Guşjagaz we läheň (Erteki)

Guşjagaz we läheň (Erteki)

Hose Maria GOMES,
ispan ýazyjysy

Bir bar eken bir ýok eken, bir läheňi gowy görýän guşjagaz bar eken. Läheň hem guşjagazy gowy görýär eken. Guşjagaz läheňiň gülşini, suwda ýüzüşini halapdyr. Läheň bolsa guşuň owadan akja ýeleklerini, asmanda uçuşyny halapdyr. Olar tomus pasly aýlagda duşup, Aý, tolkunlar, ummanda ýüzýän gämiler barada gürrüň edipdirler. Guşjagaz läheňi güldürmek üçin birnäçe gyzykly gürrüňler edipdir, läheň bolsa guşjagazy agladýan aýdymlary aýdypdyr.

Bir gün läheň guşjagaza:

— Sen günlerde bir gün meniň ummandaky maşgalam bilen tanşarsyň — diýipdir.

Guşjagazam:

— Senem meniň gury ýerdäki dostlarym bilen tanşarsyň — diýipdir.

Ähli zat bolmalysy ýaly bolupdyr. Ýer olaryň biri-birlerini gowy görýändikleri üçin aýlawuny duruzmandyr. Tomus pasly güýz bilen, güýz hem gyş bilen çalşyp durupdyr. Umman sowap başlansoň läheňler ýyly suwlara ýüzüp başlapdyrlar. Läheň guşjagaza:

— Meniň bilen ýyly suwlara git, ol ýerler örän owadan we ýyly, iýmek üçin balyk gaty kän — diýipdir.

Guşjagaz bolsa:

— Men balyk iýmegi we seniň bilen bolmagy halaýan. Men seniň bilen islän ýeriňe giderin, ýöne ilki maňa ýüzmegi öwret — diýipdir.

— Ynha, şeýdip yzyma düşüber! — diýip, läheň suwa çümüpdir.

Guşjagaz hem «bolýa» diýip suwa çümüpdir. Ol suwuň düýbüne çenli çümüpdir-de:

— Men indi ýüzüp bilýän, men läheň — diýip begenipdir.

Birsalymdan guşjagaz dem alyp bilmändir we gury ýere çykypdyr. Ol birnäçe gezek ýüzmäge synanyşypdyr, emma her gezek demi gutarypdyr. Şonuň üçinem ol:

— Meniň pikirimçe, guşdan läheň bolmaz. Sen gowusy meniň bilen gaýalara git, ol ýerler örän owadan, howasy-da diýseň ýakymly. Mundan başga-da, her gün ir bilen Günüň dogşuny synlarsyň — diýipdir.

Läheň hem:

— Men Günüň dogşuny synlamagy we seniň bilen bolmagy halaýan. Sen nirä git diýseň giderin, ýöne ilki maňa uçmagy öwret.

— Ynha, şeýdip yzymdan geliber! — diýip, guşjagaz ganatlaryny ýaýypdyr-da, asmanyň belentliklerine tarap uçupdyr.

Läheň hem «bolýar» diýip, guşjagaz ýaly gözlerini ýumup, ýüzgüçlerini kakypdyr. Haçan-da, ol gözlerini açanda, asmanda däl-de, entegem suwda eken. Ol birnäçe gezek uçmaga synanyşypdyr, emma başarmandyr.

Läheň:

— Meniň pikirimçe, läheňden guş bolmaz — diýipdir.

Guşjagaz hem:

— Sen uçup bileňok, men bolsa ýüzüp, indi biz nähili ýaşarys? — diýipdir.

— Biz bärde, tolkunlaryň arasynda galarys — diýip, läheň jogap beripdir.

Emma guşjagaz gynanç bilen başyny ýaýkapdyr-da:

— Sen ummanyň çuňluklarynda ýüzmegi halaýarsyň, bu seň iň gowy görýän işiň. Şoň üçinem bärde bagtly bolup bilmersiň — diýipdir.

Läheň hem:

— Sen bolsa uçmagy we asmanda gaýmagy halaýarsyň, bu seniň iň gowy görýän işiň. Şoň üçinem bärde bagtly bolup bilmersiň — diýipdir.

Şeýlelik bilen, guşjagaz bilen läheň biri-birlerini örän gowy görýändikleri üçin hoşlaşmaly bolupdyrlar. Olar hiç haçan biri-birini unutmandyr. Haçan-da, läheň asmanda uçup ýören guşy görse, öz guşjagazyny ýatlapdyr. Guşjagaz hem umman çuňluklarynda ýüzüp ýören läheňi görse, öz läheňini ýatlapdyr.

Ispan dilinden terjime eden Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle