Kesmeýän gylyç

Kesmeýän gylyç

Bir rowaýata görä, köne döwürler bir ussat 2 sany gylyç ýasapdyr we öz şägirdini ýanyna çagyrypdyr. Men 2 sany gylyç ýasadym we gylyçlaryň birini saňa sowgat etjek diýipdir. Gylyçlaryn ýitiligini barlap görmek üçin şägirt bilen ussat derýaň boýuna çykypdyrlar we ussat gylyçlaryn birinjisini suwuň içine sünjüpdir. Şol wagt derýadan akyp gelýän ýapraklar, öz akymna görä, gylyja degenlerinde, ikä bölünip geçipdirler, gylyç şol derejede ýiti eken. Şägirt gyljyň ýitiligine görüp haýran galypdyr we şol gyljy almakçy bolupdur. Ýöne ony ussat saklapdyr we entek sen ikinji gyljy göreňok diýipdir. Soň ussat ikinji gyljy çykaryp, ony hem derýa sokupdur. Bu gezek gylja tarap akyp gelýän ýapraklar öz özünden gylja ýakynlaşanlaryndan, gapdala sowlup geçipdirler. Hiç bir ýaprak gyljyň ýiti ýerine degmändir, Ikinji gylja hiç zady kesmek gerek däl bolupdur.

Ýokarda agzalan rowaýat başga bir hadysany gowy aýdyňlaşdyrýar: Käbir adamlarda Hudaý tarapyn gorag bolýar, şeýle adamlaryň göwnüne degseň, ýa-da hakyny iýseň, hökman Hudaý tarapyn bir ýerlerden jeza gelýär. Ol adamyň özi bolsa, hiç kime gaýtawul berjek hem bolanok, gaýtawul bermäge güýji hem ýok, ýöne barybir şeýle adama hiç zat degip bolanok, degseň hökman öz almytyňy alýaň, çagalaň keselläp başlaýar, özüňe bir zat bolýar we şoňa meňzeş. Ondan başga Asman güýçleriniň goragnyn ikinji görnüşi hem bolýar, ol gorag has gyzyklyrak. Şeýle goragy bar adamlara asla hiç hili zyýan ýetirip bolanok, şeýle adamlardan zyýanyn özi gapdala sowulyp geçýär, edil rowaýatdaky kesmeýän gylyç ýaly. Göräýmäne bela beterleriň ählisi jem bolan ýaly, häzir ine az salymdan hökman bir ýaramaz bir zat bolar, ýöne hiç zat bolup ýetişenok, bela beterleriň özi şeýle adamdan gapdala sowulup geçýärler. Elbetde şeýle goragy diňe Allahyň özi berip bilýär, kesmeýän gylyjy, has dogrusy kesmek gerek däl gylyjy. Dogrymy aýtsam meň özümde hem şeýle gylyç bar, kesmek gerek däl gylyç. Göterýän «Zulfikar» lakamym hem şol sebäpden. Şeýle gyljy nädip almalydygyny size hem öwredeýin, elbetde doga jady bilen beýle goragy alyp bolenok, diňe Hudaýyň razylygyny gazanyp:

Ilki bilen her bir adam düşünmeli, kyýamatda biziň öňümüzde «gorkunç kazyýet» garaşyp dur, her bir adamdan oň eden işleri üçin soraljak, gowy işler we ýaramaz işler üçin. Mysal üçin aýdaly meň göwnüme 100 sany adam degdi diýeli. Başlygym aýlyk hakymy iýdi, biri töhmet atdy, ýa-da biri meni ýamanlady we şuňa meňzeş, adaty durmuş hadysalary. Kyýamatda Beýik Ýaradyjy her bir adamyň hakyny alyp berýär, her bir adamy razy etmek üçin. Mysal üçin meň arymy alyp bermek üçin 100 sany adamy meň gözümiň arynda kösär, meň ruhym köşeşer ýaly (mümkün). Emma başga hem ýol bar, men 100 sany adamy bagyşlaýan we olara hiç hili nägilelik bildiremok. Eger bir gezek bagyşlasam, Allah meni 2 gezek bagyşlajak diýip söz berýär. Eger men 100 adamy bagyşlap bilsem, diýmek 200 adam maňa bolan nägileligini menden aýyrmaly bolýarlar. Bu Hudaýyň Kerimi Kuranda söz berýän şerti, bu babatda jedel eder ýaly däl. Ýöne adamlary hem bagyşlamak aňsat iş däl. Eýsem nädip saňa ýamanlyk eden adamlary bagyşlamaly, özem seň aryňy alyp berjek diýip duran wagtlary? Şu ýerde Kerimi Kurandan ýene bir filosofiýany mysal getirmeli bolýar: Geçmişde bir ýerde Musa Pygamber bilen Hydyr ata sataşýar we olar ýolagçy bolýarlar. Hydyr ata ýoluň bir böleginde bir gämiň düýbüni deşýär, soň bir çagajygy öldürýär we bir obada bir jaýyň dibaryny dikeldýär. Musa Pygamber Hydyr ataň bu hereketlerine aňk bolup ondan edýäniň näme diýip soraýar: Näme üçin adam gatnadýan gämiň düýbini deşdiň, näme üçin bigünä çagany öldürdüň we näme üçin bizi hiç kim myhman almadyk obada ýykyljak bolup duran dibary dikeltdiň. Hydyr ata jogap berýär: Gämiň düýbini deşmedik bolsam, ol gämini adamlardan ýurduň patyşasy almakçy bolýardy, indi düýbinden suw göýberýär diýip almaz, çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy, diwary abatlamagymyň sebäbi ol diwaryň düýbinde altyn gyzyl bardy we dibar şu wagt ýykylan bolsa, oňa eýe çykjak çagalar entek ýaş, olar ulanan wagty altyn gyzyly tapsalar gowy bolardy. Şeýle düşündirişden soň Musa Pygamber bilen Hydyr ataň ýoly aýra düşýär. Ýöne aýra düşmäkä Hydyr ataň Musa Pygambere başga bir aýdan sözleri hem bar: –Sen ähli zady meň özüme gerek bolany üçin edýär diýip pikir edýäňmi, men ähli zady diňe Allahyn emri bilen edýän. Bu Hydyr ataň sözleri. (Men size nädip kesmeýän gylja eýe bolmagy öwretjek diýdim, azajyk sabyr ediň häzir aýdyp berjek). Şu ýerde Hydyr ataň aýdan sözleri ähli bolup geçýän zatlara degişli. Meň göwnüme degen 100 sany adam, Hudaýyň emri bilen meň göwnüme degdi, eger men olardan öz hakymy sorasam, diýmek men Hudaýdan hak soraýan ýaly bolýan. Köp halatlarda adamlary dogry ýola salmak üçin olaryň başyndan betbagytçylyklary ibermeli bolýar, eger biziň durmuşymyzda kösençlik bar bolsa, kösençlik diňe biziň bähbidimize işleýär. Diş bejerýän lukman agyrly bejerýär diýip biz ondan gaty göremzoga? Kyýamat güni hiç kimden hak soramaly däl, ähli kişini bagyşlamaly, sebäbi her adamyň hereketleriniň aňyrsynda Allah dur, hiç bir adam Allahdan bidin hereket edip bilenok. Eger sen kyýamatda ähli kişini bagyşlajak bolsaň, hiç kimden hak soramajak bolsaň, onda seni entek diri wagtyň ähli bela beterlerden gorap saklamaly bolýar, başgaça aýdaňda seň eliňe kesmeýän gylyjy tutdurmaly bolýar. Eger şeýle etmeseň ýagdaý bir tüýsli adalatsyz bolmaly bolýar, seni ejiz görüp ähli kişi depeleýär, sen bolsa kyýamatda ähli adamlary bagyşlaýaň.

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle