Plutoniýa 1 (Roman)

Wladimir OBRUÇEW,
rus ýazyjysy
SÖZBAŞY
Biziň ene Ýerimiziň döränine ençeme million ýyl geçipdir, şonça wagtyň dowamynda hem onuň üstündäki ýaşaýyş ägirt uly özgerişlere sezewar bolupdyr.
Ilkinji deňizleriň mylaýym suwlarynda emele gelen belok goýultmaklary kem-kemden çylşyrymlaşyp, dürli ösümlik hem-de haýwan görnüşlerine öwrüldiler. Ol görnüşler nijeme nesillerden soň häzirki ýagdaýyna geldi.
Janly-jandarlaryň öz görnüşlerini şunuň ýaly üýtgetmeklerini, olaryň ýer gatlaklarynda daşa öwrülen galyndylaryny öwrenmek arkaly yzarlamak bolýar. Olar bize öten zamanlarda, ýaşaýyş döräli bäri sany on bire ýeten geologik döwürleriň dowamynda Ýeriň üstünde nähili ösümlikleriň bolandygy, nähili haýwanlaryň ýaşandygy barada ýeterlik derejede doly düşünje almaga mümkinçilik berýär. Geologik döwür häzirki döwürden näçe uzakda boldugyça, şonça-da ol döwre mahsus jandarlaryň häzirki döwürdäki görnüşlerden tapawudy uludyr.
Bu ötüp giden ýaşaýyş görnüşlerini, olaryň aýratynlyklaryny, ýaşaýyş şertlerini, bolup geçen üýtgeşmeleriň, ýagny bir görnüşleriň ýitip ýok bolup gitmeginiň, beýleki görnüşleriň bolsa ösüp kämilleşmeginiň sebäplerini paleontologiýa diýlip atlandyrylýan ylym öwrenýär.
Ony ýokary mekdepleriň käbirlerinde öwrenýärler. Ýöne ötüp giden janly-jandarlar, ösümlikler hem-de ol döwürleriň ýaşaýyş şertleri hakda, bolmanda, umumy düşünje almak her bir adam üçinem gyzyklydyr. Ylmy-fantastik roman görnüşinde ýazan bu kitapçamda men hut şu meseläni çözmäge synanyşdym. Munuň üçin daşyň ýüzünden gadymy ösümlikleriň galdyran sudurynyň nähili tapylyşyny, aýry-aýry ýapraklaryň bölekleri boýunça tutuş agajyň nähili bolandygy barada düşünje alnyşyny, dürli balykgulaklary, çaňňalaklary, merjen daşlaryny we oňurgasyz deňiz jandarlarynyň beýleki galyndylaryny nähili edip daşyň ýüzünden goparyp almalydygyny, oňurgaly jandarlaryň süňkleriniň örän seresaplyk bilen gazylyp alnyşyny hem-de olaryň skeletleriniň düzülişini, skeletlerden bolsa ol jandarlaryň daş sypaty barada çen tutulyşyny beýan etmek hem bolardy.
Ýöne şeýle suratlandyrmalar örän uzyn hem-de içgysgynç bolar, olar talyplara — geljekki paleontologlara gerek, giň okyjylar köpçüligine bolsa ozalky ýaşaýyş görnüşleri barada olar hiç hili gyzykly düşünjeler berip biljek däl. Şonuň üçin hem men ol gyzykly maglumatlary beýan etmek üçin roman görnüşini saýlap aldym. Ýöne okyjyny gadym döwürde ýaşap, ýitip ýok bolup giden jandarlaryň arasyna, olaryň ýaşaýyş şertlerine, ýagdaýyna nähili edip alyp barmaly?
Men şunuň ýaly etmäge synanyşylan diňe iki sany romany bilýärin.
Olaryň birinjisi Žül Werniň «Zemin jümmüşine syýahat» diýen romany. Onda alymlar Islandiýadaky wulkanlaryň biriniň agzyndan girip, düýbüne barýarlar hem-de onuň içinden täsin jandarlaryň, ýitip ýok bolup giden haýwanlaryň ýaşaýan ýerasty giňişliklerini tapýarlar. Ýöne ol jandarlar eserde aýdyň suratlandyrylmandyr. Alymlar ýeriň üstüne başga bir wulkanyň agzyndan, gaýnag suwuň, iň soňunda bolsa ergin lawanyň içinden sal bilen ýüzüp çykýarlar.
Bu bolsa düýbünden ynandyryjy däl.
Wulkanlaryň agzy aşaklygyna çuň gidýän açyk turba däl, olar doňan lawadan doly. Ergin lawa-ha beýle-de dursun, gaýnag suwuň üstünden hem sal bilen ýüzmek asla mümkin däl.
Romanda geologiýa boýunça ýalňyşlyklaryň köp bolmagy, 1915-nji ýylda meniň ýüregimde «Plutoniýa» romanyny ýazmak höwesini döretdi. Şol mahala çenli men ýaş okyjylar üçin hiç zat ýazmandym, ýazmakçy hem bolamokdym.
Ikinji roman Artur Konan Doýlyň romany, onda Günorta Amerika syýahat edýän jahankeşdeler, töwerekdäki ähli ýerlerden üzňe oturan, ilkidurmuş adamlaryň, uly adamsypat maýmynlaryň hem-de Ýeriň beýleki ýerlerinde ýitip ýok bolup giden käbir haýwanlaryň ýaşaýan, barmasy juda kyn, uly belentlige gelýärler. Belentlige çykanlaryndan soň jahankeşdeler her hili başdangeçirmelere duçar bolýarlar.
Ýöne bu romanda hem ynanyp bolmajak zatlar juda kän, ol diňe okyjyny häzirki döwre ýakyn dünýä bilen tanyşdyrýar. Ol eser mende känbir täsir galdyrmady, men iki gezek okandygyma garamazdan, hatda onuň adyny hem ýadymdan çykarypdyryn, ýogsa men ol eseri Žül Werniň romanyndan has soň okapdym.
Hakyky ylmy-fantastik roman çynaberimsiz bolmaly, ol ähli beýan edilýän wakalaryň belli bir ýagdaýlarda bolup biljekdigine, olarda hiç hili adatdan daşary, akyla sygmajak ýagdaýlaryň ýokdugyna okyjylary ynandyrmaly. Eger-de romanda her dürli täsinlikler üýşürilen bolsa, onda ol roman däl-de, her hili toslamalara ynanýan körpeje çagajyklar üçin erteki bolar.
«Plutoniýa» romanynyň eýýäm ilkinji neşirleri onuň çynaberimsizlik şertlerini doly kanagatlandyrýandygyny görkezdi. Men okyjylardan ençeme hatlary aldym, olaryň birnäçesi öz hatlarynda ýerasty dünýäni öwrenmek üçin «Plutoniýa» täze ekspedisiýalaryň şaýlanmaýandygynyň sebäbini gara çynlary bilen soraýarlar, ýene bir topary bolsa geljekki ekspedisiýa gatnaşmaga höwes edýärler, romandaky syýahatçylaryň soňraky ykbaly bilen gyzyklanýanlar hem az däl. Şonuň üçin hem awtor, okyjylary öten zamanlaryň käbir döwürlerindäki haýwanlar we ösümlikler bilen tanyşdyrmak üçin, göýä, olar häzirki wagtda Zeminiň jümmüşinde ýerleşýän bir ýerlerde bardyr öýdülip, geçen asyryň başlarynda orta atylan hem-de alymlar tarapyndan çynlakaý maslahatlaşylan ylmy çaklamalary hakykat hökmünde almaly bolandygyny düşündirmeli bolýar. Ol ylmy çaklamalar romanyň iň soňky babynyň öň ýanyndaky «Ylmy pikir alyşma» atly bapda giňişleýin beýan edilýär, onda ekspedisiýanyň guramaçysy ol ylmy çaklamalaryň adalatlydygyny tassyklaýar. Hakykat ýüzünde bolsa ylym onuň esassyzdygyny bireýýäm subut etdi.
Awtor «Plutoniýanyň» bu neşiriniň hem edil ozalkylar ýaly, ýaş okyjylarda geologiýa bilen içgin tanyşmaga hem-de biziň gojaman Zeminimiziň düzümini we gurluşyny öwrenýän, onda öten döwürlerde nähili ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň ýaşandygyny, olaryň nähili üýtgeşmelere sezewar bolandygyny, Zeminiň hökümdaryna öwrülen, pikirlenip bilýän ýeke-täk jandaryň, ýagny adamyň ähli janly-jandarlaryň arasynda öňe çykmagyna çenli, nähili ýagdaýlar sebäpli öz orunlaryny başga görnüşlere berendikleri barada gürrüň berýän bu diýseň gyzykly ylym bilen meşgullanmaga höwes döretjekdigine umyt edýär.
W. A. OBRUÇEW
GARAŞYLMADYK TEKLIP
Täze Ýere we Şpisbergene eden syýahatlary, şeýle hem Polýar Uralyny barlamagy bilen tanymallyk gazanan, uniwersitetiň geologiýa kafedrasynda işleýän professor Kaştanow edil şu wagt öz barlaghanasyndan gelipdi. Güýzki ýarymýyllyk tamamlanypdy, sapaklardyr synaglar gutarypdy, şonuň üçin hem professor gyşky üç hepdelik dynç günleri hakda arzuw edýärdi. Ýok, ol işsiz goluny gowşuryp oturmagyň hyýalyna münenokdy! Entek garrylyga ýan bermedik, gujur-gaýratly, tut ýaly sagat Kaştanow iki-üç gün dynç almagy niýet edinýärdi, soňra bolsa pikirini durlap, Uralyň hem-de Täze Ýeriň geologiýa taýdan baglanyşyklary barada alymlyk makalasynyň üstünde basa oturyp işlemekçidi.
Ýazuw stolunyň başyna geçip, nahara garaşyp oturyşyna Kaştanow bu günki gelen hat-petekler bilen tanyşdy, awtorlaryň özüne iberen ylmy kitapçalaryny agdaryşdyrdy, nemes kitap neşirleriniň ylmy täzelikleriniň sanawyna göz gezdirdi. Ahyry onuň ünsüni sarymtyk uly bukjaly, örän düşnükli, ýöne owunjak hat bilen salgysy ýazylan hat çekdi.
Özüniň hemişeki habarçylaryny professor hat ýazyşlaryndan gowy tanaýardy, bu hat nätanyş adamyňky bolany üçin ol ony has gyzyklandyrdy.
Kaştanow bukjany açdy hem-de haýran galyp, aşakdaky sözleri okady:
Munku-Sardyk, 1/XII 1913
Çuňňur hormatlanýan Petr Iwanowiç!
Siziň polýar ülkelerini barlamakda baý tejribäňizi hem-de Arktika sebitiniň geologiýasyna gyzyklanma bildirýändigiňizi nazara alyp, men size Buzly ummanyň heniz barlanylmadyk bölegini öwrenmek üçin özümiň öňümizdäki baharda ugradýan bir-iki ýyllyk uly ekspedisiýama gatnaşmagy teklip edýärin. Eger-de siz muňa razy bolsaňyz, onda özbaşdak gepleşikleri geçirmek üçin 1914-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda günortan Moskwanyň «Metropol» myhmanhanasyna gelmegiňizi haýyş edýärin. Ol ýere şol gün, şol wagtda ekspedisiýa gatnaşmagy göz öňünde tutulýan beýleki adamlar, şeýle hem meniň özüm, ýygnanyşmakçy bolýarys. Eger-de siz bu syýahata gatnaşmak islemeseňiz, onda şol salgy boýunça bize duýdurmagyňyzy soraýarys. Nähili bolanda hem ýol çykdajylaryňyzyň öweziniň dolduryljakdygyny habar berýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Nikolaý Innokentýewiç Truhanow.
Professor haty goýdy hem-de oýa batdy.
«Truhanow? Bu familiýa tanyş ýaly, ýöne nirede, haçan eşitdimkäm? Göwnüme bolmasa, geofizika ( Geofizika — ýer togalagynyň fiziki gurluşy, magnit we elektrik häsiýetleri, dartyş güýji, radioaktiwligi, çuňluklaryň temperaturasy, ýeriň jümmüşiniň fiziki ýagdaýy baradaky ylym.) ýa-da astronomiýa meseleleri bilen baglanyşykly ýaly. Soraşdyryp görmeli. Bu juda gyzykly. Özi Mongoliýanyň serhediniň bir ýerlerinde ýaşaýar, Buzly ummana hem ekspedisiýanyň şaýyny tutýar!».
Kaştanow elini telefona uzatdy hem-de özüniň kärdeşine, astronomiýa boýunça professora jaň etdi. Ol oňa, ynha, şu maglumatlary berdi: Truhanow uniwersiteti tamamlap, öz durmuşyny geofizika we astronomiýa bilimlerine bagyş edipdir. Golaýda ol uzak gyş paslynyň dowamynda gije-gündizleri bulutsyz bolagan Günorta Sibiriň tämiz hem dury howasyndan peýdalanmak üçin Mongoliýa bilen serhetde, Saýan dag gerişlerinde ýerleşen Munku-Sardyk dagynyň depesinde obserwatoriýa gurupdyr. Ýöne demirgazyk sebitleri onuň nämesine derkarka? Näme diýeniňde-de, Buzly ummanyň üstündäki atmosfera astronomiýa gözegçiliklerini geçirmek üçin Munku-Sardykça bolup bilmese gerek…
Onuň bu sowalyna astronom jogap berip bilmedi, Kaştanowa hem öz bilesigelijiligini kanagatlandyrmak üçin 2-nji ýanwara çenli garaşmakdan başga alaç galmady. Ol, elbetde, Moskwa gitmegi ýüregine düwdi.
MOSKWADAKY MASLAHAT
1914-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda süýr günortanlar Kaştanow ulagyny dazladyp, «Metropol» myhmanhanasyna bardy hem-de şweýsaryň ( Şweýsar — myhmanhanalaryň, restoranlaryň, edaralaryň girelgesindäki sakçy.) görkezen 133-nji belgili işigini kakdy. Gapy giňden açyldy, professor ýagty, giň otaga girdi. Ol ýere eýýäm birnäçe adam ýygnanan ekeni. Olaryň biri ör turup, Kaştanowa elini uzatdy hem-de joşgunly geplemäge başlady:
— Pýotr Iwanowiç, howa näçe ýakymsyz bolsa-da, hakyky sibir syrgyny tursa-da, siz edil sagat kimin wagtyňyza sak! Bu biziň başyny tutýan işimiziň şowlajagynyň alamaty. Çakylygymyzy kabul edendigiňize köp-köp minnetdarlygymy bildirýärin, öz ýanymda sizi görmegiň miýesser edendigine örän şat! Men Truhanow. Sizi bu ýere ýygnananlar bilen tanyşdyrmaga rugsat ediň.
Adamlar gezekli-gezegine ýerlerinden turup, Kaştanow bilen tanyşdylar:
— Zoolog ( Zoolog — haýwanlary öwrenýän alym.) priwat-dosent ( Priwat-dosent — 1917-nji ýyla çenli Russiýada hem-de käbir beýleki ýurtlarda, ýokary okuw mekdebinde daşyndan okadýan mugallymyň alymlyk derejesi, şol derejä eýe bolan adam.) Semýon Semýonowiç Papoçkin.
— Baş obserwatoriýanyň meteorology ( Meteorolog — atmosfera hadysalaryny öwrenýän alym.) Iwan Andreýewiç Borowoý.
— Botanik ( Botanik — ösümlikleri öwrenýän alym.) hem lukman Mihail Ignatýewiç Gromeko.
Otagyň ortasyndaky tegelek stolda Arktika sebitiniň ullakan kartasy ýazylgy durdy, onda ýiti reňkli çyzyklar bilen soňky elli ýylyň dowamynda geçirilen ekspedisiýalaryň ýoly görkezilipdir. Onda, hatda 1913-nji ýylda Wilkiskiý tarapyndan Taýmyr ýarym adasynyň demirgazygynda açylan ýer ( Häzir ol ýer Demirgazyk Ýer diýlip atlandyrylýar.) hem eýýäm görkezilipdir.
Hemmeler stoluň daşyna egrelişip oturanlaryndan soň Truhanow söze başlady:
— Ine, şu kartada özüňizem görýänsiňiz, Arktika sebitiniň, Sibiriň, Demirgazyk Ýewropanyň, Grenlandiýanyň we Demirgazyk Amerikanyň aralygyndaky böleginiň altydan bäş bölegini köpsanly ekspedisiýalar terslin-oňlyn geçipdir. Ýöne golaýda Wilkiskiniň täze gury ýeri açmagy hemmeleri haýrana galdyrdy. Bu açyş Arktikada entegem ylym üçin ägirt uly açyşlaryň mümkindigini görkezýär. Munuň üçin ozalky syýahatçylaryň tejribesini peýdalanyp, maksadalaýyk tagalla etmek gerek.
On ýedinji, on sekizinji asyrlaryň şöhratly ekspedisiýalarynyň — Pronçişşewiň, Laptewiň, Dežnýowyň, Beringiň, şeýle hem on dokuzynjy asyryň birinji ýarymynda Sibiriň demirgazyk çetinde Wrangel bilen Middendorfyň geçiren derňewlerini, häzirki wagtda Sedowyň, Brusilowyň, Rusanowyň ekspedisiýalary dowam edýärler. Olar Kara hem Barens deňizlerinde ylmy barlaglary geçirýärler. Wilkiskiý hem şol töwereklere aralaşypdyr, elbetde, ol öz barlaglaryny mundan beýläk hem dowam eder. Men olar bilen bassaşlyk etjek bolamok…
Meniň etsem-goýsamlarym Arktika sebitiniň beýleki bölegine degişli — diýip, Truhanow az salym böwrüni diňläp, sözüni dowam etdi. — Çukotka ýarym adasynyň hem-de Alýaskanyň demirgazygyndaky, ynha, şu uly ak zolaga serediň, reňkli çyzyklaryň hiç biri hem ony kesip geçmeýär! Buz gabsan bedibagt «Žanetta» gämisi bu zolagyň birneme günortasyndan ýüzüp geçipdir. Swerdrupyň hem-de Amundseniň soňky ekspedisiýalary bolsa gündogarrakda, Demirgazykamerikan arhipelagynyň ( Arhipelag — biri-birine golaý ýerleşen deňiz adalarynyň topary, adalyk.) adalarynyň arasynda işlediler. Belkem-de, şu zolagyň çäklerinde hiç kime mälim bolmadyk gury ýer ýa-da ullakan ada bardyr, dogry, ol ada Grenlandiýadan iki esse töweregi kiçiräk bolsa gerek. Arktikanyň bu böleginde tutuş bir arhipelagyň ýatan bolmagam ahmal. Ynha, serediň, bu zolagyň gündogar gyrasyna Krukeriň, günorta çetine Kinanyň uzakdan görüp, ada bardyr öýdüp çaklan ýerleri bellenipdir. Nansen Buzly ummanyň bu böleginde uly ada, gury ýer ýokdur diýip pikir edýär, onuň tersine, Piri bolsa özüniň Foma Gobbard burnundan demirgazyk-günbatarda uly yklymyň çetini görendigini tassyklaýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kenarýaka we geodeziýa ( Geodeziýa — Ýeriň şekilini plana, karta geçirmek üçin ölçeg işlerini alyp barmak bilen meşgullanýan ylym.) surata düşüriş toparynyň agzasy Garris Alýaskanyň demirgazyk kenarlarynda daşgynlary we gaýtgynlary öwrenmek boýunça maglumatlara esaslanyp, şeýle yklymyň bardygyny tekrarlaýar. Onuň aýtmagyna görä, Bofort deňzinde suwuň derejesiniň beýgelip-peselmesiniň häsiýeti olaryň darajyk hem ýalpak Bering bogazynyň üsti bilen Ýuwaş ummandan gelmän, Norwegiýa bilen Grenlandiýanyň aralygyndaky çuňňul boýunça Atlantik ummandan gelýändigini görkezýär, soňra bolsa çak edilýän yklymyň hem-de Alýaskadyr Sibiriň aralygyndan geçensoň, tolkunyň güýji gowşaýar. Eger-de ol yklym ýok bolsa, onda daşgynyň tolkuny gowşamazdam, haýallamazdam, ol Demirgazyk polýusyň üsti bilen Grenland deňzinden gös-göni Alýaskanyň hem-de Çukotkanyň kenarlaryna gelerdi. Yklymyň, dogrudanam, bardygyny ýene-de bir ýagdaý subut edýär, günbatarda açylan Bofort deňzinde günbatar şemaly daşgynyň tolkunlaryny güýçlendirýär, gündogardan ösýän ýel bolsa ony gowşadýar, tolkunlaryň arasyndaky tapawut bolsa iki metre çenli ýetýär. Bu bolsa diňe iki yklymyň arasynda gysby ýerleşen deňizde bolup biler. Çaklanylýan yklym Demirgazykamerikan arhipelagynyň adalaryndan diňe insiz bogaz arkaly aýrylyşýar. Eger-de bu bogaz giň bolsa, onda Atlantik ummanyň daşgynynyň tolkunlary Bank adasynyň kenaryna çenli ýetip bilerdi, ol ýerde hem bu yklymyň günbataryndan hem günortasyndan aýlanyp geçen daşgyn tolkunlary biri-birine urlup, ýok bolup gitmeli. Ýöne Mak-Klýuryň Bank adasynyň günbatar kenarynda geçiren gözegçilikleri bu ýerde henizem günbatardan, Bofort deňzinden gelýän daşgyn tolkunynyň agalyk sürýändigini görkezdi.
Şeýlelikde — diýip, Truhanow sözüni dowam etdi. — Arktikanyň bu böleginde yklymyň ýa-da gysby oturan uly adalaryň giden bir toparynyň bolup biljekdigini şübhesiz diýip hasap etse boljak. Indi diňe ol adalary açmak hem-de olar Russiýanyň eýeçiligine degişli diýip yglan etmek gerek. Men Kanadanyň hökümetiniň şu ýylyň tomsunda bu ak zolaga gündogar tarapdan barmak üçin ekspedisiýa şaýlanýandygyny bildim. Indi haýal-ýagallyk etmeli däl, biz bu sebite Bering bogazynyň ýerleşýän tarapyndan, günortadan ýa-da günorta-günbatardan barmaly, ýogsam Arktikanyň iň soňky näbelli bölegini iňlisler eýelärler hem-de öwrenerler. Ine, şonuň üçin hem men ekspedisiýa gurap, ol ýere ibermegi ýüregime düwdüm, sizi bolsa oňa gatnaşmaga çagyrýaryn.
Indi size özümiň ýakyn wagtda etmekçi bolýan işlerimi mälim etmäge rugsat beriň. Soňky ýüzüşleriň tejribesi göz öňünde tutulyp, has kämilleşdirilen «Fram» kysymly gämi güýzden bäri gurlup ýör. Ýakyn günlerde ol suwa goýberiler, onsoň kapitan onuň doly enjamlaşdyrylmagyna ýolbaşçylyk etmäge gider. Şertnama laýyklykda, apreliň ahyrlaryna gämi doly taýýar bolmaly hem-de birinji maýda ekspedisiýa gatnaşýan adamlary almak üçin Wladiwostoga gelmeli. Maýyň başlarynda biz labyrdan boşanyp, göni Kamçatka tarap gideris. Ol ýerde, Petropawlowskide itlere erk etmekde ýeterlik tejribesi bolan kamçadallaryň ( Kamçadal — Kamçatkanyň ýerli halky bolan itelmenleriň XVIII asyrda atlandyrylyşy.) bir-iki sanysyny sanka goşmaly itleri bilen bilelikde gämä alarys. Itdir itşynaslary tapmak Kamçatkada başartmasa, biz olary Bering bogazynda Çukotka ýarym adasynda alarys. Itlere ýukola, ( Ýukola — Sibirde, esasan, lososdan taýýarlanýan kakadylan balyk şeýle atlandyrylýar, ony ýerli ilat özlerine hem itlerine iýmit üçin gyşa taýýarlaýarlar.) adamlara-da ýyly geýim almak üçin biz öňi-soňy ol ýere barmaly bolarys. Bering bogazyndan geçemizden soňra, biz «Žanetta» gämisiniňki ýaly demirgazyk-günbatara gitmeris-de, gözleýän ýerimize tarap, demirgazyk-gündogara tutdurarys. Elbetde, bize buzluklar gabat geler, biz olaryň arasy bilen mümkingadar aňyrlygyna gitjek bolarys, ýöne biz ol ýeriň kenarlaryna gämili ýetip bilmesek gerek, şonuň üçinem sanili ekspedisiýany gämiden düşüreris, olam başardygyndan demirgazyga gider. Ekspedisiýa gyşlamaly bolaýsa, kösenmez ýaly bir ýyllyk azyk-owkat bilen üpjün ediler. Eger-de topar güýze çenli yzyna dolanyp gelmese ýa-da gury ýeriň, buzluklaryň günorta eteginde gözegçilik etjek gämi polýar gijeleri düşmänkä adamlary ýygnamaga ýetişmese hem olaryň azyk-owkady ýanynda bolar, horluk çekmezler. Bilip bolmaz, birden nähilidir bir betbagtlyk bolup, ekspedisiýa ikinji ýyla galaýsa, iýmitden kösençlik çekmez ýaly, gämi gury ýeriň kenarynda biri-birinden belli bir uzaklykda olar üçin azyk-suwluk, ok-däri ammarlaryny goýar. Eger-de geljek ýylyň tomsuna çenli gämi Ýewropa bilen telegraf aragatnaşygy bolan haýsydyr bir porta dolanyp gelmese, soňky ýylyň baharynda gämini gözlemek hem-de sanili giden adamlary tapmak üçin olaryň yzyndan halas ediş ekspedisiýasy ýollanar.
Görşüňiz ýaly, ekspedisiýanyň wezipesi täze ugur boýunça Demirgazyk polýusa barmak däl-de, bary-ýogy Bering bogazynyň demirgazyk tarapyndaky çak edilýän yklymy derňemek, ýöne bu wezipe hem ondan agyr bolmasa ýeňil däl. Işimiz ugruna bolsa, biz öz watanymyza şu ýyl güýzüň ahyrynda dolanyp geleris, özem gözleýän gury ýerimizi asla görüp bilmezligimizem ahmal. Buzlukda, gäminiň üstünde ýa-da yklymda gyşlap, birki ýyl giç dolanyp gelmegimiz hem juda bolup biläýjek ýagdaý. Erbet ýeri, biziň heläk bolmagymyz hem mümkin, ine, şuny biziň her birimiz göz öňünde tutmalydyrys hem-de öz ýagdaýymyzy mazaly oýlanyp, saldarlap görmelidiris — diýip, Truhanow sözüni soňlady.
Ara az salym dymyşlyk düşdi, ýygnananlaryň her biri az wagtlyk bu iş hakda pikirlenmäge maý tapdylar. Ara düşen böwşeňligi ýene Truhanow bozdy:
— Giňişleýin düşündiremizde ekspedisiýanyň öňde goýýan maksady, ynha, şeýle. Araňyzda bu hatarly işe baş goşmak islemeýänler bar bolsa, men olardan daşary ýurtlularyň bizden öňürtmezlikleri üçin maý aýynyň başyna çenli bu meýillerimiz hakynda hiç kimiň ýanynda dil ýarmazlyklaryny haýyş edýärin.
— Nikolaý Innokentýewiç, ýalňyşmaýan bolsam, siz «sanili ekspedisiýany gämiden düşüreris» diýdiňiz. Näbelli yklymy derňemäge siziň özüňiz gatnaşmakçy dälmi? — diýip, Kaştanow sorady.
— Gynansagam, Pýotr Iwanowiç, men bu syýahata gatnaşyp bilmerin. Men siz bilen gämide giderin, soňam gäminiň üstünde galaryn, nätjek, men pyýada ýöräp bilemok, bir aýagym gysga, dyzym hem ýasama dyz. Saýan daglarynyň ýabany tebigatyna syýahat edemde seresapsyzlyk edip aýagymy döwdürdim. Men indi otura maýyp, başga zada ýaramok.
— Onda ekspedisiýa bilen kimler gider?
— Şu ýere ýygnananlaryň menden hem-de kapitandan başga ählisi ekspedisiýa gatnaşar. Kamçadallaryň ýa-da çukçalaryň hem biri-ikisi gämide galar, umuman, gämide bäş-alty adam galar, galany ekspedisiýa bilen gider. Tebigatyň üç şalygynyň üçüsiniňem öwrenilmegi üpjün ediler. Meteorolog bolsa diňe atmosfera hadysalaryny öwrenmän, uzaklygy hem giňişligi kesgitlemegi hem öz üstüne alar… Şeýle dälmi, Iwan Andreýewiç?
— Dogry aýdýarsyňyz, meniň bu iş babatynda ýeterlik tejribäm bar — diýip, Borowoý jogap berdi.
— Ekspedisiýa gatnaşmak meselesini ur-tut çözmeli diýlen zat ýok. Goý, her bir adam ýekelikde meniň teklibim barada mazaly oýlansyn.
— Gutarnykly jogaby haçan aýtmaly? — diýip, Papoçkin sorady.
— Ýene bir hepdeden edil şu wagtlar. Gynansagam, oýlanmaga ondan kän wagt berip bilmeýärin, sebäbi araňyzdan biri ekspedisiýa gatnaşmazlygyň kararyna gelse, men onuň ýerine hemme zat babatynda laýyk gelýän başga bir hünärmeni gözlemeli bolaryn, onsoňam men ýanwar aýynyň ahyrynda obserwatoriýamyň işlerini ýola goýmak üçin Sibire dolanyp barmaly. Men ony uzak wagtlap goýup gitmeli boljak…
Ýene bir hepdeden Truhanowyň otagynda bu adamlaryň kapitandan başga ählisi ýygnandy. Kapitan gämini kabul etmäge gidipdi. Alymlaryň hiç birisi ekspedisiýa gatnaşmakdan ýüz öwürmedi, çünki bu syýahat howp-hatarlydygyna garamazdan, juda özüneçekijidi. Truhanowyň keýpi kökdi, ol adamlaryň hiç haýsynyň ikigöwünli däldigini, agzybirligini ýagşylyga ýordy, başyny tutan işleriniň şowlajagynyň alamaty diýip hasaplady. Meýilnama ýene bir gezek ara alnyp maslahatlaşyldy, gatnaşyjylaryň her haýsy öz hünäri boýunça zerur ylmy ýa-da şahsy enjamlary almak barada tekliplerini aýtdylar.
Ertesi gün adamlaryň hemmesi ekspedisiýa taýýarlanmak hem-de şahsy işlerini birýanýüzli etmek üçin dagadylar.
ALYS ÝOLA UGRAMAK
20-nji aprelde, öňünden gepleşişleri ýaly, professor Kaştanow, zoolog Papoçkin, meteorolog Borowoý hem-de lukman Gromeko dagy Orsýediň dürli ýerinden gelip, belleşen ýerlerinde duşuşdylar hem-de çalt ýöreýän sibir otlusy bilen Moskwadan ugradylar. On günden olar Wladiwostogyň menzilgähine gelip düşdüler.
Barmaly myhmanhanalarynda biziň syýahatçylarymyzy Truhanow garşy aldy. Ol gerek-ýarak zatlary satyn almak hem-de sargyt edilen enjamlary kabul etmek üçin bu ýere bir hepde öň gelipdi. Ertesi gün, 1-nji maýda olaryň bäşisi hem porta gelen «Demirgazyk ýyldyzy» atly gämini garşyladylar. Kapitan sekisiniň üstünde olara kapitanyň ýele gaýzygan ýüzi ýylgyryp bakýardy.
Üç günläp gämä kömür, çalgy ýagy, azyk-owkat, her dürli ylmy abzallar hem-de ekspedisiýa gatnaşýanlaryň hususy goş-golamy ýüklendi, üçülenji gün olaryň özleri hem gämä mündüler.
4-nji maýda ir säherden gämi ýüzüşe doly taýýar bolup durdy, gümrükhana resminamalary dolduryldy, gäminiň deňizçileri hem-de ýolagçylar öz orunlaryna geçdiler.
«Demirgazyk ýyldyzy» gämisi Altyn Şah goltugynyň tolkunlaryny birsydyrgyn bölüp barşyna günortanlar Kürre Gulak çylgymynyň daşyndan aýlanyp, Rus adasynyň gapdalyndan geçdi-de, gündogarlygyna ugur aldy. Ekspedisiýanyň alymlarynyň bäşisi hem kapitan sekijiginiň üstünden ýaşyl goltugyň aňyrsyndaky baýyrlarda ýarym aýlaw bolup ýaýlyp ýatan şäheri gözleri bilen ugratdylar. Olaryň her biriniň ýüreginde «maňa bu kenary gaýdyp görmek barmyka?» diýen sowal biygtyýar döredi. Olaryň kalbyny gussa gaplap aldy. Ýöne deňziň sergin şemaly, goltukdan çykylandan soň gäminiň ýeňiljek ýaýkyldamasy tiz wagtdan olaryň kenar barada oý-hyýallaryny kellesinden çykardy. Ertirlik edinmäge çagyrýan zaň sesi ýaňlandy hem-de syýahatçylar yzda galan dogduk kenaryň garamtyl zolagyna soňky gezek nazar aýlap, kaýut-kompaniýa ( Kaýut-kompaniýa — gäminiň üstünde nahar iýilýän, dynç alynýan otag.) düşdüler.
Ertirlikden soňra adamlaryň hemmesi tä Kamçatka çenli ata ýurduň soňky bölejigi bolan Askold adasynyň garamtyl suduryna seretmek üçin paluba galdylar. Adanyň deňinden geçip, «Demirgazyk ýyldyzy» gündogara öwrüldi. Şemal ýuwaşady, gämi gözýetimiň günortasynda hem-de gündogarynda alyslara uzalyp gidýän Ýapon deňziniň mawy tolkunlarynyň üstünden endigan ýüzüp barýardy. Diňe gaýra tarapda, on bäş-ýigrimi kilometrlikde Ussuriýa kenarynyň garamtyl zolagy uzalyp gidýärdi. Gün ýaşar çaglary Öwrümli burnunyň aňyrsyna geçilenden soň, ol zolagam gözden ýitdi.
Gämi çaltlyk bilen demirgazyk-gündogara öwrüldi.
— Biz haýsy porta barýarys?
— Güýçli tupan turaýmasa, biz hiç porta hem barmarys. Häzir barometr ýokarda, Kuril adalaryna barýançak tupan turar gorkusy ýok.
— Ondan soň nähili bolar?
— Ondan soň Ohot deňzi birneme ýakymsyzlyk etse gerek. Ol ýeri Ýuwaş ummanyň iň bir ýowuz ýeri. Kamçatka barýan gämilere her gezek diýen ýaly ýakasyny tanadýar. Duýdansyz tupanam, ümür-dumanam, ýagyş-garam ol ýerde hemişe bolýar. Esasanam, güýz paslynda şeýle. Ýöne ol ýeriň howasy demirgazygyň gazaply şertlerine taýýarlanmak üçin bize gowy türgenleşik bolar.
Deňiz asuda bolansoň bu gije her kim rahat ýatyp ukusyny aldy, ýola taýýarlanmagyň hysyrdylaryndan soň adamlar mazaly dynjyny aldylar. Ýöne ertesi gün Truhanowyň diýşi ýaly boldy. Barometr güýçli aşak düşdi, demirgazyk-günbatardan ýiti şemal turdy, asmany çal bulutlar gaplady hem-de owunjak güýz ýagşy ýagyp başlady. Sabyrlylyk burnunyň giňişliginde «Demirgazyk ýyldyzy» gündogara öwrüldi hem-de Ohot deňzine düşdi-de, Sahalinden daşlaşyp başlady. Gämi gapdallygyna güýçli çaýkanýardy. Syýahatçylar gaty ýakymsyz gijäni geçirdiler.
Howa ertesi günem gowulaşmady. Bir-de ýagyş ýagýardy, birdenem gar. Gerişleri ak köpükli gara tolkunlar gäminiň çep gorumyna yzygiderli urlup, palubanyň üstüni suw-sil edýärdi. Wagt geçirmek üçin ondan-mundan gürrüň edip, kaýut-kompaniýadan çykman oturmaly boldy. Gämiň çaýkanmasyna bolmaýan Papoçkin bilen Borowoý ertirlige-de, günorta naharyna hem gelmediler. Kapitan gäminiň ýokarky palubasyndaky ýerinden diňe kämahal, az salymlyk düşýärdi. Bolsa-da, tupan beýlebir güýçli däldi, gije bolsa ol biraz gowşaşdam. Irden öňde Kuril adalarynyň demirgazyk böleginiň iň uly adasy bolan Paramuşiriň sudury garalyp göründi, sag tarapda bolsa kiçeňräk adalar bolan Makanruşi hem-de goýy tüssesini burugsadyp oturan Toorusyr wulkany ýerleşýän Onekotan göründi. Şemal ýatdy. Indi wulkanyň tüssesi dik ýokarlygyna gidýärdi hem-de atmosferanyň ýokarky gatlaklarynda ümürli asmanda ýaýrap, çal bulut ýaly bolup çalaja saýgardýardy. Günorta tarapda, birnäçe mil uzaklykda Awossi gaýasy gämä haýbat atýan ägirt uly gara barmak ýaly sömelip, suwuň üstünde dim-dik bolup görünýärdi. Onuň ümrüň içinde zeýtun reňk ýaşyl görünýän esasy, ak köpük bolup urulýan tolkundan aýyl-saýyl tapawutlanyp, göze dürtülip durdy.
— Bu adalaryň gorkunçdygyny! — diýip, gury ýeriň görünýändigini eşidip, paluba galan Papoçkin içini çekdi.
Dogrudanam, gyrymsy agaçlara bürenen, gyzylymtyl-gara öwüsýän tukat daglar gaty eýmenç görünýärdi.
— Bu ýerde elmydama ümür-duman, tomus ýagyş, gyşam gar ýagýar, onda-da bu ýerlerde hem adam ýaşaýar — diýip, Truhanow hem seslendi.
— Kuril adalary tutuşlygyna wulkandan emele gelipdir — diýip, Kaştanow düşündirmäge başlady. — Bu ýerde ýigrimi üç wulkanyň bardygy hasaba alnan, olaryň on altysy ýygy-ýygydanam, seýregem bolsa, garaz, hemişe hereket edýän wulkanlara degişli. Kamçatkany Ýaponiýa bilen birikdirýän bu ulgam çuňlugy dokuz ýarym müň metre ýetýän Tuskaror atly uly deňiz çuňňulynyň günbatar çetinden uzalyp gidýär. Ýer gabygynyň uly ýaryklarynyň zolaklarynda adatça, wulkanlar hereket edýär, ýertitremeleriniň ýygy-ýygydan bolmagy bolsa, ýer gabygynyň entek hereket edýändigini hem-de deňagramlylygyň bozulýandygyny görkezýär.
TÜSSELI DEPELERIŇ ÝURDY
Günortandan soň ugurdaş şemal ähli ýelkenleri goýbermäge mümkinçilik berdi, onsoň «Demirgazyk ýyldyzy» iki esse çaltlyk bilen eýýäm gözýetimde görünýän Kamçatka bakan ýüzdi. Gämi tiz wagtdan Lopatka burnunyň deňine geldi, syýahatçylaryň gözleriniň öňünde wulkan depeleriniň uzalyp gidýän zolagy peýda boldy. Depeleriň käsi konus görnüşindedi, pesräk gerişleri biri-biri bilen birigen tekiz örküçli ýasy depelerem bardy. Depeleriň syrdam hem çüri konuslaryny hem-de olary birikdirýän gerişleri büräp duran ak gar garalyp duran asmanyň goýnunda agaryp, gözüňi gamaşdyrýardy. Aý aýdyň gije gämä Awaçin goltugynyň dar girelgelerine kynçylyksyz girmäge mümkinçilik berdi. «Demirgazyk ýyldyzy» ýelkenlerini ýygnap, girelgäniň beýik gaýalarynyň arasyndan ýuwaşja ýüzüp geçdi hem-de giň goltuga bardy, onuň kenarynda ýekeje yşyk hem görünmeýärdi, adam-gara bara meňzänokdy. Eýýäm wagt ýarygijeden agypdy, kiçijik şäher bolan Petropawlowsk bireýýäm süýji uka batypdy. Goltugyň asuda suwlary Aýyň ýagtysyna kümüşsöw öwüsýärdi, gaýra tarapda, uzaklarda gara asmanyň goýnunda göze görünýän ýaly bolup, Awaçin depesiniň syrdam konusy seleňläp durdy. Howanyň çytawun aýazdygy duýulýardy.
Bir sagatdan gämi ukuda ýatan şäheriň ýanynda, kenaryň ýüz ädimliginde labyr taşlady. Zynjyrlaryň şakyrdysy itleri oýardy, gijäniň ümsümligini itleriň üýrýän, çyňsaýan sesleri bozdy, ýöne şäherlileriň hiç biri oňa üns bermedi. Munuň ýaly gijeki şowhunlar bu ýerde kän bolýardy, adamlar oňa öwrenişip gidipdiler.
Syýahatçylar irden palubadaky hysyrdylara, aýak sesleriniň tapyrdysyna oýandylar. Gämä kömür, agyz suwy, azyk-owkat ýüklenýärdi. Syýahatçylar hem dessine paluba galdylar. Çogly Gün eýýäm dag depeleriniň ýokarsyna galypdy, şähere jan giripdi.
Uzak ýüzüşden soň her kimiň gaty ýere aýak basasy gelýärdi, şonuň üçin hem olar çalak-çulak garbanyp, azyk-suwluk üçin kenara gidýän gaýygyň üstüne mündüler. Kenara Petropawlowskiniň ähli ilaty, çal saç gojalardan başlap, ýaňy ýörjen-ýörjen bolan çagalara çenli hemmeler gämä hem-de onuň ýolagçylaryna seretmek, alysdaky ýurtlarynda näme täzelikleriň bardygyny eşitmek, özlerine nähili zerur harytlaryň getirilendigini bilmek üçin ýygnanypdyr. Mähelläniň arka tarapynda, ýapgyt gerişde şäherlileriň horaşaja jaýlary birgeňsi bolup, pytraşyp otyrdy. Olaryň arasyndan şäher hünärmençilik mekdebiniň, hassahananyň binalary, häkimligiň täze jaýy hem-de birnäçe söwda ammarlary kaşaňlygy hem gabarasy boýunça saýlanyp durdy. Syýahatçylary hiç hili köçeleriň ýoklugy geň galdyrdy. Jaýlary her kim gurasy gelen ýerinde gurupdyr, olaryň biriniň ýüzi goltuga tarap bakýan bolsa, ýene bir topary gapdalyny öwrüp otyrdy, gyýaklaýyn salnan jaýlaram bardy. Her jaýyň gapdalynda ammarlar, saraýjagazlar, mal üçin bassyrmalar, ýukola üçin ildirgiçler bardy. Onda-munda ereýän hapa gar üýşmekleri ýatyrdy, olaryň aşagyndan bulançak suwly bulaklar şildirdäp deňze akýardy. Ötegçiler olaryň üstünden ätläp ýa-da böküp geçmeli bolýardylar, sebäbi hiç ýerde geçelge-de, paýapylam ýokdy.
Öý guşlarynyň, ownuk mallaryň düýbünden ýoklugy syýahatçylary geň galdyrdy. Munuň sebäbi Kamçatkada ýaşaýyş üçin belli bahasy bolmadyk ulag itleri, esasanam, gyşyň ahyrlarynda ýukola ätiýaçlyklary sabaşyp ugranda ýal edinip ähli ownuk jandarlary tükedýärdiler. Bu dürli reňkli, tüýlek, owadan jandarlar ähli öýleriň töwereginde görünýärdi. Olaryň birnäçesi meýmiräp, Güne ýylanyp ýatyrdylar, beýlekileri taşlandylary dörjeleşip ýördüler, ýene bir topary bolsa biri-biri bilen oýnaşyp basalaşýardylar, uruşýardylar. Syýahatçylar näbelli ýeriň garlyklarynda, buzluklarynda özleri üçin ulag serişdesi bolup hyzmat etmeli bu jandarlary uly gyzyklanma bilen synladylar. It janawarlar Kamçatkada gyşky hysyrdylaryň, gatnawlaryň tamamlanandygy sebäpli hyzmatlaryna mynasyp dynç alýardylar, ýöne olaryň ýallanyşy welin eden hyzmatlaryna laýyk däl bolarlydy, bu olaryň içine çekilip duran garynlaryndanam, daş-töwereklerine açgözlük bilen garaýyşlaryndanam aňdyrýardy.
Jaýlaryň hem-de olaryň ýanyndan hojalyk hajatlary üçin gurlan ýatakdyr bassyrmalaryň arasyndan zol-zol aýlanyp geçmeli bolýandygyna garamazdan, syýahatçylar ýarym sagada ýetirmän tutuş şäheri aýlandylar hem-de şäheriň daşyna çykdylar. Botanik bu ýerden bahar paslynyň ösümlik dünýäsiniň gyzykly görnüşlerini tapmagy umyt edýärdi. Ýöne onuň bu umydy puja çykdy, hemme ýer galyň gara basyrylyp ýatyrdy, oňa diňe gary erän dag ýapgydyndan anemonlaryň ( Anemonlar — ir gülleýän otjumak ösümlikler.) ter ýapraklaryny tapmak başartdy. Gyş pasly garyň köp düşýändigi sebäpli, onsoňam Ohot deňziniň aldajy sowugynyň täsiri netijesinde Kamçatkada bahar giç başlaýar, diňe maý aýlarynyň ahyrlarynda topragyň gary eräp gutarýar. Şäheriň ýokary çetinden, dag halkasyna gabalyp oturan, käýerlerinde gara uçut gaýalary suwuň üstüne abanyp duran, ýene birnäçe ýerleri bolsa eňaşak gidýän gerişli, eýýäm gyşyň penjesinden sypyp towlanyp akýan çeşmeleriň jülgeleri bilen dilkawlanan Awaçin goltugynyň ajaýyp görnüşi eliň aýasynda ýaly bolup görünýärdi.
Dag halkasy diňe günbatarda goltugyň kenarlaryndan çekilýärdi, ol ýerde Awaça derýajygynyň peslikdäki deltasy görünýärdi. Bu derýajygyň aýagynda hem derýa bilen adybir obajygyň jaýjagazlary görünýärdi. Bu ýerde Petropawlowskiý bilen bu obajykdan başga ýaşalýan ýer ýokdy. Ini ýigrimi kilometr töweregi bolup, ululy-kiçili döwletleriň gämi birikmelerini tutuşlygyna özünde ýerleşdirip biljek, deňiz tarapyndan pugta goralgy bu ajaýyp ýeriň ilatynyň şeýle seýrekligine haýran galaýmalydy. Goltugyň tekiz suwunda agaryp duran ýekeje ýelkenem ýokdy, oňa derek bu ýeriň töweregini gurşap duran tokaýly daglar henizem özüniň gyşky ýapynjasyny aýyrman ap-ak bolup otyrdy.
Biziň syýahatçylarymyz kenara düşenlerinde täsin wakanyň şaýady boldular. Suwuň ýanynda ekspedisiýa üçin getirilen, jübüt-jübütden baglanan otuz sany it durdy. Deňizçileriň birnäçesi hem-de birgiden tomaşasöýer olaryň daşyny gallap durdy. Itler özüni gaty galagoply duýýardylar, çyňsaşýardylar, uruşýardylar, gaçjak bolup dyzaýardylar. Kenarda suwuň içinde tagaşyksyz gaýyk durdy, oňa bu it sürüsini ýüklejek bolýardylar. Biline çenli ýalaňaçlanan daýaw adam, megerem, kaýur ( Kaýur — it goşulýan sanini sürüji.) bolarly, garşylyk görkezip çyňsaşýan itleriň ikisiniň ýeňsesinden ebşitläp tutdy-da, olary gaýyga eltdi hem-de yz tarapynda ýerleşdirdi. Ýöne ol yzyna öwrülen badyna suwdan üýşenýändikleri görnüp duran akylly itler gaýykdan böküp düşdüler-de, beýleki itleriň arasyna goşuldylar. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy, tomaşasöýerler hem muňa hezil edýärdiler. Kaýuryň itleri depmeginiňem, gykylygynyňam kömegi degmedi, olar öz dogduk ýerlerinden gitmek islemeýärdiler. Olaryň eýesi gaharlanyp bolmajysyny bolýardy, itlere rus hem-de kamçadal dilinde agzyndan gelenini sögýärdi, tomaşaçylaram gülme keýpinden çykýardylar, kaýura her hili maslahat berýärdiler, itler çyňsaşýardylar, garaz, gopgun dik asmana göterilýärdi.
Ahyrsoňy kaýur itleri mündürmegiň, ol tüýlek janawarlar üçin ýakymly bolmasa-da, garaz, usulyny tapdy. Ol gaýygy kenardan bäş ädim töweregi suwuň içine itekledi, onuň urganyny bolsa deňizçileriň birine berdi, soňundanam itleri, garşylyk görkezmeklerine garamazdan, jübüt-jübütden gaýygyň içine zyňmaga başlady. Zyňlan itler howada arkan-ýüzin gaýşyp, gütläp gaýygyň içine düşýärdiler, gaýygyň gorumyna öň aýaklaryny diräp ikibaka urunýardylar, çyňsaýardylar, ýöne özlerini suwa urmaga welin ýürek edip bilenokdylar. Gaýygyň içi çyňsaşyp urunýan bu bimaza janawarlardan doldurylansoň, ony kenara ýakynlaşdyrdylar, deňizçiler bilen kaýur onuň üstüne towsup mündüler hem-de kürekleri ele aldylar. Birinji kürek urlan dessine, misli jadylanan ýaly, sürüniň gopguny ýatdy, itler tä gaýyk gämä barýança jyňkyny çykarman oturdylar. Ýöne gaýyk «Demirgazyk ýyldyzynyň» gorumyna gütläp degen dessine, itleriň «konserti» öňküsindenem güýçlendi. Olary gämiden sallanan sebede jübüt-jübütden salyp ýokary göterýändikleri, soňra kaýuryň ol jandarlary özleri üçin taýýarlanan germewe getirýändigi, ýukolanyň bir lukmasy öňlerine oklanansoň itleriň takdyryna kaýyl bolup ýuwaşaýandygy kenardan görünýärdi.
Ertesi gün syýahatçylary palubadaky hysyrdy, labyryň zynjyrynyň sesi, ynjalyksyzlanan itleriň üýrüşmeleri ir säher bilen oýardy. Olar şäherjige, onuň gämini ugratmak üçin üýşen ýaşaýjylaryna soňky gezek seretmek üçin ýokary galmagy kyn görmediler. «Ýol bolsun», «sag-aman geliň» diýen sesler, adamlaryň papaklaryny, ýaglyklaryny bulaýlamagy, itleriň üýrüşmeleri bilen «Demirgazyk ýyldyzy» endigan öwrüldi hem-de goltugyň içi bilen girelgelere tarap ugrady. Kenar çaltlyk bilen daşlaşýardy, şonuň bilen birlikde şähere iň golaý duran daglaryň aňyrsyndan Awaçin dagynyň ak garly çüri depesi görnüp ugrady. Onuň depesinden inçejik tüsse ýokary göterilýärdi.
— Dagymyz-a çilimini otlady! — diýip, goruma ýaplanyp, owadan görnüşleri synlap duran syýahatçylaryň arkasyndan biriniň sesi eşidildi.
Hemmeler yzyna garady. Ol düýnki itleri gaýyga oklaşdyrýan dogumly adamdy. Häzir ol demirgazyk sugunynyň derisinden ýüňi daşyna edilip tikilen kuhlýanka diýlip atlandyrylýan kürtekçelidi. Inçeden gyýa goýungözleri, çekgeleriniň çykyp durmagy, garaýagyz ýüzi, paşşyk burny hem-de seýrek gara murtjagazy onuň aňyrsynyň mongoldygyny görkezýärdi. Ol ýylgyryp, syýahatçylara seretdi.
— Bu biziň ekspedisiýamyzyň täze agzasy Ilýa Stepanowiç Igolkin, otuz itiň hojaýyny, iň öňdäki nartanyň ( Narta — demirgazykda ite ýa-da suguna goşulýan uzyn sani.) kaýury. Ol bize bu garagol janawarlara nädip diýeniňi etdirmelidigini öwreder — diýip, Truhanow kaýur bilen salamlaşyp durşuna aýtdy.
— Biziň itlerimiz garagol däl, olar gaty ýuwaş, jenap hojaýyn! — diýip, ol Truhanowyň diýeni bilen ylalaşmady. — Olar eýýäm ýuwaşadylar. Watanyny terk etmek hiç kime hem aňsat düşenok, olaram şol sebäpli çyňsaşdylar.
Igolkin itleriniň ýanyna gidende, Truhanow öz ýoldaşlaryna ekspedisiýanyň bu agzasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Igolkin Zabaýkalýede doglupdyr, aňyrsy Mongoliýanyň serhedindäki obalaryň birinde ýaşaýan burýat-kazak maşgalasyndan ekeni, ol ýapon urşuna gatnaşypdyr, uruşdan soň hem Wladiwostokda galypdyr. Ol ylmy ekspedisiýa bilen Kamçatka gelipdir. Depeleri tüsseleýän dagly ýurt, onuň açyk meýdanlary, bol balyk, aýylary awlamak oňa ýarapdyr. Ol bu ýerde özüniň ikinji watanyny tapýar, bu ýeriň durmuşynyň özboluşly şertlerine tiz werziş bolýar, az wagtdan bolsa tutuş Petropawlowskiý boýunça ökde kaýur, awçylaryň ýolbeledi hökmünde tanalýar. Bir ýyl öňünden beriljek uly zähmet haky onda Truhanowyň ekspedisiýasyna gatnaşmaga höwes döredýär. Bu pul oňa jaý salynmaga, mal edinmäge hem-de aw üçin enjamlary satyn almaga mümkinçilik berýär.
«Demirgazyk ýyldyzy» labyryny göterenden bir sagat bolup bolmanka bäş kilometrden gowrak ýol geçip, Awaçin goltugynyň girelgesine geldi. Girelgäniň sag tarapynda, Babuşkin burnunyň kert gaýalarynyň gabat garşysynda ägirt uly Babuşkin daşy deňziň içinden garalyp göründi. Ýüz metr töweregi belentlikdäki bu dag harsaňynyň üsti tekizdi, deňiz guşlarynyň höwürtge gurmaklary üçin örän amatlydy.
Ýüzlerçe çarlaklar, jüptünler we beýleki guşlar gämi maşynynyň sesine gürre örüp, alazenzele bolşup, gaýanyň töwereginde gaýmalaşyp başladylar.
Maýakly Dalniý burnunyň daşyndan aýlanyp, «Demirgazyk ýyldyzy» göni demirgazyk-gündogara öwrüldi hem-de Kamçatkanyň gündogar kenarynyň ugruny syryp, kem-kemden ondan daşlaşdy.
Iki günläp synlara üýtgeşik bir zat bolmady, onuň üstesine-de, çytawun nord-west ( Nord-west — demirgazyk-günbatar.) şemaly ösýärdi, bir görseň ýagyş, bir görseňem gar ýagýardy. Deňzem parahat däldi, şonuň üçin hem yzgarly paluba çykanyňdan ýyljak kaýutada oturanyň janyň ujydy.
Ahyrsoňy ýel gowşady, ýöne oňa derek deňizde ýüzüp ýören buzluklar duşup başlady, howanyň ýüzüni hem ümür tutdy. Buzluga urulmazlyk üçin iki günläp gämini ýuwaşja sürüp gitdiler. Howa açylyşanda sag tarapdan Keramatly Lawrentiý adasynyň gaýaly kenary, çep tarapdan bolsa Çukotka burny göründi. Ol burundan birneme günbatarda, çuň oturan Prowideniýa goltugynyň kenarynda faktoriýa ( Faktoriýa — awçylaryň awuny satyn almak, olary aw gurallary, iýmit, geýim we ş.m. bilen üpjün etmek üçin çet sebitlerde gurlan nokat. ) bardy. Ol ýerde ekspedisiýa üçin kömür taýýarlanyp goýlupdy, ony öň hakyna tutulan gämi ýörite bu ýere alyp gelipdi. «Demirgazyk ýyldyzy» labyryny düşürdi hem-de kömür ýüklenmäge başlandy. Bir hepde ýüzüşden ýadan adamlar kenara çykmaga howlukdylar. Ýöne kenaryň gaýalary gezelenç etmäge mümkinçilik bermeýärdi, entek baýyrlaryň üsti hem gara bürenip otyrdy, diňe faktoriýanyň töweregindäki kiçeňräk meýdan garsyzdy.
BERING BOGAZY
Iki günden soň, kömürden ýüküni tutan «Demirgazyk ýyldyzy» Çukotka burnunyň daşyndan aýlanyp, Bering bogazyna girdi. Bu tukat ülkäniň jümmüşine uzalyp gidýän pes boýly daglaryň uçut gaýalary deňiz kenaryna dikaşak kert bolup inýärdi, dag jülgeleriniň kenara eňňit bolup ýanaşýan ýerleri hem bardy. Maýyň ahyrlap barýandygyna garamazdan ümmülmez uly meýdanlar gara basyrylyp ýatyrdy, diňe dagyň günortadaky kert eňňitleri bilen günorta-günbatar ýapgytlarynda düýbünden gar ýokdy, ol ýerlerde ter otlar gök öwsüp başlapdy, polýar söwütleriniň, gaýyň agaçlarynyň ýere ýazylyp oturan baldaklary hem pyntyk ýarypdy.
Bogazyň gök tolkunlarynyň üstüni, köplenç, ümür büräp, ümmülmez deňziň alyslyklaryny görer gözden gizleýärdi. Gäminiň üstüne bir-de gar, bir-de ýagyş sepeleýän, pessejik çal bulutlar hemişe asmany tutup durdy. Mahal-mahal bulutlaryň aňyrsyndan ýagtysy bol, ýylysy az Gün yşyklaýardy. Şonda Gün şöhlesi Aziýanyň çet demirgazyk-gündogarynyň içgysgynç, garasöýmez tebigatyna mylaýymlyk çaýýardy.
Gök tolkunlaryň ýüzüni akja köpüklerden doldurýan sergin şemal öwsüp, dumany syranda gündogar tarapdan Amerikanyň gögerip, çala göze ilýän tekiz kenaryny saýgarmak bolýardy. Ýüzüşip ýören buz harsaňlary indi has kän duş gelýärdi, ýöne olar bir bütewi üýşmek bolup däl-de, kiçeňräk buzluk ýa-da üýtgeşikden owadan buz läheňi görnüşinde gabat gelýärdiler, olaryň täsin şekili heniz demirgazyk deňizlerinde bolup görmedik adamlary haýran galdyrýardy.
Has uly buzluk meýdanlaryň golaýlaýanlygyny, olaryň öňünden gelýän dumanly zolakdan aňmak bolýardy, şol sebäpli hem gämileriň kapitanlarynda buz harsaňlaryna urulmazlyk üçin gämilerini haýsam bolsa bir tarapa sowmaga hemişe maý bolýardy. Bu ýerde duşýan buz harsaňlary gämiler üçin Atlantik ummanyň demirgazyk böleklerinde duşýan aýsbergler ýaly howply däldi. Akym ol ýerdäki buz daglaryny günorta alyp gidensoň, olar ýuwaş-ýuwaşdan ereýär, netijede olaryň suwasty bölegi ýeňläp deňagramlylygyny ýitirýär, şol sebäpli hem sähelçe sarsgyna ýa tolkuna buz dagy düňderilýär duruberýär.
Kenarda ýaşaýyş bara meňzänokdy, hiç ýerde adamam, haýwanam görnenokdy, hatda inçejik tüssejigem göze ilenokdy. Şonuň üçin hem palubada duran syýahatçylarymyz gaýaly burnuň aňyrsyndaky goltukdan üsti ýekeje adamly gaýygyň çykmagyna haýran galdylar. Ol adam «Demirgazyk ýyldyzynyň» öňüni gytaklap, bar güýji bilen kürekleýärdi. Ýöne gäminiň özünden ara açýandygyna göz ýetirenden soň, ol küreklemesini goýup, gygyrmaga, ýaglygyny bulaýlamaga başlady.
Kapitan gäminiň tizligini haýallatdy hem-de rupory ( Rupor — ses güýçlendirýän gepleşik turbasy.) eline alyp, gaýygyň gäminiň ýanyna ýüzüp gelmelidigini aýtdy. Gaýyk golaýa gelende onuň çukot bedirkesidigi ( Bedirke — gaýygyň bu görnüşini köp ýurtlarda baýdara, baýdarka diýip atlandyrýarlar, türkmen gämiçiliginde bolsa bu ýeňil gaýyk bedirke diýlip atlandyrylýar.) göründi. Kapitan haýsydyr bir çukça nämedir bir zat soramak üçin gämini saklandyr öýdüp, ýene öňe sürmegi buýruk bermekçi boldy, ýöne gäminiň edil alkymyna gelen gaýykçy:
— Hudaýyň hakyna, menem gämä alaweriň — diýip gygyrdy.
Gämini sakladylar hem-de bedirke gorumyň edil alkymyna geldi. Ýüp merduwany aşak salladylar. Nätanyş dessine dyrmaşyp, paluba çykdy, sütükli gulakjynyny çykaryp, adamlara ýüzlenip:
— Size çäksiz hoşallygymy bildirýärin, indi men halas boldum! — diýip, şatlykly gygyrdy.
Mawy gözli, uzyn boýly bu daýaw adamyň çal sakgaly syh-syh bolup durdy. Bireýýämden bäri syrylmadyk çypar saçlary şemala ykjaýardy. Ol çukçalaryňky ýaly geýnipdir, çep elinde kiçeňräk, ýöne daşyndan görmäge örän agyr teletin halta bardy.
Truhanow onuň ýanyna baryp, elini uzatdy-da, ondan:
— Siz gämi heläkçiligine sezewar bolupsyňyz öýdýän? — diýip sorady.
Rusça sözleri eşiden nätanşyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ekspedisiýanyň agzalaryna howul-hara göz aýlady, elindäki haltany palubada goýdy-da, birýan ujundan hemmeleriň elini gysyp başlady hem-de rusçalap gyssanmaç sugşuryp ugrady:
— Bolsa-da öz ildeşlerimiz bolup çykdyňyz, men-ä muňa gaty begenýän! Menem rus adamsy, özüm Ýekaterinburgdan, Ýakow Makşeýew diýýäler maňa. Bolsa-da hudaý diýen ýerim bar ekeni, gämä-de duşdum, ildeşlerime-de! Men Çukotkanyň kenaryndan altyn känini tapdym. Azyk-owkadym gutardy, şonuň üçinem o taýyny äpberip gaýtmaly boldum. Indi iki gündür adam-gara duşmazmyka diýip, ýüzüp ýörşüm. Maňa garbak-gurbak eder ýaly bir zatlar bereweriň, iki gün bäri deňiz balykgulaklaryndan başga agzyma zat alamok.
Truhanow öz ýoldaşlary bilen täze ýolagçyny kaýut-kompaniýa alyp bardy, ol ýerde nahar taýýar bolýança ýürekse ediner ýaly onuň öňünde sowuk ýeňildamak bilen çaý goýdular. Owurdyny dolduryp, ýetişibildiginden iýip otyrka, Makşeýew öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi:
— Hünärim boýunça men dag inženeri, soňky ýyllar Sibiriň hem-de Uzak Gündogaryň altyn känlerinde işledim. Ýasawym şeýle, bir ýerde oturyp bilemok, syýahat etmegi, täze ýerlere aýlanmagy halaýan. Geçen ýyl ýerli ýaşaýjylardan Çukotkada altyn bardygyny eşitdim, onsoň ony gözläp tapmagy ýüregime düwdüm. Dogrusyny aýtsam, altynam altyn welin, meni bu çet, nämälim ýerler bilen tanyşmak höwesi bärik getirdi. Maňa ýoldaş bolmaga razylyk beren ýerli ýaşaýjylaryň iki sanysyny ýanyma alyp, ýola düşdüm hem-de sag-salamat çukotka kenaryna geldim, tiz wagtdan, o taýdan gyzyl gyryndysy bolan ýeri tapmak hem-de ýuwup, kän altyn almak başartdy. Azyk-owkadymyz kemterräk bolansoň ýoldaşlarymy golaýdaky çukça obasyna azyk almaga iberdim, sebäbi men bu ýerde entek birneme galmakçydym. Ýoldaşlarymyň gidenlerine bir aý gowrak wagt geçse-de, olar nämüçindir dolanyp gelmediler.
Makşeýew öz gürrüňini gutaranda Truhanow oňa «Demirgazyk ýyldyzynyň» söwda gämisi däldigini, gyssanmaç demirgazyga barýandyklaryny, özleriniň ony haýsydyr bir deňiz portuna eltip bilmejekdiklerini düşündirdi.
— Başga bir gämi öňümizden çyksa, seni şoňa mündüräýmesek başga alajymyz ýok — diýip, ol sözüni soňlady.
— Siziň gämiňiz söwda gämisi bolmasa, onda ol näme bilen meşgullanýar, nirä barýar?
— Gämimiz rus polýar ekspedisiýasyny alyp barýar, şu görýän adamlaryňyzyň hemmesi şol ekspedisiýanyň agzalary, biz häzir Bofort deňzine barýarys.
— Nätjek, men wagty gelýänçä siz bilen ýüzmeli bolaryn! Siz meni Robinzon ýaly adam aýagy sekmedik adada düşüräýesiňiz ýok-la? — diýip, Makşeýew güldi. — Men size egnimdäki geýmimden başga hiç zadym ýok diýip aýtdym öýdýän, içki geýimimem, daşky geýimimem meňki bolsun diýer ýaly däl. Şu bolgusyz metaldan başga mende hiç zat ýok, ýöne ol siz bilen hasaplaşmaga aňryýany bilen ýeter…
— Mundan gürrüň bolmaz — diýip, Truhanow onuň sözüni kesdi. — Biz öz ildeşimize howpdan halas bolmaga kömek etdik, başga zat gerek däl, bize şol bolýar. Geýim-gejim tapdyrar, o tarapyndan arkaýyn boluň, siz meniň bilen boýdaş, göwräňizem meniňki ýaly.
Makşeýewe ýuwnup-ardynyp, geýinmegi hem-de öz altynlaryny goýmagy üçin boş kaýuta berdiler. Agşam ol düýbünden özgerip, düýbünden başga adama öwrülip, kaýut-kompaniýa geldi hem-de öz başdangeçirmelerini gürrüň berip, syýahatçylary güýmedi. Täze ýolagçy hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy, ol ýatmaga gidende Truhanow ekspedisiýanyň agzalaryndan:
— Ony öz hatarymyza goşulmaga çagyraýsak neneňsi bolarka? — diýip sorady. — Daşyndan görseň gaty gaýratly, güýçli, köpügören adam bolarly. Häsiýetem alçak, ýakymly, bize her hili ýagdaýda hem kömegi degjek.
— Çola, beýewan ýerlerde, kyn durmuşda ýaşandygyna garamazdan, örän medeniýetli adam — diýip, Kaştanow onuň bilen ylalaşdy.
— Eskimos dilini hem bilýär. Çaklaýan ýerimizde adam ýaşaýan bolsa, diňe eskimoslar ýaşaýandyrlar — diýip, Gromeko hem onuň sözüniň üstüni ýetirdi.
— Dogrudanam, siz razy bolsaňyz, men oňa biziň ekspedisiýamyza gatnaşmagy teklip etjek — diýip, Truhanow gürrüňi jemledi. — Ýok, gowusy, ýene birnäçe gün garaşalyň, onuň bizden gaçyp gitjek ýeri ýok, biz onuň bilen has ýakyndan tanyş bolalyň.
Ertesi gün Makşeýewiň haýyşy boýunça, «Demirgazyk ýyldyzy» gidip barýan ugrundan Keramatly Lawrentiniň deňze guýýan ýerine tarap öwrüldi. Ol derýanyň demirgazyk kenarynda Makşeýewiň tapan altyn käni bardy. Ol özüniň garypja emlägini özi bilen alyp gitmek isledi, onsoňam Truhanowa kiçijik öýjagazy söküp, öz ýanlaryna almaklaryny teklip etdi. Gözlenilýän ýerde gyşlamaly bolsa ol öýjagazyň ekspedisiýa nepi degjekdi. Ammarly bu öýjagaz biri-birine seplenen birnäçe bölejikden ybaratdy, şonuň üçin hem ony birnäçe sagatda söküp hem-de gämä ýükläp boljakdy. «Demirgazyk ýyldyzy» kenara gelip durdy hem-de deňizçilerem, ýolagçylaram agzybirlik bilen işe girişdiler. Günortana çenli öýjagaz gämä ýüklendi hem-de «Demirgazyk ýyldyzy» özüniň demirgazyga tarap ýoluny dowam etdi.
NÄBELLI ÝERIŇ GÖZLEGINDE
Gijagşam, Ýer togalagynyň bu sebitinde ýylyň bu mahaly ýaşmaýan Gün gyzyl tegelek bolup, gözýetimiň demirgazyk tarapyndan tigirlenip ugranda «Demirgazyk ýyldyzy» Bering bogazyndan çykyp, Buzly ummana girdi.
Günbatar tarapda, uzaklardan Aziýanyň demirgazyk-gündogar çeti — Dežnýow burny görünýärdi. Onuň kert eňňitlerindäki garly meýdanlar Gün şuglasyna birgeňsi gyzaryp görünýärdi. Syýahatçylar çola, garasöýmez, ýöne onda-da öz Watanlarynyň bir bölegi bolan bu ýer bilen soňky gezek hoşlaşdylar.
Gündogarda, ýeňiljek dumanyň arasyndan eýýäm yzda galan Şazada Uelsli burnuny saýgarmak bolýardy. Öňde tutuşlygyna diýen ýaly buzdan boşaşan deňiz ýaýlyp ýatyrdy. Soňky wagtlar ýel köplenç, günortadan ösýärdi, ol hem amerikan kenarynyň ýyly akymy bilen goşulyşyp, buzlaryň aglaba bölegini demirgazyga sürüp äkidýärdi, bu bolsa ýüzüşi dowam etmek üçin örän amatlydy.
Syýahatçylar ertesi gün paluba çykanlarynda, eýýäm günbatarda hiç hili gury ýer görünmeýärdi. Gündogarda Alýaskadaky Lisbern we Umyt burunlarynyň ýylçyr gaýaly kenary seňňerleýärdi. Ol gaýalar demirgazyk gapdalyndaky Kosebu aýlagynyň üstüne abanyşyp durdy.
«Demirgazyk ýyldyzy» ugurdaş şemala ýelkenlerini ýaýyp, ägirt uly çarlak guşy ýaly bolup, tolkunlaryň üstünden gaýyp barýardy. Kämahallar buzluklar hem-de kiçeňräk aýsbergler gabat gelýärdi, olar şemalyň ugruna çalaja ýaýkanyp, haýaljakdan demirgazyk-gündogara tarap ýüzýärdiler.
Alýaskanyň kenary gözden ýiteňkirlände, beýleki ýolagçylar bilen gorumda duran Makşeýew:
— Hoş gal, amerikalylara sowgat berlen, arzyly rus topragymyz! — diýip, ýürekden gygyrdy.
— O nähili? — diýip, Borowoý geňirgendi. — Ýalňyşmaýan bolsam, biziň hökümetimiz bu içgysgynç ülkäni Birleşen Ştatlara satypdy.
— Hawa, ýedi million dollara satdy. Ýöne ýankileriň ( Ýankiler — ABŞ-da doglan amerikalylaryň lakamy.) bu içgysgynç ülkeden eýýäm näçe düşewünt görendiklerini bilýäňizmi?
— Aý, şonçarak, ýa bolmasa iki essesi ýalyrak gazanan bolmaklary ahmal!
— Siz öte ýalňyşýarsyňyz! Olaryň Alýaskadan alan diňe altynlarynyň özi iki ýüz million dollardan geçýär. Onuň altyny entek-entekler gutararly däl, ýöne ondan başga-da ol ýerde kümüş, mis, galaýy we daş kömür bar. Olary hem eýýäm gazyp almaga girişildi. Sütükli jandarlary hem-de Ýukonyň ýakasyndaky uly tokaýlary hem ur üstüne. Häzir bu ýere demir ýol çekýärler, Ýukon derýasyndan gämiler gatnaýar.
— Oňa gynanyp oturasy iş ýok! — diýip, Truhanow gürrüňe goşuldy. — Bize degişli bolsa Alýaska hem edil Çukotka ýaly çöl-beýewan bolar ýatardy. Näme, Çukotkada altyn ýokmy, kömür ýokmy? Sütügem näçe diýseň bar. Ýeri, bolupdyram-da, peýdasy näme?
— Peýdasynyň degen wagtam bolar — diýip, Kaştanow onuň sözlerine garşy çykdy. — Russiýanyň erkin ösüşi häkimiýet tarapyndan güýçli gysyldy. Ýöne näme, herki zadyň öz möwriti bar, ýagdaýlar üýtgär, bizem giň göwrümli işleri amala aşyrarys, ana, şonda Alýaskanyň bize gaty nepi degerdi. Alýaska-da, Çukotka topragyna-da eýe bolmak bilen biz Ýuwaş ummanyň ähli demirgazyk bölegine hökümimizi ýörederdik, amerikaly aldajylaryň hiç biri bu ýere burnuny sokmaga milt edip bilmezdi. Häzir bolsa olar özlerini Bering deňziniňem, Buzly ummanyňam hojaýyny diýip hasaplaýarlar.
— Olar hatda Çukotkada-da hojaýynlyk satýarlar — diýip, Makşeýew hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. — Olar çukçalary haryt bilen üpjün edýärler, olaryň sütükdir derisini, morž süňklerini spirte çalyşýarlar.
Ertesi gün gury ýer gözden ýitdi, «Demirgazyk ýyldyzy» çar ýanynda agaryşyp duran buzluklaryň arasy bilen kenarsyz ýaly bolup görünýän deňziň içinden birneme tizligini gowşadyp ýüzüp barýardy. Öňde gözüň ýeten ýerini duman tutup durdy. Ýel gowşady, mahal-mahal gar peşmekläp ýagýardy, şonda gözýetim hasam daralýardy, gämi bolsa tizligini hasam peseltmeli bolýardy. Howanyň temperaturasy bary-ýogy +0,5 gradusdy. Günortanlar Gün göründi hem-de giňişligi kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol 70˚ 3′ bolup çykdy. Şeýlelikde, «Demirgazyk ýyldyzy» ugurdaş ýeliň kömegi bilen, şeýle hem deňizde känbir buzluklaryň ýoklugy sebäpli otuz alty sagatda Bering bogazyndan gözlenilýän ýeriň kenaryna çenli bolan aralygyň üçden birini geçmäge ýetişdi.
Bu gowy howa ýene iki günläp saklandy, syýahatçylar 73˚ 39′ giňişlige bardylar. Ýöne dördülenji gün agşamlyk Bofort deňzinde buzlar köpelip başlady. Indi gämi buzluklaryň arasyndaky inçejik yşgalaňlardan ýuwaşlyk bilen geçmeli bolýardy.
Ýolda hiç hili gämi duşmady, bu mahallar kit awçylarynyň deňze çykmagyna entek birneme wagt bardy. Ýagdaýlar şeýle bolansoň Truhanow Makşeýewe ýüzlenip, öz matlabyny mälim etdi:
— Görýäňizmi, Ýakow Grigorýewiç, bize hiç hili gämi hem, kit awçylary hem gabat gelmedi, sizem isleseňiz-islemeseňiz meniň myhmanym bolup, «Demirgazyk ýyldyzynda» galmaly bolarsyňyz. Belkem-de, siz, birden gözleýän ýerimizi tapaýsak, sanili ekspedisiýa gatnaşmaga höwes bildirersiňiz?
— Siziň bilen hemsöhbet bolmak näçe ýakymly bolsa-da, ýarym ýyllap ýa-da tutuş bir ýyllap buzuň arasyndaky gäminiň üstünde işsiz oturmak maňa kyn düşer. Ekspedisiýa bolsa uly höwes bilen gatnaşaryn, oňa kömegimiň degjekdigini hem bilýärin. Lyžada ýöremäge-de, itli ýörişe-de ýeterlik tejribäm bar, Igolkin bilen itlere göz-gulak bolmagy hem öz üstüme alaryn. Aşpezligem oňarman duramok, surata düşürmekden hem başym çykýar, geologiýa gözegçiliklerinde professor Kaştanowa hem kömek edip bilerin. Dag inženeri bolamsoň geologiýadanam odur-budur bilýän.
— Beýle bolsa men bu meseläni çözüldi diýip hasap edýärin, ekspedisiýanyň hataryna ýene bir gaýratly hem-de tejribeli adamyň goşulandygyna men örän şat — diýip, Truhanow ýylgyryp, sözüni jemledi.
Makşeýewiň ekspedisiýa gatnaşmagynyň şertnamasyny dessine düzdüler, agşam bolsa ol känden ýygnan, Alýaskada hem-de Çukotkada gabat gelýän dag jynslarynyň görnüşlerini Kaştanowa görkezdi.
Professor olary uly gyzyklanma bilen synlady hem-de Makşeýewiň ýeterlik derejede taýýarlygynyň bardygyna, işde özüne gowy kömekçi bolup biljekdigine doly göz ýetirdi.
Gämi gije birnäçe sagatlap gozganman durmaly boldy. Deňizde çöp başy gymyldamaýan doly ştil boldy, şol sebäpli dumanam goýalyp, ýetjek derejesine ýetdi, on ädimden aňyrda hiç zat görünmeýärdi, töwerek misli süýde gark bolan ýalydy. «Demirgazyk ýyldyzy» ullakan buzlugyň ýanynda saklandy hem-de nobatçylardan beýleki ähli adamlar rahat uka gitdiler.
Irden duman az-owlak açylyşyp başlady, demirgazyk şemalynyň öwüsginine ol köwsarlap syrylyp ugrady. Ýüzüşi dowam etmäge taýýarlandylar. Tiz wagtdan şemal güýjedi, ýeliň günorta sürýän ümür-dumany hem doly syryldy. Buzluklar hem şatyrdap ses edip, gozganmaga başladylar.
Öňde buzluklardan azat geçelge açyldy, «Demirgazyk ýyldyzy» buglaryny burugsadyp, ýene demirgazyk-gündogara tarap ýüzüp ugrady, ýöne ol buzluklara urulmazlyk üçin çalt saklanmaga ýa-da olardan haýsam bolsa bir tarapa sowulmaga maý tapmak üçin haýaljakdan ýüzýärdi.
Agşamsy bilen tä ýarygijä çenli birde çalt, birem haýaljakdan ýüzüp gitdiler. Soňra günortandan bäri üzlem-saplamragam bolsa şöhle saçýan Gün «Demirgazyk ýyldyzynyň» üstüni bürän duman örtüginiň aňyrsynda gizlendi. Bu gije geçen gijedäki ýaly parahat bolmady. Ýeňiljek demirgazyk şemaly öwüsýärdi, buzluklar biri-birine urulýardylar, şatyrdaşyp döwülýärdiler. Goýalan duman ýoly görkezmeýärdi, şonuň üçin hem, köplenç, bir duran ýeriňde saklanmaly bolýardy, uly buzluklaryň arasyna düşüp, gysylyp heläk bolmazlyk üçin sähelçe pursat hem hüşgärligi elden bermeli däldi.
Irden demirgazyk şemaly hasam güýjedi, duman doly syryldy, ýöne oňa derek buzluklaryň hereketi hem güýçlendi, uzakly gün juda galagoply ýagdaýda geçdi. Buzluklaryň arasyndan saga-çepe öwrülip, sap atyp geçmek üçin kapitan ähli başarnygyny bir ýere jemlemeli boldy. Gäminiň üstüne gelýän buzluklary iteklemek üçin deňizçiler ellerine uzyn gadalgalary alyp, gorumlaryň ikisiniňem gyrasynda taýýar bolup durdylar. Olaryň maňlaýyna buzluklaryň gyralary eýýäm döwlüp ýumşan ekeni, aýsbergler bolsa asla ýokdy, diňe buzluklaryň käýerinde münderlenişen ownuk buz erezleri birneme howp döredýärdi.
Gije deňizçileriň gezekli-gezegine dynç almaklary üçin buzlara garşy göreşe ýolagçylaryňam ählisi gatnaşmaly boldular. Duman ýokdy, demirgazykdan çigrekli şemal öwüsýärdi, gämi hem öňe gitmegini dowam edýärdi. Irden demirgazyga uçup barýan haýsydyr bir guş sürüleri hem-de gämiden bir kilometr daşlykda buzluk meýdanda aýlanyşyp ýören iki sany ak aýy göründi. Bu golaýda gury ýeriň bardygynyň alamatydy.
Günortan giňişligi kesgitlemek arkaly gäminiň 75˚12′ 5» (75 gradus, 12 minut, 5 sekunt) giňişlikdedigi anyklanyldy. Şeýlelikde, gämi buzlaryň päsgel bermegine garamazdan, üç gije-gündizde demirgazyga 1˚ 33′ gidipdir.
Kapitan gäminiň barýan ugruny kartada görkezende, Truhanow stoluň başynda egrilişip duran ekspedisiýanyň agzalaryna garap şeýle diýdi:
— Şu mahala çenli biziň işimiz juda şowlaýar! Bir müň sekiz ýüz ýetmiş dokuzynjy ýylda edil «Demirgazyk ýyldyzy» ýaly Bering bogazyndan çykan «Žannetta» gämisi arly tomus buzlaryň arasynda ýüzüp, her näçe çytraşsa-da, hatda demirgazyk giňişliginiň ýetmiş üçünji gradusyna-da baryp bilmedi hem-de Wrangel adasynyň birneme demirgazyk-gündogarynda buzlara gysylyp galdy. Biz bolsa dört ýarym gije-gündizde känbir kynçylyk görmezden ýetmiş bäşinji gradusdan aşdyk.
— Indi, birden buz öňümizi tutup, ýüzüp bilmänimizde hem gury ýere pyýada barsa bolar — diýip, kapitan dillendi. — Meniň pikirimçe, oňa segsen, aňry gitse ýüz kilometrden kän galan bolmaly däl.
(Dowamy bar).
Terjime eden Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy
