Hindi poeziýasy
Anil Janwijaý
Hindistan, bagtym sen!
Hindistan, saklaýan seniň bilen jan,
Gussam kän, biriniň ady-da hijran!
Hijran — mejimede süýt içen durna,
Hudaý, meni urduň, özgäni urma!
Şygrymy gursakdan alar-da ýolup,
Derýada akdyrar, üstümden gülüp.
Ýadyma düşende dökülýär ýaşym,
Dünýä maňa tündür, sensiň Kuýaşym!
Seniň goýnuňdakam başymy egmen,
Aj-u-dok bolsam-da, ýurdumda beg men.
Öýli-öýsüz, yssy-sowuga bakman,
Watan, damaryňda gan bolup akýan!
Hindistan, bagtym şu: ýaşaýan şa bap,
Dillerde aýdym sen, gujagyň abat!
***
Hariwanş Raý Baççan
Hyýal
Hyýal aty uzaklardan uzaga,
Äkitse gözlärin delminip her ýan.
Düşäýsem-de sypylmajak duzaga,
Hiç haçan unutman seni, Hindistan!
Eger diýäýseler: «Ýör, şahyr, basym,
Erem bagyndadyr ömrüň dowamy!».
Diýarym, ýüz öwrüp, men seniň asyl
köklerňe baş egip, sorjak howaňy!
Eger-de boýnuma älemde bütin
ýyldyzlary sowgat diýip assalar.
Ýeke çümmük hindi topragy üçin,
Ýüz öwrerdim, seň gumuňy ýassanyp.
Diýip: «Gün deý nur saç her ýana häli!»,
Tagtda oturtsalar gökde gurnalan.
Ataşa ymtylýan perwana ýaly,
Hindistanyň wysalyna urnaryn.
Asmanda elime ýalkymly ody
berseler şeýlebir hoşal bolardym.
Hemem şol çyragy, gaçyrman bady,
Derrew Hindistana alyp gelerdim.
Aby-Köwser suwun berip elime,
Diýseler: «Özge suw datma iru-giç!».
Dostlar, ony inkär edip telimem,
Gangyň suwy bilen çalyşmazdym hiç!
Jennetde bolsam-da, tussag deý gamgyn
oturardym, bagty itip her günki.
Hindistanda (meniň ebedi salgym)
Dogulmagy pikir ederdim çünki…
***
Alka Sinh
Aşyk bahar
Gujagyňy dolduryp,
Boldum bir desse çemen.
Güneşi hyna edip,
Zemin gyzardy hemem.
Howa durşuna heňdi,
Ajap surat çekdiň sen.
Guşlaram boldy bendi,
Dost, nämeler etdiň sen?
Aýak sesiň ýaň salar,
Ýaýradar dürli seda.
Barlyk senden reňk alar,
Aýdymyň edýär geda.
Yşk mukamy alyp bat
Gygyrýar: «Gel ýanyma!
Edil bahar çagy ot
düşdi şirin janyma!».
Görnüş göwne berýär tap:
Güller müň bir hyýalda.
Aşyk bahar dür deý sap
yşkyn goýmaz zyýanda.
***
Kunwar Beçaýn
Bolsa ýagdaý köňlüm içre ýaýragyn,
ýar, bir sapar,
Bag bolaýyn bilbil bolup saýragyn, ýar,
bir sapar!
Gije goýnuna alanda ýer-u-asmany tükel,
Aç ýüzüň, tüni gündize aýlagyn, ýar, bir sapar!
Nar ýaly turşy bolmasa ömrüň meýli badasy,
Köwser suwundan dadyp
«haý-haýlagyn», ýar, bir sapar!
Gözleriň dür dänesi deý, owasy däli derýam,
Gözýaşyňy kirpigimde jaýlagyn, ýar, bir sapar!
Bir gelip gideňsoň gaýdyp
gelmegiň müşgil bolar,
Wysal badasyna sen gark eýlegin,
ýar, bir sapar!
***
Sunita Reýna
Barça ýol munda gutarar, egrilişlerni unut,
Ýatda galsyn ýagşy işler, galan işlerňi unut!
Pikr-u-zikrim sende galdy,
kä umyt, kä şübhede,
Il pyşyrdap diýdi: «Goý, gel,
ýakut dişlerni unut!».
Nyşana ýok gözde gamdan sen gitseň-de,
ne ajap,
Ol seni ýatdan çykardy, sen ýanyşlarňy unut!
Ýok, ne ol gözler,
ne hallar seniň kysmatyň emes,
Ýürek şeýdadyr gözüňe, göz ýumuşlarny unut!
Rahmetiň ýagmyry özgäň üstüne ýagdy neçün,
Eý, ýüregi gapyl, unut, süýji düýşlerňi unut!
Gülende Aý kybapdy ol, hem çaý ýaly joşardy,
Wysal derýaňdy ony indi süzüşlerňi unut!
Terjime eden Ysmaýyl TAGAN