Aý hudaýy — LI Şaňýin, hytaýly şahyr

LI Şaňýin,
hytaýly şahyr
Gadymy rowaýatda aýdylyşyna görä, bir zenanyň örän bagtly durmuşy bar eken. Emma onuň Aý hudaýy bolmak islegi hemme zatdan üstün çykypdyr. Şol niýet bilen ol içi jadyly içgili çüýşejigi ogurlapdyr. Onuň arzuwy hasyl bolup, asmana göterilýär, ýöne munuň üçin ol maşgalasyndan jyda düşmeli bolýar. Ynha indi bolsa şol eden işine ökünip, ýitiren bagtyny gözläp, ömrüni ýalňyzlykda geçirip ýör…
Şemiň yşygyndan düşýän kölege
Nagyşly mermere düşen mahaly,
Gül-pürçük Eremde asuda akar
Suwarýan wagtynda nowça nahaly,
Säher ýyldyzlary owsunyp, Ýere
düşsem diýip aşak gaýdan mahaly,
Aýt, şonda ökünip eden işiňe,
Gözýaşlarňa boglup, bakýarmyň ýere?
Ýok, bedibagt çüýşäni ogurlamansyň,
Ol seniň bagtyňy ogurlan eken.
Seni deňizlerden, derýalardan hem
Gök asmandan beýge — Arşa galdyryp.
Indi uzak gije mähre zar bolup,
Asmandan asylyp dursuň galdyrap.
SÖÝMEKDEN GORKAMOK
Ýagyş guýýar ýüzümden hem kebzämden,
Süýek-süňňüm gaý astynda gyşarýar.
Edil gämiň galyşy deý tupanda,
Sen ykbalym bolup, maňa duşan ýar.
Näme bar öňümde, bilemok heniz,
Men ony bilmegem islämok häli:
Hasrat bile solup saralarmykam
Ýa bagtym berermi iň oňat päli?!
Howsala hem şatlyk gaplap kalbymy,
Şol gaýyk deý agyp-dönýän ummanda.
Saňa duşanyma ökünemok hiç,
Hem gorkamok galaryn öýdüp armanda.
