Gök ot sat­ýan og­lan (He­ka­ýa)

Gök ot sat­ýan og­lan (He­ka­ýa)

Gök otlary satýan bir adam bolup, onuň eziz görýän ýekeje ogly bar eken. Ol ömrüne gök ot satyp, kärinden halys bizar bolan eken hemem hemişe içinden: «Ömürboýy şu käriň yzynda gezdim, mundan aňrygam şeýle, ýöne indi oglumyň geljeginiň aladasyny etmeli. Onuň durmuşy meniňkiden has gowy bolar ýaly, oňa gowy hünär öwretmeli. Ýöne haýsy kär onuň üçin has gowy bolar? Uly mal-mülke eýe boljak telekeçimi? Ýa-da hökümet işlerinden habarly döwlet işgärimi? Özüm şu dünýäde ýaşap ýörkäm, onuň hünär öwrenmegine kömek etmek borjum. Oglum belent mertebä we bagtly ýaşaýşa ýeter ýaly, bir gowy hünär öwretmeli. Mysal üçin, demirçilik. Emma demirçileriň bazary demir ussasyndan doly ahyryn. Ýa-da zergärlik. Bu kär bilen oglum tä ömrüniň ahyryna çenlem meşgullanyp bilerdi. Belki, neçjarçylyk ýa-da dokmaçylyk. Ýok, ýok, bu hünärleriň hiç birisem däl. Gowusy, bir sowatly, köpügören adam bilen bu mesele boýunça maslahat edeýin. Ondan köp zatlary bilmegiň, üstünlige ýetmegiň ýollaryny soraýyn» diýerdi.

Bu satyjynyň abraýly, il içinde belent hormata eýe bolan bir goňşusy bar eken. Aýtmagyna görä, ol naýbaşy medreseleriň birinde mugallymçylyk edýär eken. Bu mugallymyň maşgala agzalary dükana gelenlerinde, olaryň adamkärçiligine we medeniýetine satyjynyň syny oturýan eken. Satyjy öz içinden: «Her näme bolsa-da, bu adam örän akylly we abraýly adam. Üstesine, maňa garanyňda has köp zatlary bilýän bolmaly. Näme bolsa-da, oglumyň geljegi baradaky meseläni onuň bilen ara alyp maslahatlaşaýyn we näme teklip etse, şol işi hem edeýin» diýipdir.

Bir gün şol mugallym goňşusyny gören satyjy:

— Eý, hormatlym! Ikimiz deň derejeli adamlar bolmasak-da, size meňzemäge diýseň höwes edýän. Siziň adamlar bilen aragatnaşygyňyzam gowy, ýakynlaryňyzam il içinde sylanýan adamlar, perzentleriňizem terbiýeli bolup, dostlaryňyzam örän wepaly. Siz adamlara özüňizi sylatmagy we il içinde ornuňyzy tapmagy başarypsyňyz. Meniň bu dünýäde bar baýlygym bolan ýekeje oglum bar. Men onuň bagtly durmuşda ýaşanyny isleýän. Siziň pikiriňizçe, oglumy geljekde oňat durmuşda ýaşar ýaly, haýsy hünäre ugrukdyrsam has gowy bolar? — diýipdir.

— Hawa, gadyrdanym! Bu dünýäde her kimiň öz başarnygyna görä saýlap alan käri bar. Eýsem, gök ot satmagyň näme aýyby bar?

— Meniň niýetim gök ot satmak ýa bakgalçylyk etmek däl-de, oglum üçin bir oňat kär saýlamak.

— Örän gowy. Eger ogluň birnäçe ýyllap hünär öwrenmegine kömek etmekçi bolsaň, onuň gündelik zähmet haky barada-da pikir edensiň. Men saňa bu meseläniň çözgüdini öwredeýin, ýöne nähili karara geljegiň özüňe bagly.

— Köp sag boluň! Allatagala abraý-mertebäňizi zyýada etsin. Ýok, men onuň töleg haky barada asla pikir edemok, diňe oglumyň geljegi barada aladalanýan.

— Elbetde, bolup biler. Köçämiziň başynda ýerleşýän aýna gap-gaçlary öndürýän kärhanany bilýäňmi?

— Hawa, ol kärhanany bilýän, emma kärhananyň eýesi bilen onçakly tanyş däl. Aýdyşlaryna görä, ol şäheriň baý adamlarynyň birimiş. Olar käte meniň dükanyma ot satyn almak üçin gelýär. Ýöne, tagsyr, oglumyň gap-gaç öndürýän kärhanada işlänini islämok.

— Ýok. Men ogluňy gap-gaç öndürýän kärhana şägirt et diýjek bolamok. Aýtjak bolan zadym başga, ýagny men şol kärhananyň eýesini ýakyndan tanaýan. Ol şeýlebir işine jür hemem işiniň ussady. Men onuň kakasynam tanaýardym. Onuň kakasy ýönekeý küýzegär bolup, birnäçe şägirt ýetişdiren adam. Ol küýzegärçilik işinde toprak, suw, ot, aýna we reňk ýaly serişdeleri ulanyp, dürli görnüşli käsedir küýzeleri ýasardy we satardy. Şeýdip ol halal zähmeti bilen hojalygyny dolandyrardy we edil seniň ýaly ýönekeýje durmuşda ýaşardy.

— Elbetde, küýzegärligem edil gök ot satan ýaly köp zähmeti talap edýän we onçakly abraýly bolmadyk pişe. Küýzegär nähili ýagdaý bolanda-da, barybir, ýönekeýje küýzegär. Emma men siziň ýagty geljege alyp barýan ýoly görkezmegiňizi isleýän.

— Menem şony göz öňünde tutýan. Şol diýýän garry küýzegärimem ogluny medresede okatmak üçin birnäçe ýyl ugratdy. Onuň ogly topragyň düzümini öwredýän, reňkleri öwredýän we dag jisimlerini öwredýän ugurlar boýunça ýeterlik derejede bilim aldy. Şunluk bilen, kakasy küýze ýasamagyň gadymy, köne usullaryndan peýdalansa, ogly täze we döwrebap usullary öwrendi. Sebäbi ogly okumyş we dana bolup, şol bir toprakdan, şol bir otdan we suwdan mis küýzelere we käselere derek, aýna gap-gaçlary ýasamagyň täze tilsimlerini döretdi we öz kärdeşleriniň arasynda öňdebaryjy işgärleriň biri bolup, müşderilerine täze, has amatly zatlary hödürledi. Şeýlelikde, ol öz işiniň gerimini giňeldip, gadymy we ýönekeý küýzegärçiligiň ýerine, ine, şu aýna gap-gaçlaryny ýasaýan kärhanany açdy. Şeýdibem şäheriň tüçjar baýlarynyň birine öwrüldi. Men munuň üsti bilen saňa gök ot satmagy şeýle ýönekeý kär hasaplamagyň nädogrudygyny aýtmak isledim. Meniň pikirimçe, gök otlary satmagam, bakgalçylygam, demirçiligem, neçjarçylykdyr telekeçiligem, şol sanda, meniň kärim we hemme işlerem şol birmeňzeş kärlerdir. Her bir adam öz saýlan kärini ösdürip, ony öňküsinden kämilleşdirmegi başarmaly. Ýöne şu kärleriň hiç birini başarmasa, onda onuň gedaý galmagy ahmal. Ähli kärde üstünlige ýetmegiň açary ylymda we bilimdedir. Eger ogluň bolelin durmuşda ýaşamagyny isleseň, ony ylym almaga gönükdir. Goý, bir käriň ussady bolup, şonuň ähli tarapyny oňat ele alsyn hemem ymykly özleşdirsin. Şonda ol has bagtly bolar…

Şondan soň gök ot satýan satyjy otlaryň dürli görnüşlerini oňat saýgarmagy, olara ideg etmegiň ýollaryny, amatly bahadan satyn alyp, ýerlikli bahadan satmagy, adamlaryň içki dünýäsine düşünmegi, saglygyňy berkitmek üçin haýsy otuň haýsy kesele dermandygynyň, daşary ýurtly müşderiler bilen gepleşer ýaly dilleri, gök otlaryň iýmäge ýaramly we seýrek duş gelýän görnüşi bar bolsa, onuň nirede ösdürilip ýetişdirilýändigini we nähili ulanmalydygyny öwrenipdir. Umuman aýdanyňda, ol öz hünärinden oňat baş çykarýan hünärmen bolup ýetişýär. Adamlaryň aglabasy onuň önümlerine isleg bildirip, müşderisine öwrülýär. Kärdeşleriniň köpüsi onuň bilen şertnama baglaşyp, maýa goýum işlerini amala aşyrýarlar. Şunluk bilen, olar ýuwaş-ýuwaşdan birnäçe söwda merkezleriniň we gök otly meýdanlaryň eýeleri bolup, gök ot söwdasyny we eksportyny giňden ýola goýýarlar.

— Ylymsyz hünär çäklidir we tersine, ylym bilen ähli käriň gerimi giňeýändir. Ylym islendik tikenli meýdany gülüstanlyga öwürýär. Goý, ogluň hem ylym öwrensin! Birnäçe ýyl geçenden soň, haýsy käri halaýandygyny özi biler. Haçan-da, ol öz saýlan ugrundan hünärmen bolsa, şol günden başlap seniň ähli islegiň amala aşar.

— Gaty jaýdar aýdýarsyň, gadyrdan! Ylmyň gerekli zatdygyny öňräk bilen bolsam has gowy bordy. Elbetde, gök ot satmagyň hiç hili utanjy ýok. Meniň bu işde ýekeje aýybym — öz hünärimi oňat ele almanlygym.

Şondan soň satyjy ogluny golaýdaky medreseleriň birine ugradýar-da, oňa:

— Oglum, gulak goý! Haçan-da, bir käri saýlap, şol ugurdan kämil bolanyňda, öz göwün islegiňi amal edersiň — diýýär.

Şu wakadan soň ogly medresä gatnap, okuwynyň bir tapgyryny gutarandan soň, kakasyna entek özüniň köp zatlary öwrenmelidigini aýdýar. Bu şäherde oňat medreseleriň ýoklugy sebäpli, kakasy ony başga bir ulurak şäherdäki medreseleriň birine ugradýar. Ogly okar ýaly gündelik zerur çykdajylary üçinem yzygiderli pul ugradyp durýar. Bu gadymy medresede diňe bilim öwredilip, gelim-gidim etmek bolanok eken, her kim durmuşyny özi dolandyrmaly eken. Günleriň bir güni şeýle waka bolýar. Gök ot satyjynyň oglunyň bütinleý puly gutarýar. Kakasynyň ugradan puly hem entek gelip ýetişmän eken. Oglan gök otlardan nahar taýýarlamak niýeti bilen, medresäniň golaýyndaky gök ot satýan satyjynyň ýanyna barýar-da, oňa şeýle diýýär:

— Maňa bir desse gök ot gerek welin, hiç hili pulum ýok. Ýöne men saňa öz bilýän zatlarymy öwredip biljek. Mysal üçin, düzme ýazmak, surat çekmek, nakgaşçylyk, matematika, çyzuw, taryh, geografiýa we dini ugurlar boýunça nämäni bilesiň gelse sorap bilersiň. Ýöne onuň öwezine maňa bir desse gök ot bermeli bolarsyň.

Satyjy hahahaýlap gülýär-de, şeýle diýýär:

— Meniň bu zatlary bilip-bilmezligimiň aladasyny etme. Men gök önümleri pula satyn alýan, pula-da satýan. Eger men ýaňky aýdanlaryňy bilmek islesedim, onda medresä bilim almaga giderdim. Ýöne isleseň bir desse gök oty nesýe alyp, puluň bolan wagty hasaplaşyp bilersiň.

Oglan lapykeç halda hiç zat alman yzyna dolanýar. Sapaklaryndanam göwni geçýär. Kakasynyň ugradan pullaryny alansoň karzlaryny berip, öýüne, kakasynyň ýanyna dolanyp barýar-da, şeýle diýýär:

— Kaka, bu okaýan zatlarym meni hormata ýetirenok öýdýän. Sebäbi alan ähli ylmym bir desse gök ota geçmedi. Şonuň üçinem menem gök ot satsam gowy bolaýmasa.

Kakasy:

— Hawa, mugallymyň aýdyşy ýaly, gök ot satmak gowy kär, emma men seniň bu ugurda hünärmen bolup, bagtly ýaşamagyň üçin durmuşa oňat düşüneniňi isledim. Zyýany ýok, bolan ýagdaýy mugallym bilen maslahatlaşyp göreli — diýýär.

Ataly ogul mugallymyň ýanyna barýar we kakasy söze başlaýar:

— Tagsyr, oglum näçe ýyl bilim alsa-da, onuň ähli öwrenen bilimi ýeke desse ota hem geçmändir. Şonuň üçinem hyrydary ýok ylmy öwrenmekden ne peýda?

Mugallym ýylgyryp:

— Munuň sebäbini ertir düşündirerin — diýýär.

Ol öýünden hozuň ululygy ýaly göwher daşy alyp, ony hyzmatkärleriniň birine berýär-de:

— Şuny al-da, gök ot satýan satyjynyň öýüne bar we şu sözleri aýt — diýip berk tabşyrýar.

Hyzmatkär satyjynyň öýüne baryp:

— Maňa nahar taýýarlamak üçin biraz gök ot gerek. Emma ony satyn alar ýaly pulum ýok. Şu bir bölek daşy al-da, öwezine näçe gök ot düşse beräý — diýip ýagdaýy düşündirýär.

Satyjy göwheri eline alyp, ony mazaly synlanyndan soň, ýylgyryp şeýle diýýär:

— Bu bir bölek daşyň maňa näme peýdasy bar? Men gök oty pula satyn alýan, pula-da satýan. Isleseň, puluny soň getirmek şerti bilen nesýe berip biljek. Munuň ýaly aýna, daş bölejikleri aýna satýanlaň zibilleriniň arasynda-da köp. Olaryň ýüz sanysy ýekeje apbasa degenok ahyry.

— Ýok, men nesýe almak islämok. Gowusy, bu daşy satyp, onsoň gök ot satyn almaga geläýerin — diýip, hyzmatkär gitmekçi bolýar.

Satyjy:

— Ygtyýar özüňde, emma hatyrjem bol, bu daşyňa hiç kim hyrydar çykmaz — diýýär.

Satyjynyň ogly hem göwheri eline alyp göreninden soň:

— Bu çagalaň oýnaýan daşy ahyry. Munuň alty sanysynyň bahasy gara şaýy.

Hyzmatkär yzyna gelip, bolup geçen wakany mugallyma gürrüň berýär. Muny eşiden mugallym göwheri alýar-da, ot satýan satyjynyň öýüne baryp, şeýle diýýär:

— Şu daşy tanaýaňmy?

Satyjy:

— Wiý, muny ýaňyja bir adam ot satyn almak üçin getirdi. Menem bu daşyň peýdasy ýok diýip, ony yzyna ugratdym. Näme, ony siziň öýüňizden getirdilermi? Onda näme üçin ol adam ot satyn alyp gitmedi? Men oňa: «Näçe isleseň alyber» diýdim — diýipdir.

— Gaty gowy edipsiň! — diýip, mugallym aýdypdyr — emma senden başga bir haýyşym bar. Maňa ýoldaş bolup bir sagatlyk bazara gidip bilmezmiň? Yzymyza gaýdanymyzda saňa aýtmaly zatlarym bar.

— Elbetde, baş üstüne! Mydama hyzmatyňa taýyn. Oglumam şu ýerde, eger garşy bolmasaň, onam ýanymyz bilen alyp gideli.

— Hawa, ogluňam biziň bilen gitse gowy bolar. Bir sagat dükany ýapanyňyz bilen üýtgeşik zyýan çekesiňiz ýok.

Satyjy razylaşypdyr we dükany ýapyp, üç bolup bazara ugrapdyrlar. Mugallym bazara baransoňlar, elindäki daşy zergärlere görkezjekdigini aýdypdyr. Ol zergärçileriň we göwher satýanlaryň ýanyna baryp:

— Men şu daşy satmakçy bolýan — diýip, zergäre uzadypdyr.

Zergär ony eline alyp, üns bilen synlanyndan soň, terezä goýup, onuň agramyny ölçäpdir. Soň bolsa çyranyň ýagtysyna golaýrak gelip, ony ýene bir gezek gözden geçirip, şeýle diýipdir:

— Men bu göwher üçin ýedi ýüz tümen nagt berip biljek.

Mugallym:

— Ondan ýokary nyrh bermezmiň? — diýip sorapdyr.

— Belki, ondan ýokary nyrh berenlerem bolar, emma men mundan artyk berip biljek däl.

Mugallym we ataly ogul tirkeşip, başga dükana barypdyr. Ol dükanyň eýesi hem göwheri oňatja gözden geçirip, öňküden ýokarrak baha aýdypdyr, emma mugallym razylaşmandyr. Bu ýagdaý köp gezek gaýtalanypdyr. Ahyrsoňy başga bir göwher satýan dükanyň eýesi öňki edilen barlaglaryň üstüne ýene bir barlag geçiripdir. Ol içinde sary reňkli suwuklyk bolan gaby getirdip, bir sany otluçöp dänesi bilen ýaňky suwuklykdan ýekeje damja alyp, göwheriň üstüne damdyrypdyr. Ondan soň göwheri pagta bilen süpüripdir-de, täzeden gözden geçirip, şeýle diýipdir:

— Bir söz bilen aýdanyňda, men bu göwher üçin bir müň bir ýüz elli tümen berip biljek.

Emma mugallym bu gezegem razylaşman, göwheri alyp, yzyna dolanypdyr. Ýolda gelýärkäler, mugallym ataly-ogla ýüzlenip, şeýle diýipdir:

— Gördüňizmi, gadyrdanlarym! Bu daş siziň üçin ýönekeýje aýna bölegi ýa-da çagalaň oýnawajy, hatda onuň müň sanysam ýekeje apbasa degenok. Emma onuň gymmatyna düşünýän adam ony bir müň bir ýüz elli tümene satyn aljak boldy. Görşüňiz ýaly, bu bir ýönekeýje daş bolman, eýsem, göwher daşydyr. Siz bolsa zergärçilikden başyňyz çykmansoň, bu daş üçin ýeke desse gök otam berip bilmediňiz. Şunluk bilen, her zadyň öz bazarynyň, hyrydarynyň we gadyryny biljek adamynyň bardygy mälim boldy. Düýnki gök satýan satyjynyň ogluňa gök ot satmadygy, onuň ylym-bilim babatda hiç hili düşünjesiniň ýoklugyny aňladýar. Ýöne bu ylmyň hyrydarynyň ýok diýildigi däl. Eger ogluň ýene birnäçe ýyl hünär öwrenmegini dowam etse we şol ugurdan hünärmen bolmagy başarsa, ýüzden gowrak gök ot satýan dükandanam gymmatly göwhere öwrüler ýa-da ot söwdasyny göwher hazynasyna öwrer.

Bulary diňlän satyjynyň ogly şeýle diýipdir:

— Indi hemme zada düşündim. Ertirden başlap, ýene okuwymy dowam etjek we tä ot satmak kärini göwher hazynasyna öwürýänçäm, hiç bir zada ünsümi bermen.

Satyjynyň ogly gök önümleri içgin öwrenýän ugur boýunça okuwyny tamamlapdyr. Soňra şähere dolanyp gelip, oba hojalyk kärhanasynda işe başlapdyr. Alan bilimini ulanyp, kakasynyň gök ot satýan dükanyny ösdüripdir. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, ol ot satmak kärini üýtgedipdir. Täze tapylan dermanlyk ösümliklerine we sähra otlaryna ideg etmek boýunça beýleki ferma eýelerine görelde bolup, özüniň ýetişdiren dermanlyk ösümliklerini derman öndürýän kärhanalara satyp ugrapdyr. Şunluk bilen, ýönekeýje gök ot satýan satyjynyň ogly adamlaryň arasynda uly abraý-mertebä eýe bolupdyr.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle