| | | | | |

Süleýman pygamber

Süleýman pygamber

SÜLEÝMAN PYGAMBER (a.s)

Süleýman pygamber, Dawut pygamberiñ ogly we Ysraýyl patyşalygynyñ üçünji patyşasydyr.

Süleýman ~ arap dilinde: سليمان, sulaymān; ibrany dilinde: שלמה, Şlomo ýa-da Şelomo; latyn dilinde: Salomone, grek dilinde: Σολωμών, iñlis dilinde: Solomon görnüşinde ýazylýar.
Süleýman pygamber Ierusalimde uly ybadathana gurdurýar. Ol "Gurhanda" pygamberleriñ biri hökmünde ýatlanýar. Hristiýan ynanjynda kanun çykaryjy we hökümdar hökmünde hormatlanylýar. Ýewreýleriñ "Mukaddes Kitabynyñ" "Nagmalar", "Wagyz", "Aforizmler" kitaplaryny Süleýman pygamberiñ ýazandygyna ynanylýar. Dini kitaplardan daşgary taryhy çeşmeler b.e.öñ 970-928-nji ýyllarda patyşalyk sürendigini ykrar edýär. Ibrany dilinde שלמ sözünden gelip çykan Şlomo "Parahatçylyk getiren" manysyny berýär. Arap dilinde bolsa "Selim", "Salamat", "Yslam" sözleri bilen manydaşdyr.

■ Süleýman pygamberiñ "Töwratdaky" keşbi

"Köne Ähtde" Süleýmanyñ kyssasy 1-nji "Patyşalar" kitabynyñ ilkinji 11 bölüminde we 2-nji "Taryhlar" kitabynyñ ilkinji 9 bölüminde gürrüñ berilýär. 
Allanyñ kelamy bolan "Töwraty" ýewreýleriñ nä derejede gödek ýoýulma sezewar edendigini kitapda Hezreti Süleýman pygambere (a.s) ýöñkelýän şu aşakdaky aýylganç myjabatlar hem güwä geçýän bolsa gerek:

"1. Hökümdar Süleýman faraonyñ gyzy bilen birlikde moawly, ammonly, edomly, saýdaly, hettli we başga-da birnäçe zenanlary halady. 

2. Bu aýallar Rebbiñ Ysraýyl halkyna "Ne siz olaryñ arasyna giriñ, ne-de olar siziñ arañyza girsin. Çünki olar sizi hökman öz hudaýlarynyñ yzyna eýerip, sizi-de ýoluñyzdan azaşdyrarlar" diýen kowumlardandyr. Muña garamazdan Süleýman olara mährini berdi.  

3. Süleýmanyñ patyşa gyzlaryndan alan 700 aýaly we 300 gyrnagy bardy.  Bu aýallar ony ýolundan azaşdyrdy. 

4. Süleýman gartaşdygyça aýallary ony başga hudaýlara uýdurmaga çalyşdylar. Şeýlelikde Süleýman tutuş durky bilen ömrüni Rebbine bagyşlan kakasy Dawut ýaly ýaşap bilmedi.

5. Saýdalylaryñ aýal hudaýy Aştorete we ammonlylaryñ ýigrenji hudaýy Moleke çokundy.

6. Şeýdibem ol Rebbiniñ gözünden düşüp iñ erbet iş etdi. Rebbiñ ýolunda kakasy Dawut ýaly doly we dogry ýöräp bilmedi. 

7. Ýeruşalimiñ gündogaryndaky depede moawlylaryñ ýigrenji hudaýy Kemoşa we ammonlylaryñ ýigrenji hudaýy Moleke çokunmak üçin ýörite ýer bina etdirdi. 

8. Hudaýlaryna ladan (ysly agaç) ýakyp gurbanlyk kesen kese ýerli aýallary üçinem şol zatlary etdi".

Ýokarda sanalan myjabatlaryñ "Töwrata" ýewreýler tarapyndan goşulan aýylganç ýalanlardygyna göz ýetirmegiñiz üçin we Süleýman pygamberiñ bu gabahatlyklardan nähili uzakdygyna garşylyklaýyn delil hökmünde "Gurhanyñ" şu aýatyny getirmek bolar:

"Dawuda biz Süleýmany yhsan etdik. Ol ne ajap guldur! Şek-şübhesiz ol Allaha yönelen biridir” (Seret: "Sad" süresi, 38:30).

Dini çeşmeleriñ habar bermegine görä Süleýman Ierusalimiñ golaýyndaky Gazze şäherinde dogulýar.  Dawudyñ 19-a golaý ogly bolupdyr, emma Hudaý Dawudyñ ogullarynyñ arasyndan Süleýmany özüne wekil saýlaýar. Ol adamzat döräli bäri gelip-geçen iñ baý adamdyr we pygamberdir. "Köne Ähtde" Süleýmanyñ döwründe altyn-kümüşiñ aşa köplüginden ýaña daşyñ bölegi ýaly gymmatynyñ bolmandygy aýdylýar.
Süleýmanyñ uçursyz danalygyndan haýyrlanmak we onuñ bilen dostluk açmak islän başga ýurduñ patyşalary hem oña ymgyr köp gymmatbahaly sowgat-peşgeşleri ugradyp durar ekenler. 

■ Süleýman pygamberiñ "Gurhandaky" keşbi

Yslam çeşmeleri Hezreti Süleýman pygamberiñ (a.s) guş dilini bilendigini, ýele, haýwanlara we jynlara höküm edendigini habar berýär.
"Gurhanyñ" "Neml" we "Sebe" sürelerinde Süleýman pygamber barada gyzykly maglumatlar bar. 

■ "Bag içinde Bylkysyñ saçyn açyp gördügüm…"

Aýdylyşyna görä Saba ýurdunyñ melikesi Bylkys Süleýman pygamberi görenden soñra musulman bolýar we onuñ bilen Hüthüt atly guş arkaly habarlaşýarlar. Bu barada Hezreti Magtymguly işanyñ "Bilmezmiñ" goşgusynda şeýle diýilýär:

"Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiñ?
Efsun urup, hüthütni inderdigim bilmezmiñ?.."

ýa-da:

"Hüthüt kimin Pereñden Çyn-Maçyna bardygym,
Bag içinde Bylkysyñ saçyn açyp gördügim,
Süleýmanyñ tagtyndan sözläp habar berdigim,
Guş gonsun diýp başymga bilbil heñin gurdugym,
Çarşenbe gün çäş wagty gondurdygym bilmezmiñ?"

Beýik şahyr "Jan içinde" goşgusynda hem bu barada aýdyp geçýär:

"…Hüthüt aýdar: "Ilçiýem,
Süleýmana sawçyýam
Ýalan jahan içinde".

Bylkysyñ keşbi dünýä edebiýatynda ýüzlenilýän obrazdyr. Nemes ýazyjysy Rolf Baýeriñ "Saba Melikesi", fransuz ýazyjysy Žan Mawrikiý de Montreminiñ "Bylkys", iñlis ýazyjysy we gündogarşynasy Baj Willisiñ "Saba Melikesi Bylkys", türk ýazyjylary Nurdan Damlanyñ "Bylkys", Kutluhan Türkdogdynyñ "Bylkys", Myrat Koçagyñ "Hezreti Süleýmanyñ baky hazynasy; Bylkysyñ tagty" romanlary bu zenan patyşanyñ durmuşyndan söz açýar.
Amerikan ýazyjysy Nil Geýmanyñ hem "Amerikan hudaýlary" ("American Gods") romanlar tapgyrynda, türk ýazyjysy we adwokaty Orhan Çetinbilegiñ "Bylkys" romanynda Bylkysyñ kyssasyndan täsirlenen sýužetler işlenilýär.

■ "Ol ulug Süleýman almady demin…"

Hezreti Süleýmanyñ juda agyr hassalygy başdan geçirip, tagtynyñ üstünde ölen ýaly bolup galandygy, oña ajaýyp bedewleriñ berilendigi, onuñ üçin eredilen misiñ sil ýaly akdyrylandygy, jynlaryñ Süleýman pygamberiñ görkezmesi bilen howuzlary, heýkelleri we "Süleýman ybadathanasyny" bina edendigi, Bylkysyñ tagtyny onuñ dana weziri Asyfyñ (Asaf) göz açyp ýumasy salymda getirendigi barada aýdylýar. Ençeme şahyryñ goşgularynda ulanylýan "Asyfyñ gymmatyny Süleýman bolmadyk bilmez" diýen allegoriýa hem şu ýerden gelip çykýar. Hezreti Magtymguly Pyragy işan hem Asyfyñ adyny hormat bilen şeýle ýatlaýar:

"Kany Asyf, Süleýmanyñ weziri?.."
("Batdy, ýaranlar").

"Gurhan" Süleýman pygamberiñ (a.s) hasasyna söýenip durka aradan çykandygyny habar berýär. Birnäçe wagtlap onuñ ýogalandygyny bilmän galýarlar, diñe gurçuklar hasanyñ içini gemrip taşlandan soñra, Hezreti Süleýmanyñ söýenip duran ýerinden ýykylanyny görýärler we onuñ amanadyny tabşyrandygyny bilýärler. "Gurhanyñ" bu aýaty jynlaryñ gaýypdan habar bilip bilmejeklerini aýtmak isleýär.
Rowaýat edilmegine görä Süleýman pygamberiñ ýaşyl ýakutdan ýasalan ýüzügi behiştden getirilipdir. "Süleýmanyñ möhüri" edebiýatda iñ köp ulanylýan allegoriýalaryñ biridir. Möhürde "Ismi Agzam" dogasy ýazylypdyr. Ussat Magtymgulyda ol ýüzük barada şeýle setirler bar:

"Hökmi Süleýmanyñ ýaşyl töwtini,
Magrajyñ gapysy, gaşy nädendir?"
("Ýaşy nädendir?";

"Dawut öldi, perzendine ýer galdy,
Hudaýymdan aña bir ýüzük geldi,
Nurdan bolan ol ýüzükni döw aldy,
Süleýman tagtyndan aýrylmadymy?"
("Aýrylmadymy").

Eýran-pers folklorynda guş şekiliniñ janlandyrylýan ertekilerinde syry dana we guş diline düşünýän personaž, ýagny Süleýman çözýär.
Şeýle hem dünýä belli iñlis ýazyjysy J.R.T.Tolkieniñ meşhur "Ýüzükleriñ hökümdary" eserindäki jadyly ýüzügiñ hekaýaty we oña eýe bolmak üçin gahrymanlaryñ gyzykly başdan geçirmeleri hem Süleýman pygamberiñ ýüzüginiñ kyssasyndan uly täsirlenmeleri alandygyny belläp geçmek gerekdir.

■ Süleýman pygamberiñ keramatlaryndan

Hezreti Süleýmanyñ (a.s.) dokuz dürli keramaty bardy. Olar:

1. "Gurhanyñ" "Sebe" süresiniñ 12-nji aýatynda aýdylyşy ýaly ýel onuñ hökmi astyndady. 

2. Süleýman pygamber deñizden geçmek islän wagty suwlar ikiýana serpilip öñi açylardy we ol geçenden soñra ýene öñküsi ýaly bolardy.  

3. Aýatda habar berilmegine görä, jynlar onuñ emri astynda bolupdyr. Islän wagty olara özi üçin owadan köşkleri, gap-çanaklary ýasadypdyr.

4. Hezreti Süleýmanyñ bir möhri bardy.  Möhüriñ ýüzünde "Ismi-Agzam"dogasy ýazylgydy. Ol doganyñ üsti bilen her islegi amala aşyryp bolýardy.

5. Janly-jandaryñ, hatda garynjalaryñ sesini eşiderdi we olaryñ dillerine düşünýärdi. 

■ Garynja dogasy:

Süleýman pygamber bir gezek adamlardan, jynlardan we guşlardan düzülen uly goşuny bilen bir garynja mekanynyñ üstünden geçýär. Ol şonda bir garynjanyñ: 
“Eý garynjalar! Hinleriñize giriñ. Hezreti Süleýman we onuñ goşunlary atdanlykda sizi depgiläp geçäýmesin" diýip duranyny eşidýär we muña myssa ýylgyrýar. (Seret: "Neml" süresi 27/15-19). Soñra şeýle doga okaýar:

“Rabbi ewzi-nî en eşküra ni-metekelletî en-amte 'aleýýe we ‘alâ wâlideýýe we en a’mele sâlihan terdâhü we edhılnî bi-rahmetike fî ‘ıbâdikes-sâlihîn”.

Manysy: “Eý Rebbim! Maña we ene-atama beren nygmatyña şükür etmegimi we seni hoşal etjek gowy iş etmegimi köñlüme ylham eýle we rehmetiñ bilen meni ýagşy gullaryñ hataryndan eýle".
(Seret: "Neml" süresi, 27/19).

"Süleýman hem bolsañ, mura gulak goý" diýen syrly setiriñ açary şu keramat bilen baglanyşyklydyr.

6. Şemal emrinde bolandygy üçin nirä gitmek islese tagty öz-özünden hereketlenerdi.
Ýelden ýüwrük türkmen bedewleri üçin "Tagty Süleýmandyr üsti bedewiñ" diýlen meñzetme hem şundan gelip çykýar. 

7. Jynlaryñ kömegi arkaly deñizleriñ düýbünde ýerleşen merjenli, lagl-jöwherli hazynalary tapyp getirdip bilýärdi. Alla tarapyn oña ýer ýüzüniñ aýan edilmedik künjegi ýokdy.

8. Bir gezek Neml jülgesinde düşlän wagtynda düşläp ýatan baýrynyñ ýaşyl baglyk, çemenzarlyk bolmagy üçin mübärek ellerine suw alyp, goşawujy bilen ol dagyñ ýüzüne serpip goýberdi.  Dagyñ gerşi şobada gül-gülzarlyga öwrülýär.

9. Hezreti Süleýman bir ýere giden wagtynda onuñ bilen bile jaýyñ diwarlary hem giderdi.

Hezreti Süleýman pygamber barada giñişleýin bilmek we onuñ keramatlaryndan kyssalary okamak isleýänler üçin Gurbangül Guzuçyýewanyñ çapa taýýarlan Burhaneddin Rabguzynyñ "Kysasyl-enbiýa" atly türkmen dilinde çykan kitabyny okap bilerler.

■ Süleýmanyñ möhüri

Süleýmanyñ möhüri — bu Süleýman pygamberiñki hasaplanylýan altyburçly (yslam alymlarynyñ aýtmagyna görä sekizburçly) ýyldyz şekilindäki möhürdir. Altyburçly ýyldyzyñ şekli Ysraýylyñ döwlet baýdagynda şekillendirilenem bolsa, bu nyşan diñe ýewreýler bilen baglanyşyklydyr diýip pikir etmek nädogrudyr. Anadoly Seljukly türkmenleriniñ bina eden ymaratlarynda we Osmanly döwrüniñ söweşjeñ baýdaklarynda (sanjaklarynda) altyburçlyk nyşan ýygy-ýygydan duş gelýär. Ýewreýler bu nyşany "Dawudyñ ýyldyzy" ("Dawudyñ möhri" ýa-da "Dawudyñ galkany") ady bilen ýatlaýarlar. Altygyrañly we alty burçly, biri-biriniñ içinden geçen iki üçburçlukdan ybarat nyşan bilen birlikde sekizburçly nyşan hem "Süleýmanyñ möhri" hasaplanylýar. Musulman kompozisiýaly binalaryñ bezeg işlerinde bu nyşan ýygy-ýygydan ulanylypdyr. Bulara mysal hökmünde Gazagystanyñ Ýassy şäherinde ýerleşen Hoja Ahmet Ýasawynyñ mawzoleýini, Türkiýäniñ Siwas şäherindäki "Gökmedresäni" görkezmek bolar. 
Bu sekizburçlyk nyşanyñ ylahy güýjüniñ bargyna we onuñ göze görünmeýän güýçleriñ (al-arwahlaryñ we jynlaryñ) ýetirjek zyýanyndan goraýandygyna ynanylýar. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziñ ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyñ teklibi bilen döwlet Gerbimiziñ daşynyñ sekizburçlyk nyşan bilen halkalanmagy-da ýöne ýere däldir we bu merhum liderimiziñ çäksiz ylymyndan, çuññur paýhasyndan habar berýär.

■ "Süleýmanyñ möhrüniñ" taryhy

Hezreti Adam ata Ýere gelip düşeninde Jebraýyl perişde tarapyndan oña bir ýüzük gowşurylypdy. Bu ýüzügiñ ýüzündäki nyşan seljukly türkmenleriniñ ulanan we  musulman binalarynda ulanylan sekizburçlyk ýyldyzdy. 
Ýerde 1000 ýyl töweregi ýaşandygy çak edilýän ilkinji pygamber Adam ata (a.s) ýogalandan soñra ol ýüzük Jebraýyl perişde (a.s) tarapyndan ýene-de gelen ýerine — jennete äkidilýär. 
Günlerde bir gün Jebraýyl perişde Dawut pygamberiñ ýanyna gelýär we ýüzük bilen birlikde 10 sany sowaly berip, "Şu on sowaly çagalaryña ber, haýsy biri soraglaryñ hemmesine doly we dogry jogap berse, ýüzügi-de şoña ber" diýýär. Dawut pygamber (a.s) çagalaryny jemläp, olara Jebraýylyñ beren soraglaryny berýär. Çagalarynyñ hiç birisi soraglara jogap tapyp bilmeýärler. Iñ soñunda körpe ogly Süleýmany çagyrýar we oña 10 sowalyñ jogabyny soraýar. Hezreti Süleýman soraglara jogap berip durka, her jogabynda ýylgyrýan eken. Soraglara doly jogap berip bolansoñ Dawut pygamber ogluny alkyşlaýar, soñam oña gaharlanyp: "çynlakaý meseleler boýunça soraglar berlip durka, birgiden mähelläniñ öñünde näme üçin özüñi salyhatly alyp barman gülüp otyrsyñ" diýýär. Hezreti Süleýman bolsa: "Kakajanym, ötünç soraýaryn, maksadym sizi gynandyrmak ýa-da salyhatsyzlyk etmek däldi. Emma siz her soragy bereniñizde öñümde duran garynja maña jogaplaryny aýdyp berýärdi. Men bolsa şoña ýylgyrýardym" diýýär. Muny eşden Dawut pygamber ýerinden turup, ýüzügi ogluna gowşurýar. Bu adatdan daşary ahwal Magtymguly Pyragynyñ "Gul bolgul" goşgusynda hem agzalýar:

"Süleýman sen, mura bir gulak goýgul,
Sözüni diñlegil, jowabyn aýgyl".

Rowaýat edilmegine görä, Süleýman pygamber bu ýüzük arkaly adamzat kowmundan daşgary ähli barlyklara (jynlara, haýwanlara), tebigata we jansyz jisimlere höküm ederdi. Hatda bir rowaýatda aýdylmagyna görä ol ýüzügi bir salym jynlar ogurlaýar we munuñ netijesinde Süleýman pygamber güýjüni ýitirýär. Şeýlelik bilen ýer ýüzünde pitne-pisat örç alýar, şer güýçleriñ "eli gelýär".  Has soñra Süleýman pygamber gaýtadan ýüzügi ele salýar we öñki güýjüni dikeldip, ýer ýüzüniñ bulam-bujarlygynyñ soñuna nokat goýýar. Bu rowaýat esasynda eýranly kinorežissýor Şähriýar Bahranynyñ "Hezreti Süleýmanyñ patyşalygy" atly kinofilmi bardyr.

■ "Hezreti Süleýmanyñ patyşalygy" kinofilmi

"Hem patyşa hem pygamber bolan Hezreti Süleýmana (a.s) mundan owal hiç kime berilmedik ideal bir patyşalyk wada berilýär: Ýer üstündäki jennet patyşalygy! Emma edil şol wagt müñlerçe ýyl bäri bendi edilip saklanýan we adamzada ýakynlaşyp bilmeýän jynlar we şeýtanlar baglanan ýerlerinden sypmagyñ öñ ýanynda durlar… Ara atly jadygöý olary dañylan ýerlerinden boşadyp şeriñ şalygyny gurmak isleýär. Hezreti Süleýman ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin ruhanylardan hemaýat isleýär. Emma ruhanylar adalatyñ we erkinligiñ baýdak göterijisi bolan Soltan Süleýmanyñ tarapyny tutmagyñ deregine adalatsyzlygyñ we zalymlaryñ hatarynda ýer alyp, jadygöý Arany goldaýarlar. Şeýdibem baglanan gapylar açylýar we jynlar, şeýtanlar adamlaryñ ruhlaryny eýeläp, olara agalyk etmäge başlaýarlar. Kapasadan boşan bu mahluklary yza dolamak indi mümkin däldi…"

Eýranly ussat kinomatografiýaçylarynyñ 2010-njy ýylda surata düşüren bu kinofilmi Hezreti Süleýman pygamberiñ durmuşyndan we şol döwrüñ gyzykly dartgynly wakalaryndan söz açýar.

■ Süleýman pygamberiñ edebiýatdaky keşbi

Dünýä edebiýatynda Süleýman pygamberiñ durmuşyndan söz açýan we onuñ hekaýatlaryndan täsirlenen çeper eserler, ylmy kitaplar az-uçuk däl. Masonlaryñ syrlary bilen baglanyşykly ýazylýan kitaplaryñ ählisiniñ özeninde diýen ýaly Süleýman pygambere, onuñ ýüzügine, möhrüne, altyburçluk (sekizburçluk) nyşanyna we gurduran ybadathanasyna yşarat edilýän syrly formulalar bar.
Süleýman pygamberiñ keşbini çeper edebiýatda türk ýazyjylary diýseñ ussatlyk bilen işleýärler. Olardan Mustafa Karnasyñ "Hezreti Süleýmanyñ açary", Merýem Aýbike Sinanyñ "Süleýmanyñ möhri" romanlaryny görkezmek bolar.
Şeýle hem meşhur amerikan ýazyjysy Dan Brownyñ "Da Winçiniñ kody" romanynyñ dowamy hökmünde ýazylan Greg Teýloryñ "Süleýmanyñ açary we kodlary", Robert Lomasyñ "Süleýmanyñ açary" atly kitaplary Süleýman pygamberiñ syrly durmuşyndan täsirlenen kitaplardyr.

■ Süleýman pygamber türkmen edebiýatynda

Megerem öz eserlerinde Hezreti Süleýmanyñ adyny beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragydan köp zikir eden ýok bolsa gerek. Dana akyldarymyzyñ goşgularynda onlarça ýerde Süleýman pygamberiñ mübärek ady hormat bilen ýatlanýar. 

"Pukrasyna Süleýman ger sürse sed syýasat…"
("Seda boldum");

"Aýalsyza mydar bolmaz,
Dönseñ hökmi Süleýmana"
("Her ýana");

"Döw-periniñ, ynsyñ, jynsyñ patşasy,
Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber!"
("Şypa ber");

"Pygamber peýsizdir, Süleýman soñsuz…"
("Döwletalynyñ");

"Süleýman dek ähdimi syndyrdygym bilmezmiñ?"
("Bilmezmiñ");

"Süleýman dek döwni permana salsañ…"
("Bolar sen");

"Süleýmandan artyk bolsa şöwketiñ,
Lerzana getirse gökni haýbatyñ…"
("Ýakança bolmaz");

"Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,
Bak, olardan ne nam galdy, ne nyşan…"
("Ýeldim tut");

"Ynsa-jynsa şalyk süren Süleýman…"
("Paýany bolmaz");

"Harun, Karun, Süleýmany ýuwutdyñ,
Budur seniñ işiñ, belli, dünýä heý!"
("Saly, dünýä heý");

"Bir akdyr, bir gara ýylan ~
Süleýmanyñ gaşyndadyr"
("Köñül joşundadyr");

"Kany ol Süleýman, Rüstemler şirler…"
("Gelende bardyr");

"Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman…
Sen dünýäni tutajak sen kim bolup?"
("Jem bolup");

"Tagty asman uçan
Süleýman öldi gitdi"
("Çaldy gitdi");

"Ol Hyzyr, Ylýas ilen Ahmet, Süleýman anda bar…"
("Şondadyr");

"Tagtyny ýel çeken hökmi — Süleýman,
Galmady, dünýäden gitdi, ýaranlar"
("Batdy, ýaranlar");

"Süleýmanyñ aly jahy,
Tört ýüz gurular bargähi,
Ynsyñ, jynsyñ patyşahy,
Ol hem zenbik dokyp geçdi."
("Ekip geçdi");

"Süleýmany gördüm, ýatyr eýwanda,
Birniçe gaýyplar jem bolmuş anda…"
("Eýýamy gördüm");

"Süleýman dek sözüñ ýörir suwlara…"
("Aly siziñdir");

"Hazreti Isgender, kany Süleýman…"
("Öter bu dünýä");

"Süleýman tagtyny tar-u mar etdiñ",
"Döwlere hökm eden Süleýman kany…"
("Gitmediñ, dünýä");

"Isgender, Süleýman patyşa boldy,
Hyzmatynda döw periler jem boldy"
("Köp jan geçipdir");

Magtymguly:
"Kaýsy mälik dünýeden ogulsyz ötdi gitdi?"
Magrupy:
"Süleýmandyr, dünýeden ogulsyz ötdi gitdi…"
("Eýwany tört");

"Sag elinde bolar Musa asasy,
Sol elinde möhri ~ Süleýman bolar"
("Bir beýan geler");

"Dawut pygamberiñ ogly,
Ol Süleýman patyşadyr"
("Bir Alladyr");

"Hazreti Isgender, kany Süleýman,
Ahyrynda boldy jaýy görüstan"
("Galar bu dünýä");

"Gör bent edip goýdy ol Süleýmany…"
("Il geçer");

"Ol Süleýman, Isa, Mäti hem Emin ~
Bary ötdi, görüp zyýan pelekden."
("Nadan pelekden");

"Hany bu jahany soran Süleýman…"
("Jana ýagydyr");

"Neýleýin tagty weýran Süleýmanym, kaýda sen?"
("Kaýda sen");

"Ötdi ömri bipermandyr, ol Süleýman neýlesin…"
("Süleýman neýlesin");

"Berdigim bu permanyma
Ol Süleýman nazar salmaz."
("Nazar salmaz");

"Uçdum suýy-asman üzre men Süleýman isteýip…"
("Meni");

"Bat azm urup, dagy, zemini ýarsa,
Tagty synyp, ol Süleýman örtener."
("Jahan örtener");

"Süleýman wepatdyr, Rüstem, Zal galmaz"
("Päl galmaz");

"Hökmürowan permanydyr, Süleýmana ogşuýar"
("Reýhana ogşuýar");

"Iki jahan soltany sen,
Süleýmana meñzemez."
("Jenana meñzemez");

"Asman üzre tagty uçan Süleýmany neýlediñ…"
("Bazar eýledi");

"Süleýman tagtyny gurup asmanda,
Her kime bir jaýy mekan eýlediñ.",

"Azm uruban, dag keşbini solduran,
Süleýmany ryswa jahan eýlediñ."
("Jan eýlediñ");

"Ol ulug Süleýman almady demin,
Derýalar gurady, umman göterler."
("Duman göterler");

"Hazreti Süleýman genýa
Gulmandyr mukam gaşynda."
("Mukam gaşynda");

"Süleýman, Rüstem, Zal, Jemşit oña bolmuş geda,
Günde ýüz müñ salsa leşger, degmez şahnyñ belasy."
("Türkmen binasy");

"Maly-mülküm boldy weýran, gör, Süleýman ýyglaýyr,
Gaýta başdan gahba pelek dünýäni zyndan eýledi.",

"Kylmañyz bu syrny äşgär, bizge hemra bolsañyz,
Ol Süleýman tagta çykyp, şulny perman eýledi."
("Jan eýledi");

"Tagty-Süleýmany eýlediñ weýran.."
("Dünýä heý");

"Ol tagty Süleýmany aldy, goýmady täk saýlaýyp.
.."
("Dünýedir");

"Kapyrlar bolupdyr ýyglap musulman,
Haka ýalbarypdyr Hydyr, Süleýman.."
("Azadym kany");

"Halyf Omar birlen Süleýman bolsam."
("San bolsam").

■ Hoş söhbetiñ we suwuñ piri ~ Süleýman pygamber

Sözümiziñ jemlemesi hökmünde Süleýman pygamber bilen baglanyşykly dowam edip gelýän bir ynanç barada gysgaça durup geçeliñ.
Her bir zadyñ piriniñ bardygyna ynanan türkmen halky Süleýman pygamberiñ hoş söhbetiñ we suwuñ piridigine ynanýarlar.

■ Peýdalanylan çeşmeler:

1). Magtymguly Pyragy "Goşgular" 1-3 tomluk;
2). Burhaneddin Rabguzy "Kysasyl-enbiýa";
3). Wikipediýanyñ we dürli internet sahypalarynyñ maglumatlary.

Taýýarlan: © Has TÜRKMEN

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle