Ewelin (He­ka­ýa)

Ewelin (He­ka­ýa)

Jeýms JOÝS,
irland ýazyjysy

Gyz aýnanyň öňüne geçip, daşarda garaňkynyň düşüşini synlap otyrdy. Birden başyny penjiräniň perdelerine diredi. Burnuna arassa howa däl-de, çaň siňen galyň pagta matanyň ysy geldi. Ol ýadawdy.

Adamlar geçip barýardy. Iň soňky gelýän hem öýüne barýan ýol bilen ýöräp gitdi. Onuň ädimleri, ýerden çykarýan tyrkyldysy, hatda gyzyl reňkli täze jaýlaryň bäri ýanyndaky çagylly ýoda düşende hem eşidilýärdi. Bir wagtlar onuň ol ýerde her gün giçlik şol töweregiň çagalary bilen bilelikde oýnan meýdançasy bardy. Soňra asly Belfastly bir adam bu ýerleri dolulygyna satyn alyp, jaý saldyrypdy. Özem olaryň ýaşap oturan kiçijik, pessejik goňras öýlerine meňzeş bolmadyk, açyk reňkli kerpiçden gurlan, ýalpyldap duran üçekli toplum jaýlary gurdurypdy. Ozallar şaýoluň çagalary şol meýdançada üýşüp bileje oýnardylar. Olar gürrüňi gidýän gyzymyz, onuň uýalarydyr agalary: Dewaýnlar, Woterler, Dannlar, şeýle hem kiçijik agsak Kio dagydylar. Ýöne Ernest welin hiç wagt oýnamazdy. Sebäbi oýun oýnardan has uludy. Kakasy köplenç körpeleri gara tikenli taýagy bilen olary meýdançadan kowup çykarardy. Emma kiçijik Kio gözegçilikde durup sakçylyk ederdi. Ýagny, Ernestyň kakasynyň gelýändigini gören badyna deň-duşlaryna habar ederdi. Barybir, näme diýilse-de şol döwürler hezil geçýärdi. Öz kakasam beýle bir erbet adamam däldi, iň gowy zat-da ejesi hem heniz aýatdady. Bu zatlar bir döwürler bolup geçipdi. Soňra özi-de, agalary hem-de uýalary ejesiz ulalmaly boldular. Tizzi Dann hem ýurduny täzeläpdi. Woterler bolsa yzlaryna, Angliýa göçüp gidipdiler. Hemme zat üýtgäpdi. Indi welin özi hem beýlekiler ýaly öýüni terk edip, uzaklara gitmäge şaýlanyp durdy.

Öý! Ol hepdede bir gezek tozanyny süpüren ähli tanyş zatlaryny iň soňky gezek ýeke-ýeke gözden geçirip, otagyň içine syn etdi. Belki-de, hiç haçan özi bilen bagly bu tanyş zatlaryny gaýdyp asla görüp bilmejekdi. Geçen ýyllaryň dowamynda, keramatly Margarita Mariýa Alakoka berlen sözleriň reňkli ýazgysynyň gapdalyndaky döwük fisgarmoniýanyň ýokarsynda, diwarda asylgy duran saralyşan suratdaky ruhanynyň adyny henize bu güne çenli anyklap bilmändi. Ol kakasynyň mekdep döwründäki dostlarynyň biridi. Heran-haçan kakasy şol suraty myhmanlara görkezse, şol bir adaty sözlerini gaýtalardy:

— Ol häzir Melburnda.

Bärden gitmäge, öýüni terk etmäge birwagtdan häzirdi. Ýöne bu niýeti dogrumydy, belli däldi. Meseläni hemmetaraplaýyn ölçerip dökmäge çalşypdy. Nähili bolaýanda-da, öýleri onuň üçin başyny sokup, garnyny doýurar ýaly gaçybatalgasydy. Ömürboýy tanan adamlary, elbetde, bärde galjakdy. Öýde-de, işde-de agyr zähmet çekmeli bolýardy. Eger onuň gidenini bilseler, dükandakylar näme pikir ederdilerkä?! Belkem, gyz akmaklyk etdi diýerler. Soňra ýerli bildirişleriň kömegi bilen ony gözlärler. Ýöne, ine, hanym Gawan welin muňa begener. Hemişe özüni ondan ýokary görkezjek bolup janygardy. Esasan hem, muňa şaýat boljak adamlar barka.

— Hanym Hill, bu zenanlaryň garaşyp duranyny göreňzokmy näme?!

— Hanym Hill, haýyş edýärin, biraz janlyrak bolsaňyzlaň?!

Onuň dükany taşlap gideni üçin kän bir gynanyp barmaz.

Ýöne barjak täze öýünde, uzakdaky nätanyş ýurtda, bu zatlar asla beýle bolmaz. Şol wagta çenli bolsa ol ýagny, Ewelin durmuşa çykar. Onsoň adamlar oňa hormat bilen garar. Ejesiniň düşen gününe düşmez. Iň bärkisi häzir-de, hatda on dokuz ýaşandygyna garamazdan, käwagtlar kakasynyň ýowuz howpunyň astyndadygyny çyny bilen duýardy. Munuň ýüregini howsala salýandygyny bilýärdi. Ösüp gelýän çagakalar kakasy hiç haçan oňa Garri bilen Erneste azar berşi ýaly azar bermezdi. Sebäbi ol gyzdy. Soň-soňlar bolsa diňe merhum ejesinden ötri oňa nämeleri edip biljekdigini aýdyp gorkuzmaga başlapdy. Indi Ewelini penasyna aljak hiç kimi ýokdy. Ernest ýogalypdy, buthanalaryň bezeg işi bilen meşgullanýan Garri bolsa her gapydan bir çykardy. Üstesine, şenbe agşamlaryndaky üýtgewsiz pul dawalary ony juda argyn ýagdaýa salypdy. Hemişe iş hakynyň barysyny kakasyna bererdi. Garra bolsa başardygyndan gazananjasyny ugradardy. Kakasyndan bolsa ýekeje köpügi-de sorap almak uly dert bolardy. Adatça şenbe günlerinde kakasynyň kän ugry bolmazdy. Oňa puly bisarpa tutýandygyny, kellesiniň ýerinde däldigini, zordan gazanylan bäş-üç manady ýele sowrulan ýaly etdirmejekdigini aýdardy. Ahyrynda-da pul bererdi. Dynç güni üçin agşamlyk naharyny satyn almagyda tabşyrardy. Soňra ol mümkingadar howlukmaçlyk bilen söwda etmäge gitmeli bolardy. Bir elinde gara gaýyş gapjygyny berk gysymlap, dyknyşygyň içinde adamlaryň her haýsyny bir tarapa itekleşdirip, özüne ýol açynardy. Birgiden aňry-bäri zat satyn alyp öýe giç dolanardy. Boýnuna galan iki sany ýaş çaganyň garnyny doýrup, olary mekdebe ugratmak, öýüň bitewiligini saklamak üçin köp emgenmeli bolardy. Bu agyr işdi. Durmuş kyndy. Ýöne welin, häzir şol durmuşy terk etmeginiň öň ýanynda durdy. Bu bolýanlary çekip-çydardan çökder hem hasaplamazdam. Şükürlidi.

Ol Frenk bilen özge bir durmuşa aralaşmaga taýýarlanýardy. Frenk örän mylakatly, göwnaçyk, dogumly ýigitdi. Oňa ýanýoldaş bolmak, özlerine Buenos Aýresda garaşylýan öýde bilelikde ýaşamak üçin gijeki gämide onuň bilen bu ýerleri terk etmelidi. Ony ilkinji gezek gören pursady nähili gowy ýadynda galypdy. Ýigit onuň öňler baryp-gelip ýören ýerinde, esasy köçäniň ugrundaky öýleriň birinde bolýardy. Bu zatlar birki hepdäniň içinde bolupdy. Derwezäniň öňünde durdy, kellesindäki burunly başgaby yza agyp, saçlary bugdaý reňk ýüzüne seçelenip gidipdi… Soňra olar biri-birini tanap ugrapdylar. Her gün agşam dükanyň daşynda onuň bilen duşuşardy. Ol hem ony öýüne çenli ugradardy. Ýigit gyzy «Bohem gyzyny» görmäge-de alyp gidipdi. Ewelin teatryň özüne nätanyş bolan bölüminde onuň bilen bile otyrka özüni bagtly duýupdy. Ýigit sazyň ölemen aşygydy, aýdym aýtmakdan hem biraz başy çykardy. Iller olaryň halaşýandygyny bilýärdiler. Haçan-da, deňizçini gowy gören gyzy barada aýdym aýdanda, elmydama gyz özünde ýakymly bir täsinlik duýýardy. Frenk Eweliniň adyny degişme bilen «Poppens» diýip tutardy. Bar zatdan öňinçä sulhy alyşýan ýigidiniň bolmagy onuň üçin örän uly bagtdy. Frenki çyny bilen halap başlapdy. Ýigit alysdaky ýurtlar barada gyzykly gürrüňleri bererdi. Heniz kiçijik oglanjykka Kanada gidýän Allan Line gämisinde aýyna bir funt gazanç bilen gämi arassalaýjy hökmünde işe başlandygyny, münüp gören gämileriniň hem-de dürli gulluklaryň atlaryny birin-birin aýdyp beripdi. Magellan bogazynyň içinden ýüzüp geçişini, patagoniýalylar baradaky eýmendiriji wakalary beýan edipdi. Buenos Aýresda mekan tutunandygyny, bu ýere bolsa dynç almak üçin gelendigini aýdypdy. Elbetde, kakasy bu bolup ýören zatlary aňypdy. Gyzyna onuň bilen habar alyşmaklygy gadagan edipdi.

— Men bu deňizçilere belet-le… — diýipdi.

Ine, bir gün kakasy Frenk bilen dawalaşdy. Şondan soňra Ewelin aşygy bilen gizlinlikde görüşmeli boldy.

Şaýolda garaňkylyk barha çuňlaşyp barýardy. Köýneginiň eteginde duran iki sany haty saýgarmak kynlaşýardy. Biri Garri üçindi, beýlekisi bolsa kakasyna ýazylypdy. Ernest onuň iň eý görýän doganydy. Ýöne Garrini hem gowy görerdi. Soňky wagtlarda kakasynyň garrap ugrandygyny aňypdy. Gitse, barybir, küýsejekdi. Sebäbi kakasy käwagtlar örän mylakatly adama öwrülip bilýärdi. Arada bir günläp ýaraman ýatanda, kakasy oňa ruhlar barada hekaýa okap beripdi. Onuň üçin ýörite gyzardylan çörek taýýarlapdy. Ýene bir gün, olaryň ejeleri heniz aýatdaka, üýşüp bileje Haut baýyrlaryna oturmaga gidipdiler. Ol kakasynyň çagalary güldürmek üçin ejesiniň zenan başgabyny geýşini birden ýatlady.

Wagty gutaryp barýardy, şonda-da şol bolşunda başyny penjiräniň perdesine ýaplap, galyň pagta matanyň çaňly ysyny içine çekip, aýnanyň öňünde oturmaklygyny dowam edipdi. Köçäniň bir ýerlerinden organda çalynýan sazyň sesi eşidilýärdi. Bu owaz oňa tanyşdy. Munuň hut şu gije, ejesine beren sözüni, öýi mümkin boldugyça jebislikde saklajakdygy baradaky wadasyny ýatlatmak üçin eşidilmegi örän geňdi. Birden ejesiniň ölüminiň öň ýanyndaky soňky gijäni ýadyna saldy. Ejesi şonda däliziň aňry tarapyndaky şol-ol garaňky otagda ýatyrdy. Köçeden bolsa gamgyn italýan sazynyň sesi gelýärdi. Sazanda bäş şaýy berlip, şol ýerden göterilmek buýrulypdy. Kakasynyň özünden göwnühoş ýagdaýda gaýdyp gelşi ýadyna düşüpdi:

— Içigara galan italýanlar! Bärik hem gelipdirler! — diýipdi.

Ejesiniň gözgyny durmuşyny göz öňünden birin-birin geçirip pikirlenip oturyşyna, onuň barlygyndaky iň çuň duýgularyndan hem üstün çykmagy başardy. Sebäbi ahyrynda telbelik bilen tamamlanjak şol pidakärçiliklerden doly durmuş ediljek häzirkisidi. Soňra birdenem ejesiniň birsyhly akmaklyk bilen gaýtalaýan şol sözleri ýaňadan eşidilende ini jümşüldäp gitdi:

— Lezzet soňy ezýet! Lezzet soňy ezýet!

Aýylgançlygyň duýdansyz täsiri bilen ýerinden zöwwe turdy. Gitmeli! Hawa, ol gitmelidi! Frenk ony gorajakdy. Oňa bagty, belki-de söýgüni hem peşgeş berip biljek ýeke-täk şol bolmagy mümkindi. Ewelin ýaşamak isleýärdi. Näme üçin ol bagtsyz bolmalydy?! Onuň hem bagtly bolmaga haky bardy ahyryn. Frenk oňa gujak açar, arka çykar, ony gorajak ynsan…

Ewelin Nort Wolldaky duralgada yraň atyp duran märekäniň içinde durdy. Ýigit onuň elinden tutup, ýene gämi syýahaty barada dynuwsyz bir zatlary gürrüň berýärdi. Duralga goňur torbaly esgerlerden doludy. Ammarlaryň giň gapylarynyň içinden gämi duralgasynyň ýanyndaky penjireleri ýagtylyp duran gämidäki köpçüligiň garaňky suduryna gözi düşüpdi. Gyz dymýardy. Üşeýärdi, ýüzi solgundy, gaýgy-hasratdan ýaňa ugruny ýitirip, Hudaýdan özüne dogry ýol görkezmegini dileýärdi. Gämi dumanyň içinde uzyn gaýgyly sykylygyny çalypdy. Eger gitse, ertir Frenk bilen açyk deňizde — Buenos Aýresa barýan gämide boljakdy. Ýol peteklerem eýýäm taýyndy. Özi üçin edilen şunça zatdan soňra yza tesip bilermidi?! Aladalar onuň süňňünde ýürek bulanmanyň döremegine getiripdi. Sessizlik bilen dodaklaryny hereketlendirip doga etdi. Jaň sesi ýüreginde ýiti täsir döretdi. Ewelin Frenkiň elinden tutup:

— Ýör, gideli! — diýipdi.

Dünýädäki ähli deňizler onuň ýüreginde çaýkanyp, ýigidem Ewelini şolaryň içine itekläp, ony gark edip barýan ýalydy. Gyz iki eli bilen gämä münülýän demir germewden berk ýapyşypdy. Ýigit:

— Ýör, gideli!

Ýok! Ýok! Ýok! Bu mümkin däldi. Onuň elleri mäkämlik bilen demri gysymlaýardy.

— Ewelin! Ewwi!

Ýigit germewiň aňry tarapyndan, ony öz ýanyna çagyrýardy. Bu ýerden çaltrak uzaklaşmagy üçin ýokardan gygyrsalar-da, henizem ony çagyryp durdy. Gyz oňa öçügsi nazaryny dikipdi, biçäre mal ýaly ejizläpdi. Onuň gözlerinde ne oňa garşy söýgi, ne ýakynlyk, ne-de hoşlaşyk bardy.

Iňlis dilinden terjime eden Ogulşat BERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle