Kim günäkär?

Eger meni Hudaý şeýle (erbet) edip ýaradan bolsa, ondan meň edýän günälerime kim günäkär? Näme üçin Hidaý meni erbet adam edip ýaratdy we –»Menden rugsat bolsama sen dogry ýola düşmersiň» –diýýär we meň eden günälerim üçin meni dowzahda ýakjak bolýar? Şeýle soragdan bir bada adalatsyzlygyň ysy gelýär, şeýle dälmi? Hatda Omar Haýýam hem öz rubagylarynda ýokardaky soragy gozgap geçýär, ol rubagyň birje bendiniň terjimesi şeýle:

«Sen Hudaý maňa palçykdan beden ýasaňda, haram isleglerimi ýeňip bilmejegimi bilýärdiň. Günäden doly durmuşuma Sen günäkär dälmi Hudaý? Aýt, näme üçin men dowzahda ýanmaly?»

Kerimi Kuranyň özünde hem Beýik Ýaradyjy menden rugsat bolmasa, hiç bir adamyň dogry ýola düşüp bilmejegini köp agzap geçýär. Eger ýagdaý hakykatdan hem şeýle bolsa, onda adamda näme günä bar? Bu filosofiýa meseläň jogaby şeýle:

Hudaýyň başga bir ady bar, Ol at «Beýik Ýaradyjy», Ol hiç haçan şol bir zady ikilenç gaýtalanok. Dünýe döräp näçe adam dogulan bolsa, 100 göterim bir birine meňzeýän adam ýok. Iň bärkisi garjagazlaryň bölejikleri, «snežinkalar» hem, bir birine meňzänok. Dünýe döräp näçe gezek, näçe tonna gar ýagan bolsa, bir birine meňzeş gar şekiljikleri ýok, bu ylmy fakt we oňa garşy jedel edip bolanok. Adamzat bilen hem şolar ýaly, Beýik Ýaradyjy bir birne meňzemeýän adamlary ýaradýar we adam häsýetleriň ähli reňklerini ulanýar. Gowy adam, erbet adam, bularyn ähli görnüşi döräýmeli. Özem hiç bir adam öz islegine garşy döredilenok, her bir adama öz häsýeti ýaraýar, hiç bir adam öz kalbyna garşy ýaşanok. Mysal üçin gowy adam erbet bolasy gelýärdi, ýöne ony Allah gowy edip ýaradypdyr, ýa-da oň tersine erbet adam gowy bolasy gelýärdi we ony Allah erbet edip ýaradypdyr. Beýle ýagdaýlar bu dünýede ýok. Mysal üçin men, dini meselelerde adamlaryň susuny basyp gürleýän, ýöne beýle etmek bolanok, adamlary sylamaly, emma özümi alyp barşym maňa ýaraýar, men entek ýaş wagtym şeýle adam bolasym gelýärdi, Hudaý maňa şeýle häsýeti berdi, ýöne Hudaý meni şeýle edip ýaratdy diýip Ony günäkärläp bilmerinä?

Meýilnama boýunça iň soňunda näme bolmaly? Ähli adamlar dogry ýola düşmeli we öz Ýaradyjysynyň ýanyna gaýdyp barmaly. Ýöne her bir adam dogry ýola düşsede, her bir adam öz aýratynlygyny ýitirmeli däl. Beýik Ýardyjy hiç bir adamyň şahsyýetine degmän,  hiç hili zorluksyz, her bir adamy dogry ýola düşmäge yrmaly. Adamyň bir mahallar diňe günä işleri edenligi oň ýatlamalary bolup galmaly we her bir adamda Allahyn näme üçin Beýikdigine, öz aýratyn sebäbi bolmaly. Mysal üçin Jennetdäki Perişdelerden näme üçin Allah Beýik diýip sorasaň, olaryň beräýjek jogaby şeýlräk bolar: Allah bizi ýaratdy, sizi ýaratdy, Oň Pähim Paýhasynyň çägi ýok we ş.m. Ol zatlar dogry, ýöne barybir Perişdelerde ýüregiňe jüňk boljak jogap ýok, sebäbi olarda zemin bilen jähennemiň tejribesi ýok. Eger zeminde ýaşap, soň jennede düşen adamdan Allah näme üçin Beýik diýip sorasaň, ol sanap başlar: Men dogry ýoldan azaşan adamdym, ýöne Hudaý meni dogry ýola goýdy, maňa sagdyn çagalary berdi, aýal berdi, meni günde ekledi we saklady. Maňa rehimi indi we şulary ýaly gowy ýerlere çykardy. Eger dowzahyň üsti bilen aýlanyp, iň soňunda jennede düşen adamdan Hudaý näme üçin Beýik diýip sorasaň, ol hem yzy üzülmeýän bir giden sebäp sanap berer: Men Hudaýyň bardygyna ynanmasam hem, ol meni ýeke goýmady diýer, men dowzahda bolsam hem, meň ahy-nalamy eşitdi diýer, näçe erbet işleri etsem hem, meni iň soňunda bagyşlady diýer. Garaz iň soňunda her bir adamda Allaha minetdar bolar ýaly, öz şahsy sebäbi bolar we şol bir bada hiç bir adam öz şahsy aýratynlyklaryny ýitirmez. Şahsy aýratynlyklary zeminde edilen gowy ýa-da ýaramaz işleriň esasynda düzüler.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle