Sary bägüller (Esse)
LIN Tsiň Süän,
hytaý ýazyjysy
Bu umytsyz söýgi zerarly men uzak wagtlap gussa batyp, ruhy taýdan çökgün gezdim. Öten agşam betbagtçylyk bolan känine baryp, adamlar bilen söhbetdeş boldum, takdyryň öňünde ejizlän adamlaryň gözgyny halyna ýüregim awady, agşamam uzak wagtlap uklap bilmedim.
Ertesi säher bilen daňyň düýbi agaryberende, men öçüp barýan söýgimiň hatyrasyna bar yhlasymy sarp etmeli diýen karara geldim. Ilki bilen, men hemişeki barýan gül dükanymdan bir çemen sary bägüli satyn almalydym, sebäbi meniň ýüregimi beren zenanym sary bägülleri gaty gowy görýärdi.
Sakgalymy alamsoň, men döşüme kakan boldum-da:
— Dogumlyrak bol! — diýdim. Düýn şol kändäki başlaryna inen betbagtçylykdan ýaňa sessiz-üýnsüz hasrat çekýän adamlaryň mertligini ýadyma salyp, öýden çykdym.
Gül satylýan dükana barýarkam, bäş ýyl süýjülikde ýaşaşan söýgüli zenanymyň bir görmeksiz we kütek adam üçin meni terk edendigine, meniňem oňa bägül almaga barýandygyma gynanyp, ýüregim para-para boldy, gahardan hem hasratdan ýaňa aglasym geldi.
Gül dükanynda bir-birinden owadan, hoşboý ysly her dürli güller näçe diýseň bardy, emma sary bägüller ýokdy. Ýarym günümi sarp eden gözlegim netije berdi, ahyry sary bägülleriň üstünden bardym. Diňe dokuz sany sary bägül galan eken, olaram süllerendi. «Hazan urmuş! Adamyň göwni çökgün bolanda, onuň satyn aljak bolýan güllerem özünden müň esse beter bolýan eken-ow» diýip, içimden jibrindim.
— Başga sary bägül ýokmy? — diýip, men gussa bilen soradym.
Satyjy goja:
— Diňe şu görýänleriň galdy — diýip, parahat jogap berdi.
— Olaryň ählisi solup, sülleripdir ahyryn, men olary nädip satyn alaýyn?
Goja ynamly gepledi:
— Munuň işi aňsat, sen bazarda ýarym
sagadrak aýlaň-çaýlaň edýänçäň, men saňa ter sary bägüllerden çemen bogup bereýin.
— Ýeri, bolýar.
Goja kän bir ynam etmesemem, onuň başga gülçülerden sary bägül gözläp tapaýmagynyň ähtimaldygy hakynda oýlandym-da, dükandan çykdym. Bazarda diýseň uzaga çeken ýarym sagady zordan geçirenimden soň, ýene-de gül dükanyna geldim. Görsem, satyjy melewşe daňy bilen boglan terje we janlyja, suwy damyp duran sary bägülleri aýna tekjäniň üstünde eýýäm taýýarlap goýupdyr. Men gözlerime ynanmadym. Süllerişip duran hälki gülleri oýuma getirişime:
— Bu ýaňky sary bägüllermi? — diýip soradym.
— Elbetde, ýaňky gören sary bägülleriň — diýip, satyjy ýylgyryp jogap berdi.
Men geň galyp:
— Siz bulara nädip jan berdiňiz? Edil ýaňyja görenimde olar süllerişip durdy — diýenimi duýman galypdyryn.
— Bärde üýtgeşik syr ýok. Bu güller öňem solmandy, diňe olaryň suwy azlyk edýärdi. Meniň bar eden zadym — olary boýdan-başa suwuň içinde sakladym, ýigrimi minutdan gülleriň baldagy dikelip başlady.
— Suwy ýetmedimi? Ýöne siz olary suwly bedräniň içinden çykarmadyňyzmy näme? Olara nädip suw ýetmän bilýär?
— Ýaş ýigit, bägüller başdan-aýak suwa mätäçdir. Bedräň içinde onuň diňe düýbünde suw bolýar. Olaryň suw içişem edil adamyň iýmitlenişi ýaly-da. Emma adam diňe iýeni bilen oňmaly däl, ol hökman beýnisini işletmeli, pikirlenmeli, akyl-paýhasyny goýaltmaly, diňe şonda ol başyny dik tutup ýaşap biler. Bägülleriňem gunçalaryna suw gerek, olar meýdanda ösýärkäler ýagyş damjalary bilen çyglanyp durýarlar, emma ýyglandan soň, olaryň gunçalaryna-da suw gerekdigini adamlar bilenoklar. Olary boýdan-başa suwuň içinde goýsaň, derrew janlanaýýar.
Satyjynyň aýdan sözleri kalbyma gozgalaň saldy. Asyl adam bu dünýäde başyny dik tutup ýaşajak bolsa, oňa çäksiz akyl-paýhas zerur eken. Suwsap giden beýnisini paýhas ummanynda gandyrmaly eken.
Satyjy bilen hoşlaşamda, ol egnime kakdy-da:
— Ýaş ýigit, sen janlyrak bol! — diýdi. Onuň bu sözlerine men birhili ejizledim, tasdanam möňňüripdim. Ol asyl meniňem bägüller ýaly saralyp-solup barýandygymy aňan eken.
Öýe gelenimden soň, men ullakan legeni suwdan doldurdym-da, içine girdim. Suwda ýatyrkam sary bägülleriň ýüregini syzdym. Suwdan çykanymdan soň, bütin bedenime üýtgeşik rahatlyk aralaşdy. Sary bägülleri söýgülime bermezligi ýüregime düwdüm.
Men ol çemeni günde gunçasyndan başlap düýbüne çenli suwardym.
Bir hepde dagy geçensoň, gül ýapraklaryny dökdi. Bägüller soldy, emma başlaryny dik tutup soldular.
***
On ýyl mundan owal başymdan geçen bu wakany gündeligime belläpdim. Şondan soň satyn alýan güllerimiň hersiniň özüne mahsus süllerişiniň bardygy hakynda oýlandym. Häli-häzirem şol ýazgylary okamda, owalky ýaly çuňňur duýgulary başdan geçirýärin. Asyl adam töwereginde bolup geçýän ähli ahwalatlara ähmiýet berse, köp zada paýhas edip başlaýar eken.
Bir gülüň üsti bilen bütin älemiň hem zulumyny hem-de çäksiz gözelligini we egsilmeýän erkini görüp bolýar.
Gül satyjylaryň biri maňa ähli akja gülleriň hoşboý ysly bolýandygyny aýdypdy. Gül näçe alabeder bolsa, onuň ysynyň güýjem pes bolýar. Onuň aýdyşyna görä: «Adamam näçe sadadan akýürekli bolsa, şonça-da nurana bolýar».
Başga bir gül satyjy bolsa jasmin gülüniň diňe gijesine däl, eýsem, gündiz hem bark urýandygyny, emma köp kişiniň onuň ysyny almaýandygyny aýdypdy. Ol: «Gündiz adamlar başagaýlykdan ýaňa jasminiň ysyny alanoklar. Adam gündizem özüni rahat alyp barsa, günortanyň tüp yssysynda diňe bir jasminiň däl, hatda hrizantemaňam, orhideýaňam ysyny alar» diýipdi.
Başga bir gül satyjy bolsa säher bilen lotos satyn aljak bolsaň, onda güllänlerini almaly diýipdi, çünki oňa görä, «säher wagty lotos gülüniň açylmagy üçin iň oňaýly wagt. Irden açylmadyk bolsa onuň günortanam, agşamam açylmazlygy mümkin. Olaram edil adamlar ýaly-da, adam ýaşka bir maksada ymtylmasa, ol orta ýaşynda-da, garranda-da şol durkuna galar».
Ýene bir gül satyjy maňa gül näçe gymmat bolsa, şonça-da basym solýandyr diýipdi. Ol: «Sebäbi bu güller adamlara ýaşlygyň iň gymmatly zatdygyny we onuň gadyryny bilmelidigimizi ýatladýarlar» diýip düşündiripdi.
Bir gezek ýene bir gül satyjy maňa şeýle sözleri aýdypdy: «Goý, bize bu täsin dünýäniň ähli ahwalatlaryna düşünmek miýesser etsin! Kalbymyz, hatda bir sary bägülüň ýüregini duýup biljek derejede syzgyr bolsun! Ýüregimizi açanymyza mähetdel, degre-daşymyzdaky iň adaty we ýönekeýje närselerdenem köp zatlary öwrenip biljekdigimize düşüneris».