Ýüwrük Robik (Hekaýa)

Ýüwrük Robik (Hekaýa)

Gleb GORYŞKIN,
rus ýazyjysy

Biz onuň bilen bir awtoulagda gidip barýardyk. Edaramyzy Raýso-Aýwi dagyndan Kualu derýasyna göçürýärdiler. Ikisiniň arasyndaky uzaklyk kyrk kilometr çemesi bardy.

Ulagy ýaşy durguşan, akgöwünli, tejribeli sürüji Ýaşa daýy dolandyrýardy.

Öňden barýan ulagyň sürüjisi bolsa egni ala köýnekli, kellesi başgaply Wasýa atly ýaş ýigitdi. Onuň işe kabul edilenine bary-ýogy iki gün bolupdy. Onuň ulagyna hiç kim münmändi, oňa diňe goş-golamlary — çadyrlary, düşekleri, odundyr paltalary ýükläpdiler.

Ýolumyz nikel händekleriniň deňinden geçýärdi. Olar ýanardag kimin düýpsüzdi we haňlap ýatyrdy. Hol aşakdan ýasy burunlaryny asmana tutup, «ýaroslaw» ýük ulaglary kynlyk bilen süýrenişip gelýärdi. Radiatorlarynda aýy şekilleri ýaldyrap görünýän bu ulaglar çägesöw-garamtyl nikel magdanyny daşaýardylar. Motoryň gürrüldisinden olaryň hetdenaşa agyrdygyny çaklasaň bolýardy.

Köp gatnawly magdan ýoly bahym yzda galdy. Ýaşa daýy asfaltsyz çarkandak ýoldan bizi haýaljakdan we diýseň seresaplylyk bilen alyp gitdi.

Wasýa bahym ep-esli öňe saýlandy.

Bahym, güpläp agyr gar ýagyp başlady. Ol topraga galtaşdygy läbige öwrülýärdi. Biz ýüzümizi aňzakdan goramak üçin ýapynjalarymyzyň başgaplaryny kellämize çekdik. Dogrusy, Arktikada gezip ýören halyňa sowukdan nädip goranjak diýsene! Töwerekde pudaklarynda buzlar asyl-asyl bolup duran ýagellerden ( Ýagel — demirgazyk sugunlarynyň iýýän lişaýniginiň bir görnüşi. ) başga ösümlik görjek gümanyň ýokdy. Onsoňam häzir tomsuň suwly gary telpekläp ýagýardy. Üstesine, ýelem şuwlaýardy.

Biz kötel ýoldan ýokarlygyna galyp barýarkak, birdenkä Ýaşa daýyň ulagynyň motory alagalmagal etdi, soňra-da sen-men ýok sem boldy. Awtoulag ýuwaşlyk bilen aşaklygyna tigirlenip başlady. Birki ýola zor gören startýoram hatardan çykdy. Motory gaýtadan otlamak üçin edilen synanyşyklaryň hiç biri netije bermedi. Ulag öz maýdalyna baýryň düýbüne çenli yzlygyna gaýdyp, ahyry säginensoň, Ýaşa daýy kabinadan çykdy. Ol motoryň gapagyny açjak ýa-da tow berýän burgyny towlajagam bolup durmady. Onuň ýüzünde tukatlygyň we ýazyklylygyň alamatlary görünýärdi. Ýaşa daýy:

— Huşum gursun! — diýip, ganygyzgyn seslendi. — Ýigitler, ýangyjymyz gutarypdyr. Ugramankak barlap görmändirin-dä. Bu-ýa bolmad-ow. Indi nätsekkäk? Hany, gygyryň, belki, Waska eşider.

Waska nädip eşitsin diýsene! Ol daş-töweregine äňedip durasy ýok-la. Ýolam bir ahyryn.

Ine, ol baýryň depesine çykdy, sähel salymdan gerişden aňryk aşar… Biz bogazymyza sygdygyndan gygyryşdyk, sykylyk atdyk, ulagyň zoguna basdyk. Hatardan çykan ulagyň içinde biz eýýäm sowukdan ýaňa saňňyldap, hatda umytsyzlyga düşüp başladyk.

Birdenkä naw ýaly uzyn boýly, sakgaly syrylmadyk bir ýigit egnindäki ýapynjasyny ýere taşlap, ulagdan böküp düşdi we bar güýji bilen ýortup başlady. Biz onuň türgeniňki kimin ýeňil we çalasyn ädim ädişine aňkaryp galypdyrys. Ýaşa daýy:

— Bu ýigit her näçe ýüwrük bolsa-da, ulagyň yzyndan kowup ýetmez, mümkin däl. Baza dolanmak gerek — diýdi.

Ýöne ol baza gitmän, ýelgamak ýaly ýigidiň arkasyndan garady durdy. Biz indi Ýaşa daýyny diňlämzokdygam. Duranlaryň ýek-ýarymy: «Robigiň ulagyň yzyndan ýetäýmegem ähtimal» diýse, käsi «Robik tükgerip galar» diýýärdiler. Wasýanyň ulagy eýýäm gözden gaýyp bolupdy. Ol depeden aňryk aşypdy. Robik baýyrdan ýokarlygyna ylgap barýardy, syrap ýagýan gardan ýaňa aýaklaryny saýgaryp bolmaýardy. Bir gara baýryň ýüzünde ýeňillik we çakganlyk bilen süýşüp barýardy. Soňra Robigem gözden ýitdi. Biziň ellerimizi owkalaşdyryp, aýaklarymyzy tarpyldatmakdan hem-de Ýaşa daýyny köşeşdirmekden başga alajymyz ýokdy. Biz «Durmuşda her hili zat bolup bilýär… Bolduň meniň başyma kowup ýetjek ýüwrük. Baza gideliň…» diýişdik. Baza diýýäniň niredekä?

Kyrk minut çemesi wagtdan soň Wasýanyň ulagy göründi. Ol indi bize tarap gelýärdi. Ol depäniň üstüne çykansoň, «ynha, häzir barýan» diýen şekilde zoguny çaldy.

Ählimiz ulaga bakan daz ýasadyk. Her kim ylgap barşyna, özi hakda, Robik hakda, öz aýaklarydyr ýüregi hem-de demgysmasy… barada oýlandy öýdýän. Her kim: «Men başararmydym?» diýip pikir eden bolsa gerek.

Robik ulagyň basgançagynda durdy. Onuň sakgally ýaňaklary gyzarypdyr, gözleri bolsa şelaýynlyk bilen ýylp-ýylp edýärdi. Hemişe sus Robigiň begenji içine sygmaýan borly, onuň erni bir ýere gelenokdy. Ol muny gizlejek bolubam durmady. Belkem, ol hut Kusuň, Bolotnikowyň we Brumeliň özlerini olimpiada oýunlarynda duýuşlary ýaly çäksiz bagtly duýandyr.

Sürüji Wasýa bize bar zady gürrüň berdi:

— Men gidip barýan, düşünýäňmi? Ulagyň tizligini artdyrýan. Birdenkä kimdir biri ulagyň üstüne münen ýaly takyrdy sesi eşidilip gitdi. Ulagy togtadyp ýetişmänkäm ol kejebege kakýar… Ulagyň tizlik ölçeýji enjamyna seredip, onuň ýedi kilometr geçendigini gördüm. Her niçik-de bolsa, kowup ýetipdir. Bu her kesiň başaraýjak işi däl… Özem ädikli…

Hiç birimiz Robigiň tarypyny ýetirjek bolup durmadyk. Biz haýdan-haý ýola düşmelidik. Ýaşa daýy diýseň şadyýan görünýärdi:

— Häzirjek oglanlar, häzir men ýangyç guýnaýyn, onsoň ýola düşeris.

Biz ulagyň ýangyjyny ýetirdik. Indi howa-da o diýen yzgarly däldi. Biziň her birimiz özümizden az-kem uýalýardyk — menden Robik bolmaz ahyryn.

Terjime eden Myrat GOŞLYÝEW
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle