Imperator we bilbil (Hytaý halk ertekisi)

Imperator we bilbil (Hytaý halk ertekisi)

Gadym zamanlarda Hytaýda örän baý garry imperator ýaşap geçipdir. Onuň ägirt uly köşgi çuň kölüň gyrasynda ýerleşipdir. Imperator öz köşgüni we owadan bagyny örän gowy görüpdir, ýöne ol ýerleriň ümsümligi ony biraz biynjalyk eder eken. Çünki imperator ümsümligi halamandyr.

Imperator: «Men aýdym-saz isleýän, aýdym-saz! Her gün irden, öýlän, agşam aýdym-saz bolsun!» diýip, agy gatyşykly sesi bilen gygyrypdyr. Imperatoryň islegi hemişe şobada berjaý ediler eken. Ol nirä gitse, daş-töweregi aýdym-saz bilen gurşalypdyr, emma ol sazlar şeýle bir gaty ýaňlanýardy welin, imperator aýdymlaryň sözleriniň köpüsini eşitmeýär eken. Imperator we onuň aýdym-sazly köşgi örän meşhur bolupdyr. Her hepdede ýüzlerçe adam onuň bagyndaky gülleri ysgamaga, çuň kölüň gyrasynda oturmaga we köşgünde ýaňlanýan aýdym-sazy diňlemäge gelýär eken. Bu ýerler örän owadan we geň bolany üçin uzak ýurtlaryň meşhur ýazyjydyr şahyrlary ol barada goşgy goşup, eserler döredipdirler.

Günleriň birinde imperatoryň eline şol ýazgylaryň biri düşüpdir. Ol uzakly gün öz altyn kürsüsinde oturyp, özüniň ajaýyp geýimleri,

gymmatbahaly şaý-sepleri we owadan bilbili hakynda okapdyr.

Imperator: «Meniň ajaýyp bilbilim? O nähili bilbil? Men bu barada hiç zat bilemok ahyryn!» diýip gygyrypdyr.

Ýazyjy imperatoryň aýdym-sazly köşgi barada ýüzlerçe sahypa ýazypdyr, emma «hemme aýdymlardan has ýakymlysy bilbiliň owazy» diýip belläpdir.

Imperator geň galyp, tutuş kitaby birbada diýen ýaly okap çykypdyr: «şeýle zehinli zadynyň bardygy üçin imperatoryňky örän şowuna. Ol örän baý, ýöne bilbil oňa hemme baýlyklaryndan hem gymmatly» diýen setirleri okap: «Bilbil meniň iň uly baýlygym? Men Hytaýyň iň beýik imperatory we güýçli adamy bolsamam, onuň sesini hiç wagt eşitmedim!» diýip gygyrypdyr. Ol: «Maňa häziriň özünde şol bilbili getiriň!» diýip buýruk beripdir. «Eger şol bilbil şu gün agşam meniň köşgümde bolmasa, siziň hemmäňiziň gözüňize görkezerin!» diýibem üstüni ýetiripdir.

Imperatoryň emeldarlary onuň buýrugyndan gaty gorkupdyr, sebäbi bilbili görmeg-ä beýlede dursun, olar, hatda onuň sesinem eşitmändirler. Emeldarlaryň biri: «Alada etmäň, siziň Alyhezretleriňiz. Biz bilbili taparys. Siz şu gün agşam onuň sesini eşidersiňiz» diýipdir. Emeldarlar derrew otagdan çykyp, biri-birleriniň ýüzüne seredişip: «Indi biz näme ederis?» diýşip maslahatlaşypdyrlar. Olaryň biri: «Geliň, köşkdäki adamlardan bilbil hakynda soralyň. Onuň sesini eşiden adam hökman bolaýmaly» diýipdir.

Olar imperatoryň köşgündäki adamlaryň hemmesinden sorap çykypdyrlar. Olaryň hiç biri ne bilbili görüpdir, ne-de onuň sesini eşidipdir. Olar: «Biziň ýeke eşidýän zadymyz — imperatoryň köşgünde ýaňlanýan aýdym-saz» diýip jogap beripdirler. Ahyry emeldarlar aşpeziň bilbiliň sesini eşiden kiçijik gyzyny tapypdyrlar.

«Meniň yzyma düşüň!» diýip, aşpeziň gyzjagazy emeldarlary köşgüň daşyndaky baga eltipdir. Olar hernäçe diňşirgenseler-de, öň köşgüň daşyna çykmandyklary üçin bilbiliň sesi hakynda hiç hili düşünjeleri ýok eken.

Birden emeldarlar bir şuwwuldy eşidip: «Ana, şol bilbil bolmaly!» diýşipdirler. Aşpeziň gyzjagazy: «Nadanlar, ol agaçlaryň arasyndan öwüsýän şemalyň sesi ahyryn!» diýip gülüpdir. Soňra olar «mo» diýen sesi eşidipdirler. Emeldarlaryň biri: «Bu nähili geň owaz. Şu hökman bilbil bolmaly!» diýipdir. Aşpeziň kiçijik gyzy gülüp: «Bularyň nalajedeýindigini. Siz ömrüňizde bir gezegem sygryň sesini eşidip görmediňizmi?» diýip sorapdyr. Olar: «Elbetde, eşitdik!» diýip jogap berip, az-kem aşaklygyna tarap ýönelipdirler. Emeldarlaryň biri: «Eşidýäňizmi? Men onuň sesini gowy eşidýän!» diýip seslenipdir. Aşpeziň gyzjagazy ýene-de ýylgyryp: «Ol bilbil däl, ol kiçijik gurbaga. Hanha, serediň!» diýip jogap beripdir. Emeldarlar: «Elbetde, elbetde» diýişseler-de, aljyrap ugrapdyrlar, sebäbi olar bilbiliň nähili jandardygyny, onuň sesiniň nähilidigini bilenokdylar. Emeldarlar aşpeziň kiçijik gyzyndan bilbil hakda soranlarynda, ol çalaja ýylgyryp: «Sabyrly boluň!» diýip jogap beripdir.

Emeldarlar bilbili öz hyýallarynda suratlandyrjak bolupdyrlar. Olaryň biri: «Ol hökman uludyr, sebäbi onuň sesi örän gaty» diýipdir. Beýlekisi: «Hawa, şeýledir. Onuň reňki hem tokaýlyk ýaly ýap-ýaşyldyr, sebäbi ony agaçlaryň arasynda görmek örän kyn» diýipdir. Üçünjisi bolsa: «Onuň sesiniň örän owadan bolşy ýaly, özi hem owadandyr. Ol sygyr ýaly ullakan we kebelek ýaly owadandyr diýip pikir edýärin. Onuň altyndan ganatlary we kümüşden guýrugy bolmaly» diýipdir.

Birdenem gyzjagaz: «Duruň!» diýip gygyrypdyr. Emeldarlar şeýle bir gaty gürleşýärdi welin, bilbiliň sesini eşitmän galdylar. Gyzjagaz: «Diňläň!» diýipdir. Olar gulak asmaga durupdyr. Bilbiliň sesi şu wagta çenli eşiden aýdym-sazlaryndan has ýakymlydy. Haçan-da, olar kellelerini galdyranda, kiçijik goňur ganatly guşy görüpdirler. Aşpeziň kiçijik gyzy ýylgyryp: «Ine, bilbil!» diýipdir. Emeldarlar: «Eý, bilbil, siz şu gün agşam biz bilen köşge gitseňiz, örän hoşal bolardyk. Imperator size uly zalda garaşyp otyr!» diýipdirler.

Dogrudanam, imperator uly zaly taýýarlap otyrdy. Haçan-da, ol bilbiliň gelmäge razy bolandygyny eşidende örän begenipdir. Ol: «Şu otagyň hemme ýerini arassalaň!» diýip buýruk beripdir. Otag gelşigine gelýänçä arassalanypdyr. Imperator hyzmatkärlerine: «Ýaňadandan arassalaň!» diýip gygyrypdyr. Olar ýene bir gezek arassalapdyrlar, emma imperatoryň ýüregi şonda-da ynjalmandyr. «Maňa müň sany çyra getiriň» diýipdir. Hyzmatkärler müň sany çyra getiripdirler. Ol: «Men hormatly myhmanym üçin altyndan ýasalan owadan kapasanyň bolaryny isleýän! Bu baýramçylyk öňkülerden has şagalaňly bolmaly!» diýipdir.

Ahyrsoňunda, hemme zat taýýar bolupdyr. Imperator uly zalyň içine dykgat bilen göz aýlapdyr. Hyzmatkärler onuň jogabyna garaşypdyrlar. Imperator: «Örän gowy! Baýramçylyga başlalyň!» diýipdir.

Haçan-da, adamlar bilbile garaşanlarynda, uly zala doly ümsümlik aralaşypdyr. Birden ol penjireden uçup girip, altyn kapasa gonupdyr. Imperator: «Sen biziň üçin saýrap bilersiň, kiçijik guşjagaz!» diýipdir. Bilbil owadan sesi bilen saýrap başlapdyr. Onuň gussa we şatlyga ýugrulan batly sesi diýseň üýtgeşik ýaňlanypdyr.

Imperatoryň myhmanlary örän geň galypdyrlar. Olar şu çaka çenli şunuň ýaly ajaýyp owazy eşitmän eken. Imperator gaty begeneni üçin gözlerine ýaş aýlanypdyr. Haçan-da, bilbil sesini bes edende, zalyň içine ümsümlik aralaşypdyr. Imperator: «Sag bol! Bu meniň eşiden iň ýakymly owazym. Munuň üçin saňa sowgat beresim gelýär. Sen näme isleýäň? Menden islän zadyňy sorap bilersiň!» diýipdir.

Bilbil: «Siziň Alyhezretleriňiz, sesimiň sizi begendirenine örän şat. Maňa siziň ýüzüňizdäki şatlygyňyz ýeterlik, başga hiç zat gerek däl!» diýipdir.

Imperator: «Onda saňa öý sowgat bermäge rugsat et. Gel, meniň bilen köşkde ýaşa. Seniň altyndan ýasalan kapasaň bolar. Sen onda uzakly gün saýrap oturarsyň!» diýipdir.

Bilbil köşkde galypdyr we her gün imperator üçin saýrapdyr.

Ahyrsoňy bilbiliň ýüregi gysyp başlapdyr. Onuň altyn kapasasy gatydy we oňaýsyzdy. Ol tokaýa uçup, agaçlaryň üstünde oturyp, öz ýumşajyk höwürtgesinde ýatasy gelýärdi.

Bir gün bilbil imperatora: «Siziň Alyhezretleriňiz, meniň ýüregim gysýar. Maňa köşgüň daşyna çykmaga rugsat beriň. Meniň gök asmanyň astynda uçasym gelýär, agaçlaryň üstünde oturyp, tokaýyň beýleki haýwanlaryny göresim gelýär!» diýipdir. Imperator bilbile her gün irden tokaýa gitmäge rugsat berse-de, bilbil onuň iň gymmatly baýlygydy, şonuň üçinem ony hiç goýberesi gelenokdy. Ol altyndan egrilen ýüpi bilbiliň kiçijik aýagyna daňypdyr. Haçan-da, ol uçanda, imperatoryň emeldarlarynyň biri şol ýüpden tutýardy. Şol sebäpli bilbil gaty daşa uçup bilenokdy.

Her gün agşam bilbil öz altyn kapasasynda oturyp, imperator üçin saýrardy. Ol bolsa gözüne ýaş aýlap, bilbile: «Sen meniň gymmatly hazynam!» diýerdi.

Günleriň birinde köşge uly guty geldi. Ol Ýaponiýanyň imperatorynyň sowgadydy. Ol gutynyň üstünde bolsa şeýle mazmunly hat bardy: «Men siziň bilbiliňiz barada eşitdim. Bu ýerde siziň üçin başga bir guş bar. Size haýsysynyň has gymmatlydygyny saýgarmak başardarmy?».

Imperator örän geň galypdyr. Ol: «Geň zat, geliň açalyň!» diýipdir. Gutynyň içinde agyr altyn kapasanyň üstünde owadan altyn guş bar eken. Onuň gözleri almazdan, ganatlary bolsa gymmatbahaly daşlardan eken. Imperator örän tolgunyp: «Bu ne ajaýyp, täsin zat» diýip gygyrypdyr. «Eger ol saýrap bilýän bolsady, meniň bilbilimdenem gymmatly bolardy, emma bu altyn bilbil saýrap bilmez!» diýipdir. Imperatory diňläp oturan sagat ussasy: «Bagyşlaň, siziň Alyhezretleriňiz, ýöne ol saýrap bilermikä diýýän!» diýipdir. Imperator: «Bu mümkin däl!» diýipdir. Sagat ussasy: «Bu ýasama guş, eger oňa tow bersem, saýrap biler!» diýip düşündiripdir-de, onuň gapdalyndaky açary towlapdyr. Birden altyn kapasa haýallyk bilen ýokaryk-aşak hereket edipdir-de, kiçijik guşjagaz kapasanyň üstünde tans edip başlapdyr.

Imperator: «Bu nähili geň döredilen zat!» diýip ýylgyrypdyr. Kiçijik guşjagaz bolsa kellesini galdyryp, saýramaga durupdyr. Onuň owazy bilbiliň sesindenem has ýakymly eken. Imperatoryň gözlerine ýaş aýlanypdyr. Ol ýasama guşjagaza: «Indi sen meniň gymmatly hazynam, sebäbi sen hiç haçan meni taşlap gidip bilmersiň!» diýip pyşyrdapdyr.

Kiçijik bilbil imperatoryň altyn guşa aýdan sözlerini eşidipdir hem-de: «Imperator indi bagtly. Ol maňa mätäçlik çekmez» diýip pikir edipdir. Bilbil dogry çaklapdyr, sebäbi ol öz kapasasyndan uçup gidip, agşam yzyna dolananda, imperator onuň ýokdugynam duýmandyr. Şol gün agşam bilbil saýranda imperator ony diňlemegem islemändir.

Her gün irden, öýlän, agşam sagat ussasy gelip, altyn guşa tow berer eken. Indi imperator nirä gitse, onuň daşyny altyn guşuň owazy gurşaýar eken. Ol öz ýasama guşuny şeýle bir gowy görüpdir welin, bilbili düýbünden ýatdan çykarypdyr.

Bir gün irden sagat ussasy öňküsi ýaly guşa tow beripdir, ýöne onuň kapasajygy ýokaryk-aşak hereket etmändir, guş aýlanmandyr, tansam etmändir, hatda aýdymam aýtmandyr. Onuň deregine üýtgeşik sesler çykyp, kiçijik kapasa ýere gaçypdyr. Imperator: «Meniň altyn guşum! Meniň gymmatly hazynam! Muňa näme boldy?» diýip sorapdyr hem-de sagat ussasyna ýüzlenip: «Bu seň ýalňyşyň, sen meniň guşumy döwdüň. Eger ony häziriň özünde bejermeseň, ökünersiň!» diýipdir.

Sagat ussasy birnäçe wagtlap altyn guşy bejermäge synanyşypdyr. Ol ahyry ýaňadan saýrapdyr, emma onuň sesi pes çykýardy, hereketem haýaldy. Sagat ussasy imperatora guşuň könelişendigini we eger ol guş ýylyň dowamynda bir gezekden artyk saýrasa, ony bejerip bolmajakdygyny duýdurypdyr. Imperator biraz pikirlenip, gussaly ýagdaýda onuň bilen ylalaşypdyr hem-de altyn guş diňe imperatoryň doglan gününde saýramaly diýlen karara gelnipdir. Imperator doglan güni ýetýänçä, tokaýdan öňki bilbili getirmegi makul bilip, öz emeldarlaryny tokaýa ugradypdyr. Olar her näçe gözlese-de, her bir sesi üns bilen diňleseler-de, bilbiliň üstünden barmandyrlar.

Şondan soň imperatoryň durmuşynda aýdym-saz bolmandyr, ümsümligi bolsa ol halamandyr.

Bir gün ol sagat ussasyny ýanyna çagyryp: «Maňa ýasama guşy getir!» diýipdir. Sagat ussasy bolsa: «Siziň Alyhezretleriňiz, bu gün siziň doglan günüňiz däl ahyry!» diýipdir. Imperator: «Ony häziriň özünde getir!» diýip gygyrypdyr. Imperatoryň sesinden gorkan sagat ussasy ýasama guşy getirip, ýuwaşlyk bilen tow bermäge başlapdyr. Guş saýrap başlanda imperator: «Wah, meniň hazynajygym» diýipdir, emma birden guş saýramasyny bes edip, ýakymsyz sesleri çykaryp başlapdyr. Imperator gözüni ýumup- açanda, altyn guşunyň birnäçe ownuk böleklere bölünendigini görüpdir.

Imperator öz otagyndan çykman iki hepde ýatypdyr. hyzmatkärleri ony turuzjak bolupdyr, emma imperator gözüni hem açmandyr. Olar oňa gowy görýän naharyny getirip beripdir, emma ol iýmändir. Olar imperatoryň ýanynda oturyp, her hili şorta sözler aýdyp beripdirler, emma ol gülmändir. Ýurduň iň tanymal bagşy-sazandalary köşge gelipdir, emma imperatory şatlandyryp bilmändirler.

Imperator öz otagyndan çykman ýatyrdy. Ol örän ysgynsyzdy, gözlerini hem açmaýardy. Hemmeler uklap, gije bir çene barypdy. Birden imperatoryň otagy üýtgeşik owadan owaz bilen dolupdyr. Imperator: «Men düýş görýän öýdýän, sebäbi men öz kiçijik bilbilimiň sesini eşidýän!» diýipdir. Onuň pikiri dogry bolup çykypdyr. Bilbil imperatoryň penjiresiniň garşysyndaky agaçda oturyp, owadan sesi bilen uzakly gije oňa saýrap beripdir. Soňra imperator süýji uka gidipdir.

Ertesi ir bilen imperator oýananda, onuň ýüzi gülüp duran eken. Emeldarlary ony görmek üçin otaga giripdirler. Imperator dessine ýatan ýerinden galyp, gözlerini giňden açypdyr. Ol gernip, dodagyny ýalap: «Maňa 20 adama ýetjek nahary taýýarlap getiriň!» diýipdir. «Onsoňam uly zaly taýýarlaň, sebäbi bu gün agşam baýramçylygymyz bar. Men uly zaly arassalamagyňyzy, müň sany çyrany ýakmagyňyzy we altyn kapasany asmagyňyzy isleýän!» diýipdir. Hyzmatkärler uly zaly taýýarlamaga başlapdyrlar.

Şol gün agşam geçen gezekki ýaly bilbil penjireden uçup girip, altyn kapasanyň üstünde oturyp, ajaýyp sesi bilen saýrap başlapdyr. Ol saýrap bolandan soň, imperator gözüne ýaş aýlap: «Sag bol, bilbiljik!» diýipdir. Bu gezek imperator oňa altyn kapasa-da bermändir, ýanynda galmagynam soramandyr. Haçan-da, guş penjireden çykyp, tokaýa uçup gideninde, imperatoryň myhmanlary geň galypdyrlar. Şol gije hemmeler uklap ýatyrka, bilbil köşge gaýdyp gelipdir. Ol imperatoryň penjiresiniň ýanyndaky agaçlarda oturyp, özüniň owadan, ajaýyp sesi bilen uzakly gije oňa saýrap beripdir.

Bu gezek imperator bilbil barada hiç kime aýtmandyr. Ol: «Eý, meniň bilbilim, sen ähli almazlardan, altyndan gymmatlysyň. Sen, dogrudanam, meniň iň uly hazynamsyň!» diýip pyşyrdapdyr.

Şondan soň bilbil her gün agşam imperatoryň ýanyna gelip, ol uka gidýänçä saýrap beripdir.

Iňlis dilinden terjime eden Aýgözel GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fransuz dili we edebiýaty hünäriniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle