluň iki gyrasynda baýlaryň baglyga örtülen howlulary bardy. Olaryň daşyna daşdan gurulan haýatlar aýlanypdyr. Agaçlarda mangodyr liçiler sallanyşyp durdy. Aram-aram çagalardan has garagolrak biri şol baglara daş atyp olaryň miwelerine zeper ýetirer. Muny gören bagban bolsa, daşaryk çykyp käýäp başlar. Soňra çagalar bu ýerden ökje götererler. Aňyrrak bir ýere baryp, hezil edip gülüşerler. Sebäbi olar bagbanyň gözüne çöp atyp, ony gazap atyna atlandyrdylar.

Beýik-beýik ymaratlar görnüp başlady. Ine, bu kazyýet binasy, bu kollej, indiki bolsa klub. Şeýle uly kollejlerde, gör, näçe ýigitler bilim alýandyr? Olaryň hemmesi ýaş ýigit däl, gadyrdan. Hawa, hakykatdanam, şol okaýanlaryň içinde uly ýaşly adamlaram bar. Olaryň sakgallary şeýle bir ösgün welin, hakyt ýere ýetäýsem diýýär. Ýöne şonda-da ol adamlar henizem okamagyny dowam etdirýär. Kim bilýär, olar ýene haçana çenli okar? Şunça okap näme etmekçi bolýarlar, Alla bilsin?! Hamidiň okaýan medresesinde hem iki-üç sany uly ýaşly oglan bardy. Barypýatan akmaklar. Olar her gün urulýar, işýakmaz ýaltalar. Mahlasy, bu kollejde-de şeýle adamlar okaýan bolmaly.

Ýolda gidip barýarkalar, Mahmyt:

— Biziň enemiziň eli sandyrap başlady. Çynymy aýdýan, Alla bar.

Mohsin:

— Bar, git-de, eneňe seret. Ol degirmende un üweýär. Degirmende biraz işläp başlandan soň, eliň sandyrap başlaýar. Eneňiz her gün ýüzläp küýze suw daşaýar. Seniň öküziň özi bäş küýze suw içýär ahyryn. Islendik bir zenan birje küýze suw doldurjak bolsa, gözüniň öňi garaňkyrap gidýär.

Mahmyt:

— Ýöne ol ne ylgap, ne-de böküp bilýär.

Mohsin:

— Hawa, ol ylgabam, bökübem bilenok, Emma ho-ol gün meniň sygrym ýitdi. Görsek, sygrym arçynyň mellegine barypdyr. Şonda eneň görgüli ol sygry tutjak bolup, şeýle bir ylgady welin, heý goýaý. Ýöne sygry tutmak oňa başartmady. Bu hakykat.

Ýörüň dostlar ýene öňe gideliň! Ine-de, halwaçylaryň dükanlary öňümizden çykyp başlady. Bu gün bu dükanlar öňküsinden has owadan edip bezelipdir. Şunça süýjülikleri kim iýýärkä? Bilýäňizmi näme, şu dükanlaryň her birinde öz terezileri bar bolmaly. Eşidişime görä, agşamlaryna jadygöý gelip bu ýerden söwda edýärmiş. Agam bir adamyň ýary gije dükana gelip, galan harytlary ölçäp satyn alyp gidýändigini aýtdy. Özem hakyky pullary berip gidenmiş. Hawa, onuň beren pullary hiç hili ýasama dälmiş.

Hamid muňa asla ynanmady:

— Onça pul jadygöýde näme işlesin?

Mohsin:

— Jadygöýüňem bir baýlyk kemi bolarmy? Onuň hazynasyna gutarma ýok. Jadygöýi, hatda demirden ýasalan derweze-de saklap bilmez, jenap. Siz piliň gulagynda uklap ýörsüňiz. Onuň lagly-göwherlerem köp diýýärler. Jadygöý kimi has gowy görse, şoňa sebetlerini dolduryp jowahyrlaryndan berýärmiş. Ol edil şumat şu ýerde bolsa, bäş minudyň içinde Kalkutta ýetip bilýär.

Hamid ýene:

— Jadygöý örän äpet bolýamy? — diýip sorady.

Mohsin:

— Hawa, onuň her bir kellesi asmany boýlaýar. Ýeriň üstünde dik dursa, onuň başy asmana çenli ýetýär. Eger ol islese, birje gezek togalananynda hemme zat ýer bilen ýegsan bolýar.

Hamid:

— Adamlar nädip onuň göwnünden turup biler? Maňa-da bir usulyny öwret, menem jadygöýiň göwnüni awlajak bolaýyn.

Mohsin:

— Men ony bilemok. Ýöne jenap häkimiň egindeşleriniň içinde gaty köp jadygöý barmyş. Nämedir bir zat ogurlanyp ýitäýse, jenap häkim ony derrew bilýär we dessine ogrynyň adyny aýdyp berýär. Arada bir gün Jumageldiniň oguljygy ýitdi. Hemmeler ber-başagaý bolup ol oglanjygy gözlese-de, ony hiç ýerden tapyp bilmediler. Ahyry häkimiň ýanyna dady-perýat edip bardylar. Şonda häkim hiç hili oýlanyşmazdan oglanjygyň malhanadadygyny aýtdy we oglanjyk häkimiň diýenje ýerinden tapyldy. Jadygöý gelip oňa ähli dünýä täzeliklerini ýetirýärmiş. Men şonda näme sebäpli häkimiň örän köp mukdarda pulunyň bardygyna, näme üçin onuň şeýle hormatlanýandygyna göz ýetirdim.

Ýene öňe gideliň! Ine, bu polisiýa edaralarynyň hatary. Bu ýerde bellenilen düzgünler işlenip düzülip ýerine ýetirilýär. Baý-bow, siz bir bilýän bolsadyňyz, biçäre polisiýalar agşamlaryna ogurlyk bolmaz ýaly tutuş gijäni aýlanyp, ýöräp geçirýärler, gözegçilik edýärler.

Hamid haýran galyjylyk bilen:

— Adamlar ogurlyk etse, olary tutanoklarmy näme? — diýip sorady.

Mohsin Hamidiň nadanlygyna nebsi agyryp, oňa:

— A-how, akmak! Olary kim tutsun? Ogrulary tutýanlar polisiýalaryň özi ahyryn. Emma beýik Taňry olara jeza berer. Halal der bilen gazanylmadyk zadyň soňy puçdur. Birki gün mundan ozal Mamunyň öýi ot aldy. Onuň hemme zady ýanyp kül boldy. Birje gap-gajynam halas edip bilmedi. Olar birnäçe günläp agajyň aşagynda ýatmaly boldy. Hawa, ant içýän, agajyň aşagynda. Kim bilýär, ol ýüz rupiýa sarp edip, bir sanjak küýzäni nireden satyn alypdyr.

Hamid:

— Ýüz rupiýa elli rupiýadan köp bolýamy näme?

Mohsin:

— Elli, ýüz rupiýa nireden bolsun? Elli rupiýa bir sumkany dolduryp daşýa. Ýüz rupiýa iki sumka-da sygmaýa.

Şäherçe hasam golaýlap başlady. Biri-birinden owadan, bezemen eşikleri geýnip, Aýyt baýramyna barýan adamlarda gözüň eglenýärdi. Olaryň käbiri tekerli paýtunda barýar, käsi bolsa motorly. Hemmeleriň üstünden gülüň ysy burk urýar. Ýürekler joşgunly. Öý hojalykçy zenanlar biraz wagtlyk öz hojalygynyň ýetmezçilikleri barada unudyp, sabyr-kanagatlylyk bilen öňe sary ruhubelent gadam urýardylar. Çagalar üçin bolsa şäherdäki ähli zat juda geňdi. Olar bir üýtgeşik zada gözleri düşse, şoňa aňkaryp, yzyndan telim sapar gygyrsalaram eşitmeýärdiler. Sähel bolsa Hamidam motoryň aşagyna düşjekdi.

Birdenem Aýyt baýramyna baran adamlar göründi. Depede tamarind agajynyň goýy kölegesi bardy. Ýerde arassa poluň üstüne halyça ýazylgy durdy. Agyz beklän adamlar jemagat bolup namaz okamak üçin biri-biriniň yzyndan hatara durdular. Haly arassa ýeriň soňuna çenli düşelmedikdi. Täze gelen adamlar hataryň yzyndan gelip goşulýardylar. Hataryň öňünde hiç hili boş ýer ýokdy. Bu ýerde baýlyga, wezipä seredilmeýärdi. Yslam dininiň öňünde hemmeler deňdi. Hälki öý hojalykçylar täret alyp gelip, hataryň soňunda durdular. Gör, nähili tertipli hatar. Bu ýerlikli sazlaşyk daşyndan seretseň hasam owadan. Müňlerçe baş birlikde eglip sežde edýär. Olaryň hemmesi bir wagtda seždä eglip, şol bir wagtda-da dikelýär we ählisi deňje hereketlenip, bar güýjüni aýaklaryna berip, ellerini dyzlarynyň üstüne goýýarlar. Hemmesi bilelikde şem ýakyp, birlikde söndürýärler. Bu düzgün şeýle dowam edýär. Olaryň jem bolup edýän bu hereketleri gaty täsindi.

2

Namaz okamak dessury tamam boldy. Adamlar biri-birleri bilen mähirli gujaklaşdylar. Soňra hemmeler süýjülikleriň we oýnawaçlaryň dükanyna garşy eňdi. Öý hojalykçy zenanlar oglanjyklardan kem duranokdy. Ine, bu hiňňildik. Birje köpük ber-de, isläniňçe uçuber. Ol seni kä asmana ýetirer, kä-de ýere oklar. Bu bolsa karusel — agaçdan ýasalan piller, atlar, düýeler uzyn syryklardan asylypdyr. Birlik şaýlygyňy görkez-de, tä başyň aýlanýança uçup lezzet al. Mohsin, Mahmyt, Nury we Sammi dördüsi şol atlardyr düýeleriň üstüne münüp otyrlar. Hamid bolsa uzagrakda dik dur. Onuň ýanynda üç şaýy bar. Hamid pulunyň bir bölegini diňe pyrlanmak üçin berip biljek däldi.

Hemmeler karuselde uçýar, soňra oýnawaçlaram alarlar. Dükanlarda nobat köpelip başlady. Oýnawaçlaryň bolsa dürli-dürli görnüşleri bardy: esger, patyşa, aklawçy, saky, kir ýuwujy, derwüş şekilli gurjajyklar. Baý-ba, gör, nähili gowuja oýnawaçlar. Tarypyna söz ejiz. Mahmyt esger gurjajygy aldy. «Esgerjik» iş geýiminde, gyzyl başgaply, egninde bolsa ýaragy asylgy dur. Onuň işine gidip barýandygy belli. Mohsine saky gurjajyk has ýarady. Ol bili bükülen halda meşik saklap dur. «Sakyjyk» bir eli bilen meşigiň agzyny tutup dur. Özem şeýle bir göwnühoş. Ýalňyşmasak, ol aýdym aýdyp dur, göýä, meşikden suw guýmak isleýän ýaly. Nury bolsa aklawçy şekilli gurjajygy halady. Onuň durky ajaýypdy. Egninde gara ýektaýy, aşagynda-da akja dony, donunyň öňündäki jübüsinde bolsa sagat, altynsow zynjyr, bir elinde-de kanunçylyk kitaby bar. Göräýmäge, ol adalat donuny geýip, haýsydyr bir dawaly jedeli çözmäge barýan ýaly. Bu oýnawaçlaryň hersiniň iki köpük bahasy bardy. Hamidiň ýanynda bolsa bary-ýogy üç köpügi bar. Beýle gymmat oýnawajy ol nädip satyn alsyn? Bu oýnawaçlara eliň duýdansyz gatyrak degse, olaryň ýelimi gopup, bölek-bölek bolar. Ýa-da şol oýnawaçlara sähelçe suw degse, olaryň reňki bulaşar. Hamid beýle oýunjaklary näme etsin?! Bular onuň haýsy derdine ýarar?

Mohsin:

— Meniň «sakym» her gün irden maňa suw guýup berer — diýdi.

Mahmyt:

— Meniň «esgerim» öýümizi garawullar. Eger öýümize ogry girse, «esgerjigim» ýaragy bilen onuň merkini berer — diýdi.

Nury:

— Meniň «aklawçym» bolsa adalaty gorar — diýdi.

Sammi:

— Meniň «kir ýuwujym» her gün eşiklerimi ýuwar — diýdi.

Hamid oýnawaçlara käýindi: toprakdan ýasalan zatlar. Ýere gaçsa çym pytrak bolar.

Ol şonda-da oýnawaçlara ymtylyp seredýärdi. Hamid olary birki minutlyk elinde saklap göresi geldi. Olary elläp görjek bolup, Hamidiň eli birden çalt hereketlenip gitdi. Ýöne dostlary ony duýmady. Olar bu mahal oýnawaçalara haýran galmak bilen başagaýdylar. Hamidiň hantama gözleri oýnawaçlarda doňup galdy.

Oýnawaçlardan soň süýjülikleriň ýanyna bardylar. Kimsi rewri (künji bilen toşap garylyp taýýarlanýan süýjülik), kimsi gülabjamun (un, şeker, süzme garylyp taýýarlanýan süýjülik), ýene biri halwa aldy. Olar hezil edip süýjülik iýýärdiler. Hamid dostlaryna meňzemeýärdi. Biçäräniň ýanynda üçje şaýy bardy. Şonuň üçinem hiç zat almaýardy. Hamid emenen gözleri bilen köpçülige seredýärdi.

Mohsin:

— Hamid, rewri al-da. Ol diýseň süýji — diýdi.

Hamid biraz ikirjiňlendi. Bu diňeje ýaňsyly hödürdi. Ýogsam Mohsin beýle sahy hem däldi. Emma Hamid muny bilse-de, onuň ýanyna geldi. Mohsin gapdan bir rewrini çykaryp, Hamida uzatdy. Hamid ony aljak bolup elini öňe edenem şoldy welin, Mohsin birden şol rewrini öz agzyna saldy. Mahmytdyr Nury we Sammi muňa el çarpyp gülüşdi. Hamidiň üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy.

Mohsin:

— Bolýa, Hamid, şu gezeg-ä hökman berjek, ant içýän, alaý-da.

Hamid:

— Ýok, gerek däl. Näme meň ýanymda pulum ýokdur öýdýäňmi?

Sammi:

— Aý, hawa, üç şaýyňa bar. Ýöne oňa näme alyp bilerin öýdýäň?

Mahmyt:

— Al, bizden gülabjamun alaý, Hamid. Mohsiniň özi şeýle erbediräk-dä.

Hamid:

— «Süýjülik peýdaly zat» diýip kim aýdýar? Kitapda onuň zyýanlary hakynda ýazylan ahyryn.

Mohsin:

— Ýöne sen içiňden: «şony alyp bilsem, hezil edip iýerdim» diýýänsiň? Näme üçin puluňy çykaraňok?

Mahmyt:

— Biz muňa mekirlik diýip düşünýäs. Ähli pulumyzy sowanymyzdan soň, göz edip iýer entäk.

Süýjülik dükanynyň aňrysynda demir dükany bar. Onda nikelden ýasalan zatlaram bardy. Oglanjyklaryň bu dükana barasy gelmedi. Olaryň hemmesi öňe tarap gitdi. Hamid bu dükanyň deňine baryp durdy. Onuň birnäçe ätişgirlere gözi düşdi. Ol içinden: «enemiň ätişgiri ýok. Saçda çörek bişirende onuň eli bişýär. Eger eneme ätişgir alyp barsam, ol monça bolar. Onsoň onuň elem, barmaklaram bişmez. Öýümizde ýene bir derde ýaraýan zat köpelerdi. Oýnawaçlardan näme peýda? Puluň biderek sowuldygy bolar. Biraz wagt begeniler, elbetde. Soňra olaryň ýüzüne seredenem bolmaz. Oýnawaçlar öýe barýança döwlübem gutar. Ýa-da çagalaryň eline düşse, seňki-de-meňki bolup çekeleşseler, düýt-müýt bolar. Ätişgir bolsa, gör, näçe işiňi bitirer. Onuň kömegi bilen çörekleri saçdan aýryp, ojaga-da salyp bolar. Ojakda ody ölçermek üçinem ätişgir gerek. Enem görgüli, gör, haçan bazara gelip ätişgir alar, Alla bilsin. Her gün elini ýakar ýörer» diýip pikir etdi.

…Hamidiň dostlary öňe gidip, suw satylýan ýere baryp şerbet içmäge durdylar. Hamid:

«Dostlarym nähili husyt. Birgiden süýjülik aldylar, emma şolaryň birinem maňa berjek bolmadylar. Ýene-de «Meniň bilen oýnaý», «Meniň şu işimi edip beräý» diýýärler. Indi biriňiz bir zat diýseňiz, menem şu eden işiňizi ýatlaryn. Süýjülik iýeniňizde-hä menden gysganýaňyz. Işiňiz düşse ýa-da bir bezzatlyk edip ýenjilseňiz, kömegime garaşyp agzyňyzy öweldip durýaňyz. Ýa-da meniň aýdýanlarym nädogrumy?

Enem ätişgiri görüb-ä gaty begener, ylgap gelip meni gujagyna alar-da: «Meniň oguljygym, enesine ätişgir getiripdir. Gör, meniň nähili akylly agtyjagym bar» diýer. Bu oglanjyklara oýnawaçlary üçin kim taňryýalkasyn aýtsyn? Eneleriň alkyşy, doga-dilegleri göni Allanyň dergähine barýar we tiz kabul bolýar. Meniň pulum ýok. Ýöne Mohsindir Mahmyt has öte geçýär. Entäk men olaryň gözüne görkezerin. Oýnawaç oýnap, süýjülik iýibersinler. Men oýnawaç oýnamok. Näme üçin men kimdir biriniň maňa beren azaplaryna çydamaly. Hawa, men garyp. Ýöne hiç kimden hiç zat dilämok. Atamam ahyr bir gün geler. Enemem geler. Men şonda olardan näçeräk oýunjak getirendiklerini soraryn. Soňra oglanjyklaryň hersine bir sebet oýunjak sowgat bererin. Şonda olar dosty nädip hormatlamalydygyna göz ýetirerler. Dostuň gadyryny bilmek — bir şaýlyk rewrini oňa bermän, nägile edip özüň iýmek däl. Entäk olar «Hamid ätişgir alypdyr» diýip, hezil edip gülübersinler. Maňa näme?».

Hamid satyja ýüzlendi:

— Bu ätişgir näçeden?

Satyjy oňa tarap ýöneldi we ýanynda uly adamyň ýokdugyny görüp:

— Bu seniň işiň däl jigim — diýdi.

Hamid ýene:

— Näme bular satylanokmy? — diýdi.

— Näme üçin satylmasyn? Satylmasa bu ýerde durmazdy.

— Onda näme üçin bahasyny aýdaňyzok?

— Alty şaýa berip biljek.

Muny eşidip Hamidiň keýpi gaçdy. Satyjy:

— Bahasyny oňuş diýseň bäş şaýa beräýerin. Alýan bolsaň al, bolmasa-da beýdip durma, ýoluň bilen boluber — diýdi.

Hamid ýüregine daş baglap:

— Üç şaýa berip bilýäňizmi? — diýip sorady.

Muny diýse-de diýdi welin, diýenine ökünýän ýaly gapa tarap ýöredi. Satyjy käýiner öýtdi, ýöne satyjy oňa hiç zat diýmedi, gaýtam Hamidi yzyna çagyryp, ätişgiri onuň soran bahasyna berdi.

Hamid ätişgiri, göýä, ýarag göterýän ýaly egnine alyp, uly buýsanç bilen dolanyp geldi. Biraz olary diňläninden soň:

— Hemmäňiz bileleşip nämäniň maslahatyny edip otyrsyňyz — diýdi.

Mohsin Hamidiň egnindäki ätişgiri görüp, ýaňsyly äheňde:

— Akmak, bu ätişgiri näme üçin aldyň? — diýip sorady.

Hamid ätişgirini ýere urup:

— Birje gezek «saky» gurjajygyňy ýere urup gör. Şobada çym pytrak bolar — diýdi.

Mahmyt:

— Ätişgir näme oýnawaçmy?

Hamid:

— Ätişgir näme üçin oýnawaç bolmasyn? Egniňde ýarag bolar, eliňe alsaňam bir garypja ätişgir bolar. Islesem onda sazam çalyp bilýän. Bir ätişgiriň özi siziň ähli oýnawajyňyza degýär. Meniň ätişgirimiň güýjüni asla ýeňip bilmersiňiz. Meniň batyr ýolbarsymdyr, bu ätişgirim — diýdi.

Sammi hanjar satyn alypdy. Ol Hamidiň bu sözlerinden täsirlenip:

— Hamid, ätişgiriňi hanjarym bilen çalşarmyň? Munuň iki köpük bahasy bar — diýdi.

Hamid hanjary synlap:

— Meniň ätişgirim islese seniň hanjaryňy kül-uşak eder. Daşyny aýyrsaň ol aýagaldygyna saýrap başlar. Seniň hanjaryňa sähelçe suw degse zaýalanar. Meniň batyr ätişgirime suw-da, ot-da, tümlük-de — hiç zat kär etmez.

Ätişgiri hemmeler makul bildi. Emma ony satyn almak üçin çagalaryň hiç biriniň ýanynda pul galmandy. Soňam olar mähelleden uzaklaşypdylar. Sagat bolsa bir wagt dokuz boldy, şonda-da daşary ýylanok. Hemmeler öýlerine dolanmaga howlugýardy. Hamid gaty akylly oglan. Ol puluny tygşytlyja saklapdyr.

Indi oglanlar iki topara bölündi. Mohsin, Mahmyt, Nury bir tarapda, Hamidiň ýeke özi beýleki tarapda. Olaryň arasynda çekeleşik başlandy. Sammi pikirini üýtgetdi we Hamidiň tarapyna geçdi. Emma Mohsin, Mahmyt we Nury Hamidden birki ýaş uludygyna garamazdan, ony urjak bolup, hemle atyp başladylar. Hamid indi hasam dogumlandy. Onuň kalbynda dogrulygyň synmaz erki we adalatyň sarsmaz güýji bardy. Hamid sözüň doly manysynda batyr oglandy.

Hamid:

— Eger bir şir gelse, «saky» gorkudan ýaňa doňup galar, «esger» ýaragyny taşlap gaçar, «aklawçy jenap» bolsa möňňürip, ýektaýyna bukulyp ýerde ýatar. Eger bu Rüstem sypat ätişgir okdurylyp şol şiriň başyndan inäýse, onuň gözi hanasyndan çykar.

Mohsin herrelip:

— Bolýa, näme indi «saky» suwam guýup bilenokmyşmy? — diýdi.

Hamid ätişgirini ýere diräp:

— Dagy näme? Ýolbars «saka» birje gezek azgyrlaýsa, «saky» suwuny alyp, onuň gapysyna elter — diýdi.

Mohsin sözde asgyn gelip başlady. Mahmyt oňa kömege ýetişdi. Ol:

— Eger çagalar bir bezzatlyk etse, kanunyň öňünde jogap bermeli bolar. Şonda olar «aklawçy jenabyň» aýagyna ýykylyp, ýalbaryp başlarlar — diýdi.

Hamid birbada muňa garşy hiç zat diýip bilmedi. Soňra ýene:

— Bize kim jeza bermeli? — diýip sorady.

Nury şol bir durşuna, ýüzüni üýtgetmezden:

— Ýaragly esger — diýip jogap berdi.

Hamid aşa göwnüýetijilik bilen:

— O biçäre ätişgirim ýaly Rüstem sypatlylara heýem zat diýip bilermi?! Bolýa, al hany, bulary güýç synanyşdyryp göreli. Ol esgerjik bize jeza bermegiň ýerine meniň ätişgirimiň garasyny görenden ökje göterer — diýdi.

Birden Mohsiniň kellesine bir pikir geldi. Ol:

— Seniň ätişgiriň agzy her gün otda ýanar — diýdi.

Mohsin bu gepi eşidip, Hamid sem bolar öýtdi. Emma ýagdaý onuň pikir edişinden başgaçarak boldy. Hamid onuň sözüne dessine jogap gaýtardy. Ol:

— Özüni oda oklamany diňe şir ýürekliler başarýar. Siziň «esgerjigiňizdir» «sakyjygyňyz» bigaýratlar kimin sümelgelerine sümüp, çykman oturarlar. Özüni oda atmaklyk batyrdyr edermenleriň işidir — diýdi.

Mahmyt agzyny öweldip:

— Aklawçy oturgyçda — arassa ýerde oturýar. Seniň ätişgiriň bolsa, aşhanaň bir burçunda ýatar — diýdi.

Bu söze Sammidir Nury dagylaram goşuldy:

— Hawa, örän dogry. Ätişgir aşhanada durmakdan başga näme işi bar?!

Hamid biraz iňkise gitdi we birbada jogap bermedi. Soňra hilä ýüz urup başlady. Ol:

— Meniň ätişgirim aşhanada ýatmaz. «Aklawçy jenap» oturgyçda otyrka birden ýere ýykylaýsa, onuň kanuny burnundan geler — diýdi.

Indi gepiň mazasy gaçyp başlady. Hamid bilen Mohsin biri-birine paýyş sözlerem aýdyşdylar. Kanunly gürrüň bireýýäm ýatdan çykypdy. Beýleki üç oglan, göýä, bir ullakan batböregi kiçijik, horaşaja batbörek çym-pytrak eden ýaly, haýran galyp aňkarylyşyp galypdylar. Olaryň ýaňyja saýrap duran dilleri lal açypdy. Kanun gürläsi gelmeýänlerem gürledýär, ýöne hälki kanunly gürrüňler juda duzsuz bolany üçin aýdylan ýerinde galypdy. Olary gaýtadan ýatlan bolmady. Hamid çekeleşikde ýeňdi. Onuň ätişgiri garadangaýtmaz, gaýduwsyz bolup çykdy. Indi Mohsindir Mahmyt, Nurydyr Sammi ätişgiriň adyna asla şek ýetirip biljek däldiler.

Ýeňijä nähili hormat goýulýan bolsa, Hamida-da şo hili hormat goýdular. Beýleki çagalar näçe köp pul sowsalaram, degerli zat alyp bilmändiler. Hamid bolsa bary-ýogy üç şaýa möhüm, gerekli zadyny almagy başardy. Hakykatdanam, oýnawaçlardan ne peýda?! Döwüler gider. Hamidiň ätişgiri bolsa ýyllarboýy ulanylar.

Ylalaşygyň şertleri goýlup başlandy. Mohsin:

— Hamid, ätişgiriňi bize-de beräý, göreli. Senem meniň «sakyjygymy» alyp göräý — diýdi.

Mahmyt bilen Nury hem öz oýnawaçlaryny hödür etdi. Mahmydam Mohsiniň sözi bilen razylaşman durmady. Ätişgiri hemmeler gezekli-gezegine ellerine alyp gördüler. Oýnawaçlaram birme-bir Hamidiň eline berdiler. Niçigsi owadan oýnawaçlar?!

Hamid oglanjyklary köşeşdirip:

— Dogry, meniň ätişgirim örän gowy. Ýöne bärde oýnawaçlary deňeşdirip oturmagyň geregi ýokmyka diýýän — diýdi.

Bu teselli sözler Mohsiniň tarapdarlaryny kanagatlandyrmady. Dogrudanam, ätişgir hakyt ýerine düşüpdi. Ýöne indi bu işi düzedip boljak däldi.

Mohsin:

— Bu oýnawaçlar üçin hiç kim bize alkyş Aýytmaz — diýdi.

Mahmyt:

— Sen näme alkyş almak üçin bärik gaýtdyňmy? Biderek gürleme. Bu ýerden toprakdan ýasalan oýnawaçlary satyn alanymyz üçin ejemiz hökman sagbolsun aýdar — diýdi.

Hamid bu oýnawaçlary görüp, hiç kimiň enesiniň begenişi ýaly begenmejegini bilip içinden şatlanýardy. Hamid üçje şaýy bilen ullakan iş bitiripdi. Ol şol üç şaýy şeýle kyn iş üçin harçlandygyna ökünmeli bolmaz. Onuň ätişgiri pälwansypat ahyryn. Ol oýnawaçlaryň şasy.

Ýolda gaýdyp barýarkalar Mahmyt ajykdy. Kakasy oňa iýmek üçin banan berdi. Mahmyt ony Hamid bilen bölüşdi. Muňa dostlary aňk bolup galdy. Bu ätişgiriň ýetiren täsiridi.

3

Sagat on birler töweregi obada ýene başagaýlyk başlandy. Obadan giden adamlar gaýdyp gelipdi. Mohsiniň gyz jigisi ylgap gelip, saky gurjajygy onuň elinden garbap aldy we şatlygyndan ýaňa böküp başlady. Birden «sakyjyk» ýere, adamlaryň aýagastyna gaçdy we depelenip kül-uşak boldy. Munuň üçin jigi-doganyň arasynda uruş başlandy. Ikisem gaty köp aglady. Bularyň gohuny eşiden ejesi oýnawajy depeläp döwene we Mohsin bilen jigisine birki şapbat çaldy.

Nurynyň «aklawçysynyň» ykbaly has gowurak boldy. «Aklawçy» ýerde-de, iş stolunda-da oturyp bilmedi. Onuň abraýyny, sylag-hormatyny göz öňünde tutmak gerek ahyryn. Diwara çüýjagazlar kakylyp, ol çüýjagazlardan bir agaç tekjejik asdylar. Tekjede bolsa kagyzdan ýasalan halyça goýdular. «Aklawçy jenap» patyşa ýaly tagtda otyrdy. Nury onuň üstünde ýelpewaçlary galgadyp başlady. Beýle ýerlerde has owadan, älemgoşar reňkli ýelpewaçlar ulanylmalydy. Dagy näme, köşkde ýönekeýje, adaty oýnawaçlar näme işlesin? Bambuk ýelpewaçlary getirdiler we Nury olary howada gaýmaladyp ugrady. Kim bilýär, ýelpewaçlaryň galganyndanmy ýa olaryň atdanlykda «aklawça» degendenmi, «aklawçy jenap» gumdan ýasalan eşigi bilen ýere gaçdy. Çagalar munuň üçin aglaşdy. Hälki «aklawçynyň» süňklerini bolsa zibile okladylar.

Indi Mahmydyň «esgerjiginden» habar alalyň. Mahmyt oba gelen badyna, oba garawuly onuň «esgerjigini» özüne bermelidigini aýtdy. «Esgerjik» pyýada ýörär ýaly adaty adam däl. Ol tagtyrowanda ýöremeli. Mahmytda bir sebetjik bardy. Onuň içine köne-küşül, ýyrtyk-ýirik köýnejikler ýazylgydy we şol esgileriň üstünde bolsa «aklawçy jenap» dynç alyp ýatyrdy. Nury sebedi göterip, ýany bilen alyp gitdi. Onuň iki sany oglan jigisi esgerler ýaly «Bukudakylar, turuň, oýanyň!» diýşip, oýun oýnaýardylar. Belki, daşarynyň garaňkysyndandyr, Mahmyt ýöräp barýarka birden büdredi. Onuň elindäki sebet aşak gaçdy. «Esgerjik» ýaragy bilen ýere ýazyldy we onuň aýagy döwüldi.

Mahmyt bu gün has ekabyrlanyp, ökde doktora öwrüldi duruberdi. Mahmyt şeýle bir ökdeleşdi welin, indi ol döwlen aýagyň döwük-ýenjiklerini birleşdirip, düzedip bilýärdi. Häzir oňa injiriň süýdi gerek. Injiriň süýdüni tapyp bolaýsa, döwlen aýak tut ýaly bolar. Ýöne operasiýa şowsuz boldy. Ol tasdanam onuň ikinji aýagyny hem döwüpdi. «Esgerjik» bir ýerde oturyp dynç alsa, kem boljak däldi. Ýöne ol bir aýagy bilen ne oturyp, ne-de turup bilýärdi. Indi ol esger däl-de, hakyt doga okap oturan molla meňzeýärdi. Ol şol bir oturan ýerinde oturansoň, garawula-da meňzemän duranokdy. Käte-käte ol budda-da çalym edýärdi. «Esgerjigiň» kellesindäki saçlar ýolunyp gutarypdy. Ony haýsy görnüşe salasyň gelse, salybermelidi. Onuň bilen isledigiňçe oýnabermelidi.

Indi habary Hamidden eşideliň. Emine onuň sesini eşiden badyna, ylgap bagryna basdy. Birden onuň gözi Mahmydyň elindäki ätişgire düşdi we haýran galyp:

— Bu ätişgiri nireden aldyň? — diýip sorady.

Hamid:

— Satyn aldym.

— Näçä aldyň?

— Üç şaýa.

Emine onuň döşünden itdi. Bu nähili akmak çaga. Günortan hiç zat iýip-içmändir. Getiren ätişgirini diýsene! Ol:

— Şonça zadyň içinden demir ätişgirden başga zat tapmadyňmy? — diýip sorady.

Hamid günäkär äheňde:

— Ene, seniň barmaklaryň otda ýanýar ahyryn — diýdi.

Emine birden ýylgyrdy. Ol ýylgyryşda biraz öýke gatyşygy bardy. Emine käýinmesini bes etdi. Bu ýylgyryş sessiz bolsa-da, örän süýji ýylgyryşdy. Oglanjyk gaty akylly, diýseň parasatly eken. Beýlekileriň oýnawaç alyp, süýjülik iýenini görüp, ol nähili emenendir. Çaga halyňa o duýgulary nädip saklamak mümkin? Garry enesi hakynda oýlanmak şol ýerde-de onuň ýadyndan çykmandyr. Emine begenjinden ýaňa uçaýjak boldy.

Bu ýerde ünsi ýene bir zada çekmeli, bu hatda ätişgirdenem möhüm. Çaga Hamid uly ýaşly adama, garry Emine bolsa çagajyga öwrülen ýaly boldy. Ol ellerini somlap alkyş baryny aýdýardy we gözýaşyny dür damjalary ýaly dökýärdi.

 

Hindi dilinden terjime eden Ogulbeg NARYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 64-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle