Söýginiň döreýşi (Hekaýa)

Seýit AHMET,
özbek ýazyjysy
Aý aýdyň gije. Uzyn derekleriň ýapraklary Aýyň kümüşsöw reňkine maýyl bolup, uka gidene çalymdaş. Çeşmejikden akýan suw dynuwsyz şildiräp, kenaryna eglip duran ýaprakly şahalary alyp gitjek ýaly bolup dur. Höwürtgelerinde uka giden guşlaryň ymyzganyp, käte ganatlaryny pasyrdadyşlary eşidilýär diýmeseň, gulaga iläýjek ses-seda ýok.
Şu aramly gijede bir gyz bilen ýigit köçeden barýar. Olaryň kölegesi öňe uzalyp, hamana kölegelerini basmaga howlugýan ýalydylar. Käte olaryň kölegesi köçäniň gyrasynda duran agaçlaryň kölegesine goşulyp gidýärem welin, hä diýmän ýene saýlanýar.
Olar çeşmäniň üstüne gurlan köpriniň ortasynda saklandylar. Ikisiniň-de kölegesi suwuň ýüzüne düşdi.
— Haçan gitmekçi?
Bu gyzyň sesidi. Ýigit bir ädim yza tesdi-de:
— Häzir ugramakçy! — diýdi.
— Ýok, çöle haçan gitjek diýýän.
Ýigit biperwaýlyk bilen:
— Hä oňamy?!. Birki hepdeden gidäýmesem — diýdi. Ol öňe bir ädim ätdi. — Ýogsa-da öýüňiz nirede?! Şu töwerekdemi?!
Gyz ýüzüni kesä sowdy:
— On ýyl bile okap, häzire çenli öýümi görmedik bolsaň, bolýar-da.
Onuň gürleýiş äheňinde birhili kinemi, öýkemi, ýumşajyk gaharmy… elgaraz, bir zat bardy. Olar bir salym dymdylar. Gyz köpriniň germewine söýenip, suwuň akymyna bakan seredýärdi. Suw bolsa kenara urlup, şo-ol akyp ýatyrdy.
— Üşedim — diýende, gyzyň sesi sandyrap çykdy.
Ýigidiň ýüregi gyýyldy:
— Onda öýüňe gaýdaý!
Gyz serpmeden gaýdan ýaly bolup, täzeden ýigidiň ýüzüne seretdi. Gözlerine gözi düşse-de, hiç zat diýip bilmedi. Ol ýüreginde bolup geçýän galagoplulyga düşünenokdy, kä aglasy, kä gülesi, käte-de köçäni ýaňlandyryp aýdyma zowladasy gelýärdi.
— Men onda gitdim — diýip, ýigit on ädim dagy ýöräp sägindi-de, yzyna öwrüldi. Ol bir zatlar diýmekçidi, ýöne başarmady. Ýigit şildiräp akyp duran çeşmejige äňetdi. Adaja şemal öwsüp, deregiň ýapraklary şygyrdady. Uzagrakda göläniň naýynjar molaýan sesi eşidildi. Kimdir biri aýdyma hiňlenjiredi. Ýene-de ümsümlik aralaşdy. Ýigit gelip, gyzyň ellerinden tutdy-da, saçlaryny ysgap, dessine-de yzyna dolandy. Onuň göwresi garaňkylygyň içinde ýitip gitdi.
Gyz doňňara daş ýaly gymyldaman durdy, hatda onuň bilen hoşlaşanyny, elinden tutanyny, saçlaryny ysganyny-da duýmady. Diňe onuň göz öňünden ýiteňkirläp giden kölegesi ýadynda galypdy. Gyz çagylly köçeden öýlerine bakan ugrady.
Ol bu gün onunjy synpy tamamlap, şahadatnamasyny eline alypdy. Mekdebiň howlusyndaky çyralar henizem ýanyp dur. Hoşlaşyk agşamyna üýşen synpdaşlary entek gitmändi. Egele bolup, mekdep howlusynyň ortasynda tans edýärdiler, aýdym aýdýardylar. Ine, daň ataram welin, gazyň çagasy ýaly hersi bir tarapa gider. Diňe üýşüp düşen suratlary ýadygärlik galar!
Bu näme üçin beýle?!
Hany dostluk, on ýylky ýatlamalar, bile geçirilen ajyly-süýjüli günler, her gün sapaga çagyran jaň sesi, mähriban mugallymlar… Ählisi süýji ýatlama bolup, hakydaňda galar. Şol süýji ýatlamalaryň arasyndan örboýuna galyp, hemmelerden öňde Amanyň keşbi görner. Ýöne näme üçin?
Bu sowalyň jogabyny gyz bilenokdy. Oňa jogap gözlejegem bolanokdy. Şu gijäniň ähli zady ýadyndan çyksa-da, Amanyň ýüzi, gözi, göwresi, bütin barlygy bilen göz öňünde gelýärdi.
Ol çagyl düşelen köçeden öýlerine ädimläp barşyna, şu zatlar hakynda pikir ýüwürtýärdi. Aman synpdaşlarynyň arasynda iň bir şadyýany, barypýatan bezzadyň biridi. Ol gyzlar bilen kän bir oňuşmazdy. Ýanynda bir gyz oturaýjak bolsa dagy, derrew başga ýere geçerdi. Özüni aýnada synlap, ýüzüni sypalaşdyryp, ýüzüne reňk çalýan gyzlary halamazdy. Bir gün Sanobar diýen gyz ýüzüne reňk çalyp gelende, elýaglyk bilen onuň ýüzüni süpürjek bolupdyr. Gyzlar hem ony halap baranok, oňa lakam baryny dakypdylar.
Ilkinji synag günüdi. Aman gapyny içinden gulplady-da, adaty däl sesi bilen şeýle diýipdi:
— Aziza, okuwy tamamlanymyzdan soň, maňa durmuşa çykarmyň?
Aziza onuň gulagynyň düýbüne ýelmedi-de, aglap synpdan çykyp gidipdi. Bu wakany olaryň ikisinden başga bilýän ýokdy. Aman şondan soň Azizanyň öňünden pete-pet çykmazlyk üçin özüni çetde saklaýardy.
Günler geçýärdi, Aziza şol wakany ýatlanynda, ýüreginiň jümmüşinde bir zat jyzylap giderdi. Her sapar mekdebiň howlusyna girende daş-töweregine ýaltaklap, bir zadyny gözleýän ýaly janserekdi. Onuň şadyýan, begençli gülküleri kemelen ýalydy. Hemişeki ýaldyrap duran gözlerinden bir derdiň bardygyny duýmak kyn däldi. Aman hem ony göz astyndan synlaýardy, ýöne göreçler bir-birine kaklyşan çagy, ol doňan ýaly bolýardy.
Synaglar tamamlanandan soň, käsi işe gitmekçi, käbirleri ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşmakçy boldular. Azizanyň özüne galsa-ha, ygtyýaryny Amanyň eline tabşyrmaga kaýyldy. Bu günki hoşlaşyk gijesinde Aman özüniň çöle gitjekdigini aýdypdy. Hemmeler onuň bu sözlerini çapak çalyp goldasalaram, Aziza serpmeden gaýdan ýaly boldy. Tans etmäge başladylar. Gyz Amany çete çagyryp, öýlerine çenli ugratmagy haýyş etdi. Aman onuň sözlerine üns bermän:
— Baý-bow. Atyryň ysy üýtgeşik ekeni. Tüweleme, bark urup dursuň — diýdi.
Aziza «Ah, tentek, bu zatlaryň bary seniň üçin» diýesi geldi, ýöne ejap etdi. Gyz «öýümize çenli ugradaý» diýip özelendi.
Şowhuny ýetik mekdebiň howlusyndan çykyp, olaryň ikisi-de köçäniň ugry bilen ýöräp ugradylar. Olar ümsümlige bürenen Aý aýdyň gijede dymyşyp gelýärdi. Ne gyz gürledi, ne-de oglan! Ahyry bu dymyşyklygy Aman bozdy:
— Aziza, şol bimany sözlerimi ýadyňdan çykar.
Ol häzir şondaky diýen ýoknasyz sözleri üçin gaharlanyp, çeşmäniň kenaryndaky äpet agaçlaryň birini düýbi-damary bilen sogurmaga kaýyldy. Gyz onuň ahwalyna düşündi. Ol ýigidiň diýen sözlerini täzeden gaýtalatmak üçin:
— Meniň-ä bimany gep ýadyma düşenok — diýdi.
Aman pessaýlyk bilen ardynjyrady.
— Hol arada, synpymyzda otyrkak, saňa bir zatlary madyrdapdym-a!
Aziza hamala uzak pikirlenip ýadyna düşen ýaly:
— Hä, omy? Ol sözleri ýadymdan çykarasym gelmese näme? — diýdi.
Aman sägindi.
— Olar ýaly bolsa ýene bir sapar gulagymyň düýbüne suňşuryp goýber, şeýtseň maňa-da gowy bor, seni öýüňe çenli ugratman, yzyma gaýdaryn.
Aziza näme diýjegini bilmedi.
— Ol wagtlar biz çagadyk.
— O nähili çagadyk?! Ondan bäri bary-ýogy on bäş gün geçdi ahyryn. Diýmek, derrew ulalaýypdyrys-da?!
Aman bu sözlerini diýenden soň, hahahaýlap güldi. Irkilip oturan guşlaryň biri onuň gülküsine ganatlaryny pasyrdatdy.
— Ýogsa näme, ine! — diýip, Aziza şol günki alan orta bilim hakyndaky şahadatnamasyny buýsanç bilen ýokary göterdi. Onuň ýüzündäki zer ýazgylary Aýyň nuruna ýaldyrap gitdi.
— Ine, ulalandygymyzyň güwäsi. Indi meni ýeke goýup, öýüňe gidesiň ýog-a?
— Ýok — diýip, Aman onuň elinden tutdy.
Azizanyň göwresi sandyrady. Ol elini siltäp goýberdi.
— Şonda iýen şarpygymyň awusyny ýatdan çykaryp bilemok.
— Biz o wagtlar çagadyk diýip aýtdym-a.
— Indi şonuň ýaly bimany gep aýtsam urmarsyňmy?!
— Waý, toba, ýok, urmaryn. Uranyň eli döwülsin!
Aman myssa ýylgyrdy. Ýöräp barşyna birki ýola büdredi. Agajyň şahasyna kellesi degip, başgabyny-da ýere gaçyrdy. Asmana seredende dolan Aýa gözi düşüp aljyrady. Näme diýjegini bilmän, başly-barat gürledi. Ýigidiň bu ahwalyna gyzyň gülküsi tutdy.
Gyz häzir çagyl düşelen köçeden ýöräp barşyna, Aman hakynda, özi, ýüregini örteýän duýgulary hakda pikir ýüwürtýärdi.
Ejesi oňa garaşa-garaşa çyrany-da söndürmän, teläriň aşagyndaky kilimiň üstünde uklap galypdyr. Gyz sekiniň bir gyrasynda oturdy-da, eglip bir gyrmyzy bägüliň gunçasyny ysgady hemem sermest bolana döndi. Onuň näme üçindir horkuldap aglasy, gülleriň arasynda arkanlygyna ýatyp, töweregindäki gülleri ýüzüne sürtesi, tä Aýyň keşbi gaýyp bolup, ýyldyzlardan doly asman agarýança sesiniň ýetdiginden aýdyma zowladasy geldi.
Ejesi süýji ukuda ýatyrdy.
Eý, gapyl ene, oýan, gözleriňi aç, gyzyň ýüregine diň sal! Häzir onuň kalbyny söýgi gurşap alypdyr. Ol ertir öýüňi terk eder-de, ýüreginde yşk alawyny ýakan ýigit bilen alaň yzyna alaň aşyp çöle gider. Ol şol ýerde söýgüsi ýaly tämiz, gyz göwnüniň sadalygyna meňzeş adamlara goşular.
Söýgi şeýle bir gudratly güýç, ol ýüregiňe barýan ýodajygy tapaýsa, onda işiň bitdigi hasap edäý. Çünki, ol şol ýodajygy öz ýoluna sepläp goýbär!
Gözleriňi aç, ene, päk gyzyňa ak ýol arzuw et!
