Sungata bolan höwes (He­ka­ýa)

Sungata bolan höwes (He­ka­ýa)

Lodongiýn TUDEW,
mongol ýazyjysy

Goja Žalhuwyň maşgalasynda çaga kändi. Bir ýola men çagalaryň ulujasynyň çommalyp, nämedir bir üýtgeşik zada gümra bolup oturyşyny gördüm. Ol dyzlarynda ýasyja tagtajygy goýup, onuň üstünde ellerini gezdirýärdi. Meniň kalbymy şeýlebir bilesigelijilik islegi gurşap aldy welin, edil çopanyň sarç goýny tutjak bolşy ýaly, eserdeňlik bilen pişik basyşyny edip, ýeňsesinden bardym-da, demimi alman onuň arkasynda bukulyp durdum hemem özümi haýran eden täsin bir zada gözüm düşdi.

Tagtajygyň üstüne ýukajyk kül sepilipdir. Oglanyň adyna Dawasambu diýerdiler. Ol ujy ýiteldilen taýajygy usullyk bilen külüň üstünden ýöredýärdi welin, taýajygyň yzynda kese hem tegelek çyzyklar peýda bolýardy. Onsoň ol ýene birnäçe çyzyk çekdi welin, tagtajygyň ýüzünde süsüşmäge taýýarlanyp duran gaharjaň ýakyň şekili peýda boldy. Muňa hiç hili şübhe ýok, özüňiz göz öňüne getiriň, ýak yzky aýaklary bilen ýer peşeýär, dili sallanyp dur, guýrugy bolsa gaňyrçak ýaly egrelip dur.

Dawasambu ýanynda adam bardyr öýtmän suraty bilen başagaýdy. Tiz wagtdan külüň ýüzünde ýakyň garşydaşy — ikinji bir ýak peýda boldy.

Meň ýüregim gürsüldäp ugrady, sebäbi agaç bilen agajyň ýüzüne surat çekilýändigini ilkinji gezek görýärdim. Munuň esasy syry — doly ýanyp küle öwrülen gury tezegi endiganja edip, tagtanyň ýüzüne sepmeli eken. Diňe şondan ap-ak, arassa kül alyp bolýan eken. Görüp otursam, surat çekmek o diýen kynam däl eken.

Birden Dawasambu tagta gaýtadan kül sepdi-de, tutuş ýüzüne ýaýratdy. Şol wagtyň özünde ajaýyp haýwanlaryň şekili zym-zyýat boldy. Meniň tasdan demim tutulypdy.

— Eý, dursana! Muny nädäýdiň?! — diýip, ümsüm durmalydygymy unudyp, gynanç bilen gygyrdym.

Dawasambu gorkusyna tisginip, bärsine öwrüldi, soňra tagtasynam aldy-da, aýagaldygyna gaçyp gitdi. Menem öwrenen zatlarymy durmuşa geçirmek üçin haýdap öýe gaýtmak bilen boldum. Ilki bilen, üsti tekizje, laýyk tagta tapmalydy. Şo wagt öýde adam ýokdy. Büý-ä bolaýdy, men hiç bir päsgelçiliksiz öý goşlaryny agdar-düňder edip biljekdim. Ýöne näçe jan etsem-de, elime çemelije zat ilmedi.

Ahyry nazarym ullakan agaç tabakda eglendi. Tabak ýagdan ýaňa ýalpyldap durdy, sebäbi ejem onda süýdüň ýagyny alardy. Biraz ýaýdanjyrap duramsoň, «Ýeri bolýa-da, boljak!» diýdim-de, oňa sowan peçden gyryp alan ak külümi sepdim. Içi çöp-çalamly çelegiň içindenem laýyk bolaýjak taýajyk tapyp, mazaly sünnäläp, ujuny ýiteltdim. Indi ähli zat taýyndy, işe girişibermelidi.

Men Dawasamba öýkünip, ilki bilen ýakyň suratyny çekmäge başladym. Ýöne surat çekmegiň, çaklaýşym ýaly, ýeňil-ýelpaý iş däldigi gaty bahym belli boldy. Men birinji ýakyň suratyny çekinçäm garader boldum, barybir, ol ýaka däl-de, goňşy obadaky agsak köpege meňzeýärdi. Men öz ýanymdan: «Aý, şü-de bolýa-la» diýip oýlandym-da, ikinji ýakyň suratyny çekmäge girişdim. Ine, şu ýerde-de ýeňsäme çalnan şarpyk höwes bilen başlan işimiň arasyny böldi.

— Wah-wah-eý! Nämeler edip ýörsüň? Ýok, bu bezzada bir serediň-ä! Muň ýag alynýan tabagy edäýşini bir görüň-ä! Dur bakaly, ejeň bir gelsin, ol seniň mazalyja temmiňi berer.

Bu gelen Aýda daýzamdy. Biz oňa «Waý daýza» diýerdik. Sebäbi ol çagalary duýdansyz gorkuzmagy halardy.

Men kellämi gaşap durşuma:

— Aýda daýza, siz gowusy, meň çeken suratymy görüň — diýdim.

— Elbetde, görýän — diýip, daýzam hahahaýlady — bu Dontor ahyry!

Dontor — bu goňşymyzyň agsak itiniň adydy.

— Bilmediňiz — diýip, men mertebämi saklamaga çalşyp, garşy çykdym. — Bu goja Baldanyň sakar ýakynyň suraty.

Meniň düşündirişime daýzamyň hasam keýpi göterildi. Ol gülmekden ýaňa tas özünden gidipdi. Ellerini kelemenledip, özüni düşegiň üstüne goýberdi, gözleri ýaşardy, döşünde birhili hyşşyldy, hykgyldy peýda boldy.

Men pursatdan peýdalanyp, dessine garamata ýakyn tabagy elýeterden aňyrrakda gizledim.

Şo pursatdan başlap, meniň baş pişäm surat çekmek boldy. Tomus aýlary öl toýna, derýa ýakasyndaky çygly çägä, gyşyna bolsa garyň ýüzüne — esasan, haýwanlaryň suratyny çekerdim. Kämahallar bolsa kömür ýa-da hek bilen gara öýüň böwrüni nagyşlardym. Bir ýola bize Ehormýangan ata myhmançylyga geldi, men onuň bagana possunynyň arkasyna ýylanyň suratyny çekdim. Ir bilen geýinmekçi bolanynda, onuň gözi ýylana düşdi-de, bar güýji bilen gygyryp, possunyny ýere taşlady. Soňam gözi gorkan goja:

— Eý, Hudaý, eý, Hudaý! — diýip, sanawajyna başlady. Asyl ol ýöne ýere gorkman eken, görüp otursam, ol ýylandan öler ýaly gorkýan eken.

Şo sebäpli döredijiligim üçin iki sany şapbat paýymy almaly boldum.

Men ylgap köçä çykdym. Ýoldaşlaryma: «Ehormýangan ata meni gowy görensoň, dulugymdan sypajak bolup, gatyrak sürtäýdi» diýdim. Ýöne oglanjyklary aldaýmak o diýen aňsat däl, olar nämäň-nämedigine derrew düşündiler we ep-esli wagtlap meni ýaňsylap gezdiler. Her niçik-de bolsa, şo mahalky we ondan soňky ýagdaýlar meniň sungata bolan höwesimi ýatyryp bilmedi.

Ýadyma düşýär, enemiň suratyny çekenimde (meniň pikirimçe, surat oňa örän meňzeýärdi), ol maňa käýäp, agzyndan gelenini diýipdi, üstesine, erbet edip çümmükläpdi. Men adamlaryň suratyny çekmegiň garrylaryň külli günä hasaplaýandygyny şondan soň eşitdim.

Wagtyň geçmegi bilen, elim döredijilik işine ynamly girişip ugrady, başgaça aýdanyňda, suraty kem-köstsüz çekip başladym. Munuň hakykatdygyny men goja Manydan eşitdim. Bir gezek gojanyň guratmak üçin Günde asyp goýan baganasyna goçak pişigiň suratyny çekmek kelläme geldi. Ýöne munuň üçin mazalyja käýinç aldym! Asyl görüp otursam, garry pişikleri halamaýan eken.

Men şol ýylyň güýzi mekdebe gitdim. Ene-atam meni şähere äkidip, öz garyndaşlarynda ýerleşdirdi.

Bir gezek daýym meni öz ýanyna çagyrdy-da, syrly görnüşde öňümde birnäçe kiçijik, tegelejik zatlary goýdy. Olar gök, gyzyl, sary — dürli görnüşdäki reňklerdi.

— Hawa, körpe, seň pikiriňçe, bular näme? — diýip, ol sorady.

Men birsalym oýlanyp durdum-da, ilki kelläme gelen zady aýtdym:

— Ilik bolaýmasa!

— Ýok, körpejäm! — diýip, daýym güldi. — Bular ilik däl-de, akwarel reňkleri, düşünýäňmi?

— Näme-näme? — diýip, men gaýtadan soradym. Meniň aňk-taňk bolmagym ýöne ýere däldi, sebäbi şu çaka çenli reňk diýen zady görmändim.

— Bu akwarel, suwa batyrylyp çekilýän reňkler — diýip, daýym düşündirdi. Bular bilen surat çekilýär. Olar birneme gurapdyr, sebäbi atam döwründen bäri öýde ýatyr, ýöne surat çekse boljak. Synanyşyp görjekmi? Häzir men bulary nähili ulanmalydygyny görkezeýin.

Ýogsa näme? Mende şobada surat çekmek höwesi döredi. Begenenim sebäpli ýüregim gürsüldäp başlady.

— Seret, körpe!

Daýym ujuna bir çogdam tüý berkidilen taýajygy gutudan çykardy-da:

— Muňa çotga diýýärler — diýip, ony suwly okarajyga batyryp durşuna aýtdy. Soňra ony tegelejik zatlaryň birine sürtdi-de, usullyk bilen kagyzyň ýüzünden ýöretdi welin, mawy zolajyk peýda boldy.

— Haýsy zatlar mawy reňkli bolýar? Asman, suw, güller… — diýip, ol pikire çümüp durşuna aýtdy. — Meselem, ýazyň ilkinji gülleri, dogrumy?

— Dogry!

Ol çotgajygy yhlas bilen gataňsy, gabarçakly barmaklarynda tutup durdy. Onuň ýüzünde üýtgeşik bir tolgunmanyň hemem şatlygyň alamatlary duýulýardy.

— Hüm, o diýen gow-a bolmady — diýip, ol kagyzyň ýüzünde bulaşygrak mawy tegmil peýda bolanda birneme aljyraňňy halda aýtdy. — Eller diýen etmejek bolýar. Wah, eger sen ýaly çagalygyma gaýdyp baryp bilsedim, onda durmuşy ýaňadandan başlardym, ana, şonda daýyňyň meşhur suratkeş bolanyny görerdiň. Indi giç. Meniň ellerim diňe sandalyň başyndaky çekije ýarajak. Sen welin yhlas et, suraty köpräk çek, körpe. Ine, saňa mawy reňk.

Daýym maňa mawy reňkli tegelejigi berdi-de, galanlaryny gutujykda gizledi.

— Maňa reňkleriň hemmesini bersene, daýy — diýip, men haýyş etdim.

— Ýok, körpe — diýip, ol garşy çykdy. — Sen ilki tebigatdaky mawy reňkli zatlaryň suratyny çekmegi öwren, ine, şondan soň gyzyl reňki bererin.

Meň gyzyl reňkli akwareli şeýlebir alasym geldi! Onsoň iýip-içmegem, gezelenjem, sapaklarymam unudyp, uzak wagtlap surat çekip oturdym.

Netijede, iki aý hem geçip-geçmänkä, daýymdaky reňkleriň ählisini aldym. Men şol reňkler bilen baýryň üstünde duran älemgoşaryň suratyny çekdim-de, daýyma görkezdim.

— Indi şu reňkler bilen oýuňa gelen zatlary çekiber, mende başga hili reňk ýok — diýip, daýym aýtdy.

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle