Nesibe (Hindi ertekisi)
Ýakyn dostlar Ram bilen Şankar diýseň pukara ýaşaýardylar. Ram ähli zady nesibe saýyp, şoňa ynanýardy. Ine, Şankar welin onuň tersine, nesibe diýlen zada asla ynanmazdy.
Bir gün olar ýaşaýan ýerleriniň hökümdaryndan kömek soramak üçin onuň huzuryna barypdyrlar. Ilki Şankar söze başlapdyr:
— Ilbaşy, biziň ikimizem garyp, şonuň üçin sizden kömek soramaga geldik. Meniň dostum Ram nesibä şeýlebir ynanýar welin, näme tapsa, hemmesini şondan görýär. Emma men beýledir öýdemok, eger-de siz isleseňiz ähli zady berip bilersiňiz — diýip hasaplaýaryn.
Şankaryň bu sözlerine hökümdar örän hoşal bolupdyr. Ol Rama dänedir tüwi beripdir, ýöne Şankara däne-tüwüsiniň gapdalyna bir kädini hem goşupdyr.
«Men kädini halamok. Muny Rama berip, onuň deregine dänelerini alsam gowy bolar» diýip, Şankar öz ýanyndan pikir edipdir. Şeýdip Ram Şankaryň aýdyşy ýaly ondan kädini alyp, öz dänelerini oňa bermäge razylaşypdyr. Ertesi gün olaryň ikisi ýene-de hökmürowanyňka barmaly bolupdyr.
— Aýt hany, Ram, ähli zady nesibe berýän ekenimi ýa-da biziň elimizdenem peýda geljek ekenmi? — diýip, hökümdar sorapdyr.
Ram:
— Hökümdarym, ähli zatlar nesibedir — diýip, torbasyndan kesilen kädini çykaryp görkezipdir. Kädiniň içi altyndan doly eken. Muny gören hökümdar haýran galypdyr, Şankar bolsa eden işine juda ökünipdir.