Ýeňil hem agyr
Waleriý TURGAÝ,
çuwaş şahyry
Ilkibaşda aňsat,
Soňra-da — agyr.
Il bolup ýaşasaň,
Hezil, barybir.
Söýmegem ajaýyp,
Söýlüp gezmegem.
Ýürekdeş dostuňa
syryň dözmegem.
Ýalňyşan bolsaňam,
Çekme gussa-gam.
Bilersiň ahyry
Ötünç sorabam.
Ýöremegem hezil
Terse, ýel güni.
Barysyndan gowy
ýaşlyk ýelgini.
Ilkibaşda aňsat,
Soňra-da — agyr.
Il bolup ýaşasaň,
Hezil, barybir.
Ýol
Meň özüm saýladym bu ýoly,
Şu maňa berleni Alladan.
Öňde jennetmi, dowzah — unutmaly!
Gitmeli, barybir, şu ýoldan!
Meň özüm saýladym bu ýoly,
Şu maňa berleni Alladan.
Öwrülip bolmaýan — taýgaly.
Gitmeli, barybir, şu ýoldan!
Meň özüm saýladym bu ýoly,
Şu maňa berleni Alladan.
Bar-a… ýöremeli owaly…
Bolsa bor Gün bizi goldandan.
***
Ötünç soramaga geldim,
Şatlyk, men senden.
Ýöne sen begendirmediň,
Belki, täleýden.
Ötünç soramaga geldim,
Gaýgy, men senden.
Gaýgy-gamda az gezsemdim,
Belki, täleýden.
Ötünç soramaga geldim,
Ynam, men senden.
Ynanmazak bolup geldim,
Belki, täleýden.
Ötünç soramaga geldim,
Mylakat, senden.
Mylakaty öwrenmedim,
Belki, täleýden.
Ötünç soramaga geldim,
Durmuş, men senden.
Lezzetiňi biläýsedim,
Belki, täleýden.