Baba Abdylla we derwüş (Hekaýa)
Kamil KEÝLANY,
arap ýazyjysy
Ene-atasy dünýeden ötenden soň, Baba Abdylla örän baý täjirleriň biri bolup, halyf Harun al-Raşidiň döwründe Bagdatda ýaşaýardy. Oňa kakasyndan ummasyz baýlyk miras galypdy. Emma ol söwda-satyk bilen işi bolman, kakasyndan galan mirasy hasapsyz ýele sowrupdy. Kän wagt geçip-geçmänkä, görse, elindäkileri görnetin azalypdy. Ol bu isripçiligi dowam etdirse, galanja baýlygynam ýitirjekdigine anyk gözi ýetdi. Gol gowşuryp oturmasyny bes edip, işe höweslendi. Galanja puluna segsen sany düýe satyn alyp, olar bilen söwdagärleriň ýüklerini bir ýurtdan beýleki ýurda äkidip başlady.
Günlerde bir gün üsti ýükli düýeler Bagdatdan Basra tarap ýola düşdüler. Kerwen birnäçe günden soň Basra geldi, ýükleri eýelerine berip, yzyna, Bagdada tarap ýola düşdi. Ýolugra düşlemek üçin göwnejaý ýer duşdy. Düýelerini meýdana goýberip, şol ýerde dynç almak üçin oturdy. Ol biraz salymdan bir derwüşiň özüne tarap gelýändigini gördi. Baba Abdylla derwüş bilen gadyrly salamlaşyp:
— Nirä barýaň? — diýip sorady.
— Men Basra barýan.
— Menem Bagdada barýan.
Soňra olar bile oturyp, gürrüňdeş boldular, günortanlyk edindiler. Nahardan soňra derwüş:
— Bile oturdyk, bir çörekden iýdik, indi biz dost bolduk. Men bir hazyna bilýän. Sen maňa gymmat bahaly daşlary daşamaga kömek etseň, saňa islän zadyňy bererin. — diýdi.
Baba Abdylla derwüşiň bu sözlerini eşidip gaty begendi.
— Aýdýan zadyň çynmy? Sen, çyndanam, hazyna bilýäňmi? Nirede ol? Uzakdamy? — diýip, Baba Abdylla agzy-agzyna ýetişmän sorag ýagdyrdy.
— Düýeleriňi al-da, yzyma düş! Men saňa hazynany görkezeýin — diýip, derwüş howlukman ýerinden turdy.
Ikisi tä ortasy halkaly bir gowaga ýetýänçäler, esli wagtlap ýörediler. Olar gowagyň agzyndaky daşy süýşürip görseler, gymmat bahaly daşlardan doly hazyna bar eken. Olar haýdan-haý hazynany düýelere ýüklediler. Derwüş bir kiçijik sandyjagy görüp, ony özüne aldy. Soňra gowakdan çykyp, gapagyny öňküsi ýaly ýapdylar-da, başdaky duşuşan ýerlerine geldiler. Derwüş dostundan:
— Bu işiňe näçeräk hak bermegimi isleýäň? — diýip sorady.
— Islän zadyňy beräý — diýip, Baba Abdylla kanagat bilen jogap berdi.
— Onda üsti gymmat bahaly daşlardan doly düýeleri deňje bölüşeris. Men özüme kyrk düýe alaýyn, saňa-da kyrk düýe bereýin.
Baba Abdylla begenjinden ýaňa derwüşi gujaklap, bu sahylygy üçin elinden ogşady. Olar üsti hazynaly kyrk düýesini alanyndan soň hoşlaşyp, hersi öz ýollaryna rowana boldular. Emma Baba Abdylla sähel ýol ýöränden soň: «Bu derwüş juda akýürekli hem sahy eken. Ondan ýene on düýe sorasam, maňa ýok diýmez» — diýip içini gepletdi-de, derwüşiň yzyndan batly sesi bilen:
— Derwüş! Eý, derwüş! — diýip gygyrdy.
— Näme islegiň bardy? — diýip, derwüş yzyna öwrüldi.
— Seniň bu sahylygyňa sagbolsun aýtmak üçin dolandym hemem «ýeke özi kyrk düýäni äkidip bilermikä?!» diýip alada etdim. Maňa ýene on düýe berseň-ä, ýeke özüňe galan düýeleri alyp gitmek aňsat bolar.
Derwüş muňa ýylgyryp:
— On düýäni saýla-da, sag-salamat bol! — diýdi. Baba Abdylla düýeleriň içinden on düýäni saýlap alyp, galanyny bolsa derwüşe goýdy. Ol muňa begenip, ýüregi joşup, derwüş bilen gujaklaşyp hoşlaşdy, sahylygy üçin minnetdarlyk bildirip yzyna dolandy. Emma Baba Abdylla ýene biraz ýöränden soň: «Bäh, hakykatdanam, bu derwüş akýürekli hem sahy adam. Ol meniň soran zadymy ikirjiňlenmän berdi. Ondan ýene-de on düýe sorasam, maňa ýok diýmez. Ýene on sanyjagyny alyp biläýsem, mende üsti gymmat bahaly daşlardan doly altmyş düýe bolýar. Şeýdip biläýsem, men iň baý adamlaryň biri bolaryn» — diýip pikir etdi. Şeýdibem Baba Abdylla ýene-de derwüşe tarap ylgap, batly sesi bilen:
— Eý, derwüş! Derwüş-ä! — diýip seslendi.
— Näme islegiň bardy? — diýip, derwüş yzyna garady.
— Men henizem sen bu otuz düýäni äkidip bilmersiň öýdüp alada edýän. Maňa ýene on düýe berseň, galan ýigrimi düýe bilen gitmek saňa aňsat bolar.
— On düýäni saýla-da, sag-salamat bol!
Baba Abdylla on düýäni saýlap, oňa sagbolsun aýtdy. Soňra hoşlaşyp, begenip yzyna dolanyp barşyna öz-özüne: «Men indi tüçjar baý adamlaryň biri, özem bu sahy derwüşiň kömegi bilen soltanlaryň hazynasynda-da tapylmaýan uly baýlyga eýe boldum» — diýdi. Emma Baba Abdylla sähel ýol geçeninden soň: «Derwüşden ýene on düýe alsam-a, meňki ýetmiş düýe boljak eken. Her edip-hesip edip, gözüne çöp atyp ondan aljak bolmaly» diýip hyrra yzyna öwrülip, batly sesi bilen:
— Eý, derwüş! Eý, derwüş! — diýip seslendi. Derwüş yzyna dolandy-da, ondan:
— Näme islegiň bar? — diýip, öňküsi ýaly sorady.
— Sen bir baýlyga mätäç däl, dindar, takwa adam ahyry. Gymmat bahaly daşlardan doly düýeleriň onusy hem bütin ömrüňe ýetermikä diýýän. Ýene on sanyjak düýe berseň-ä, bu sahylygyňy ömürboýy ýatdan çykarmaryn.
Derwüş muňa-da ýylgyryp:
— Islän düýäňi al — diýdi. Baba Abdylla on düýäni saýlady-da, begenip derwüşiň elini ogşap, onuň bilen sagbollaşdy. Emma ol uzak ýol ýöräp bilmedi: «Bäh, bu derwüşiň akýürekliligi, örän sahylygy ikuçsuz. Ol şeýlebir ejiz welin, meniň diýenime ýok hem diýip bilenok. Onsoňam meniň düýelerim bolmadyk bolsa, hazynadaky gymmat bahaly daşlary alyp gaýdybam bilmezdi. Ondan galanja on düýänem hökman soramaly, bardy-geldi kabul etmese, güýç bilen alaryn. Halys öz diýenine tutup dursa-da, bellisini edägetdin, segsen düýäm bilen Bagdada gaýdaryn. Şalaryň hazynasynda tapylmaýan gymmatly daşlardan mas ýüklenen segsen düýäni ele geçirenimden soň, men bu dünýäniň iň baý adamy bolaryn». Ham-hyýala beslenen Baba Abdylla ýene-de derwüşe tarap ylgap, batly sesi bilen:
— Eý, derwüş! Derwüş! — diýip seslendi. Derwüş biçäre ýene yzyna dolanyp:
— Näme islegiň bar? — diýip sorady.
— Sen bir ömrüňe Taňra mynajat edip ýören adam. Bu ummasyz baýlyk seni Hudaýa ybadat etmekden alyp galar öýdüp gorkýan. Galan on düýänem maňa berseň, ybadat etmegiňe haýyrly bolardy.
Derwüş ýene-de ýylgyryp, pespällik bilen:
— Ine, galan on düýe, onam al-da, sag-salamat bol, eý, dostum — diýdi.
Baba Abdylla düýeleri ýeňillik bilen alanyna guş bolup uçdy, ol derwüşe sagbolsun aýdyp hoşlaşdy. Emma ol biraz ýol ýöränden soň: «Näme üçin derwüş hiç hili garşylyksyz bar düýesini berdikä?! Hazynadan alan kiçijik sandygy bu zatlardan has gymmat bolmaly, ýogsa diňe şonuň bilen oňmaga haky ýok ahyry. Men ol sandygam derwüşe goýmaryn. Yzyma dolanyp, haýal etmän ondan sandygy almaly. Bermejek bolsa, güýç bilen alaryn. Öz diýenine tutup kejirligini etjek bolsa, işini bitirmeli bolar, garaz, alman yzyma dolanmaly däl» — diýip, betpygyla atlanyp, batly sesi bilen:
— Eý, derwüş! — diýip seslendi. Derwüş onuň ýanyna gelip:
Näme islegiň bar? — diýdi.
— Hazynadan kiçijik sandyk alypdyň-a, şonuň aýratynlygy hakda aýdyp bilmezmiň?
— Bu täsin sandyk, onuň içinde bir melhem bar. Ony çep göze çalsaň, bütin Ýer ýüzündäki hazynalary görkezer. Sag göze çalsaň welin, baky sokur kör eder.
— Sen, hakykatdan-da, sahy adam. Aýdýanlaryňa anyk göz ýetirmegim üçin, çep gözüme melhemden çalmagyňy haýyş edýän.
Derwüş şol melhemden Baba Abdyllanyň çep gözüne çaldy. Şobada Ýer ýüzündäki ähli baýlyklar edil aýasynda ýaly göründi. Ol muňa diýseň begendi. Emma özündäki giden baýlyga kanagat etmegiň deregine: «Bir göze çalsaň, Ýer ýüzüniň ähli hazynasyny görüp bolýan bolsa, iki göze çalsaň dagy näme bolarka?! Derwüş meni aldaýar, onuň sag gözüme çalmaga gysganýandygy şübhesiz» — diýip müňkürlik etdi. Soňra derwüşe:
— Taňrynyň haky üçin, sag gözüme-de şol melhemden çalaý — diýdi. Derwüş oňa munuň soňunyň oňatlyga barmajakdygyny öwran-öwran duýdurdy. Baba Abdylla bolsa derwüş aldaýandyr öýdüp, özdiýenine tutup durdy. Derwüş her näçe duýdursa-da, ol öz isleginden dänerli däldi. Ahyry derwüş onuň ynanmazçylyk edýändigine, hem-de hiç kimiň gazanyp bilmedik baýlygyna-da kanagat etmeýändigine gaharlanyp:
— Häzir sen öz açgözlügiň netijesini görersiň — diýdi. Soňra derwüş melhemden onuň sag gözüne çaldy. Baba Abdyllanyň gözleri kör bolup, agyrysyna çydaman gygyryp başlady. Ol bu eden işine puşmanam etdi, emma indi giçdi.
Şeýdip derwüş onuň bu açgözlüginiň hiç hili rehimdarlyga mynasyp däldigine göz ýetirenden soň, ony terk etdi-de, segsen düýänem alyp, Basra tarap ýola düşdi. Baba Abdylla bolsa sokur kör bolansoň ýoluny ýitirip, Bagdada dolanyp bilmedi. Ol ummasyz baýlyga ýetendigine akyl ýetirdi, emma açgözlüginiň pidasy bolup, ondan peýdalanyp bilmedi. Ol açgözlügi, akmaklygy zerarly giden baýlygy elden giderenine ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedi. Açgözlügiň soňunyň ýaramaz netijesi hakda pikirlenip otyrka, bir ýolbarsa sataşdy…