Garynjanyň maşky (Hekaýa)

Garynjanyň maşky (Hekaýa)

Mehdi AZERÝAZDI,
pars ýazyjysy

Areş bulguryň içindäki suwy içdi-de, kitap-depderlerini goýan ýerine tarap ugrady. Otagyň ortasyna baryp, ýere döşüni berdi-de, öý iş depderini açdy. Ol kitapdaky täze goşgulary okap, depderine ýazmak isledi. Galamynyň ujuny artyp, goşgulary belent sesi bilen gaýtalady-da, depderine ýazmakçy boldy. Ýöne heniz bir setirem ýazyp-ýazmanka, depderiniň üstünde duran garynjany gördi. Areş garynjany elleri bilen gyra itdi-de, şygryny ýazmaga dowam etdi. Emma iki sözden hem köp ýazmanka, garynjanyň göwresi depderiň üstünde peýda boldy. Garynja Areşiň galamynyň ýanyndan eýläk-beýläk ýöräp, onuň ýazmagyna päsgel berýärdi. Areş depderini kakyp, garynjany gaçyrdy-da, ýene goşgy ýazmaga başlady, ýöne ýüregedüşgünç garynja ýene peýda boldy. Oglanjygyň sabyr käsesi doldy. Ol uludan demini aldy. Garynjany bar güýji bilen üfledi-de, aýagy bilenem depdi. Garynja kitabynyň setirleriniň biriniň üstüne düşdi. Areş ony galamynyň ters tarapy bilen mynjyratmak isledi. Ýöne oglanjygyň gözi garynjanyň duran ýerindäki setirlere düşdi. Ol ýerde: «Garynja gara günde» diýlip ýazylan eken. Oglanjyk galamyny eline alyp, garynjanyň nirede ýaşaýandygyny bilmek isledi. Ol otagyň bir gyrasyna seredende, setir bolup duran garynjalary gördi. Ol kitabyny ýokaryk galdyrdy. Garynjany eline alyp, olaryň hinine tarap ýöneldi hem-de garynjany hiniň üstünde goýdy. Şol wagt oglanjygyň kellesine Firdöwsiniň aýdan sözleri geldi: «Çekseň zähmet, ýagar rehnet. Hiç bir janly zada zyýan bermäň!». Şol wagt beýleki garynjalar hem Areşiň depderiniň üstünden ýollaryny dowam etdirdiler.

Pars dilinden terjime eden Humaý ORAZBERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle