Asmanda Gün — göýä, ýaprak tyllaýy…

Asmanda Gün — göýä, ýaprak tyllaýy...

Wiktor ŞNIP,
belarus şahyry

Häzirki zaman meşhur belarus şahyry Wiktor Şnip 1960-njy ýylyň 26-njy martynda Minsk welaýatynyň Woložin etrabynyň Pugaçi obasynda daýhan maşgalasynda doguldy.

1978-nji ýylda Minskiniň arhitektura — gurluşyk tehnikumyny tamamlady. Minsk şäheriniň gurluşyklarynda neçjar, «Нёман» we «Вячерни Минск» neşirlerinde edebi geňeşçi bolup işledi. 1987-nji ýylda Moskwada ýokary edebiýat kurslaryny tamamlady. Soňra Minsk şäherindäki neşirlerde dürli wezipelerde işledi.

Wiktor Şnip 10-dan gowrak goşgular ýygyndysynyň awtory bolmak bilen, kyssa eserlerini-de döredýär, terjimeçilik işini hem döredijiliginiň bir şahasy hasap edýär.

***

Meniň zer suwuna çümen Watanym,
Gün sen, her säherde Ýere çokunýan.
Ybadat öýüm sen, kalbym dokunýan,
Asmanym sen, dem alýan çür depämde,
hemem dabanymy dirän topragym,
Teşne bolup dodaklarym kepände,
Seň gözýaşlaň meň gözümden dökülýär:
Bagty çüwen Watanym.
Yza dolap bolmajak kän zat hakda,
Günüň eräp bilmän ýüzýän ýerinde.
Gubur bolup galan kän perýat hakda,
Kalp gülse-de, gaýgy-gussa serimde.
Asman bakylygyň gapysy wagty,
Ýer bir tozan, daban asta düşelen,
Meniň zer suwuna çümen Watanym,
Bagty çüwen Watanym,
Ybadat öýüme howlugyp barýan,
Seň gujagyňa barýan ýaly tijenip…
Özgä bagt diläp çokunan ýerine,
Kakam bilen ejemiň…

***

Ýene öýümizi ak gar basypdyr,
Meňzäp Ýewropanyň garly gyşyna.
Gar adamy ýaly, garyň içinde,
Ýok zady gözlemek gelýär hoşuma.
Ýaşap ýörseň sypma ýok gyş deminden,
Ýüzüp barýar trolleýbus zeminde.
Ol bir demir gaýyk — kürekçi Haron,
Göze ilmän arasyndan sütünleň,
gadymy sütünleň,
barýarys geçip,
Ahmal bolsaň, ýitip gitjek bütinleý.
Yzy bilen ýüzsem diýýän alysa,
Durmuşy söýýäne barýan tirkelip,
Bir başymyz bolsa aman hem esen.
Dag ýaly diwarlar otyr irkilip,
Ýaz erejek gar astynda gussaly.
Näbellikä ýaşajagymyz şoňa çen…

***

Ejemi görmänme kän ýyl geçipdir,
Şonça ýyllap ne öli, ne diri men.
Ýalňyzlykda tüm garaňkyň içinde,
Guwwas deýin çümüp barýan, nirä men?
Asmanda Gün — göýä, ýaprak tyllaýy,
Tänip düşäýjek ol, şemala, öwsen,
Men bu ýolda, göýä, asfalty deşen,
Ot bolup gögersem.
Ejemi görmänme kän ýyl geçipdir,
Ylahy asmansyz köp ýyl itinip
ýaşadym,
ýaşadym bergi-algysyz.
Ýolda ýitip, ýoldan tapsam ýitigim —
Ýaprajygy, göýä, kartaň çyzgysy,
Öýe tarap barýan ýoluň salgysyn…

***

Meň şu güne siňip gidesim gelýär,
Ol belläp dur aýralygyň pellesin.
Biheder nazarym surata alýar,
Perişdeleň derýa düşýän kölgesin.
Meň şu güne siňip gidesim gelýär,
Göýäki otludan galana meňzäp.
Ot ýakyp, hem tüssä garyp didary,
Bir pursatda aňry-bärini deňläp,
Tokaýda bakylyk gözläp güýmensek.
Bir çümmük ýük bolmaz, bilsek bor şony,
Bakylyga ugran gaýygyň düýbünde.
Oglanjyk, şeýtan dek jykyrdap gülýär,
Suw boýunda kagyz gaýyk oýnagy.
Kenarda biz — göýä, iki çagajyk,
Birje pursat togtasa wagt toýnagy.
Ýöne ol derýa dek, tanapyn üzen,
Hemme zady ýalmap-ýuwudyp barýar,
Edil kül ýuwan dek süpürip bizem…

***

Öýi hem howlyny ak gar basypdyr,
Geçen ýyllar galypdyr gar astynda.
Säher gary ýaly juwan wagtymyz,
Ertir eräp, ýene gara öwrülmek,
Kanun, aslynda.
Öýi hem howlyny ak gar basypdyr;
Ýagşyzada ak tümlüge nur döken,
Sen ýolsuz-ýodasyz azaşyp ýören,
Daňyň ak gary dek törüňe çöken
bulutlara, görk-görmeksiz oba-da,
Säher damja bolup ýere siňjek ol;
Ýele münüp şahalaryň tobasyn
gaýtarjak, hem gary ýele sowurjak,
hem ýaşasym gelýär,
hem agydan pürepür meň owurdym,
Bu ak gara çümen jaýlaň içinde.
Alyslarda galan ýyllara siňsek —
Biz säher gary dek juwan biçüwde.
Çeşme akar Taňryň nazar salan ýerine,
Olary söýýärin seniň söýşüň dek:
Gar astynda galan öýi, howlyny,
hem ýyllary, ötüp giden howlugyp…

***

Köçeden dolanyp bilemok öýe,
Edil öz-özüme ýok ýaly erkim.
Gapyma gulp urup, zyňsam açaryn,
Tänen ýaprak ýaly uçaryn erkin.
Tozanly ýellere münen ruh deýin,
iglije agaçlar, bilmän şatlanyp.
Ak tümlügi atyp otyr egnine,
Göýä, sary ýaprak, ýele atlanan,
Gussam şemal ýaly möwjeýär syrap,
Ybadat öýünde galan çaganyň
ýürek ezýän zaryn agysy ýaly,
hem tümde agaryp görünýän çyra —
göýä, ýagtyldyp dur älemiň teýin.
Hem kalbyň töründe çöküp ýatyr ol,
Wah… ejeme ýazylmadyk hat deýin…

Rusçadan terjime eden Jumageldi MÜLKIÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle