Ýagyş we gözýaş (Es­se)

Ýagyş we gözýaş (Es­se)

Wa­li­da UMA­RO­WA,
öz­bek ýa­zy­jy­sy

Howanyň ýüzi garaldy. Birdenem güýçli ýagyş ýagyp başlady. Asmandan inýän damjalar ynsan gözýaşy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýagyş:

— Eý, ynsan gözýaşy, sen güýçlümi ýa-da men? — diýip soranda, ol jogap almady. — Näme sebäpden dymýarsyň? Elbetde, meniň güýçlüdigimi hemmeler bilýär. Men ýeri-gögi lerzana getirmäge, sil bolup, öňümden çykan islendik zady alyp gitmäge ukyplydyryn — diýip, özüçe öwündi.

Gözýaş oňa asudalyk bilen şeýle jogap berdi:

— Ynsanlara, ekinlere zyýan ýetirmäge ukyplydygyňy agyz dolduryp aýtmaga utanaňokmy?! Aslynda, bularyň hemmesi tebigatyň işi. Onuň bu barlygy suw bilen ýuwýandygyny hemme kişi bilýär ahyry. Emma adamlar bir zada begenende ýa-da gaty gynananda damagy dolup, gözýaş dökýär. Şondan soňra olaryň göwni ýumşap, biraz aram tapýar. Sen tebigatyň gaýgy-gamyny ýuwsaň, men ynsanlaryň gaýgy-hasratyny unutmaga kömek edýärin. Diňe gözýaş ynsan kalbyny köşeşdirmäge ukyply. Sen bu zatlary nireden biljek diýsene…

Olary synlap duran akyl goşulman durup bilmedi-de, hakykaty aýdyňlaşdyrdy:

— Dogry, her damja gözýaş ynsanyň ýüregini ýumşadýar. Ýöne sen ulularyň gözýaşy barada aýdýarsyň. Çagalaryň gözýaşy bolsa her dürli bolýar. Käwagt diýen etmezek, ynjyk çagalar bolýar. Olar özünden ululara diýenini etdirmek üçin ýalandan aglaýarlar. Elbetde, ýagşyň hem gowy taraplaryny ýatdan çykarmaly däldiris.

Geliň, gowusy, bu hakykat barada pikirlenmegi okyjylarymyza goýalyň! Olar gözýaş hem-de ýagyş baradaky bu meselä ýene nämeleri goşup bilerler?!

Özbek dilinden terjime eden Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle