Ullakan ýürek (Hekaýa)

Ullakan ýürek (Hekaýa)

Wahtang Ananýan,
ermeni ýazyjysy

Men mäşäni gysdym, gamyşlar şygyrdaşyp gitdi. Ýabany ördekleriň sürüsi pasyrdaşyp ýokary göterilseler, tagaşyksyz suw towuklary alňasaşyp, gamyşlaryň arasynda gizlendiler.

Batgalygyň gyrasynda awlan guşjagazlarym ýatyrdy — biri kepderiň ululygyndaky ýapyk çal reňklidi, beýleki ikisiniň müçesi kiçiräk we reňki açygrakdy, özlerem indi per çykaryp başlapdyrlar.

Olaryň biri sag galypdyr. Okuň sesi ony seňseledipdi, elimiň aýasyna alamsoň birneme özüne geldi. Etenejik gorkudan ümezlän gözjagazlaryny açdy-da, ýalbaryjy äheňde pessaýjadan zaryn jürküldedi.

Oňa jogap berýän şekilde asmanda ganatlaryň pasyrdysy eşidildi, bir guş emaý bilen gerdenime uruldy, soňra ganatlaryny ýaňagyma degirdi-de, patlap ýere düşdi. Ol ikibaka urundy, tiz-tizden ganatlaryny kakdy, soňra bar güýjüni jemläp, menden uzagraga gaçdy, golaýdaky daşyň üstünde oturybam, zaryn-zaryn saýrady. Onuň aýaklaram, çüňkem, çal göwresem uzyndy. Ol etenejikleriň enesi bolmalydy.

Aýamdaky guşjagaz boýunjygyny uzadyp, ýene-de inçeden naýynjar jürküldedi.

Ene guş şeýlebir zaryn gygyrdy welin, «doňýürek awçy» bolsamam, endamym dyglap gitdi…

Guşuň gykylygyny söz bilen beýan eder ýaly däldi. Onuň sesi çäksiz gussa we nala ýugrulandy welin, heý goýaý…

Arkamda otlar çybşyldady. Pikirden aýňaldym-da, yzyma seretdim. Bir daýhan maňa tarap ýöräp gelýärdi. Onuň egnindäki dyrmygyň dişleriniň birnäçesi düşüpdi.

Daýhan säginip, guşuň sesine diň saldy-da:

— Onuň çagalaryny heläklän dälsiň-dä, şäherli dogan? — diýdi.

— Muny nädip bildiň?

— Sesinden. Onuň neneňsi nala çekişini, zarynlaýşyny eşideňokmy, eýsem!..

Ol gapdalymda çökdi-de, ýaryk-ýaryk bolan ellerini galgadyp, sözüni dowam etdirdi:

— Ýüregi götermez, görgülijik hökman heläk bolar. Öz etenejiklerini unudyp bilmez. Onuň üýtgeşik ýüregi bar. Hakyky ene ýüregi.

Daýhan alňasaman maňa gyzykly bir hekaýaty aýdyp berdi:

— Geçen ýyl aýalym bilen bilelikde bu ýere bede toplamaga geldik. Biziň bilen pişigimizem gaýtdy. Pişigem näme, pişik-dä, uzakly gün guşlary kowalap gezdi. Gamyşlaryň içinde, daşlaryň aňyrsynda gizlenýär, yzarlaýar… Ahyrynda-da, onuň penjesine gamyşlaryň arasyndan hiç zatdan habarsyz çykan, heniz per-ýeleksiz guş çagasy düşdi. Howada ganat kakyp ýören ene guş pişigiň üstüne agyr daş kimin bat bilen gaýtsa, ata guş pişigiň bokurdagyna ýapyşyp, gözüni çokjak bolýar. Pişigem gazaba münüp, etenejigiň ganatyny ütüm-ütüm etdi. Şonda ene bilen ata guşuň zaryn gykylyklaýyşlaryny bir eşitseň. Olar pişigi ganatlary bilen kakyp, çüňkleri bilen çokjalap, köle agdarylar ýaly etdiler… Ahyry pişik oljasyny goýbermeli boldy. Şeýlelikde, etenejik halas bolupdy, suwuň ýüzünde edil sallançak kimin ikibaka çaýkanypdy.

Gürrüňdeşim sypaýy ýylgyrdy-da, sözüniň üstüni ýetirdi:

— Sen ene we ata guşuň etenejigi ganatyndan tutup, seresaplylyk bilen galdyryşlaryny, soňra-da gamyşlyga äkidişlerini bir görsediň…

Ol biraz säginen ýaly etdi-de, soňra ýene sözüni dowam etdirdi:

— Men bu guşlary soňam gördüm. Biz ýene bärde ot ýatyrýardyk. Biziň goňşymyzyň ogly gamyşlyga bardy-da, etenejikleriň birini tutdy. Ene guş şeýlebir gopgun turuzdy welin, çalgyçylaryň, ýagny barymyzyň gözümize ýaş aýlandy…

Biz ertesi gün gaýtadan geldik. Ýene-de şol guşuň sesi eşidilýär — saýraýarmy, ahy-nala çekýärmi düşüner ýaly däl. Wah, onuň sesi ýüregiňi elendirip barýar. Ol perzendini ýitiren hakyky ene mysalydy. Bu ahwalat rewolýusiýadan öňki uly söweş döwründe bolupdy. Kimse ogluny, kimse adamsyny, kimse kakasyny ýitiripdi. Bu guş barymyza şol ýakynlarymyzy hakydamyza getiripdi. Onuň owazyna diň salyp, gözýaş dökdük…

Daýhan gürrüň berýärdi, daşyň üstünde henizem sarsman duran guş bolsa gussa ýugrulan şol bir heňine tutdurýardy.

Men:

Soň näme boldy? — diýip soradym.

— Ol şeýdip iki gije-gündizläp zarynlady, soňra bolsa özüni suwa oklady… Hawa, şäherli dogan, kiçijik guş diýjeksiň, gör-bak, onuň ýüregi nähili ullakan! Ine, bujagaz guşam hasrata döz gelmez…

Men daýhan bilen hoşlaşdym. Awlan guşlarymy bilimden asyşdyryp, diri galanyny bolsa torbama saldym-da, kölüň çägesöw kenary bilen ýöräp ugradym. Meni guşuň ýüregiňi elendirip barýan zaryn sesi ugratdy.

Gün ýaşyp başlan uçurlary awdan dolanyp gelýärkäm, ýalňyz galan ene guşa näme bolandygyny görmek isledim.

Dag köli batyp barýan Günüň şöhlesine ýaldyrap, asuda çaýkanýardy, gamyşlykda guşjagazlar pessaýja jürküldeşip uka gidýärdiler. Olaryň sesi kem-kemden ýatyşdy, köl, hamala, mylaýym dag şemalynyň astynda ymyzganan ýalydy.

Daş-töwerekde höküm sürýän bu ümsümligi hälki görgüli guşuň tukat saýramasy bozýardy. Bu adam-garasyz giňişlikde köl suwunyň syrly şaggyldysynyňdyr gamyşlaryň şygyrdysynyň arasyndan eşidilýän gussaly zarynlama maňa ýiti täsir etdi.

Men çaltlyk bilen şol tanyş daşa bakan ýöneldim, torbamdaky etenejigi çykardym-da, ony ejesiniň öňünde goýup, ötägitdim.

Gaňrylyp, yzyma seredenimde ene guşuň çagasyny ezizleýşini, onuň hüžžeren perjagazlaryny ýylmaýşyny gördüm. Onuň zaryn owazy kesilipdi.

Köl we gamyşlar bolsa agşamyň asudalygyna gömüldi…

BUK TOKAÝYNDA

Biziň buk tokaýymyzda guran beýik agaç bardy. Onuň ýarysy çüýrän şahalaryny san-sajaksyz gurçuklar eýeläpdi. Olardan garynlaryny otarmakçy bolýan daşdeşenler çekije çalym edýän berk çüňkleri bilen tyrk-tyrk, tyrk-tyrk edişip, günde-günaşa agaja dynuwsyz urýardylar. Daşdeşenler tarapyndan döredilen köweklerde ýabany kepderiler höwürtge ýasanyşyp, jüýjeleýärdiler.

Bir gezek dostum Simon bilen men sürini çeşmäniň başynda galdyrdyk-da, kepderi ýumurtgasyndan birki sanysyny almak niýeti bilen şol agaja ýöneldik.

Ahyry o ýere baranymyzda iki sany kepderiniň agajyň töwereginde howsala bilen ganat kakýandygyny gördük. Olar agajyň düýbüne ganatlaryny degrip, çäresiz halda guguldaşýardylar. Olary beýle dowla düşüren zat nämekä?

Simon ýabany pişigiňkä çalymdaş çalasynlyk bilen agaja dyrmaşyp mündi. Elini ilki gören köwegine sokan dessine çirkin gygyrdy we ýyldyrym çaltlygynda elini çekip aldy. Simon aşak düşmäge şeýlebir howlukdy welin, aýagy typyp, patlap ýere düşdi. Agajyň köweginden ýylanyň kellesi göründi, onuň gaharly gyzyl gözleri ýalpyldap gitdi.

Men dostumyň eline ýapyşdym. Onuň süýem barmagynyň hamy soýlup, birgeňsi ýaşylymtyl sülekeý bilen örtülipdir — ýylanyň zäheri bolmaly. Barmagy bahym güp ýaly çişip, balyklaryň pökgerip duran haltajygyna çalym etdi.

Men aljyrap ikibaka hars urdum, Simon welin parahat gepledi:

— Çarykdan ýüp sogrup al-da, barmagymy daň, özem zäher ýaýramaz ýaly pugta edip daň.

Men onuň aýdyşy ýaly etdim-de:

— Indi bahym öýe gideli — diýdim.

— Näme beýle eýmenip dursuň? Hany, çaltrak ot ýak.

Ot tutaşyp başlan dessine Simon gynyndan gamasyny çykardy. Ujy gyp-gyzyl bolýança oda tutansoň, barmagynyň ýylan çakan ýerini emaý bilen kesdi. Ondan al suwuklyk zogdurylyp akdy.

Ýüregim elenip duransoň, men beýläme öwrüldim. Simon buýruk beriji äheňde gepledi:

— Barmagymy gys-da, gaýym syk. Sygyr sagýan ýaly et-de, gatyrak gys!

Onuň barmagy aýasyna çenli çişip, gögerip durdy. Men güýjümiň ýetdiginden barmagyny sykýardym. Ýaradan ep-esli al suwuklyk akdy, onuň bilen birlikde sapaga çalym edip, nähilidir bir ýaşylja zadam çykdy, bu ýylanyň zäheri bolsa gerek.

Ahyrsoňy Simon:

— Indi bolaýdy öýdýän — diýdi.

Ol ýarasyny oňat gyzdyrylan pyçak bilen daglady-da, maňa gaýtadan elini uzatdy:

— Daň!

Onuň barmagyny daňýarkam, aljyramakdan ýaňa sandyr-sandyr edýärdim. Simon welin ýüzüni çytaýynam diýenokdy.

Depämizde häzirem kepderiler howsalaly ganat kakyşyp, guguldaşýardylar. Ýylandan gorkujygyna ýaňy per bitip başlan etenejik ýere gaçypdy. Onuň yz ýany ene kepderi agyr daş kimin bat bilen aşaklygyna gaýtdy-da, ganatlary bilen çagasynyň üstüni örtdi.

Guş çagasyny elime aljak bolanymda, ene kepderi maňa edil gazaba münen kürk towuk kimin topuldy, tasdanam gözümi çokupdy. Men etenäni alyp, başga agajyň köweginde goýdum, ene kepderem şol ýere uçup bardy.

Ýylanyň haýyn hereketi meni gazap atyna atlandyrypdy. Yzyma dolanyp geldim-de, gury ýapraklarydyr şahalary çöpleşdirdim, olary agajyň düýbüne üýşürdim-de, ýakyp goýberdim.

Agaç äpet ýalna öwrülip bahym tutaşdy, oduň alawly gyzyl dilleriniňdir goýry tüssesiniň içinden ýylanyň aýylganç kellesi göründi.

Birdenkä howany san-sajaksyz guşlaryň bat bilen kakýan ganatlarynyň pasyrdy sesi eýeledi.

Depämizde kepderileriň giden bir sürüsi bardy. Megerem, buk tokaýynda bar bolan kepderileriň ählijesi bu ýerde jemlenen bolmaly, olar öz ýakynlaryna ýardama gelipdiler. Özlerem burugsap çykýan tüssäni parran kesip geçip, agaja diýseň ýakyn uçýardylar. Simon:

— Görgüli guşlar, çagalaryny halas etmäge gelendirler. Ýylanyň höwürtgelerini eýýäm boşadandygyndan habarlary ýok — diýdi.

Biz taşlap gaýdan sürimize tarap haýdadyk.

Garaňky gatlyşyp başlapdy. Labyrdap ýanýan agaçdan ýaýraýan mämişi ýagtylygyň ýüzünde gaýmalaşýan tegmiljikler kä garalyp görünýärdi, käte ýitirim bolýardy. Olar ýalňyz galan ene kepderilerdi.

Rus dilinden terjime eden Dursun TEKÄÝEWA

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle