Bürgüt gaýasy (Hekaýa)

Wiktor Maksimow,
rus ýazyjysy
Kän gatnalyp, torç edilmänsoň, bu ýol küpürsäp ýatyrdy. Suw daşaýan awtoulagyň tigirleri ulagyň aşaky okuna çenli çägä batypdy. Ulagyň motory naýynjar gürrüldeýärdi. Men onuň çendenaşa gyzmagyndan howatyr edýärdim.
Çep tarapda çölüň sargylt-mawy düşeginiň üstünde täsin sazak tokaýlygy, tüýdülen uzyn ýüňe çalymdaş bulut kimin çalaryp görünýärdi. Sag tarapda bolsa Babatagyň etegindäki selçeň ösen arçalar çala saýgardýardy. Men alňasaýardym. Garaňky gatlyşmanka, Saýhan jülgesindäki şäherçä baryp ýetmelidim. Oňa golaýlaşdygymça, ýol barha gowulanýardy. Tekerler daş gatyşykly toýnuň üstünden ýeňillik bilen bökedekläp barýardy.
Ýöne garaşylmadyk ýerden edil geçidiň golaýynda, şäherçeden üç kilometr çemesi daşlykda, awtoulagym birden iňňildäp başlady. Şondan soňra onuň öňe tarap batly okdurylyşy bilen togtaýşy bir boldy.
Men motory öçürdim, ulaga dynç berip, kabinadan çykdym, ýöne ondan arany kän açmadym: Saýhan jülgesinde zäherli ýylanlar köp.
Howa gurak yssydy. Şeýle-de bolsa, gijäniň golaýlaýandygy çala duýulýardy. Kän garaşdyrman garaňkam gatlyşdy. Gije düşen galyň ümür deräni tutuşlygyna gaplap aldy. Dumanyň aňyrsyndan ýyldyzlar çala ýylpyldaşyp görünýärdi.
Men san-sajaksyz ownuk daşly haltanyň içine düşen ýalydym. Daş-töweregim gizlinlige çolanan tümlükdi.
Uzak bir ýerlerde, alysdaky derelerde şagallar bogazyna sygdygyndan uwlaşýardylar. Meň ýokarymdan, dagyň görünmeýän köweginden baýguşuň haýbatly sesi eşidilýärdi. Asmanda ýarganatlar dynuwsyz gaýmalaşýardylar. Howa mazaly sowap başlady. Men eýýäm kabina girip, ýolumy dowam etmäge hyýallanypdym, ýöne birdenkä…
Bu nämekä?
Uzakda, doňup galan dinozawra çalymdaş baýryň aňyrsynda öçügsi ot ýalpyldap başlady.
Ot nireden peýda bolduka? Bu ýerler çola hem çöllük ahyryn.
Elimiň aýasy bilen gözlerimi süpürdim-de, ýene dykgat bilen seretdim. Gaýanyň bir bölegi göýä diýersiň hyýaly närseden ýasalan ýaly mawy şöhle bilen ýalpyldaýardy.
Kabinanyň içindäki oturgyjyň arkasynda dürbi gizläp goýanym ýadyma düşýär. Ulaga tarap okduryldym, howul-hara şol ýeri dörjeledim, elim her dürli nurbatlardyr ownuk demirlere degýärdi. Ahyry dürbini tapdym. Maňa gaýanyň aşagyndaky köw ýeri gaty oňat görünýärdi. Mawy ýagtylyk hem şol ýerden gelýärdi. Gaýanyň astynda şöhle saçýan äpet gar üýşmegi ýatan ýaly-la.
Ynha, şol gar üýşmegi meň gözümiň alnynda eräp, garalyp barýar.
Bulutlaryň aňyrsyndan Aý jyklady. Onuň ýakymly şuglasy ýoluň üstünde altynsow uçgunjyklara çalym edip ýalpyldap başlady.
Syrly yşyk asla bolmadyk ýaly ýitirim boldy.
Men ulagymyň ýanynda oýa batyp durdum.
Diýseň täsin jülge… Şöhle saçýan gaýa… Belki, ol häki bir otdur?
Eger-de ot bolsa, onda nä sebäpden beýle tiz we yzsyz-tozsuz ýitip gitdikä?
Gaz çykýan bolaýmasyn? Gara bulutlar sähelçe wagt Aýyň öňüni örtdi, gaýa şol bada mawy şöhle bilen ýalkym saçdy.
***
Günüň ýiti şöhleleri dag gerişlerine düşende, men eýýäm dagyň eteginde durdum. Gaýanyň her ýerinde göze ilýän bölek-bölek ümürler burum-burum ýüňe çalym edýärdi. Gün şuglasynyň dagyň egri-bugry daşlyk gerişlerine düşendigine garamazdan, jülge henizem bugaryp durdy. Slýudanyň, gipsiň, mermeriň çylgymlary gijeki düşen çygdan ýaňa älemgoşaryň ähli reňkleri bilen öwşün atýardy.
Gijeki yşygyň syryny ýaşyrýan gaýa niredekä?
Ýuwaş-ýuwaşdan ýokaryk galyp başladym. Geçileriň gatnawyndan emele gelen, çala saýgardýan ýodajyk, ýöremek üçin birneme ýeňillik döredýärdi.
Kä onda, kä munda daşlaryň arasynda selçeň ösen tereskeniň çogdamlary görünýärdi.
Ýylanlara duşaýmakdan ägä bolup, jülgeden seresaplylyk we kynlyk bilen ýöredim. Bir sagat, iki sagat…
Aýagymyň aşagyndan gopýan daşlar güpürdeşip, uçuda gaçýardy. Tä gözlerim agyrýança töweregi dürbi bilen synladym.
O syrly gaýa niredekä? Barýan ýolum bir dogrumyka beri?
Belentlikde, ýeliň güýçli öwüsýän ýerindäki gatlakly gerişde mymyk ak possuna bürenen edelweýsler ösýärdi. Her bir gülüň ortarasynda — könelen kümşüň reňkinde bäş sany galyň gülýapraklar bilen döwrelenen sary mahmal sadapjyk bardy. Men irimçikden näzijek bu gülleri juda oňat gördüm. Şeýle başagaý bolmadyk bolsam, olary oňat synlamak islärdim.
Meň nazarym ýylçyr, kert gaýada eglendi. Hiç hili şübhe bolup bilmez — bu hut şol gaýanyň özi!
Oňa golaýlaşýardym. Iki gaýanyň arasyndaky çukur garadan ýylmanak daşlardan doly eken. Daşlaryň iň ulusy, örküçläp ugran gomlaryň arasyndaky ada çalym edýärdi.
Özüme zor salyp, ýene birneme ýokaryk galdym. Ynha, indi men ünsümi çeken harsaňyň depesinde durun. Onuň üstünde ýagyş suwuna ýuwlan hem Saýhan jülgesiniň howruna guran pyşdyllaryň ap-ak çanaklary ýatan eken. Olaryň arasynda heniz reňkini ýitirmedik, täze we buýnuz ýaly gatylary hem bardy.
Men pyşdyl süňkleriniň üýşmeginiň öňünde aňk-taňk bolup durun.
Hiç kime mälim bolmadyk gonamçylyk. Geň zat. Pyşdyllaryň gonamçylygy.
Olaryň şol äwmezekligi we uzak ýaşy bilen öz kowumdaşlarynyň ýatan ýerine gelip biljegi-hä gümana.
Howlukman gaýanyň daşyndan aýlandym, her bir çukura, her bir jaýryga dykgat bilen seretdim. «Goralan göze çöp düşer!» diýenleri-dä. Adatça şunuň ýaly ýerler ýylanlardan doly bolýar. Her niçik-de bolsa, ýylanyň zäherine garşy sanjym dermanyny ýanyma alanym gowy bolupdyr.
Birdenkä sag tarapymda, üç metr çemesi ýokarymda, garalyp duran tagça gözüm düşdi, onuň içinde ullakan höwürtge bolup, onda iki sany bürgüt jüýjesi bar eken. Dürbi bilen seredenimde, olar maňa diýseň eýjejik göründi.
Indi maňa ähli zat düşnükli. Bu özboluşly gonamçylyga bitin pyşdyl çanaklarynyň gelip düşüşi hem aýan boldy. Bürgüt oljasy daşa urlany bilen hemişe çym-pytrak bolaýanok. Kämahal bürgütler çanagyň has gowşagrak ýerlerinden sepini açmaly hem bolýandyr.
Ine, şöhle saçýan gaýanyň syry hem çözüldi! Ýiti gün şöhlesine gyzan, fosfora baý süňklerdir çanaklar gurak gijeler ýylpyldap başlaýarlar.
Bürgütjikler daş-töweregine buýsançly garanjaklaýardylar.
Garaşylmadyk ýagdaýda meň kalbymy hakyky syýahatçylaryň ählisine mahsus bolan paýhassyz duýgy gaplap aldy — her edip, hesip edip, daglaryň bu täsin jandarlaryny elläp görmeli. Maňa indi haçan we nirede şunuň ýaly namysjaň hem güýçli guşlar bilen şeýle golaýdan duşuşmak nesip eder? Asla nesip edermikä beri?
Howp-hatary unudyp, ýokary dyrmaşdym.
Tagçanyň alnynda dürli reňkli daşlardan doly giň meýdança al-ýaşyl bolup görünýärdi. Şol ýerde meniň suw daşaýan awtoulagym arkaýyn ýerleşip biljekdi. Meýdançanyň iki tarapy uçut, üçünji tarapy içinde höwürtge bolan tagçaly kert gaýa, dördünji tarapy bolsa bir-birine jebis duran büdür-südür harsaňlar bilen tamamlanýardy. Şolaryň üsti bilen meýdança münmek meniň ýaly tejribesiz alpinist üçin hem o diýen kyn däldi.
Men guş çagalaryny sypalamaga hyýallanyp, olara tarap birnäçe ädim ätdim. Emma elimi uzadan badyma, olar arkan agdaryldylar-da, jüýgüldeşip, penjelerini kakyp başladylar. Olaryň jüýgüldisi şeýle bir güýçlüdi welin, ene-atasy eşider öýdüp gorkdum.
Eger bürgütler şu ýerde üstümi basaýsalar, ýap-ýaňy aşakda süňklerini synlan betbagt pyşdyllarymyň kysmatyndan maňa-da gutulma ýok.
Höwürtgeden daşlaşyp, tagçadan çykdym. Garaşylmadyk ýagdaýa diňe ellerim bilen gözlerimi ýapyp ýetişdim. Çalasyn pelpelleýän gara ganatlar, degäýjek-degäýjek bolup meň ýüzümi ýelpeýärdi.
Guşuň halys golaýymdadygyny duýdum. Men onuň gazaply gyk-gygyny hem-de dyrnaklarynyň daşy hytyrdadyşyny eşitdim, arkamy gaýa ýaplap, garaşdym…
Her niçik-de bolsa, üstüme hüjüm edilmedi. Oňa derek tutuş durkum bilen ýeliň güýçlenýändigini duýdum we pelpelleýän ganatlaryň uzaklaşýan sesini eşitdim.
Bu nämäniň alamatyka?
Halas bolanyma ynanyp bilmän, gözlerimi açdym.
Bürgüt gaýanyň dik depesine göterildi, soňra-da birden öwrüm edip, ganaty bilen gyýçak daşlara degäýjek-degäýjek bolup, meýdançanyň deňinde bat bilen uçup gitdi.
Men şonda onuň penjesinde urunýan ýylany gördüm. Aşakdan ýylan onuň penjelerine çolaşan ýaly bolup görünýärdi.
Her niçik-de bolsa, bürgüt howply oljasyny ýere taşlajak bolup, howada silkinip, bir eýläk-bir beýläk urunýardy.
Şol pille nämäniň nämedigine düşündim: «Bäh, diýmek, bürgüdiň höwürtgesine dyrmaşyp çykan ýeke men däl-dä. Ýylan hem jüýjejikler bilen tanyşmak islän bolmaly. Burgüt menem, ýylanam yzarlan bolsa gerek. Ýöne ikisinden has howplusyny saýlandyr».
Maňlaýyma şagga sowuk der indi. Ol ýylanyň bellisini edensoň, meň yzymdan geler ahyryn.
Tizden-tiz bärden garaňy saýlamaly!
Ynha, birden bürgüt dik aşaklygyna indi-de, gaýtadan ýokaryk göterildi, ahyrynda-da, ýylandan gutulmagyň hötdesinden geldi. Ol düýrülen gamça çalym edip, aşakdaky daşlaryň üstüne gaçdy.
Guş ganatlary bilen zordan howany kürekläp, meýdançaň deňine geldi-de, birhili tagaşyksyz gondy. Onuň penjeleri sandyraýardy.
Men şol mahalky ýeke-täk ýaragym bolan dürbimi elimde berk gysdym-da, tagça tarap okduryldym.
Ýöne ol meniň yzyma düşmedi. Onuň ümezli goňur gözleri maňa ganygyzgynlyk we alaçsyzlyk bilen seredýärdi. Onuň hopukdyryjy egri gögümtil-sary çüňki açykdy.
Bu guş bürgütden başgasy däldi.
Ol hyssyldap, howany açgözlük bilen demine dartýardy.
«Her niçik-de bolsa, sen ýadapsyň…»
Meniň ýagdaýymda ýekeje çykalga bardy — bürgüt demini dürsemänkä ýa-da ikinji bürgüt gelmänkä, saldamly daş bilen ony heläklemek.
Her nähili sapalak atsaňam, näme pikir etseňem, bürgüt meniň üçin ýeke çykalga bolan harsaňlara barýan ýolumda böwet bolup durdy. Men bürgütden gözümi aýyrman, öňe egildim-de gaýadan döwlüp gaçan bir bölek gyýçak daşy sermäp tapdym.
Höwürtgede guş çagalary bogazyny ýyrtyp gaharly jüýgüldeşýärdiler.
Bürgüt birdenkä yraň atdy, edil wäk diýýän ýaly hykgyldady-da, ýaýylan ganatynyň üstüne ýykyldy.
Men onuň bu gözgyny halynyň sebäbine düşünip, öz ýanymdan: «Asyl ýylan guşy çakan eken-ow» diýip oýlandym.
Parçalanmak hem ýokardan daşlaryň üstüne zyňylmak howpy azaldy we men heläk bolup barýan ýyrtyjyny synlap, şatlandym.
«Ýogsa näme! Hemmesi adalatly! Sen pyşdyllary ýok etdiň, ýylan seň jüýjeleriňi ýuwutmaga hyýallandy. Sen ony penjäňe gysyp, ýeňendirin öýtdüň. Emma ýylan seň başyňa ýetdi. Eger ýylan bolmadyk bolsa, seň maňa-da haýpyň gelmezdi…»
Hawa, dogrudanam men begendim. Ýöne bu şatlyk birhili ýüregimi mynçgalaýardy. Süňňümi birgeňsi gynanç we duýgudaşlyk duýgusy eýeläpdi.
Meň wagtym çäklidi, şonuň üçinem daşy pugta gysymlap bürgüde tarap ýöneldim. Men ilkinji gezek guşa sähelçe gypynç etmän seretdim. Ol maňa diýseň äpet göründi. Öňümde ýatan erkek däl-de, urkaçy bürgüt bolmaly diýip oýlandym.
Jüýjeler bir ýaramazlygy duýan ýaly bogazyna sygdygyndan jüýgüldeşýärdiler, höwürtgeden çykmaga synanyşýardylar.
«Gaýdyp eneňizi görmäýmesiňiz» diýip oýlanamda, ýüregimde hasrat gopýardy we şol bir wagtda «Meniň hiç hili günäm ýok. Ýazykly ýylan» diýip, özümi aklajak bolýardym. Adam ogluny gaty golaýdan görensoň, ene bürgüt haýallyk bilen çüňküni şakgyldatdy-da, öňe süýşdi.
Men jüýjelere gözümiň gytagyny aýladym.
«Elbetde, gyzyletenelere nebsiň agyrýar. Heniz per çykarmadyk…»
Demimi dürsäp, guşa tarap öwrüldim. Ol gözümiň alnynda ysgyndan gaçýardy. Onuň jany deşilen pökgüden howanyň çykyşy deýin haýallyk bilen çykyp barýardy.
Men elimdäki daşy zyňyp goýberdim. Indi onuň maňa geregi ýokdy.
Ýene bir ýola jüýjelere göz aýladym.
«Nebsim agyrýar… Gaty haýpym gelýär… size hiç hili kömek edip bilmeýändigime ýüregim gyýym-gyýym bolýar».
Birdenkä serime bolgusyz pikir geldi.
«Eger birden… — Emma bu pikiri bada-bat kellämden çykardym.. — Ýok! Bu janawar adam däl-de, guş ahyryn».
Her niçik-de bolsa, bu pikir serimden doly çykyp gidibermedi, kellämde şol aýlandy durdy, aýlandy durdy.
«Ol hem adam ýaly janly ahyryn!.. Eger onuň ýara ýerini tapyp, ýylanyň zäherine garşy sanjym etsem bolmazmyka?»
Howlukmaçlyk bilen ene bürgüdiň göwresine ünsli göz gezdirdim — sary penjelerine, ýeleklerine, boýnuna. Ýok, hiç hili ýara göze ilenok.
Onsoň men ýatyp galandan, atyp gal diýenlerini edip, jübimden sanjymiňňäni çykaraga-da, sandyrap duran ellerim bilen oňa iňňäni sünçmäge çalyşdym.
Emma şol pursat guş ganatlaryny pasyrdadyp, aýak üstüne galjak boldy. Gara dyrnaklary daşlaryň ýüzünde typyp gidýärdi.
Men oňa gaýtadan golaýlaşmakdan howatyrlandym. Birden çüňki bilen suňşuraýsa, pyşdyllaryň ýagdaýyna düşäýmegimem ähtimal.
Näme etjegimi bilmän egnimdäki penjegimi çykardym-da, ony hopukdyryjy egri çüňküň üstüne okladym, bir elim bilen guşuň boýnuny ýere gysdym, beýleki elim bilen bolsa ganatyň biraz aşak ýanyndan iňňäni sançdym…
Soňra özümi bada-bat harsaňlaryň üstüne okladym, süýşenekläp, böküp, typyp aşak düşdüm we ulagyň ýanyna howlukdym.
Ine, men ulagyň içinde. Iňrik garalypdy. Uzakdan gaýanyň köwegi mawy ot bolup ýagty saçýardy. Ulagy işletdim.
Sazak tokaýlygyny ýada salýan ýukajyk bulutlar gaýalaryň gyýçak depeleriniň üstünden süýşüp barýardy.
***
Iki hepdeden soň men ýene-de Saýhan jülgesine gitmeli boldum. Tanyş gaýanyň depesinde, howurdan ýaňa solgun görünýän düýpsüz mawy asmanda dört sany nokat sandyraşyp görünýärdi. Olar pelpelleşýän bürgütlerdi.
Dürbüden seredip, olaryň iki sany ýaş we iki sany uly bürgütlerdigini gördüm. Guşlar giňden ýaýan ganatlaryny sähelçe-de gymyldatman asmanyň ýüzünde gaýmalaşyp ýördüler.
Gözüme agram salyp, dykgat bilen guşlara seretdim. Howadakalar olary biri-birinden tapawutlandyrmak kyndy. Şolaryň içinde meniň halas eden ene bürgüdimiň bardygyna ynanasym geldi.
