| |

Köñül küýsegi / hekaýa

Köñül küýsegi / hekaýa

KÖÑÜL KÜÝSEGI

Eýýäm näçe mahal bäri beýnimde gaýtalanyp duran sözlere üns bermejek bolsamam başaramokdym. Ol özümden bidin şol  gaýtalanyp durdy. Dogrusy, men ol sözleri nirede eşidendigimi-de, ýa-da bir ýerde okanymy-da hakydama getiirip bilemokdym. Belki, bu  bir aýdymdan alnan setirlerdir. Ýa bolmasa, yşka köýen ýüregiň owazydyr. Onçasyny biljek däl. Ýöne bu sözleriň meni erkime goýmaýany çyndy. Men özümi bu sözler bilen baglanyşdyrýan bir zatjagaz tapasym gelýärdi. Emma näçe oýlansam-da uç çykaryp bilemokdym. Bu nämäniň alamatyka?  Ýa-da ol haçandyr birmahallar kalby elendiren söýginiň beýnide galan  bölejigimikä? Onuň indiden soň, ýüregi bimaza etmesi nämekä? Ol şol ýerde döräp, ýagty jahana çykman, şol ýerde hem  gömülipdi ahyry. 
Eýsem  men ilkinji eziz duýgularymyň  duşmandygy üçin günäkär däl-ä. Men munuň üçin Şamyradam günäkärlämok. Meniň kalbyma gozgalaň salan duýgy özüni bildirýänçä, onuň ýüregi eýýäm başga birindedi. Onsoň maňa olaryň söýgüsine  guwanmak, olaryň bagtly bolmagyny arzuwlaýmak galýardy. Ýöne her gezek men onuň çalýan şirin sazlaryny eşidenimde içimden  paşmadyk söýgime gyýylýardym.  Onuň çalýan mukamlaryny edil gapdaljygynda oturyp diňlemegiň özüme nesip etmedigine gynanýadrym. Şeýdip dutaryň owazyndan ganmak meniň mukamlara, şirin sazlara teşne kalbymyň küýsegidi. Şonda  men mukamlara teşne kalbymyň küýsegini  ussatlaryň çalýan mukamlary bilen gandyrdym. Asyl soň-soňlar görüp otursam, men Şamyradyň özüne däl-de, onuň çalýan sazlaryna aşyk bolan ekenim. 
 Hasaplap otursam, ýokary okuw mekdebini tamamlanymyz bäri ýoňsuz ýyl geçipdir. Meniň aýdym-saza teşne kalbym indi oglumyň çalýan mukamlary arkaly aram tapdy.  Oglum her gezek dutary eline alanda onuň barmaklarynyň  astynda oýnaýan tarlar, olardan çykýan şirin owaz meni alyslara, üýtgeşik bir dünýä  alyp gidýär. Şonda  ýüregimiň töründäki  şol üýtgeşik şirin hem täsin duýgularym bilen duşuşýan. Olar meni birden arzuwly ummana atarsa, birdenem ýatlamalaň ýanynda örkleýär.onda men  durşuna owaz bolup duran bir dünýä düşýärin. Siz  ömrüňizde heý,  bir gezek şol dünýä girip gördüňizmi? Onuň jadysyna  baglandyňyzmy? Eger  şol duýgyny başdan geçirmedik bolsaňyz, meniň aýdanlaryma düşünmersiňiz. Sebäbi ol diňe türkmeniň goşa tarly dutarynyň şirin owazyndan  döreýän  dünýä. Ol seni bir demde uç-gyraksyz sähralyga çykaryp, bu topragyň  gözelliginden gandyryp bilýär. 
Şonda seň hyýalyňda “Gökdepe mukamynyň” jadyly owazy janlanar. Birdenem aňyrsyna- bärisine göz ýetmeýän çemenlikde goňurbaşlaryň adaja şemala ygşyldaýşyny duýarsyň. Onsoň,  dutaryň kirişleri dartyldygyça, ter  öleňli daglaryň  zawlaryndan şarlap akýan dury çeşmeleriň  sesi seni özüne barha imrindirer. Garagumuň ak çägeli alaňlarynyň arasynda  öz awuny yzarlap barýan ýigidi synlarsyň. Ol ak maraly nyşana alan pillesinde eda bilen sallanyp gelýän gyzyň kalbyna düşen yşk ataşy seni durşuň-düýrmegiň bilen gaplap alar…
Şeýdip, şol şirinlikden gulagyňy, mähriňi gandyryp, näçe oturanyňam, wagt diýen närsäň nädip geçeninem duýmarsyň.  Şol dünýä maýyl bolup oturyşyňa bu owazyň hiç haçan  kesilmezligini arzuw edersiň.  Şol ajaýyp hem owadan dünýäden gaýdasyň gelmez. Asla ondan ganmarsyň. Gaýta mukamlaryň yzly-yzyna ýaňlanyp, özüňi has alyslara alyp gitmegini islärsiň. Olar weli bir-birinden şirindir, biri beýlekisinden ýakymlydyr.  Bu duýgy seniň üçin  tötänlik däldir. Munuň aňyrsynda türkmeniň öz topragyna, goşa tarly gara  gazmasyna söýgüsi ýatandyr…
Men hakydama dolan duýgulary yzlap, beýnimde gaýtalanýan şol sözleriň manysyny tirdim. “Bir mährim gansady seň owazyňdan, gulagym doýsady şirin sazyňdan”. Eýsem bu sözler öz mukamlaryna, şirin-şirin sazlaryna teşne türkmeniň kalbynyň goşa tarly  gara gazmasyna söýgüsini aňlatmaýarmy näme? Men bolsa bu sözleriň nireden beýnime dolandygyny seljerjek bolup, köne heňňamlary agtarýan. Asyl ol  türkmen balasynyň beýnisine ene hüwdüsi bilen ornýan mukaddeslik bolsa nätjek?
Meniň oýlarymyň arasyny goňşy gelniň  çalajadan hiňlenýän hüwdüsi bozdy. 

Boýuňa dönsem, balam,
Toýuňa gelsin älem.
Seniň şirin  sazyňdan,
Hülle geýinsin ýaýlam.
Bagrymyň başy, balam,
Göwnümiň hoşy, balam.

Indi men beýnimde gaýtalanýan bu sözleriň  hüwdiniň şirin owazy bilen kalbyma dolup, ömrümboýy  hemram bolandygyna göz ýetirdim.

Ogulgerek Ussaýewa.

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle