Kör aždarha (Bolgar halk ertekisi)

Ir döwürde bir demirçi ussa ýaşapdyr. Ol aýaly we kiçijik ogly bilen şadyýan durmuşda ýaşap, gije-gündizini öz sandalynyň başynda geçiripdir. Oguljagazy mydama kakasynyň ýanynda bolup, onuň hünärini öwrenipdir, hatda özüne kiçijik pyçajygam ýasanypdyr. Emma demirçi ussanyň bu oňat durmuşy kän uzaga çekmändir. Onuň aýaly keselläp aradan çykypdyr. Demirçi ussa aýalynyň ýasyny tutup bolandan soň, başga birine öýlenipdir hemem ondan köp çagasy bolupdyr. Öweý ene öz çagalaryny gowy görüp, adamsynyň ogluny bolsa ýigrenipdir. Bir gün ol:
— Entek ýigit çykmanka ogluňy öýden kow. Ulalansoň ussahanada işläp, inileriniň elinden çöregini alar. Görýäňmi, onuň elleri gelşip dur. Orak, çekiç ýaly gurallary ýasamak üçin tutuş oba şonuň ýanyna geler, inileri bolsa çöreksiz galar.
— Men ony nirä kowaýyn? — diýip, demirçi aýalyndan soraýar.
— Ogluňy möjekleriň ýaşaýan ýeri bolan gür tokaýlyga alyp git, şol ýerde-de agaja daňyp gaýt.
— Ýok, men ony edip bilmerin — diýip, ussa jogap berýär.
Ýöne demirçiň aýalynyň asla ynjalygy bolmandyr. Bir gün ärinden ogryn onuň kömekçisini ýanyna çagyryp:
— Eger şol oglandan dyndarsaň, artykmajy bilen sylag-serpaýyňy ýetireýin — diýip, oglany gür tokaýa alyp gitmäge razy edipdir.
Ussanyň kömekçisi oglany gür tokaýa alyp gidipdir hemem barmaly ýerine ýetenden soň, goşhaltasyndan ýüp çykaryp, çözläp ugrapdyr. Oňa seredip duran oglan:
— Daýy jan, bu ýüpi näme etmekçi bolýaň? — diýip soraýar.
Kakasynyň kömekçisi oglana hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýdyp berýär.
Şonda ýigit:
— Eger sen gowy adam bolsaň, ýüregiňde rehimdarlyk bar bolsa, meni agaja daňma-da, tokaýa kowup goýber. Men günümi özüm görerin — diýýär.
Ol adam bu sözlerden soň ýalňyşyna düşünip, elindäki ýüpi bir jaryň içine taşlapdyr-da, oglany tokaýda goýup gaýdypdyr. Oglan tokaýyň gür ýerlerinden geçip, uzakly gün azaşyp gezipdir hem-de ahyry geçi sürüsiniň aýak yzyna gabat gelip:
— Şu ýodajygy yzarlap gidibereýin, ahyry bir ýerden çykarar — diýýär.
Ol Gün batýança ýodajygy yzarlap gidip, garaňky düşenden soň bir köşgüň üstünden barypdyr. «Bu ýerde ýaşaýan adamlar meni myhman alsa gerek» diýip, ol pikir edýär-de, köşgüň içine girýär.
Oglan ähli ýeri aýlanyp çykypdyr, ýöne bärde yns-jyns ýok eken. Ol ahyry howlynyň töründe tagtyň üstünde oturan kör aždarhany görýär. Aždarhanyň öňünde ullakan gazan bolup, onuň golaýynda bolsa bir agsak eşek ýaltalyk bilen aýlanyp ýören eken. Oglan daraklygyna basyp, ýuwaşlyk bilen gazanyň ýanyna barýar-da, onuň içine seredýär. Emma gazanyň içinde hiç zat ýok eken. Biraz wagtdan soň jaňjagazlaryň sesi eşidilip ugraýar. Seretse, howlynyň içine geçi sürüsi girip gelýär. Haýran galmaly, ýaňky geçi sürüsiniň asla çopany-da, çolugy hem ýok eken. Ýaňky aždarha eline bedre alyp, bir uçdan geçileri sagyp başlaýar hem-de bedresi dolansoň, süýdi gazanyň içine guýýar. Aždarha hemme geçileri sagyp bolandan soň, gazana tarap eglip, süýdi işdämenlik bilen sorup ugraýar. Ony gören oglan gaty aç bolansoň, gazana eňegini basyp, olam garnyny doýurýar.
Oglan her gün şeýdip süýt içip duransoň, aždarha garnyny doly doýrup bilmän, ýarym aç, ýarym dok ýatmaly bolupdyr. Bu ýagdaý bäş-alty gün dowam edipdir.
«Bu näme boluş, näme üçin men süýtden doýamok? Ýa-da menden başga-da biri ogrynça içýärmikä? Bu taýda bir zada bar. Muny hökman anyklamak gerek» diýip, kör aždarha öz ýanyndan pikir edipdir.
Ertesi gün aždarha süýt içmäge duran wagty, duýdansyz elleri bilen gazanyň daşyny sermeläp başlapdyr. Oglan bu ýagdaýa garaşmansoň gaçyp ýetişip bilmän, kör aždarhanyň eline düşüpdir. Oglan gorkup aždarha:
— Haýyş edýärin, meni goýber, aždarha jan! Eger meni iýmän diri galdyrsaň, näme işiň bolsa edeýin! — diýip, aždarha ýalbarypdyr.
Aždarha oglana:
— Bu meniň çep elimden gelýän zadam bolsa, bolýa, men seni iýmäýin. Ýöne men indi garrapdyryn. Maňa geçileri sagmaga adam gerek. Indi sen geçileri sagyp, süýdüni bolsa gazana guýarsyň. Ol işleri edip bolanyňdan soň, howlyny süpürip arassaçylygyna seredersiň. Süýtden bolsa näçe içesiň gelse içiber. Semräriň ýaly saňa köpräk iýmek gerek. Ana, şondan soň men seni iýerin. Hä… Ýaşlygymda ençeme adam iýenem bolsam, gözüm kör bolaly bäri, adam etini dadyp göremok — diýipdir.
— Bu ýerlere nädip düşdüň? — diýip, oglan ondan sorapdyr.
— Biz — aždarhalar, Ýerde has ir döwürler mesgen tutduk. Indi şol äpet, eýmenç, gorkunç aždarhalaryň iň soňkusy men. Ýöne indi garradym, dişlerimiň bary döküldi — diýip, ol oglanjygy goýberipdir.
Oglan şol günden başlap kör aždarhanyň elinde işläp başlapdyr. Ol janypkeş, çalasyn, örän zähmetsöýer bolupdyr. Ynha, bir günem ýaňky kör aždarha oglana:
— Men seniň iş edişiňden göwnüm hoşal. Ynha, saňa köşgüň içiniň otaglarynyň açarlary. Şu wagta çenli sen howlynyň diňe içini arassaladyň. Indi sen köşgüň içine gir-de, ähli otagy syryp-süpür. Ýöne berk belle, iň soňky iki otaga girme. Eger giräýseň, öňünden duýdurýan, heläk ederin.
Oglan açarlary alypdyr. Ol ähli otagy açyp, ýuwup, süpürip, arassalapdyr. Ahyr aždarhanyň aýdan iki gapysyna-da ýetipdir. Oglan öz-özüne: «Eger aždarha maňa bu gapylary açmaga rugsat bermeýän bolsa, onda olaryň aňyrsynda hökman üýtgeşik bir zatlar bolmaly. Gel, gowusy, men bu gapylary açyp göreýin» diýip, aždarhanyň gadagan eden gapylaryny açypdyr.
Birinji otaga girip görse, owadan suw çüwdürimi bar eken. Ol suw çüwdüriminde suw ýerine arassa altyn akyp duran eken. Oglan suw çüwdürimine elini tutup görse, ellerine altyn reňk çaýylypdyr.
Ol öz-özüne: «Beýle suw çüwdürimini ilkinji gezek görýän» diýipdir-de, ikinji otaga giripdir. Bu otagda owadan gara at bolup, onuň aňyrsyndaky burç bolsa, ýalpajyk palçykdan ýasalan otçyrada ot ýanyp duran eken. Oglan otaga giren badyna ýaňky gara at başyny galdyryp, adam dilinde gepläp başlapdyr.
— Bol, basym maňa atlan, men seni alyp gideýin. Maňa bu ýerde ýaşaýyş ýok — diýipdir.
Edil şol wagt aždarhanyň wepaly hyzmatkäri bolan atyň guýrugy dillenipdir:
— Gaçybam bir görüň. Men sizi aždarha aýdaryn. Ol siziň ikiňizem iýer.
— Meniň guýrugymy kesip aýyr — diýip, gara at oglana ýüzlenipdir.
Oglan pyçagy bilen gara atyň guýrugyny kesip, ata böküp münüpdir. Ondan diňe birje gyly galypdyr. At:
— Ho-ol içi ýagly ot çyrany hemem meniň daragymy al-da, tokaýyň içi bilen gidiber — diýipdir.
Oglan atyň diýeni bilen bolupdyr. Ýöne howla çykan badyna, hälki atyň guýrugynda galan ýekeje gyl tutuş tokaýa ses edip gygyrypdyr. Aždarha bu sesi eşidip, şobada ýanynda duran agsak eşegini münüp, olaryň yzyndan kowup ugrapdyr. Eşek agsagam bolsa, edil ýel ýaly ýöreýän eken. Bular tokaý gutarandan soň, açyk meýdana düşüpdirler. Şol ýerde-de aždarha gara atyň yzyndan kowup ýetiberipdir. Muny görüp oglan gorkup başlapdyr.
— Daragy zyň! — diýip, gara at gygyrypdyr.
Oglan elindäki daragy zyňypdyr. Edil şol wagt aždarha bilen agsak eşegiň öňünde uly tikenli tokaý peýda bolupdyr. Agsak eşek tokaýdan geçjek bolup, ýene bir aýagyny ýaraladypdyr. Ýöne iki aýakda çapsa-da, has-haslap, par-parlap olaryň yzyndan ýeteňkirläpdir. Bu sapar gara at oglana:
— Ot çyrany zyň! — diýipdir.
Oglan içi ýagly ot çyrany zyňypdyr. Edil şol wagt olaryň arkasynda içi ýagly giň köl emele gelipdir. Aždarha bilen agsak eşek şol kölüň içine gaçyp, gark bolupdyr.
Oglan bolsa yzyna dolanyp, aždarhanyň köşgünde ýaşaberipdir. Ol ýerde özüne demir ussahanasyny açynyp, orak, kätmen, palta, ýer sürmek üçin azal ýaly gurallary ýasaberipdir. Altyn suwly çüwdürim bolsa hiç haçan guramandyr. Oglan her gün çüwdürimden elini ýuwar eken. Şonuň üçinem oňa: «Gyzyl elli demirçi ussa» diýip at goýupdyrlar.
