Hikmetli sözüň manysy (He­ka­ýa)

Hikmetli sözüň manysy (He­ka­ýa)

Rahima ŞAMANSUROWA,
özbek ýazyjysy

…Gulnoza howluda oýnap ýören eken. Ol meni görenden, ylgap ýanyma geldi-de, owadan ýylgyryş bilen:

— Essalawmaleýkim! — diýdi. Men ony bagryma basyp:

— Waleýkimessalam! Berekella! Sag bol, akyl gyzym! — diýdim.

Gulnoza, hakykatdan hem, öwgä mynasyp gyz bolupdyr. Ejesiniň öýde ýoklugyny bildirmän, derrew eýwana körpeçe ýazdy, saçaga nan we süýjülikleri getirip goýdy. Soňra gyzjagaz bilen çaý içip, gürrüňleşip oturdyk. Men ondan:

— Gulnoza, ilkinji gezek haýsy sözi aýdanyň ýadyňa düşýärmi, akyl gyzym? — diýip soradym.

— «Eje», «kakany» aýdan bolsam gerek, mama jan! — diýdi.

Ata we ene ynsan üçin iň gadyrly kişiler. Ynsan diliniň şu mukaddes sözler bilen gepläp başlamagy tebigy ýagdaýdyr. Gulnozanyň hem ilkinji sözi «eje» bolupdy.

— Bulardan soňra öwrenen ilkinji sözüň näme, balym?

Gulnoza ýene pikire çümdi. Uzak oýlandy-da, birden howlugyp:

— Tapdym! «Essalawmaleýkim». Muny maňa enem öwredipdi — diýdi. — Salam berýärkäm, elimi gursagyma tutmagyň möhümdigini hem aýdypdy.

Gulnoza dogry aýtdy. Ynsan şeýle asylly häsiýetleri bilen haýryň, ýagşylygyň tymsalydyr. Şonuň üçin onuň dilinde elmydama «Essalawmaleýkiminiň» bolmagy tebigydyr.

Soňra biz Gulnoza bilen «Essalawmaleýkimiň» manysy hakynda gürrüňleşdik. «Essalawmaleýkim» aslynda, arapça söz bolup, «dynçlyk, salamatlyk dileýärin!» diýen manyny bildirýär. Ol ýurtlaryna, milletine garamazdan, dünýädäki ähli musulmanlaryň salamlaşýan sözüdir. Siz musulmanlar ýaşaýan islendik ýurda baraýyň, şol ýerde ýaşaýan milletiň dilini bilmeseňiz hem, «Essalawmaleýkim!» diýseňiz, size güler ýüz bilen: «Waleýkimessalam!» diýip jogap bererler. Bu olaryň: «Size hem dynçlyk, salamatlyk dileýärin!» diýdikleridir. Diýmek, «Essalawmaleýkim» özara gatnaşyklaryň, garaýyşlaryň başy eken. Siz salamy näderejede mylaýym we ak ýürekden aýtsaňyz, ol adamlar bilen aragatnaşygyňyza has-da ýylylyk, mähir, göwnaçyklyk bagyş edýär.

«Essalawmaleýkimi» hemmä eşidiler ýaly we dury owaz bilen aýtmagyň ýene bir jadyly güýji bar. Ol adamlaryň arasynda mähir-muhabbeti döredip, kine-kitüwleri ýok edýär. Özüňden ululara hormat, kiçilere rehim esasynda salam-älik etmek gadym-gadym zamanlardan häzirki nesillerimiz üçin ahlak terezisi bolup galandyr. Mukaddes kitaplarda tekrarlanyşyna görä, «Essalawmaleýkim» diýmek parz, jogap gaýtarmak, ýagny «älik» bolsa hökmany hasaplanýar.

«Essalawmaleýkimi» aýtmagyň hem öz edebi, düzgün-kadalary bar. Ýolda gidip barýarkaňyz, özüňizden ululara duş gelseňiz, olary tanamasaňyz hem birinji bolup salam bermeli. Şonda ulular size jogap hökmünde, köplenç, «Waleýkimessalama» has-da edepli bolmaga itergi bolýan «berekella» sözüni hem goşýarlar. Çünki ulular hemişe-de ýaşlaryň ýagşy, mylaýym häsiýetli bolmagyny isleýärler we şonuň ýalylary görende guwanýarlar.

Diýmek, ýaşy kiçiler ululara, ulaglylar pyýada gidip barýanlara, ýöräp gidip barýan adam oturan adama, azçylyk köpçülige ilki salam berýär. Bir ýere myhmançylyga barsaňyz, öýde köpçülik oturan bolsa, elbetde, ilki bilen, salamy siz bermeli. «Essalawmaleýkim!» belent owaz bilen gygyryp däl-de, hemme eşider ýaly we mylaýym aýdylsa, onuň jadyly güýji şeýle köp bolýar…

***

Gulnoza hakyndaky hekaýany Aýzada hem, Sewinç hem juda üns bilen diňläp otyrdylar. Hekaýa gutaransoň, olar şeýle diýdiler:

— Ene jan, indi bizem hemişe hemme kişä elimizi gursagymyza goýup, «Essalawmaleýkim!» diýeris.

— Berekella, akyl gyzlarym, berekella! Şeýdiň!..

Özbek dilinden terjime eden Ogulşirin MERETLIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle