Hüý­pü­pik (He­ka­ýa)

Hüý­pü­pik (He­ka­ýa)

Muhammed ibn Ali Zahiri,
pars ýazyjysy

Şäheriň golaýynda ýaýlyp ýatan uly tokaýlykdaky agaçlaryň birinde akylly, juda mekir hüýpüpigiň höwürtgesi bar eken. Şol tokaýda-da garryja aýal ýaşaýardy. Ol aýal guşlary naharlamak üçin günde üçeginiň üstüne nan owuntyklaryny goýýardy. Akylly hüýpüpigem günde şol nan owuntyklaryny çokmaga gelýärdi. Şeýdibem olar ýakyndan tanşypdyrlar, käteler biri-biriniň hal-ýagdaýyny soraşypdyrlar.

Bir gün garry aýal daşaryk çykanda, şahanyň üstünde owadan owaz edip oturan hüýpüpigi görüp:

— Daş-töwerekde bolýan zatlardan habaryň barmy? — diýdi.

— Gaty bihabaram däl, ýa başga, meniň eşitmän galan täzeligimem barmy?

— Agajyň aşagyndaky çagalary görýäňmi?

— Görýän. Oýnap ýörler.

— Şeýle akylyň, mekirligiň bilen ýene sadalyk edýäň. Olar oýnanoklar, seni hem-de sen ýalylary tutmak üçin duzak gurýarlar.

— Eger meniň üçin bolsa, olar bihuda zähmet çekýärler. Men duzaga düşerden has akylly, aşa hilegärdirin. Sen entek meni tanaňok. Bu çagalar entek menden ýönekeý towugy nädip tutmalydygyny öwrenmeli. Bular-a heniz çaga, häli-häzire çenli ulular meni aldap bilenok ahyry.

— Her ýagdaýda-da ägä bol! Öz akyl-huşuňa gatam buýsanma. Ähli guşlaram duzaga düşmänkäler şeý diýýärler, emma dänäniň, iýmitiň tagamyna aldanyp, duzaga düşýärler.

— Sen arkaýyn bol! Men örän seresaplydyryn.

— Şeýledir diýip umyt edýän.

Bu gürrüňlerden soň hüýpüpik bagdan çykyp uçup gidipdir, öýläne çenlem dolanyp gelmändir. Çagalaram öýläne çenli şol ýerde bolupdyrlar. Ahyry olar netije bolmansoň halys surnugyp, duzaklaryny ýygnap, öýli-öýlerine gaýdypdyrlar.

Asyl akylly hüýpüpik bagy uzakdan synlap oturan eken. Ol çagalaryň öýlerine dolananlaryny gören badyna aşak düşüp, çagalaryň ýaýradan dänelerini çokmaga başlapdyr. Emma çagalaryň biri inçejik ýüpden guran duzagyny ýygnamagy ýatdan çykaran eken. Hüýpüpik däne çokup ýörşüne, şol duzaga ýetenini duýman galypdyr. Duzak onuň aýagyna mäkäm çolaşypdyr. Mekir hüýpüpik näçe jan etse-de, ondan sypyp bilmändir. Ol gorkudan ýaňa özünden gidip, ýere ýazylyp ýatyberipdir.

Garry aýal giçlik öýüne dolanyp geldi. Ol her näçe üçeklere, agaçlara seretse-de, hüýpüpigi görmedi. Ol daş-töwerege aýlanyp, agaçlaryň arasyna göz aýlady. Seretse, honda, duzaga düşen çäresiz guş süýnüp ýatyrdy. Garry aýal duzagyň ýüplerini kesip, hüýpüpigi özüne getirmek üçin yralady:

— Görýäňmi, ahyry däneleriň tagamy seni özüne bendi etdi.

Hüýpüpik:

— Hawa, duzaga düşdüm, emma bu dänäniň tagamyndan däl, bu ýazgyt. Ýazgyt bilen bolsa göreşip bolmaýar. Onsoňam duzak diňe meniň üçin gurlan däl ahyry. Kysmatynda duzaga düşmek bar bolsa, meniň ýerime kim bolanam bolsa, hatda bir garga bolsa-da düşerdi — diýdi.

— Beýle däl. Birinjiden, garga aňsat duzaga düşmez. Sebäbi garganyň ne özüne çekiji sypaty, ne-de ajaýyp sesi bar. Ol kapasada saklanýan guşlardanam däl, eti-de iýilmeýär. Şonuň üçin ol duzaga düşäýse-de, ony goýberýärler. Duzagy gelşikli, hoş owazly guşlar üçin ýa-da eti iýmite ýaramly haýwanlar üçin gurýarlar. Onsoňam seniň kysmat, ýazgyt diýýäniň hem ugursyz zatlar. Ýazgyt, kysmat diýýänleň ýalta, ýalňyşlyk goýberýän adamlaryň bahanasydyr. Kysmat biziň öz işlerimiziň netijesidir. Dogry hereket etsek, üstünlik gazanarys, ýalňyşsak welin ýeňleris, ele düşeris. Seniň duzaga düşmegiň kysmat bolan bolsa, men seni halas etmäge ýetişmezdim. Emma görşüň ýaly, sen halas edildiň. Şonuň üçin bu işe kysmatyň dahyly ýok. Seniň ele düşmegiň ünssüzligiň netijesi, meniň ýetişmegim bolsa, seniň ömrüň entek paýawlamandygyny aňladýar. Birden çagalar menden öň gelen dagy bolaýsalar, seni tutup kapasa salardylar.

— Dogry aýdýaň! Men şu akylym, mekirligim bilen ýene-de ýalňyşdym — diýip, hüýpüpik halasgäri bilen ylalaşdy.

Pars dilinden terjime eden Serdar GELDIMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby

 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle