Melpomenus Jonesiň myhmançylyga gidişi (He­ka­ýa)

Melpomenus Jonesiň myhmançylyga gidişi (He­ka­ýa)

Gürrüň berjek bu wakam özüm ýa siz hakynda däl. Ony özüňize çekip oturmaň. Aslynda, biz özümize erk edip bilýän adamlar ahyryn. Ýöne käbir kişiler welin beýle däl. Olar biri bilen jaňlaşanlarynda ýa-da biriniňkä oturmaga baranlarynda, sagbollaşmakda juda kynçylyk çekýärler. Oturar, gürrüň eder, soňam «indi-hä gaýtmaga bir çen bolandyr ylla» diýip, öýüne gaýtmagy ýüregine düwer. Şol niýet bilenem ýerinden turar-da:

— Ýeri bolýa, men indi öýe… — diýer.

Öý eýelerem:

— Wiý, eýýämem bir turmak bormy?! Ir-ä entek, oturyň birsalym! — diýer.

Ynha, şeýdibem birtüýsli göreş başlanar.

Men durmuşymda şular ýaly wakalary az görmedim, ýöne şolaň içinde dostum Melpomenus Jonese welin häli-häzirem haýpym gelýär. O görgüli şonda ýigrimi üç ýaşyndady. «Gyzyl ýaly adam» diýilýänlerdendi, özem ýaş ruhanydy (wikariý). Ol hemmeleň göwnüni awlajak bolup, özi azar baryny çekýärdi. Ýekeje gezek ýalan sözlejek gümany ýokdur. Bilmän biriniň göwnüne dagy degäýse, hamala, dünýä düňderilen ýaly bolýandyr. Ynha, bir günem ýaňky tomusky dynç alşa çykan gününiň öýlänligi daşgynrak garyndaşlarynyň biriniňkä myhmançylyga barypdyr. Entek öňünde tutuş bir ýarym aýlyk dynç alşy bar eken. Keýpi kellesinde, näme etse-de özi bilýär. Dynç alyşdaky adam. Ol myhmançylykda birsalym oturypdyr, birki käse çaýam içipdir, soňam bar güýjüni jemläp, birden şeýle diýipdir:

— Ýeri bolýa, men indi…

Görgüli «ýöräýin» diýen sözüni aýdyp ýetişmänkä, öýüň bikesi ondan öňürdipdir:

— Wiý, wiý, eýýämem bir turmak bormy! Ýene birsalym oturyň ahyry, ýa gyssanýan ýeriňiz dagy barmy?

Jones görgülem, haçan ýalan sözläp görüpdir. Ýene-de dogrusyndan gelipdir:

— Aý, ýok, gyssanýan ýerim-ä ýok…

— Onda dagy oturyň-da birsalym…

Ol şeýdip oturyberipdir. Onuň içen käseleriniň sany indi on bire dagy ýetipdir. Garaňky gatlyşypdyr. Ol ýene turmaga hyýallanypdyr.

— Ýeri bolýa, indi… Meň pikirimçe, indi men… — diýip, ol çekine-çekine söze başlapdyr. Şol barmana öýüň bikesi ýene:

— Wiý, gaýdarman bolýaňyzmy? — diýip, sypaýyçylyk edipdir. — Indi agşamlyk naharynyň wagty geldi ahyry. Nahary taşlap gidip bolmaz-a…

— Bilýäňizmi, naharlansamam bolardy welin… ýöne…

— Heýem, oň «ýönesi» bormy? Häzir kakalaram işden geler-de, sizi görüp göwni hoş bolar!

— Bolýa — diýende, onuň sesi zordan eşidildi. — Galaýaryn — diýip, ol ýene-de şol oturan oturgyjyna çöküpdir. Çaý içip-içip, görgüliň içi julk bolan eken.

Kakalary işden gelip, bile agşamlyk edinipdirler. Görgüli nahar iýse-de iýipdir welin, küýi-köçesi öýüne gaýtmak bolupdyr. Öz ýanyndan sagat sekiziň ýary boldugy, öýüne gaýtmagy ymykly ýüregine düwüpdir.

Agşamlyk naharyndan soň öýüň eýesi onuň birneme ünsüni sowmak üçin oňa maşgala suratlaryny görkezmäge başlapdyr. Garasaý, bir surat depderi bolsa alyp gelipdir. Top-top suratlary öňünde goýupdyr. Olaryň içinde kakalarynyň daýylarydyr daýzalary, ejeleriniň agalarydyr inileri, olaryň çagalary, garaz, gaty üýtgeşik suratlaram bar eken. Mysal üçin, kakalarynyň daýysynyň dostunyň suraty. Ol bengallaryň geýiminde surata düşüpdir. Ýa bolmasa, kakalarynyň atasynyň bir dostunyň itiniň suraty. Päh-päh, ony dagy gaty üýtgeşik edip surata alypdyrlar. Dokuzyň ýaryna çenli Jones ýetmiş bir sany dagy suraty gözden geçiripdir. Ýene görmeli suratlarynyň sany altmyş dokuz sany dagy bar eken. Jones ýerinden galyp:

— Siz sag aman ýatyp turuň, men bolsa… — diýeninde, onuň sesi ýalbaryjy äheňde çykypdyr.

— Sag-aman ýatyp turuň diýýäňizmi? Wiý, eýýämem bir ýatmak bormy! Sagat entek dokuzyň ýaram bolanog-a! Ýa etmeli-goýmaly işiňiz dagy barmydy?

— Aý, ýok, işim-beýlekim-ä ýok — diýip, ol bu gezegem boýnuny burupdyr. Soňam «bir ýarym aý» diýip, bir zatlar mydyrdanypdyr.

Ynha, şol barmana-da maşgalanyň körpejeleri, tomarlanyp ýören enaýyja bala jenap Jonesiň şlýapasyny bir ýerlere süýräp alyp gidipdir. Bujagaz körpejäň o hereketinden soň-a kakalary hasam onuň galmagyny towakga edipdir. Birneme söhbet etseler gowy boljakdygyny aýdypdyr. Şunlukda, Jones ýene galmaly bolupdyr. Her gezek gitmegi ýüregine berk düwüpdir, ýöne her gezegem dili diýenini etmän duruberipdir. Aslynda, dogrusy, indi öý eýelerem myhmanlaryny ugradyp, arkaýynlaşsalar kem görmändirler. Muňa kakalary hasam alada galypdyr. Ahyry ol sözüni ýaňsa alyp gürläpdir:

— Sen, gowusy, bizde ýataý bu gün, ýorgan-düşek bereris.

Jones onuň bu ýaňsylap aýdan sözlerine göni manysynda düşünipdir. Ol gözüne ýaş aýlap, onuň bilen ylalaşypdyr, hatda bu hoşamaýlygy üçin oňa minnetdarlyk bildiripdir. Kakalary onuň ýeke özüne bir otag berip, ýatmaly ýerini görkezip durşuna, öz ýanyndan «Beýle-de bir pöwhe adam bolar eken!» diýip hüňürdäpdir.

Ertesi gün ertirlikden soň, kakalary şähere işe gaýdypdyr. Jones bolsa şojagaz çaga bilen oýnaýançy bolup, gussa batyp galyberipdir. Indi onuň öýüne gaýdasy gelip, uzakly gün içini it ýyrtypdyr, ýöne muny öý eýelerine nädip aýtjagyny bilmän gaty kösenipdir. Aýdyp goýberäýmeli bolanda-da, agzyna suw alan ýaly gürläp bilmän durupdyr. Agşamlyk kakalary işden geleninde, Jonesiň entegem öýündedigini görüp, allaniçigsi bolupdyr. Dogrusy, bar keýpi gaçypdyr.

Ol degşip, «şeýtsem görgüli düşüner» diýen niýet bilen oňa zähmet dynç alşy gutarýança öýlerinde kireýne ýaşamagy teklip edipdir. Ol muny diýse-de diýipdir welin, yzyndan gülüp goýberipdir. Görgüli ýigit birbada aňk-taňk bolup seredip durşuna, soňam kireýne ýaşajak puluny töläpdir, özem bir aýynyňkyny öňünden geçiripdir. Soňam öz bolşuna gynanyp, ýene gözüne ýaş aýlapdyr.

Gün geçdigiçe o görgüliňem haly teňläpdir. Sussupes gezipdir. Elbetde, ol bar wagtyny myhman otagynda geçiripdir, ýöne barybir, myhman bolup gezmek ony halys surnukdyrypdyr. Onuň daşaryk çykyp, gezim edesi, ertirki maşklaryny ýerine ýetiresi gelipdir. Ýöne ol bularyň hiç birini edip bilmän kösenip, özüni barha ýaramaz duýupdyr. Ol şonça günläp bar wagtyny diňe çaý içip, hemem suratlara seredip geçiripdir. Käteler dagy ol bengal geýiminde düşen kakalarynyň daýysynyň dostunyň suratyna näçe sagatlap seredip oturypdyr. Aram-aram onuň bilen gürleşipdir, oňa öz içini aýdyp beripdir. Soňabaka görgüli halys ugur-utgasyny ýitiripdir.

Ahyry bir gün onuň bolýan otagyndan gürpüldi eşidilipdir. Görseler, ol görgüliň gyzgyny galyp, saňňyldap ýatyrmyş. Ol indi hiç kimi tananokmyş, hatda näçe sagatlap aňkaryp sereden şol suratynam, ýagny kakalarynyň daýysynyň bengal geýimli dostunam. Görgülini dessine hassahana eltipdirler. Näme-de bolsa, hassahanadan soň-a ony öýüne alyp gidipdirler.

Iňlis dilinden terjime eden Tawus KAKAÝEWA,
«Watan» gazetiniň baş redaktory
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle