Londonyň kämil ynsany (Hekaýa)
Beatris HARRADEN,
iňlis ýazyjysy
Günortan sagat biri tegeläpdi. Milli galereýanyň talyplary işlerini birýüzli edip, häzir biri-birleri bilen gep alyşmak, garynlaryny otarmak bilen başagaýdylar. Diňe çotgajygyny bir gapdalda goýup, bir çetde sarsman oturan ýalňyz goja kisesinden çykaran ýukajyk jiltli kitabyny okamak bilen gümrady. Ol gojanyň söýüp okaýan kitaby bolarly, sebäbi okap oturan zadyndan çäksiz lezzet alýan ýaly, her sahypany emaý bilen agdarýardy. Wagtal-wagtal kitapdan başyny galdyryp, Andrea del Sartonyň ajaýyp portretiniň tamamlanmadyk göçürme suratyna göz aýlaýardy ýa-da gapdalyndaky nakgaşyň çekýän, özüniňkiden has arassa hem hakyky görünýän suratyny synlaýardy. Ol suraty saklaýan molbert tagtasyndan gaçan gyzylymtyl-melewşe boýunbagy ýerden galdyrmak üçin ýene-de kitapdan ünsüni sowupdy. Şondan soňra ol edil daş-töweregini gurşap alan suratlar kimin dünýeden bihabar bolup, kitabyndaky wakalaryň ummanyna çümüpdi. Kimdir biri ony erkek kişiniň portretidir öýdüp çaklaýsa geň galjak gümanyň ýokdy. Içinden okamagy gowy görýän gojanyň diri adamdygyny diňe onuň çalaja müňküldeýän dodaklary äşgär edýärdi.
Salamlaryny almak beýle-de dursun, iň bärkisi başyny galdyryp, ýüzlerine-de garamaýan gojanyň gylygyna belet talyplar oňa barmysyňam diýmän, assa-assadan işlerine dolandylar. Ynsanlaryň aglabasynyň tebigatyň täsinliklerine biperwaý garaýşy ýaly, olaram bu özboluşly adama adaty göz bilen bakýardylar. Topara täze goşulan gyzlaryň biri beýlekisine:
—O goja, birhili, keselbent görünýä-le — diýdi.
—Wah, ol biçäre hemişe şoň ýaly-da. Bahym oňa öwrenişersiň. Işimiz bilen bolsak gowy bolar! Şu gün men hökman «Kör gedaýy» tamamlaýmaly — diýip, bada-bat elini çaltlandyrdy.
Talyplaryň hemmesi diýen ýaly işleriniň başyna geçdiler. Muňa garamazdan, entegem alňasaman özbaşlaryna pyşyrdaşyp gürleşýän gyzlaram, magşuklaryndan uzaklaşyp bilmän ýa-da asla uzaklaşmak islemän oturan ýigitlerem bardy. Ýaş ýigitleriň biri gözleri uçganaklap duran bir gyzyň golaýjagyna gelip, ondan esewan bolmagyny tabşyryp giden kitabynydyr şybygyny yzyna almak isledi. Ser Joşuanyň «Perişdelerini» göçürmek bilen gümra bolup oturan gyz onuň «genji-hazynasyny» yzyna gowşuransoň, goýy gyrmyzy bägül bilen sylaglandy. Gyz elindäki bägüli bilindäki guşagyna gysdyransoň, ýigit «Hanym Siddonyň» portretine dolandy. Ýöne ýigidiň hasratly keşbine göz aýlan islendik kişi onuň hanym Siddonyň gözelliginden beter goýy gyrmyzy bägülli gyzyň görküne maýyldygyny bada-bat aňsa gerek. O otagdan bu otaga gezmeläp ýören adamlar talyplaryň işlerini synlamak üçin wagtal-wagtal säginýärdiler. Talyplaryňam özlerine dikanlap seredýändiklerini piňlerine almaýan bu adamlar bir gapdala çekilmekden-ä geçen, gaýtam, käbir nusgalary gelşiksiz şekilde tankytlaýardylar. «At sergisiniň» nusgasyny göçürip oturan çytyk ýüzli suratkeş çotgasyny ganygyzgynlyk bilen bir çete taşlady-da, ýüregedüşgünç adamlar uzaklaşýança ellerini gowşuryp oturyberdi. Deň-duşlaryndan has paýhaslyraklary göwünleri bir ýaly, öz işleri bilen gümra bolşup otyrdylar. Birnäçe nakgaş täze Rafaeli çekmek bilen meşguldylar. Olaryň ýaşulusy bolan ak saçly, ýaşy könelişen hanymyň elleri sandyrap duranam bolsa, heniz ukybyny ýitirmändir. Olar ak kagyzyň ýüzünde ussatlyk bilen hereket edýärdi. Ol gapdalynda suraty neneňsi çekjekdigini bilmän aljyrap oturan gyza näme etmelidigini aýtmak üçin, birnäçe gezek işinden ünsüni sowmaly boldy. Gerekli maslahaty alansoň, nakgaş gyz ýyrş-ýyrş edip, höwes hem-de hoşallyk bilen çotgasyny işledip başlady. Häzir daş-töwerekde egin-egne berip, köpçülik bolup işleşilýän ýere mahsus bolan hoşniýetlilik, dostanalyk hem-de hakyky ýürekdeşlik syzylýardy. Dürli-dürli künjeklerdendir döwürlerden bir ýere jemlenen, hersi özbaşdak manylarydyr geçmişiň yzlaryny özüne siňdiren köp sanly suratlar, her jüre kynçylyklara bäs gelip, arman-ýadaman işleşip oturan nakgaşlaryň hyşy-wyşylarydyr dowamly ýatlamalary hem-de galereýa gelip suratlary synlaýan, kalplary umytdan doly adamlar özboluşly sazlaşygy emele getirýärdiler.
Her kim birmahal işiniň başyna dolanan-da bolsa, goja kitabyndan ünsüni diňe üstüne iki el gelip gonansoň sowdy.
—Jenap Lindal, siz ýene-de öýlänligiňizi edinmediňiz gerek! Gönimden gelsem, men şu kitaby ýazan Lukresini ýigrenip başladym. Ol hemişe sizi çaý-nahardan alyp galýar.
Başyny galdyranda üstüne abanyp duran Helen Stenlini gören gojanyň gamaşyk ýüzi sähel salymlygam bolsa ýagtylan ýaly boldy:
— Wah, kimi ýigrenseňem, Lukresini beri ýigrenmäwer. Meň adamlara görä onuň bilen geçiren ýakymly pursatlarym has köp bolandyr.
Şeý diýip ol aýagyna galdy-da, Heleniň çekip oturan Andrea del Sartonyň portretiniň göçürmesine baha bermek üçin öňe süýşdi:
— Suratyňyz meňkiden has gowy bolupdyr. Meňki şowsuz çykypdyr. Bu göçürme üçin uly töleg talap edip durmasam gowy bolaýmasa — diýip, goja hümür-sümür etdi.
— Siz bu gün gaty keýpsiz görünýäňiz.
— Düýn meň seni göresim gelip ýüregim gysdy — diýip, goja ýarym ukuly äheňde sözüni dowam etdirdi. — Işe-de elim barmady. Iki otagyň arasynda gezmeledim ýördüm, Lukresiniň kitabynyň gatynam açmadym. Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly boldy. Başda maňa Rafaeliň ýa-da Murillonyň suratlary ýetmezçilik edýändir öýtdüm, ýöne ýetmeýän zat hut sendiň. Bu diýseň geň, şeýle dälmi?! Ýöne bilýäňmi näme, adam pahyr islendik zada bahym öwrenişýär. Belki, gözüme görünmän ýörseň ikinji gün seni beýle küýsäbem durmazdym, hepdäň ahyryna çenli-hä asla ýadyma-da salmazdym. Bagtymyza, unutmak ukybymyz bar biziň…
— Men öz garaýşyma başgalaryňam uýmagyny isleýän adamlaryň hilinden-ä däl welin — diýip, Helen oňa sözüni soňlamaga maý bermedi. — Siziň ýa bolmasa beýlekileriň, hakykatdan, unudyp bilýändigine ynanamok. Paýhassyz adamlaryň oýlap tapan unudaganlygyny — «unutmak» däl-de, «boýun bolmak» diýip atlandyrsak has ýerlikli bolaýmasa…
— Şu mahal meň hiç zat hakda gepleşesim gelenok — diýip, goja nakgaş duýdansyz ýerden söhbetdeşiniň sözüni böldi, soňam molbertiniň garşysyna geçip, göçürmesiniň üstünde sessiz-üýnsüz işläp başlady. Goja kespdeşini boýdan-başa synlan Helen Stenli ony hiç haçan şu mahalkysy ýaly gamgyn hem-de sussupes görmändi. Onuň göwnüne bolmasa, goja nakgaşyň eline häzire çenli ony tüýs ýürekden söýen hem-de göwün beren kişiniň mähirli goly galtaşmadyk ýalydy. Bu bolsa Heleniň pikiriçe, aýylganç zatdy. Sebäbi ol ynsanyň söýgä, gülüň suwa teşne bolşy ýaly, teşnedigine ynanýan köne pikirli adamlardandy. Takmynan, on iki aý mundan owal galereýada işe başlanda onuň nazary bada-bat goja nakgaşda eglenipdi. Helen onuň bilen dostlaşmak isläpdi. Sebäp diýseň, ömrüniň heniz baharyndadygyna garamazdan, ýerden ýeke çykan bolansoň, ýeke özi ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmeli bolan ýaş gyzyň özem ýalňyzdy, kalby hasratdan doludy. Ol ýaşuly kişileriňkiden kem bolmadyk uly durmuş tejribesini edinipdi. Ýaňy ýigrimi dördüni tegelän bolsa-da, ol öz ýaşyndan has uly görünýärdi, onuň balkyldap duran owadan hem-de mähirli gözlerem onuň solgun, görmeksiz keşbine görk goşmakdan asgyn gelýärdi. Galereýa işgärleriniň arasynda «Jenap Lindol häzire çenli iç döküşip biljek ýakyn ýarana mätäç bolan bolsa, şunça ýyl garaşanyna degýän birini saýlasa bolmadymyka?!» diýşip, hyşy-wyşy edýänler az däldi. Ýöne olar Helen Stenli bilen jenap Lindoly bilelikde görmäge bahymjak öwrenişdiler, olaryň ýaňsyly gülkülerem tiz kesildi. Wagtyň geçmegi bilen bu az salymlyk tanyşlyk goja tarapyndan susluga, gyz tarapyndan bolsa ýürekdeş dostluga öwrüldi duruberdi. Goja gyza ne özi hakda aýdyp berýärdi, ne-de onuň özi hakynda bir zatlar biljek bolýardy, ol hatda birnäçe hepdeläp gyzyň adynam soraman oňupdy. Kämahal ol düýbünden geplemeýärdi. Iki ýürekdeş dostuň tä iş wagty tamamlanýança agyzlaryndan ýeke agyz söz gaçyrman, egin-egne berip işleýän wagtlary seýrek däldi. Işleri bitensoň goja oňa iş esbaplaryny jemleýänçä garaşyp durardy, soňra Trafalgar köçesine çenli bileje ýöräp giderdi. Bu ýerde olaryň ýollary aýrylardy we her kim öz ugruna ötägiderdi.
Kämahal goja sen-men ýok, oňa uly höwes bilen sungat hakda gürrüň berip başlardy. Şeýle gürrüňleriň dowamynda onuň gözleri uçganaklardy, bükülip duran göwresi buýsanç bilen dikelerdi. Onuň erkin pikirlenmegiň ahlak taraplary ýaly başga-başga gürrüňleri-de gozgaýan, Bruno hakyndaky ýagty ýatlamalara berilýän, beýleki ägirtlerem agzap geçýän mahallaram bolardy. Käte pelsepe ylmyny öwredýän mekdepler hakynda aýtsa, käte ýa özüniň, ýa-da durmuşyň çylşyrymly meselelerini öwrenmek üçin gyzyldan gymmatly wagtyny sarp edip, näler kellelerini agyrtsalar-da, gadymy danalaryň ýeten sepgitlerinden bir ädimem öňe ilerlemeýän kişileri ýaňsa alardy. Soňra ol gowy görýän pelsepeçileriniň dana jümlelerinden mysal getirerdi, birdenem sözüni soňlaman dymardy, hemişe oý-pikirden doly, töwerek-daşyna perwaýsyz garaýan hemişeki ahwalyna dolanyp gelerdi. Helen Stenli onuň bu gylyklaryna özüniň bäş barmagy deýin belet bolup gidipdi hem-de onuň bu halyna hormat goýmagy öwrenipdi. Gyz sähelçe-de bimaza etmän, öz penakäridir ýakyn dosty hökmünde onuň durmuşynyň bir bölegine öwrülmegi başarypdy. Heleniň bar ýerinde hiç kim goja hakda ýaramaz gep aýtmaga ýa-da onuň hopul-sopul sypatynyň, bir gyrasy syçan kerten ýaly hoňkaryp duran ýüpek papagynyň, sarysy giden gara boýunbagydyr paltunynyň üstünden gülmäge milt edip bilmezdi. Bir gün Helen iňňe-sapak getirip, günortan arakesmesinde onuň ýyrtyk ýeňini ýamap beripdi. Goja mundan bihabardy. Şonda-da gyz dostuna kömeginiň degenine öz ýanyndan monça bolupdy.
Bu gün ol gojanyň iş bilen höwesiniň, surat çekibem ugrunyň ýokdugyny aňdy. Ähli ünsüni suratyna berip, işine gümra bolup oturan Helen onuň çotgalaryny ýygnap, eýýämden öýe gaýtmaga häzir bolup durandygyny, ol pessaý ses bilen:
— Üstünden ýene birki gezek geçseň doly tamamlarsyň — diýende bilip galdy. — Men-ä özümiňkini hiç mahalam tamamlaman. Kyn görmeseň, belki, sen tamamlap berersiň. Men bu ýere gaýdyp gelmen. Çekip oturan suratymyň hakyky manysyna doly düşünmändirin öýdýän. Nähili pikir edýäň? Ýöne indi bu hakda baş agyrtmakçy däl. Sebäbi sen eliňden geleniňi gaýgyrmajakdygyňy bilýän. Goý, şu reňklerem, çotgalaram seňki bolsun. Bu palitranam al. Mundan beýläk bu zatlaryň maňa derkary ýok.
Helen Stenli özüne tarap uzadylan palitrany alsa-da aldy welin, oňa aňka-taňka bolup seretdi.
— Bu ýeri gaty dymyk — diýip, goja sözüni dowam etdirdi. — Men daşarda aýlaň-çaýlaň etmekçi. Işdenem halys bez bolupdyryn.
Ol sähel salym säginen ýaly etdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi:
— Belkem, maňa ýoldaşlyk edersiň. Wagtyň bar bolsa…
Helen çalasynlyk bilen iş esbaplaryny ýygşyryşdyransoň, iki dost tirkeşip ýöräp gitdi. Goja ümezläp duran nazaryny suratlarda gezdirse, Helen onuň bu günki keýpsizliginden özüçe many çykarmaga çalyşdy.
Olar binanyň iç ýüzündäki basgançaklara ýakynlaşyberenlerinde goja Heleniň ýüzüne garap:
— Men ýene bir gezek suratlaň ýanyna dolanmak isleýän — diýdi. — Özümiň olaryň arasynda hökmany suratda birsalym durmalydygyma ynanýan. Olar niçeme ýyllap meň hemram boldular, süňňümiň bir parçasyna öwrüldiler. Gabaklarymy goýberdigim, olar birin-birin gözümiň öňünde janlanýarlar. Şonda-da men olara soňky gezek göz aýlamak isleýän, beýik ussatlary ýene bir gezek ýatlamak, olaryň uçursyz zehinini syzmak isleýän. Eserlerini synlan mahalym, olaryň durmuşy hakda oýlananymy, şeýle beýik adamlar nädip ötüp bildikä diýip pikir öwrenimi duýman galýan. Şolar ýaly tapylgysyz adamlaryň pahyr bolşuny diýsene?!
Olar yzlaryna dolandylar. Goja gyzy özüniň has gowy görýän suratlarynyň ýanyna alyp bardy. Näme üçindir, şol suratlaryň deňinde esli wagtlap sessiz durdy. Helenem onuň pikirini bölmek islemedi. Ahyrsoňy bu dymyşlygy gojanyň özi bozdy.
— Indi gidibersegem bolar. Olaryň ählisi bilen hoşlaşdym. Dünýede nepis çekilen suratlaryň arasynda durmakdan ýakymly zat ýok bolsa gerek. Bu diýseň ajaýyp duýgy. Adamlar tebigatdan beýikligi talap edýär, ynsanyňam beýik bolup biljekdigi barada welin, asla pikirlenmeýärler.
— Biziň bu meselede garaýşymyzyň çapraz gelýändigini bilýäňiz ahyryn. Men bar zadyň adamdan beýik hem ajaýyp bolmalydygyna ynanýan.
Olar galereýadan çykyp, Trafalgar meýdançasyna tarap ýöneldiler. Awgust aýynyň beýniňi gaýnadyp gelýän howurly günüdigine garamazdan, asmanda lowurdap duran Günüň astynda ýaldyr-ýaldyr edip, bolluk bilen suw seçeleýän çüwdürimleri synlamagyň aram beriji lezzeti bardy.
— Şu ýerde biraz aýak çeksek nähili görýäň? Oturyp birsalym töweregi synlamak isleýän. Bu ýerde gözüňi eglendirýän zat köp.
Helen gözüne ilen ilkinji sekä tarap ýöneldi. Olaryň dyz epen sekisiniň beýleki tarapynda bir işçi ellerini kükreginde gowşuryp gaty ses bilen horlap ýatyrdy. Onuň elinde kiçijik çakmak bardy. Ol elini şeýlebir pugta ýumupdyr welin, çakmagyň ýere gaçjak gümany ýokdy. Ahyrsoňy Helen ilki bolup dil ýardy:
— «Suratymy tamamlap bilmen» diýmäňiz näme? Belki, özüňizi duýşuňyz gowy däldir. Hakykatdanam, tapsyz görünýäňiz. Sizi gaty alada edýän. Sebäbi siz meň üçin diýseň eziz ynsan.
— Hawa, men syrkaw, özümem hupbat baryny çekýän — diýip, goja pessaý ses bilen jogap berdi. — Düýn ýurdumy täzeläýmelidim welin, seni görýänçäm gaýrat etmeli diýen netijä geldim. Öz ýanymdan bu günüňi meň bilen geçirmegi, bilelikde Westminster abbatlygyna gitmegi, bir rahatja ýerde oturyp derdinişmegi haýyş edeýin diýdim. Özbaşyma gider ýaly halym ýok, başga birinden haýyş edeýin diýsemem, senden başga hiç kimi tanamok. Onsoňam maňa «ýok» diýmejegiňi bilýän. Sebäbi sen maňa gezek gelende diýseň dözümsiz. Aslynda, näme üçin maňa beýle mähirli garaýanyňa näler kelle döwsemem, teý, düşünip bilýän däldirin, ýöne barybir, saňa minnetdar. Bu gün galereýadakylaryň biriniň saňa «görmeksiz» diýenini eşitdim. Şonda olara tarap ýüzümi öwrägetdin: «Bagyşlaň welin, men-ä ony örän görmekli hasaplaýan» diýdim. Olar gülüşdiler öýdýän. Bu ýagdaý meni oýa batyrdy. Sebäbi seni hemişe-de görmekli hasap ederdim.
Şol pursat işçiniň elindäki kiçijik çakmak ýere gaçyp, kül-uşak boldy. Ol zähresi ýarylan ýaly bolup atylyp turdy-da, gözlerini açalak-ýumalak edip bir goja, soňra onuň ýoldaşyna, birem döwlen çakmagyna mölerilip bakdy.
—Wah-heý! Bu-ýa bolmady! — diýip, ol agzyny uludan açyp pallady. — Bu içigargalmyş çakmagymy gaty eý görýärdim-dä.
Goja torbasyndan çakmagyny çykardy-da:
—Me, al! Indi maňa munuň derkary ýok. Işiňem şowly bolsun! — diýdi.
Oňa elini uzadan işçiniň ýüzi ýagtylyp gitdi.
— Çendenaşa oňat adam ekeniňiz welin, siz muny maňa şeýdip berjek goýberjekmi? — diýip, ol elindäki çakmagy alyp gidibermekden çekindi.
Goja:
— Hawa — diýdi. — Mundan beýläk onuň maňa geregi ýok.
Işçi oslanmadyk peşgeşi kisesine salyp minnetdar ýylgyrdy-da, beýleräge geçip oturdy.
Jenap Lindal Westminstere gidiberselerem boljakdygyny ýaňzydansoň, iki ýaran ýanaşyk ýöräp tiz wagtda abbatlyga geldiler. Bu ýerde olar şahyrlaryň burçunda aýak çekdiler. Töweregine göz gezdirip beýik şahsyýetleriň kaşaň türbetleriniň gözelligine syn eden gojanyň argyn ýüzünde ýylgyrma alamaty peýda boldy.
— Bilýäňmi? — diýip, ol hem özüne, hem-de ýoldaşyna ýüzlenýän dek gepledi. — Meň kalbymda ne ynam, ne umyt, ne-de gorky bar, ýöne ybadathanada ýa-da ybadathananyň howlusynda oturmak maňa hemişe ynjalyk bererdi. Kaşaň arkalar, reňkli penjirelerden düşýän Gün şöhlesi, gümmezdir beýik sütünler maňa hiç bir pelsepewi kitaplaryň düşündirip bilmedik syryna akyl ýetirmäge ýardam etdi, ýogsam biz şol kitaplary ýyllarboýy başymyzy galdyrman okaýas, şolaň başynda hem beden, hem ruhy taýdan garraýas. Ýöne men hiç mahal sözüň doly manysynda takwa bolmandym. Şonda-da mydama özümi gowy adam saýypdym. Diňe ýeke-täk ses, ybadathanadaky organyň tolgundyryjy, göwnüňi göterýän, kalbyňy hyjuw bilen pürepür edýän gamgyn, şol bir wagtda-da dabaraly owazy maňa sarsmaz söýget bolupdy. Men hemişe saz başga hiç bir närsäniň jogap berip bilmeýän sowallaryna jogap bermegi başarýar diýip pikir ederdim. Ýöne seň nähili pikire gulluk edýäniňi bilemok.
Helen:
— Meň üçin bu hakda pikir ederden heniz ir dälmi?! — diýip, naýynjar gepledi.
— Hawa, sen gowusy, hiç zat hakda kelläňi agyrtma — diýip, goja mylaýymlyk bilen sözüni dowam etdirdi. — Hemişe dogumly hem güýçli bol. Durmuşyňy ýola goýşuňy görmek üçin, entek-entekler ýaşamak islärdim. Men seň özüňe-de, özgelere-de ikiýüzlülik etmejegiňi gaty gowy bilýän. Bu bolsa adamda diýseň seýrek duş gelýän aýratynlyk. Seniň hiç hili pes ynamyň sungatyňdyr ýaşaýşyň gözelligine we ajaýyplygyna bolan belent ynamdan zyýada gelmegine, göwnüçökgünligiňem senden üstün çykmagyna ýol bermejegiňe berk ynanýan. Sen her dürli ýagdaýda beýle-beýle zada ýol bermersiň, hawa, ýol bermersiň. Onsoňam men senden ýene bir zady, hiç mahal adamzada bolan ynamyňy ýitirmezligiňi ýalbaryplar haýyş edýän, çünki kalpdaky umyt hiç mahal egsilmeýär. Şeýle-de saňa esasy möhüm zady aýdaýyn, adamzat bilen tebigatyň arasyndaky kybapdaşlyk şeýlebir uludyr welin, birden birinden ýa-da beýlekisinden lezzet almak ukybyňy ýitiräýseň, sen agaçlaryň, gülleriňdir meýdanlaryň gözelligini, haýbatly daglaryňdyr derýalaryň belentligini görmek ukybyňdanam jyda düşersiň. Pasyllar şol gezekme-gezegine çalşar durar, sen bolsa olaryň gelip geçişinem saýgarmarsyň. Şonda yssy ruhuňda edil meňki ýaly aňzakly gyşyň sowugy orun alar. Meň halymam, näme, özüň görüp dursuň.
Soňra olar ybadathananyň diwarlary üsti ýapyk beýik arkalary ýatladýan uzyn geçelgesine geldiler we bu ýerde äpet penjireleriň aşagyndaky sekileriň birinde ornaşyp, ybadathananyň orruk-ortasyndaky boşlugy bezeýän ýap-ýaşyl otluga birsalym sessiz-üýnsüz seredip oturdylar. Häzir bu ýerde iki ýürekdeş dostdan başga janly-jemende ýokdy. Jana melhem salkyn howa, ümsümlik, gözel görnüş bu ýerde ömürlik uka giden keramatlylaram seleňledýän, ruhlarynyň aram tapmagy üçin yhlasyny gaýgyrmaýan ýalydy.
Dymyşlygy Helen bozdy:
—Meni bärik getireniňe begenýän. Indi-hä şähere aýlaň-çaýlaň edip bilmedim diýip gynanman. Bu ýere gelenimiz gowy bolaýdy.
—Her tomus dynç alşynda bu ýere gelmek edähedim bar. Şu meýdança ilkinji gezek gelenimde menem edil seň ýalydym, ýaşdym, ganym gaýnar durardy, nämeler gaýyrjagymam, durmuşda kim bolmak isleýändigimem anyk bilýärdim. Hawa, men beýik nakgaş, ýurdumy täzelänimde bolsa, hut şu abbatlykda jaýlanmaga mynasyp adam boljakdygyma öz-özüme söz beripdim. Häzir bu aýdýanlarym diýseň gülkünç eşidilýändir, şeýle dälmi?!
—Maňa siziň bu göwnüçökgün halyňyz ýaranok. Öňümizde goýan maksadymyza ýetmek hemmämize başardyp baranok. Onda-da şonuň ýaly maksatlaryň düýbünden bolmanyndan, amala aşmasa-da, kalbymyzda şeýle beýik arzuwlary beslänimiz has gowy dälmi näme?!
—Bolup biler — diýip, goja perwaýsyz gepledi. — Sen maňa özüň barada aýdyp bersene. Hemişe sen hakda has köp bilesim gelerdi.
Helen:
—Özüm barada aýdara üýtgeşik zat ýok — diýip, pert-pert gepledi. — Bu dünýäde menden ýalňyz adam ýok bolsa gerek. Meň ne-hä dostum, ne-de söýýän ýigidim bar. Göterip ýören adymam öz hakyky adym däl. Men çagakam taşlanan. Kämahal özümiň ýerden ýeke çykandygyma gynansam, kädaýym muňa begenmänem duramok. Men kitap okamagy hem sungaty halaýan. Görşüňiz ýaly, meň durmuşym beýle bir manysyzam däl. Agyr zähmetden çäksiz lezzet alýan. Galereýada işe başlamsoň, siziň bilen tanşasym geldi. Talyplaryň birinden siz hakda soradym. Ol bolsa maňa siziň garasöýmez adamdygyňyzy aýtdy. Şondan soňra tä meň çekip oturan suratym hakda öz pikiriňizi aýdýançaňyz, siziň bilen tanyşlyk açjak bolup durmadym. Bu biziň dostlugymyzyň başlangyjy bolupdy.
— Kyrk ýyl mundan owal — diýip, goja mejalsyz gepledi. — Çagalyk dostum maňa dönüklik etdi. Ol maňa haýynlyk eder diýip otursam-tursam oýuma-da getirmändim. Meni öňüne perde edinip, meň abraýymdan peýdalanyp üstünlik hem-de şan-şöhrat gazandy. Şonda gaýdyp dost edinmejegime ant içdim. Belki, maňa görä has it janly birisi beýle haýynlyga döş gerse-de gererdi welin, meň ýüregim bu dönükligi çekip çydardan ejiz geldi…
Ýatlamalar ummanyna çümen gojadan birsalym ses-seda çykmady. Soňra ol Helena durmuş hekaýatyny aýan etmäge durdy, kalbynyň töründe busup ýatan armanly umytdyr arzuwlaryň perdesini syrdy, özüniň önüp-ösen ojagyny, dürli reňkli gülleriň arasynda, otluk meýdanlardadyr ýodaly tokaýlarda bileje oýnan hem tüýs ýürekden söýen goçak gara gözli gyz jigisini ýatlady. Bir günem oňa jigisini müdimilik ýitirendigini, gaýdybam onuň adyny tutmaly däldigini aýdypdyrlar. Ýöne ol her gün, her gije gyzjagazy çagyrypdyr, «Beril», «Beril» diýe-diýe gözýaş baryny döküpdir. Ol gyz jigisini meýdanlarda, tokaýlarda, gül-gunçalaryň arasynda gözläpdir. Goja, göýä, gyzgyn duýgudaşlygyň täsirine düşüp, ýüreginiň ençeme ýyllap gulply ýatan işigini giňden açyp, ähli geçmiş ýatlamalaryny, durmuşynyň gizlin syrlaryny gaýtadan erkine goýberene çalym edýärdi.
— Beril tüýs boz keýijek kimin bökjeklärdi — diýip, goja sözüni dowam etdirdi. — Onuň baýyrdan baýra ylgaýşyny görseň gülüp heziller ederdiň. Ony ýene bir gezek görmek umydyndan el üzmek maňa gaty agyr degdi. Olar maňa jigime jennetde duş geljekdigimi aýtdylar, ýöne men jennet hakda pikirlenmek islemeýärdim, men hemişe şadyýan gülküli Berili zeminde, ýanjagazymda görmek isleýärdim. Hawa, sen mamla. Biz hiç mahal hiç zady unudamzok, biz diňe boýun bolýas…
Birdenem goja başga hörpden gopdy:
— Bu zatlary saňa näme üçin aýdyp oturanymam bilýän däldirin men-ä. Barybir, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Özüm hakda diňe saňa aýdyp biljekdim, sebäbi senden başga hiç kim meni diňlemegem islemez.
— Men size şuny aýdaýyn — diýip, Helen mylakatly seslendi. — Durmuş tejribeleriňiziň sizi ganygyzgyn adama öwürmegine ýol berip, uly ýalňyşlyk goýberipsiňiz. Birki gezek şowsuzlyga uçradym diýip, tutuş dünýäni duşmanyňyz saýmak bolmaz ahyryn. Belkem, özüňiz aň etmän, ynsanlara ýeňsäňizi öwrensiňiz, şeýdibem her kimiň diňe kemçilikli tarapyny görensiňiz. Bu her bir meseläniň iň aňsat çözgüdi dälmidir, gadyrdan dostum?! Ähli kişi kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Sizem her dürli meseleden üstün çykmaga güýç-gaýrat berjek pelsepä uýmaly ekeniňiz. Men-ä pelsepäniň gymmaty şondan ybaratmyka diýýän.
Helen, göýä, her bir sözüni öz erkiniň garşysyna aýdýan ýaly ynamsyz gepleýärdi.
Goja:
—Rast aýdýaň, gyzym — diýip, onuň häsini berdi-de, elleri bilen ýüzüni ýapdy. Emma ol gözýaşlaryna bäs gelip bilmedi.
— Men şeýlebir ýalňyz… — diýip, ol hamsygyp başlady. — Ýaşaýşymyň nähili içgysgynç hem mährewsiz bolandygyny bir bilseň. Wah, häzir sandan galan goja bolmadyk bolsadym, ähli zady ýaňadan başlardym.
Ol birsalym horkuldap aglady. Gojany köşeşdirjek jaýdar sözi tapyp bilmedik Helen onuň elini aýasyna aldy-da, göýä, bir ýerini gypjyndyran çagany köşeşdirmek isleýän dek, onuň elini mähir bilen sypalamaga durdy. Goja onuň bu hereketine gabagyny galdyrdy-da, gözýaşlarynyň aňyrsyndan mähir bilen ýylgyryp bakdy.
— Sen maňa diýseň ýürekdeş adama öwrüldiň. Meni gadyrbilmez garry hasaplaýan bolmagyň ähtimal. Aslynda, beýle pikir etmäge hakyňam bar. Bir gün säher wagty meň ýapynjamy abatlap beripdiň. Meň şol ýama seredip, sen hakda pikirlenmedik ýekeje günüm ýokdur. Meň hatyrama şeýdendigiň hakda oýlanmak maňa diýseň ýakymly bolupdy. Ýöne sen bary-ýogy meň ýapynjamy oňarman, eýsem, durmuşyma reňk gatdyň. Öňümde nämeleriň garaşyp ýatandygyny bilmesem-de, ýerdäki ýaşaýşymyň diňe owadan bolandygy hakda pikir ederin, sebäbi sen maňa ýagşy niýet bilen garadyň, maňa akgöwünli daradyň. Öten agşam dert duýdansyz üstümi basanda, seni ýanymda görmek, sesiňi eşitmek isledim. Seň sesiňde gulaga ýakymly mähir bar.
— Men siziň ýanyňyza uly höwes bilen gelerin — diýip, Helen ýürekden syzdyryp aýtdy. — Bolmawersin welin, onda-da birden ýagdaýyňyz ýaramazlaşaýsa, hökman meň yzymdan adam iberjegiňize söz beriň. Şonda meň nähili edenli şepagat uýasydygyma göz ýetirersiňiz, meň aladam bilen tut ýaly sagalyp dessine aýaga galarsyňyz. Onsoň nädersiňiz ýöne, yzyny üzmän surat baryny çekip otursaňyz, özem biri beýlekisinden nepis bolar. Meni çagyrjagyňyza söz bermediňiz-ä!
Goja gyzyň mymyjak elini dodagyna ýetirdi:
— Söz berýän! — diýdi.
Birdenem ol ukudan aýňalan ýaly bolup:
— Bu hereketim üçin maňa gaharlanmadyň gerek? — diýip, aladalanyp sorady. — Ýanymda özüňi oňaýsyz duýmagyňy islämok.
— Men özümi oňaýsyz duýamok.
— Beýle bolsa eliňi gaýtadan öpüp biljek-dä?!
Helen:
— Hawa — diýip, jogap beren dessine goja onuň elini mähir bilen gaýtadan öpdi.
— Sag bol! Men saňa gaty minnetdar. Ho-ol taýdan düşýän tyllaýy Gün şöhlesini görýäňmi?! Nähili ajaýyp! Bu ýerde oturmak diýseň ýakymly. Agyrylarymam el bilen aýrylan ýaly bolaýdy. Soňky wagtlar ýüregimde döreýän ýiti sanjy zerarly ezýet baryny çekdim. Häzir özümi şeýlebir sagat duýýan welin, Andrea del Sartony özümjik tamamlaýsammykamam diýýän.
Onuň bu sözlerine göwni göterilen Helen:
— Hökman tamamlaň — diýip, şadyýan dillendi. — Onsoňam siziň göçürmäňiziň meňkiden has gowudygyny boýun alýan. Özümi ýeňlen diýip hasap etmäge-de taýýar.
Gojanyň, näme üçindir, gaşlary gerildi.
— Be-eh! Şu mahal meni köpden bäri ünjä goýýan bir mesele ýadyma düşdi oturyberdi. Men saňa Rembrandtyň «Goja iudeýiniň» göçürme nusgasy üçin öňünden hak alanymy aýtmadym öýdýän. Indiki hepde şoň üstünde işläp başlamaly.
Helen:
— Ýöne siz çotgalaňňyzam, palitraňyzam maňa berdiňiz ahyryn — diýip, jak-jaklap güldi. Goja-da ýylgyrdy.
— Sen olary maňa wagtlaýynça ulanmaga berersiň-ä?! Onsoňam men diňe olar bilen çäklenmän, eýsem, saňa kitaplarymam bagyş etmekçi, hawa, ählisini berjek. Bir gün saňa kitaplarymy görkezeýin. Men hasam pelsepewi kitaplary halaýan. Olar ençeme ýyllap meň wepaly hemralarym boldy. Ýalňyşmaýan bolsam, sen grekçe okap bilýän dälsiň. Bu-ýa bolmaýar. Aristoteli okap görseň gaty halardyň. Şonuň üçinem saňa grek dilini öwredeýin. Müddetim dolup, baky uka gitmeli bolamda, bu meň saňa goýup biljek iň uly mirasym bolardy…
Onuň joşgunly gepleýşine ilkinji gezek şaýat bolýan Helen:
— Uly höwes bilen öwrenerin — diýdi.
Häzir aralaryndaky galyň diwar ýumrulyp, Helen onuň geçmişine nazar aýlamaga mümkinçilik gazanan, goýberen ýalňyşlyklaryna, paşmadyk arzuwlaryna, umyt uçgunjyklarynyň öçüşine şaýatlyk etmäge rugsat alan, şeýdibem gojany has ýakyndan tanap başlan ýalydy.
— Sen hökman Askalesi okap gör — diýip, goja şähdaçyk gepledi. — Gürrüňsiz, Agamemnon seň durmuşyňy düýpgöter özgerder. Ana, şonda sen bu kitaplaryň nakgaşçylyk ukybyňy kämilleşdirýändigine düşünersiň, diňe bir şekillerdir reňkler bilen iş salyşman, eýsem, kesbiňe bütin durkuň bilen berlersiň. Bilýäňmi näme, häzir şeýlebir keýpim çag welin, men diňe bir Andrea del Sartony tamamlamak üçin däl, eýsem, başga eserleri döretmek üçinem ýaşamalymykam diýýän.
Helen:
— Siz şu gün gaty alňasadyňyz-da — diýip, ýürekden ýylgyrdy. — çotgalaňňyzy, palitraňyzy emgenmän paýlaşdyryp goýberdiňiz. Bolsa-da Lukresiniň gymmatly kitabyndan-a aýrylmadyňyz.
— Bu maňa nemäni ýatlatdy… — diýip, goja bir zatlar samrady-da, elini kisesine sokdy. — Wah-eý, Lukresiniň kitabyny gaçyraýypdyryn öýdýän. Şahyrlaň burçunda unudan bolaýmasam. Ony ýitirsem gaty gynanaryn.
— Men häziriň özünde ony tapar geläýerin.
Şeý diýip, Helen birki ädim äden ýaly etse-de, birden aýak çekip yzyna dolandy.
— Siziň bilen gümür-ýamyr edip oturmak diýseň ýakymly boldy — diýip, ol elini gojanyň egninde goýdy. — Dostlugymyzyň gymmaty meň üçin çäksizdir. Size nätanyş däl-de, has ýakyn kişi bolmaga rugsat bereniňize-de minnetdar. Häzire çenli bu durmuşda menden ýalňyz adam bolmandy. Çünki hiç kim bilen aňsat-aňsat dostlaşyp bilemok. Kalbyňyzda berç tutan syrlaryňyzy hut maňa ynanmagyňyz bolsa, depämi göge ýetirdi. Onsoňam size şuny aýdaýyn, eger ýüregiňizde sähelçejik orun alan bolsam, siz meň ýüregimde hemişelik ornaşdyňyz. Men hiç haçan deň-duşlarym bilen düşünişip bilmezdim. Olar gözüme kemakyl hem gopbamsy görnerdi, olaram meni ýüregedüşgünç we gyzyksyz hasaplardylar. Olar ýaşaýşyň ujypsyzja synagyndan geçip, onuň kötel ýa-da şowly ýollaryndan habarsyzdyklaryna garamazdan, ähli zady bilýändirin öýderdiler. Maksada okgunlylygyň gymmatyna düşünmeýän hallaryna, kämillige bolan ymtylyş hakynda gep açamda sözlerimi ýaňsa alyp üstümden gülerdiler. Şonuň üçinem men hemmelerden daşlaşdym, daş-töweregime göze görünmeýän galyň diwar aýladym. Size sataşyp, siziň bilen dostlaşmadyk bolsam, belkem, terkidünýä birine öwrülerdim. Siziň öwütleriňiz hemişe meň gulagymda ýaňlanar durar. Men kämil ýaşaýşyň, ymtylyşyň, sungatyň çuňňurlygyna akyl ýetirmäge çalşaryn, çäresizligiň kalbyma aralaşmagyna ýol bermerin, adamzada bolan ynamymam ýitirmerin.
Ol gepläp durka Günüň hälki tyllaýy şöhlesi onuň depesinde ýagty saçyp başlady, goňras saçynydyr eginlerini emaý bilen sypalap, sarysy giden egin-eşigini, bigörk ýüz keşbini şuglalandyrdy. Şonda tüýs ýüreginden syzdyryp gepleýän kir-kimirsiz kalply ýaş gyz, göýä, asmandan inen melege çalym etdi.
— Häzir bolsa… — diýip, Helen ruhubelent halda sözüni dowam etdirdi. — Siz şu ýerdejik oturyň. Menem gidip Lukresiniň kitabyny gözläp geleýin. Soňra men öýe gitmeli boljak. Ýöne grek dilinden ders bermäge wagt tapjak bolaweriň, ýok, söz beriň. Sebäbi biz ertiriň özünde başlamaly bolarys.
Helen uzaklaşansoň goja papagyny eline, taýagyny bolsa goltugyna gysyp geçelgede gezmeledi. Onuň ýüzünde ýakymly ýatlamalaryň akymy bilen bilelikde peýda bolan mähirli ýylgyryş bardy. Häzir onda hemişeki tutuklykdandyr nägilelikden nam-nyşan ýokdy. Onuň dikanlap, ýere bakýan göreçleri birden özüne tarap emgenmän ýöräp gelýän pişikde eglendi. Ýakynyna gelen pişik gojanyň ünsüni çekmek isleýän dek aýagyna süýkenjiräp üznüksiz mawlady. Goja ony sypalamakçy bolup bilini epdi, pişigiň mymyjak tüýüne barmaklaryny ýetirenem şoldy welin, otly kesindä degen dek elini bat bilen çekip aldy-da, naýynjar ah urdy, diýen etmeýän aýaklaryna zordan erk edip, ýaňky oturan ýerine tarap ýöneldi, soňra mejalsyz halda aşak çökdi. Taýagy takyrdap daşyň üstüne düşdi, göwşüldän papagy bolsa gapdalyna gaçdy. Beýle ahwala zähresi ýarylan pişik o ýerden ökjäni götermek bilen boldy. Ýöne gorkara zadyň ýokdugyna düşündimi-nämemi, bahym yzyna dolanmak bilen boldy. Gojanyň hereketsiz göwresiniň gapdalynda birsalym oturansoň, penjesini öňe uzadyp, onuň elini oýnamaga durdy. Pişik goja-da alyp göterer umydy bilen her jüre oýun etdi, ýöne näler jan etse-de, ol sarsaýynam diýmedi. Ahyrsoňy sabyr-takadyny ýitiren pişik jogap bolmajagyna düşünip, gojany ýeke goýdy we moýmudyklap öz ugruna gidiberdi.
Şol mahal Helen Stenli şahyrlaryň burçunda Lukresiniň kitabyny gözläp ýördi. Ol kitaby Çozeriň guburynyň başyndan tapdy. Helen dostunyň ýanyna dolanmakçy bolup durka, Trafalgar meýdançasynda gürrüňdeş bolan işçisini gördi. Işçem ony bada-bat tanady. Ol gyzyň golaýyna gelip:
— Meňem bu ýerde bir ýarym sagatlap aýlanyp ýörşüm — diýdi. — Bärlerde gezmelemek maňa diýseň hoş ýakýar.
—Siz ybadathana baryp görmeli ekeniňiz — diýip, Helen mylakatly gepledi. — Menem şol ýerden, dostumyň ýanyndan gelýän. Ol siziň bu gözel ýerleri halaýanyňyzy eşitse begener.
— Ony ýene bir gezek görsem-ä kem bolmazdy. Ol örän täsin adam eken. Onuň maňa beren sowgady hem üýtgeşik. Öň bu ýere gyzym bilen gelerdim, indi welin ýalňyz gelýän. Ýöne bu ikisi bir zat däl-dä…
— Bolubam bilmez. Onda-da bu ýerde sähelem bolsa ynjalyk tapýansyňyz-a?
— Hawa, sähelçe bolsa-da tapýan öz-ä. Şondan artygyny isläbem bolmaz.
Olar bilelikde ybadathana ýöneldiler, gojanyň gyşaryp ýatan ýerine ýakynlaşyberenlerinde Helen:
— Wah-heý, ol uklaýypdyr öýdýän — diýdi. — Biraz dynjyny almak islän bolaýmasa. Taýagy bilen papagynam taşlapdyr. Sag boluň! Siz olary şu ýerdejik goýuň, menem oýanýança, onuň gapdaljygynda oturaýyn. Ol uzak uklasy ýok-la.
Işçi adam taýagydyr papagy galdyrjak bolup aşak eglende, gojanyň ýüzüne äňetdi. Ukudaky kişiniň bolup ýatyşy onuň bada-bat ünsüni çekdi. Ol ýüzüni gyza tarap öwrende, gyzyňam özüne seredip durandygyny gördi.
— Näme boldy? — diýip, Helen aladaly sorady. — Size näme boldy?
Işçi adam bir zatlar diýjek boldy, ýöne dili diýenini etmänsoň, sandyr-sandyr edýän elini gojanyň ýüzüne gönükdirdi.
Helenem seretdi, birdenkä-de ol çirkin gygyrdy. Goja dem-düýtsüz ýatyrdy.