Batyl bedew (Hekaýa)
Toýuň şagalaňy paýawlap barýardy. Öýlenýän ýigit tarapdan gelen ýigdekçeler yzyna gaýtmaga hyýallanýardylar. Aýalgyzlar gelniň bukjasyny howluda garaşyp duran iki tigirli paýtuna ýükleýärdiler. Adamlar berbaşagaýdy. Alabeder halylar bilen araba bezeýänleriňä begenjiniň çeniçaky ýokdy. Hemmeler bir gyldan bezenipdiler. Käbir aýallar aýakýalaňaçdy, ýöne hemmeler açyk reňkli ala köýneklidi…
Ýüpek köýnekli, beýik ökjeli köwüşli, syratly, kellesi gýanjin ýaglykly gelni öýden çykardylarda, kejebäniň ýanyna getirdiler. Sazandalaryň öňünde ussatlyk bilen tans edýän garyndaş aýal ýaş çatynjalara uzak hem bagtly durmuşy arzuwlady.
Begiň özi bolsa hool aňyrda agaja ýaplanyp, assyrynlyk bilen gelne seredýärdi. Ol öz ýarynyň ýüzüni görüp bilenokdy. Gyz üstüne atylan örtüginiň aňyrsyna hasam bukulýardy. Onuň gök nagyşly ak elýaglygy titräp durdy.
Howlyň içi märekeden ýaňa almany göge zyňsaň, ýere düşjek däldi. Adamlar şatlanýardylar, tans edýärdiler. Ýöne gynansakda, bu jelegaýyň söýgüli ozany esli wagt bäri bularyň arasynda ýokdy. Ol öz Watanynyň ajaýyp toýlary bilen birmahal hoşlaşypdy, eýýäm haçandan bäri onuň bilbil owazly, gaýry illeriň ozanlaryny duzlaýanja şowhunly aýdymlary ýaňlananokdy. Indi toýlary bagşylar sowýardy. Surnaýyň sesi kesilen badyna, bagşy üç kirişli saz guralyny gursagyna gysdyda, özüniň belent sesi bilen bütin obany ýaňlandyryp, aýdyma zowlatdy:
Beg, seň toýuň, gör, neneň ajap,
Hernä, şeýle toýlar sahyplarada,
Nesip etsin, hemem ýetirsin hernä!
Ol elindäki saz guralyny ussatlyk bilen çalyp, aýdym aýdýardy, tans edip pyrlanýardy. Soň howla guýruklary berk boglan çapuw atlaryny çykardylar. Olaryň käbirleri buýsanjaň başlaryny belent tutup, toýnaklaryny ýere urýardylar, käte bolsa çarpaýa galýardylar.
Oba toýy tamamlandy…
Ýedi gijegündizläp dynman saz çalan sazandalar goňşy öýüň üçegine çykmaga häzirlendiler. Bu topraklarda «Görogly» diýip atlandyrylýan söweşjeň saz daglaradüzlere ýaň saldy. Çarp urup duran bedewler bu mukamy eşidip, irişmesini üzere getirdiler.
Hä diýmän begiň atyny getirdiler. Hemmeleriň nazary oňa bakan gönükdi. Batyl bedew bu sebitlerde ady bellidi. Ol owadan däldi, ýöne onuň kellesi kiçidi, boýny inçeden uzyndy, ýüzükden geçäýmeli bili, berdaşly bedeni bardy. Bedewiň bir gözi kördi. Üstüne atylan eýerem meniňki bolsun diýer ýaly däldi. Käbir kişiler batyl bedewi görenlerinde: «Munuň nämesini arsyz edýärler?! Gaty betnyşanda bi janawar» diýip, öz ýanlaryndan pikir öwürýärdiler. Ýöne batyl bedew çapyşyklarda birinjiligi hiç kime berenokdy. Adamlar onuň Göroglynyň şöhratly Gyratynyň neslindendigini aýdýardylar.
Beg atynyň ýanyna gelip, ýalyny sypady, esbaplaryny barlaşdyrdy. Üzeňňisini düzedip, birki ýola gerşine kakdy. At eýesinden azkem daşlaşdyda, söweşjeň mukama joşup, duran ýerinde oýnaklamaga başlady. Ol kä çarpaýa galýardy, kä başyny egýärdi, käte bolsa artky aýaklaryna galyp, tans edýärdi. Bu tans esli wagtlap dowam etdi. Hemmeler bedewden gözüni aýyrman, onuň hereketlerinden lezzet aldylar.
Bedew oýnaklap keýpden çykansoň, eýesiniň ýanyna geldi. Beg onuň ýalyny sypady, toýnaklaryny süpürişdirdi. Indi ol çapuwa doly taýýardy. Batyl bedew şeýleräkdi…
Biziň häliden bäri beg diýip atlandyrýan ýigidimiz, aslynda, begem däldi. Oňa diňe öz toýy güni beg diýdiler. Toýuň ertesi ol ýene azalyna ýapyşarda, ýer sürer ýada baý adamlaryň gapysynda batrakçylyk eder.
Biziň begimiziň ady Keremdi. Ol «AslyKeremdäki» Keremede, hoşniýetli garakçy Keremede meňzänokdy. Ol ýöne bir pukara oba oglanydy. Onuň kakasy begiň atbakarydy. Kakasy ýogalanda ogluna bir gözi batyl arryk taýçanakdan başga hiç zat miras galdyrmandy. Şol hor hem betnyşan taýçanak ajaýyp bedew bolup ýetişer diýip, adam oglunyň oýunaküýüne düşjek zat däldi. Kakasy aradan çykandan soň, Kerem çopançylyk etdi, emma taýçanagy ýaby sürüsinden almandy. Ol taýçanagyny janyteni bilen söýýärdi. Kakasy aradan çykmanka: «Oglum, bu aty gözüň göreji deý gora, ol tüýs jigide mynasyp atdyr!» diýipdi.
Birnäçe ýyl geçensoň, Kerem taýçanagyny sürüden alyp, oňa baş öwredip başlady. Hojaýynynyň iş haky üçin tölän dowarlarynyň birnäçesini satyp, atyna çerkes eýerini satyn aldy.
At ulaldygysaýy Keremiňem buýsanjy artýardy.
Ýyllar kerwen gurap, geçip durdy. Kerem bir gyza aşyk boldy. Telim ýylyň dowamynda der döküp gazanan dowarlarynyň hemmesini satyp, ol ýedi gijegündizläp toý tutdy.
Ine, şu sowlup barýan toýam şonuň toýudy…
Ol edil şu wagt geýdirilen ak çerkes donunyň syýnyny galdyrdyp, kümüşsöw kemerine gysdyrdyda, telpegini çep gulagyna bakan süýşürdi. Çerkes don oňa diýseň gowy gelşipdi. Sahyplaryň sowgat beren gamçysy guşagyna gysdyrylgydygyna garamazdan, ýörände onuň ýumşak ädiklerine degýärdi.
Ol atyň uýanyndan tutup durşuna, öz ýanyndan: «Bilýäňmi, bu gün meniň toýum. Dogry, baýragy meň özüm alsam gelşiksiz bor. Ýöne sen, barybir, ýüzümi ýere salmaly dälsiň. Süleýman beg täze at alypdyr, ol birinji geljek bolup özünden gider. Emma ondada, sen ondan ozmasaň, biz gaýdyp dost däldiris!» diýdi.
Kerem ýylgyryp batyl bedewine bakdyda, ýene bir ýola onuň boýnuny sypady. Käbir adamlar gelşiksiz bedewe haýran galmakdan ýaňa kibtini gysyp: «Gözüň gider ýaly ata däl welin, ýöne şondada ýigidiňki şowuna» diýip pikir öwürýärdiler.
Ýaş ýigitler atlara bakan ýüwürdiler. Edil şu wagt olar hut Göroglydan hem gaýduwsyzdylar. Olara bir bakyňa, kümüş saply gamalary diýjekmi, şatlyk bilen uçganaklaýan mawy gözleri diýjekmi, ýeserlik bilen geýlen telpekleri diýjekmi, seretdigiňçe seredesiň gelýärdi.
Keremem atyna bakan ýelk ýasady. Ol laçyn ýaly bolup, öňe okduryldy.
Pagsa jaýlaryň üçegine çykan daýhanlar Keremden gözlerini aýyrman, özara gürrüň edýärdiler:
— Batyl bedew entek ýeke gezegem gamçy iýen däldir.
— Seret, Kerem asla aýagynam gymyldadanok. Hakyky çapyksuwarda.
— Baýbuw, batyly debsiläýdigiň, göwnüne degdigiňdir.
— Hawa, hernä, gazaba münmäwersin! Gazaba mündügi, öňünde döw dursun…
— Bu gün batylyň horhory ýatsa gerek. Süleýman begiň Gara gargasy bilen gidişmäni gowy bolaýmasa. Beg onuň üçin dört at beripdir. At gurdoglunyň neslindenmiş… Hawa, Keremiň özem ozjak bolup durmasa gerek. Ol öz toýunyň baýragyny aljak bolup durmaza?
— O diýýäniňem dogry. Ýöne batyl bedew entek ýeke gezegem baýrakdan binesip bolup görenoga.
Gelniň garyndaşlaryny sazandalaryň arabasyna ornaşdyrdylar. Ýenede söweşjeň mukamyň owazy adamlaryň sesini basyp, daglary, düzleri sarsdyrdy.
Üç araba tirkeşip, ýola düşdi.
At çapyşygy başlandy. Özem nähili çapyşyk diýsene! Hamala, ýüz sany peýkam bir demde ýaýdan sypan ýalydy.
Kerem öz atyny Süleýman begiň atynyň ýanyndan haýdadyp barýardy. Atlylar göz açypýumasy salymda obadan çykdylarda, giň meýdanda dumlyduşa ýaýradylar.
Jaýlaryň depesinde duran adamlar demlerini alman diýen ýaly, ýaýlyp ýatan meýdana seredýärdiler. Olar beýlekilerden esli arany açyp, ýyldyrym çaltlygynda süýnüp barýan batyl bedewden gözlerini aýranokdylar. Kerem atyň boýnuna gysmyljyraýardy. Ol hiç hili hereket edenokdy, sesinem çykaranokdy. Dogrusy, muňa zerurlygam ýokdy. At öz etmeli işini bilýärdi. Ol gamyş gulaklaryny ýapyryp, öňünden çykýan päsgelçilikleriň hötdesinden aňsatlyk bilen gelýärdi, edil ýel ýaly uçýardy.
Birdenem tomaşa edip duran adamlar ýerliýerden gygyryşdylar:
— Süleýman beg öňe düşdi!
— Ozup geçdi!
Olar rast aýdýardylar. Süleýman beg Keremi ozup geçipdi. Ýöne pellehana çenli entek esli menzil bardy. Onsoňam Kerem öz atynyň gylygyna beletdi. Ol bedewiniň gerşine çalaja kakyp goýberdi. Batyl at kellesini egip, gulaklaryny keýertdide, öňe bakan okduryldy.
Atlylar gözden ýitdiler.
Janköýerlik edýänleriň arasynda gazaply jedel gidýärdi:
— Batyl yza galar.
— Menä beýle pikir edemok.
— Menä galar diýýän.
— Seret, seret, görýäňmi, Süleýman beg öňde. Ýeri bakaly, indihä batyl kowup ýetip bilmese gerek.
— Ähä, gördüňmi? Batyl oňa gözüni açmagada maý bermese gerek. Ol at dälde, ot!..
Ine, birdenem dumlyduşy gowurdy gaplap aldy. Tomaşaçylar akylyndan azaşana döndüler — olar dyrnaklary bilen ýüzlerini dyrnaýardylar, saçlaryny ütýärdiler, hyklap zordan dem alýardylar. Edil ýaňyja hem şatlykdan uçganaklaýan gözler gazapdyr ýigrençden doldy.
Kerem eýerden agyp, gapdallykgan ýykyldy. Onuň aýaklary üzeňňiden sallanyp durdy, ganjaran kellesi bolsa daşa urulýardy.
Hemmeler Süleýman bege ýigrenç bilen seredýärdiler. Bu bahyl adam hemmeleriň gözüniň alnynda Keremi itekläp, eýerden agdardy. Ol bu at üçin dört bedewi ýöne ýere bermändi ahyry.
Batyl bedew sakga durdy. Onuň uýanyndan berk tutdular. Keremi atdan düşürip ýerde ýatyrdylar. Keremiň ejesi ýaka ýyrtyp, ogluna bakan okduryldy.
Batyl bedew eýesiniň ýanyna gelip, töweregi sarsdyryp kişňedi. Toý gutardy.
Keremiň birje aty bardy. Emma käbir kişiler şonam oňa juda köp gören bolara çemeli.