Kapasa guşy bardy…
Rabindranat TAGOR,
hindi ýazyjysy we şahyry
Kapasa guşy bardy…
Kapasa guşy bardy
Tyllaýy kapasada.
Tokaý guşy tokaýda
Ýaşaýardy asuda.
Bir gün gelip pete-pet
Ikisi ýüzleşdiler.
Oýlarynda näm bolsa,
Özara gürleşdiler.
Tokaý guşy diýdi: — Eý,
Kapasa guşy diňle.
Gel, tokaýa uçaly
Ikimiz hemdem bile.
Diýdi kapasa guşy:
— Tokaý guşy gel, senem.
Kapasada ýaşamak
Örän parahat bilseň.
Tokaý guşy: — Ýok, neçün
Bolaýyn onda tussag?
Kapas guşy: — Wah, muny
Bor nädip döwüp gitsem?
Kapasanyň daşynda
Oturyp tokaý guşy.
Gözel tokaý aýdymyn
Aýdýardy diýseň ýagşy.
Kapasa guşy bolsa
Hiňlendi zaryn-zaryn.
Ençeme gaýtalanan
Gadymky gazallary.
Tokaý guşy ýüzlenip
Diýdi kapas guşuna:
— Ajap tokaý aýdymyn
Gel, aýt, senem goşul-da.
Kapasa guşy diýdi:
— Tokaýyň guşy diňle
Birnäçe gazallary
Sen hem öwrenip hiňlen.
Tokaý guşy: — Ýok, seniň
Öwrenen aýdymlaryň,
Müň sapar gaýtalanan
Gazallaryň aýtmaryn.
Kapasanyň guşy hem
Diýdi: — Tokaý aýdymyn
Eý, how, sen oýlan ahyr
Men neneňsi aýdaýyn.
Tokaý guşy seredip
Diýdi: — Asman reňki gök.
Onda uçmaklyk üçin
Asla hiç kynçylyk ýok.
Kapas guşy: — Kapasa
Gurlandyr berkdenem berk.
Munuň içinde diňe
Ümsüm ýaşamak gerek.
Tokaý guşy: — At özüň
Arasyna bulutlaň.
Ýaşa senem erkana
Ynha, görersiň onsoň.
Kapasa guşy: — Sen hem
Öz-özüň bendi eýle.
Oturyp gör tussagda
Ahwalyňy soň söýle.
Howp-hatardan gora meni…
«Howp-hatardan gora meni»
Däl bu meniň dilegim.
Haýyşym: külpetli günde
Salmagyn ýüregme wehim.
Gaýgy-hasratly kalbyma
Bolma teselli beriji.
Gaýtam, gam bilen söweşsem
Sen meni etgin ýeňiji.
Berilmese goldaw, kömek
Öz güýjümiň çägin giňelt.
Bu dünýäde hemem kalpda
Bolmasyn hiç berbatçylyk!
Uçrasam zo-ol şowsuzlyga,
Duşsa diňe kezzapçylyk,
«Özüň meni bukup gizle!»
Dilegim ýok meniň beýle.
Ýüzüş güýjüm gurat eýle.
Maňa bermegin göwünlik,
Agyr ýüküm kemeltmegin.
Eýsem, şol ýüki çekmäge
Gujur, gaýrat, çydam bergin.
Tanaryn seň asyl ýüzüň.
Kaýyl bolup döz gelerin
Emma gamly gijelerde
Ýa al-hile dolsa dünýä
Sen menden şübhe eýleme!