Arynyň öýjüginde (Hekaýa)
Wahtang ANANÝAN,
ermeni ýazyjysy
Güneşli maý günüdi. Balary idedilýän ýerde durmuş gaýnap joşup, balarylar dynuwsyz işleýärdi. Meni olaryň işleýşi, akylly hereketleri özüne çekýärdi.
Ine, balary gapyrjagynyň deşiginde iki sany balary dur. Olar öňki aýajyklaryna daýanyp, neşderlerini naýza ýaly çykaryp, haýbat bilen wyzzyldaşýarlar.
Men dürli haýwanlaryň — dag goçlarynyň, geçileriň, ýabany ördekleriň, durnalaryň sakçylyk edişini görüpdim, ýöne şeýle ünsi, şeýle eserdeňligi olaryň hiç birinde görmändim.
Göz öňüne getirip görüň, meýdandan her minutda ýüzlerçe balary gül tozgajyklaryndan ýüklenip gelýär we bu sakçylar olaryň her birini gapyrjaga salmankalar barlaýarlar. Olar onuň özüniňkidigini nädip bilýärkä? Olary ýat balarylardan nädip tapawutlandyrýarkalar?
— Ysyndan — diýip, meniň balary öwreniji alym ýoldaşym aýtdy.
Bir minudyň içinde işçi-balarylaryň iki-üç ýüz sanysyny barlamagy başarýan bu kiçijik jandarlaryň ys alşy gaty inçe bolmaly!..
Goňşy gapyrjaklara girip, olaryň toplan ballaryna eýe çykmaga synanyşýan balarynyň dat gününe!
Şeýle-de bolsa, şonuň ýaly balary tapyldy. Sakçylar ony dessine ysyndan tanadylar. Alysdaky meýdana bal ýygnamaga gitmek howply bolansoň, bu balary aňsat eklenç etmegi ýüregine düwen bolmaly. Aý, näme, gapdalyňda taýynjak bal barka, başga ýere gitmek nämä gerek?..
Kim bilýär, ýöne ony özgäniň zähmetine eýe bolmak ýa-da talaňçylyk etmek höwesi bärik getirendir diýip pikir etmek bolmaz, sebäbi balarylar zähmet çekmegi halaýar ahyry. Ony bu ýere başga zat getiren bolmaly. Belki, ol özüne abanan howpdan halas bolmak üçin gelendir. Belki, onuň yzyndan guş kowalandyr ýa-da tupan gorkuzandyr. Ýagşyň ýekeje damjasy bular ýaly kiçijik jandar üçin aşakdan geçip barýan adamyň üstüne dördünji gatdan guýlan bir bedre suw ýaly ahbetin…
Şonuň üçinem ol uçmaga gorkýan bolmaly. Ýöne bärik bal getirmän boş gelmek gadagan ahyryn. Hemmeler işleýär, zähmet çekýär. Ol şu zatlardan gorkusyna aljyrandyr, şonuň üçinem şeýle peslige ýüz urmakçy bolandyr.
Ýöne sakçylaryň biri eýýäm kesekiniň artky aýagyndan tutupdy, indi oňa hiç hili bahananyň nepi degjek däldi. Şonuň üçinem onuň gara gaýgysy bärden gitmekdi. Ýöne ikinji sakçy hem gelip ýetişip, onuň beýleki aýagyndan tutdy.
Basa-baslyk başlandy. Balary girelgesi petiklendi. Meýdandan gaýdyp gelen işçi arylar öýjüginiň ýanyna ýygnandylar we gaharly wyzzyldaşdylar. Megerem, olar öz dillerinde:
«Eý, ýol beriň! Näme üçin gapynyň agzyny tutup dursuňyz?..» diýýän bolmaly.
Olaryň bary howlugýardy — biri kabul ediji balarylara ýüküni gowşurmaly bolsa, ýene biri igde gülünden ätiýaçlyk tozgajyklary edinmäge alňasaýardy, sebäbi bulut süýşüp ugrapdy, ol hä diýmän Günüň öňüni tutjakdy…
Işe päsgel bermez ýaly sakçylar kesekini bir çete çekdiler-de, otluga ýykdylar.
Sakçylaryň biri dessine öz ýerine gaýdyp geldi-de, göwnüme bolmasa, beýleki ara şeýle diýen ýaly boldy:
«Deýýusyň merkini ber-de, ýeriňe tiz bar!..».
Ýöne «deýýus» uludy we ýaşajyk sakçydan güýçlüdi, (megerem, ol sekiz-dokuz günlük bolsa gerek). Otlukda çabalanyp ýatyşyna, ol ýaşajyk balaryny aňsatlyk bilen süýreýärdi.
Men olaryň urşuny dykgat bilen synladym. Meni geň galdyran zat, bu deň bolmadyk söweşde keseki mydama goranýardy, kiçijigem bolsa hojaýynsyraýan sakçy bar güýji bilen ony urýardy, haýasyzyň arkasyna münüp, rehimsizlik bilen boýnundan çekýärdi. Beýleki ary ýaşajyk garşydaşyny aňsatlyk bilen ýatyryp biljegem bolsa, urgulara sessiz-üýnsüz çydaýardy… Ol öz günäsini bilýän ýalydy. Onda bir pikir bardy, nähilidir bir ýol bilen halas bolup, ökjäni götermekdi…
Ol hiç hili pirim ulanman, neşderisinem çykarman, tä sypmak başardýança bu urgulara döz gelip, çydam edip durdy.
Ol, dogrudanam, wyždanly keseki eken…