Keltekçe (Hekaýa)

Keltekçe (Hekaýa)

Alekseý KOŽEWNIKOW,
rus ýazyjysy

Hemme zat bolmalysy ýaly bolýardy — garlar eräpdi, suw daşgynlarynyň galmagaly ýatyşypdy, ýoluň iki gyrasyndan tekiz ýodajyklar uzap gidýärdi. Men ülje agaçlarynyň düýbünden şepbigiň dup-dury, owunjak damjalaryny tapdym. Bular şu ýylyň damjalarydy.

Diňe çabga bilen jala gijigipdi. Birki gezek az-kem ýagyş çisňäpdi, ýöne olar geçen ýylyň yzlaryny ýok ederden gaty ujypsyzdy. Meýdanlar, ýaýlalar, hapa üçekler heniz doly ýuwulmandy. Daragtlaryň şahalarynda eýeleriniň taşlap giden hapa kerepleri aslyşyp durdy.

Men kümede tigrimi ýygnap durşuma, keýpsiz halda gapynyň yşgalaňyndan bulutsyz asmana seredýärdim.

Çabga başga ýandan, maňa görünmeýän tarapdan geldi. Ol indi ýaz aýyna mahsus ähli tebigy hadysalary bilen — ýeli, gök gürrüldisi, jalasy, dolusy bilen gelipdi. Ýeliň ilkinji öwüsgini ähli kerepleri ýok etdi, soňra guran çöp-çalamlary döwüşdirip başlady. Toprak ak köpürjige bürendi.

Meniň barha güýjeýän ýagşa keýpim kökelip: «Dözümliräk, dözümliräk ýuwsana. Ine, hammam diýibem şuňa aýdaýsaň» diýip oýlandym.

Ýaz çabgasyny synlap durşuma kalbymda hemişelik yz galdyran şatlykly ýatlamalara berildim: tundra, daglara, deňizlere we ummanlara eden syýahatlarym, duýdansyz duşuşyklar, obada geçen bigam çagalygym göz öňümde janlandy. Ýaz çabgasy hem hiç mahal unudylmajak şatlykly günler, janlynyň jansyzdan üstün çykyşy ýaşlyk kimin kalbymda ornaşdy.

Birsalymdan doly diňdi, çabga-da kiparlady. Indi kümede oturmagyň hajaty ýokdy. Men ýagşyň astynda gezmelemegi, suwly joýajyklaryň içinde bökjekläp, töwerege suw baryny syçratmagy, ygalyň ýumşadan topragyny basgylamagy, ýuwlan gülleri synlamagy halaýaryn, olar şonda gözüňe edil ýyldyzlar kimin ajaýyp görünýärler.

Ýogsa-da, men häzir gitmelidim. Şol sagat mekdepleriň birinde meniň hekaýalarym okalmalydy. Ýagyşdan ýaýdanamokdym, meniň gaýyş keltekçäm bardy.

Ýöne keltekçäm asylgy duran ýerinde ýokdy. Öýüň bar ýerini gyzyldörjük etdim, emma tapyp bilmedim. Diýmek, men şatlykly oý-hyýallara batan mahalym keltekçäm ogurlanan bolmaly. Keýpim bozuldy, ýüregim gysdy, ähli oý-pikirlerim bulaşdy, indi her gezek pikir ummanyna çümenimde şu ogurlyk zerarly onuň keýpini görüp bilmen.

Ýaz çabgasam öňki manysyny ýitirdi, ol hem mundan beýläk meniň üçin ýakymly hadysa bolmaz.

Men mekdebe gamgyn halda, gaty gijä galyp bardym. Daşyma üýşen çagalar alawagyrdy boldular:

— Daýy, çabgany gördüňizmi? Nähili çabga!..

Soňra bir pursat dymdylar.

— Daýy-daýy, sen nähili hekaýa aýdyp berjek, gorkunç zatlar hakdamy?

Men olara keltekçe barada gürrüň berdim.

Oglanjyklaryň biri:

— Haçan ýitdi? — diýip sorady. Ol bälçikdi we edil günebakar kimin çypardy.

— Hut çabga ýagyp durka.

Oglanjyk oýa batdy, birdenem onuň göwni göterildi:

— Ýok, ol ogurlanan däldir!

Bu «günebakar» nireden bilýärkä diýip, meniň bilen bilelikde beýleki oglanjyklar hem geň galdylar.

— Kimdir biri ýola keltekçesiz çykandyr, şol mahalam çabga guýup başlandyr. Belki, gaty howlugansoň, keltekçäňizi geýmeli bolandyr. Alada etmäň, getirer!

Şu ýerde çagalaryň ählisi keltekçäniň hökman tapyljagyny aýdyp, meni ynandyrmaga durdular. Belki, ony gazetdir hatlaryň üstüni örtmek üçin hatçy alandyr. Tokçynyň alan bolmagam ähtimal — olar oba tok çekýärler ahyryn. Şeýle-de, olar çopanlary, neçjarlary we ýene-de ençeme kişini agzadylar. Güýçli ýagyş guýup durka keltekçe her kese zerur bolup biler. Men öz ýanymdan: «Ýok, ýalňyşýaňyz. Ol ýitdi. Men sizden köpräk ýaşadym we sizden has oňat bilýän» diýip oýlandym. Emma şol pursat «Birden olaryňky dogry bolaýsa näme…» diýip, bada-bat pikirimi üýtgetdim. Çagalaryň sözlerindedir ýüzlerinde şeýle bir pugta ynam bardy welin, meniň köpýyllyk tejribäm onuň öňünde asgyn geldi.

Şol gün giç agşama çenli, tä aýak ýygnanýança daşaryk seredip oturdym, ertesi günem, ilki bilen, penjiräniň öňüne ylgadym.

— Olar mamla bolaýsa näme?

Birdenkä penjire kakyldy. Onuň öňünde tanyş traktorçy durdy. Ol meň keltekçämi penjiräniň öňünde goýdy-da, ötünç soramaga başlady:

— Işe köýnekçe çykypdym, şo pille-de doly ýagyp başlady. Seň öýüňe tarap ýüwürdim, senem öýde ýok ekeniň. «Göz gorkak, el batyr » diýenlerini etdim. Gaharlanmaweri!

Men traktorçynyň sözüni böldüm:

— Keltekçämi alanyň üçin sag bol!

Traktorçy maňa akyly çaşanyň biridir öýden bolsa gerek. Ol maňa hut kelesaňa seredişleri ýaly, rehimdarlyk hem dözümsizlik bilen seretdi. Ýöne men akmak däl. Men o sözleri tüýs ýürekden we çynym bilen aýdypdym. Men oglanlara-da minnetdarlyk bildirdim. Men öňki döwrüň adamsy ahyryn, ýaşlygymdan şeýle pikir etmegi endik edinipdirin: nämedir bir zadyň ýiten bolsa — diýmek, ogurlanandyr, penjiräň kakylýan bolsa — diýmek, dilegçidir, hatly bukja gelen bolsa — hökman bir betbagtlyk bolandyr ýa-da biri keselländir.

Emma çagalar maňa begenip diňlemegi we görmegi öwretdiler: keltekçe ýitdimi — bada-bat ogurlanandyr öýdüp betgümanlyk etme, penjire kakyldymy — ol dilegçi däldir, belkem, agşam mekdepde geçiriljek dabara çagyrmakçy bolýandyrlar, hat geldimi — belkem, traktorçy tanşyň sylag alyp, uly abraýa eýe bolandygyny habar edýändir.

Ýene bir ýola sagbolsun aýdýan!

Rus dilinden terjime eden Kerim GOÇGULYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle