Güneşe hat ýazylmaz (Erteki)

Güneşe hat ýazylmaz (Erteki)

Gadymy döwürde uzakda bir ýurt bolupdyr. Bu ýurt daglaryň aňyrsyndaky ýaşyl düzlükde ýerleşip, ondaky adamlar gaty bagtly eken. Bu ýurduň ilaty indi öňküsinden has bagtly bolupdyr, sebäbi birnäçe ýyldan soň, soltanyň bolman-bolman ahyry bir perzendi dünýä inipdir.

Ol nur çaýylan ýaly, elleri tokarja, ýaňaklary al öwsüp duran, owadanja gyz bäbejik eken. Gurbanlyklar gurban berlip, toýlar birnäçe gün dowam edip, şagalaňlar geçirilip, aý aýlanyp, ýyl dolanypdyr. Gyzjagaz ahyrsoňy dillere dessan bolan şa gyzyna öwrülipdir. Oňa her gün töwerekdäki ýurtlardan sawçy gelip, dürli-dürli sowgatlar getiripdirler.

Şa gyzy diýseň begenýän eken, sebäbi kakasy onuň üstünde kökenek geripdir: «Gyzym, netije çykarmaga howlukma. Hakykaty wagt görkezer…» diýipdir.

Günleriň birinde soltan adaty bolşy ýaly geýnip, ýurduna gezmäge çykypdyr. Ol agşama çenli öz halkynyň arasynda aýlanypdyr. Ol ne aja, ne kynçylyk çekýäne, ne-de ýalňyzlygyň derdini çekýän adama sataşypdyr. Şonuň üçinem begenji içine sygman, köşgüne tarap ýola düşüpdir.

Yzyna gaýdyp gelýärkä, derýanyň ýakasynda oturan bir goja onuň ünsüni çekipdir. Goja ýerden alan daşlaryny birleşdirip, bir zatlar aýdyp, derýa taşlaýar eken. Soltan ýakynlaşyp, salam berip, ondan sorapdyr:

— Saglykmy goja, bu ýerlerde näme işleýäň?

Goja:

— Ykballary birleşdirýärin — diýip, jogap beripdir.

Patyşa gülüp:

— Şeýlemi, onsoň şu oklanyň kimiň ykbaly, kimiň ykbalyny birleşdirdiň?

— Olmy? Soltanyň gyzy hemem hyzmatkäri Ahmediň ykbaly.

Köşge gaýdyp geleninden soň, soltany ünji-alada basmarlap ugrapdyr. «Heýem şeýle zat bolup bilermi? Ykballary birleşdirip bolarmy? Şol gara hünni bilen owadan şa gyzyny… Ol gözüniň ak ýagy, jany, jigerbendi, söýgüli gyzy ahyryn… Ýok, beýle zat bolup bilmez» diýse-de diýýärdi welin, patyşanyň içine düşen şübhe indi ony gurçuk ýaly gemrip barýardy.

Ol daň atýança ýatmandyr. Sagyna öwrülipdir, soluna öwrülipdir, garaz, nätse-de uklap bilmändir. Ol wagtal-wagtal uklan ýaly edýän bolsa-da, bir salymdan tisginip oýanýar eken. «Ykballary beýdip birleşdirib-ä bolmaz-la welin, ýöne bu hakykat bolsa näme etmeli?» diýip, ol içinden oýlanypdyr.

Ol irdene çenli belli bir netijä gelipdir — hyzmatkäri yzyna gaýdyp gelmejek ýere ibermeli we şeýdibem ondan dynmaly. Muny etmeli bolany üçin ol öz-özünden utanypdyr, ýöne bu işi etmek zerurdy.

Ol howlukmaç hat ýazyp, hyzmatkärini ýanyna çagyrypdyr. Patyşa öňünde duran garyp hyzmatkäriniň gözüne seretmekden gorkýardy. Soltan ýüzüni penjirä tarap öwrüp, hyzmatkäre elindäki haty görkezipdir.

— Ahmet, bu haty al-da, durman gidip, muny Güne ýetir. Bu biziň hemmämiz üçin örän möhüm. Ýöne bu haty Güne ýetirmän yzyňa gelmäge milt edäýme!

Bolýan zatlara geň galan hyzmatkär umytsyz halda buýruga boýun bolupdyr. Ol ýola taýynlanyp, haty berkje dolapdyr-da, gursagynda gizläp, ýola düşüpdir.

Ol durman ýöräp, haty Güne eltip bermelidi. Soltanyň buýrugy şeýledi. «Ýöne Güni nädip tapmaly? Bar, tapanam eken-dä, haty nädip oňa bermeli?». Ahmedi alada basypdyr. Ol asmana seredip, Güne tarap gitmegi ýüregine düwüpdir.

Hyzmatkär birnäçe aýlap durman ýöräpdir. Iýmiti gutaryp, eşikleri ýyrtylyp, aýaklary gana boýalsa-da, ol durman ýöräpdir. Ol haty käte gursagyndan çykaryp, oňa seredýärdi, abatdygyny görübem ýylgyryp, ýene ýoluny dowam edýärdi.

Bu aralykda ýurtda hemme zat öňküsi ýalydy. Soltan owadan gyzy hakda alada edip, ony hasam gowy görýärdi. Baharyň gelmegi bilen tutuş ýurt güller bilen bezelipdir. Şa gyzy kakasynyň özüni durmuşa çykarmaga näme üçin beýle howlukýandygyna düşünip bilmese-de, baharyň gelmegine, ýagşa, güllere, saýraşýan guşlara diýseň begenipdir…

Soltan Ahmediň gaýdyp gelmejegine ynanýardy. Ol bireýýäm ölüp gidendir öýdýärdi. Sebäbi ol wepaly hyzmatkärdi, tabşyrylan işi ýerine ýetirmek üçin elinden gelenini etjekdigi şübhesizdi. «Heý, Güni tapyp, oňa hat bermek — bu bolup biljek zatmy?». Soltan şu ýerde öz akyl-paýhasyna haýran galdy.

Hyzmatkär bolsa gün-günden umydyny ýitirýärdi. Ol ýola çykaly bäri üç möwsüm geçipdi. Elbetde, Güne ýetmek mümkin däldi. Ol gursagyny barlady, hat abatdy. Ýöne tanap bolmajak haldady, gana boýalypdy, her niçigem bolsa, hat henizem üýtgemändi. Hyzmatkär bolanja gaýraty bilen ýöremäge synanyşýardy. Alys uzakda bir derýa göründi, şol ýere baryp, bir gezek suwdan gansa, ol güýç-kuwwata geljegini bilýärdi.

Ahmet derýa ýakynlaşanda, aýaklary göwresini göterip bilmän başlapdyr. Ol suwuň gyrasyna dyzanaklap diýen ýaly gelip, suw içipdir, kellesini buz ýaly suwa sokupdyr. Soňra birden başyny galdyrypdyr. Görse, ol ýerde edil özüne garaşyp duran ýaly Güneş duran eken.

Hyzmatkäriň ýurtdan çykany bäri bäş möwsüm geçipdir. Ýurduň dört tarapynda toýa taýynlyk görülýärdi we jarçylar şa gyzynyň durmuşa çykýandygyny habar berýärdi. Şa gyzy ahyrsoňy söýäýjek adamsyny tapypdyr. Bu ýigit uzak bir ýurduň şazadasydy. Soltan gyzynyň bagtlydygyny görüp, hasam begenýärdi we gülki bilen ykballaryň birleşdirilişini ýatlaýardy. «Ykballary birleşdirmek… Hany, nirede ol?».

Soltan giýewsini gaty gowy gördi. Çünki ol hyzmatkär däldi, hemme zatdan beterem garaýagyz däldi. Mundan başga-da, şazada gaty baýdy, sebäbi onuň şa gyzyna beren ýekeje şaý-sepi, beýlekileriň beren zatlarynyň hemmesinden gymmatdy. Ahyrsoňy ýurtda ajaýyp toý tutulyp ugraldy.

Toýuň üçünji gününiň agşamydy. Soltan bilen täze çatynjalar agşamlyk edinýärdi. Soltanyň gapdalynda giýewsi, garşysynda onuň söýgüli gyzy otyrdy… Bu ullakan bagtdy!

Olar nahar iýip otyrka, söhbet edýärdiler we gülüşýärdiler. Giýewsi nädip gylyjy ulanmagy öwrenendigini, awdaky başdan geçiren zatlaryny aýdyp berip, saçagyň başynda oturanlary gyzyl-gyran edýärdi. Ýigit elinden gaçan pyçagyny almak üçin egleninde, soltanyň özüne seredýändigini gördi. Şa gyzy gülýärdi. Giýewsi bilini ýapdy, emma bilindäki gara tegmil soltanyň ünsünden düşmedi.

Şol gije soltan ýene uklap bilmedi. «Giýewsi özi ýaly ak adam, ýöne onuň bili garaýagyz adamyňky ýaly-la? — Ol Ahmediň ýüzüni, gürleýşini, ýylgyryşyny ýadyna saljak boldy… — Olar meňzeşem däldi ahbetin. Ýöne näme üçin ýigit howlukmaç bilini ýapdy?».

Ol düşegine gaýtadan geçip, gözlerini petige dikdi we ykballary birleşdirýän gojanyň ýüzüni gördi. Ol gülýärdi. Patyşa özüni dälirändirin öýtdi. Gözüni ýumup, täzeden açanda, goja zym-zyýat bolan eken. Ol uludan demini aldy, bu ahwala düşünmek üçin daňyň ataryna howlukdy. Günüň ilkinji şöhlesi köşgüň penjirelerine uranda, şa gyzy we adamsy eýýäm bagda gezelenç edip ýördi. Olary gören soltanyň kellesine bir pikir geldi. Ol howlukmaç geýnip, bagyň içine bardy. Olara ýakynlaşyp, kimdir birini çagyrýan ýaly seslendi:

— Ahmet!

Ýigit haýran galyp, soltana seretdi. Ikisiniň göreçleri birleşdi. Oglan gözüni sowjak boldy, ýöne bary biderekdi. Ol çykgynsyz ýagdaýda soltanyň öňünde durup, başdan geçiren zatlaryny aýdyp bermeli boldy.

Ol Güni derýada tapypdy. Haty gowşurmak üçin suwa çümüp yzyna çykanda, içi gymmatbahaly daşlardan doly şöhle saçýan onlarça sandygyň bardygyny gördi. Suwdan çykanda hyzmatkäriň diňe guşagy bilen berk baglanan bili garady, galan ýeri — tutuş bedeni akdy. Ol sandyklary birin-birin derýanyň kenaryna eltdi we iň soňky sandykdan hatyň çykandygyny aýtdy.

Bu waka geň galyp, soltan oturan ýerinden turdy.

— Ol hat nirede?

— Men ony hiç haçan ýanymdan aýyrmadym — diýip, ýaş ýigit jogap berdi-de, haty gursagyndan çykaryp, soltana berdi.

Soltan haty gyssagly açyp, okamaga başlady:

«Güneşe hat ýazylmaz,
ýazylsa-da pozulmaz!».

 

Türk dilinden terjime eden Şasoltan ABDYLLAÝEWA,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle