|

Geliň bilelikde dowam etdireliň!

Geliň bilelikde dowam etdireliň!

Essalawmaleýkim saýtymyzyň hormatly agzalary we myhmanlary! Sag-amanja ýörenmisiňiz?!
Ýetip gelýän täze ýyllaryňyz hem gutly bolsun! Düşümli, rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolsun!
Mowzugyň adyny okap "Nämäni bilelikde dowam etmelikä?" diýýänsiňiz elbetde. Häzir düşündürjek bolaýyn. Düýn agşam bir hekaýa ýazyp başladym welin kelläme: "Mmmbäh, şu hekaýany pylany ýazyp oturan bolsa nähili dowam etdirerkä ýada pylany bolsa näderkä?" diýen pikirler geldi. Bärdäki agzalaryňam tüweleme hemmesi diýen ýaly döredijilik işgärler ýada döredijilik bilen,edebiýat bilen gyzyklanýan adamlar. Şonuň üçinem şu hekaýanyň yzyny teswirlerde her kim öz fantaziýasyna görä dowam etdirse hemä gyzykly hemem peýdaly bolardy diýen umydym bar. Hany onda döredijilik ukybymyzy işe salalyň! Hekaýa entek özümem at goýmadym. Her kim öz wersiýasynda adyny hem özi goýaýsyn.

Selim toý mekanyň öňünde ulagdan düşüp galdy. Toý alyp baryjy (tamada) bolany bäri bärde ençeme toýlara gatnaşypdy. Öňler halypasy bilenem kän gelipdi. Her gezek toýa gelende bolyşy ýaly bu gezek hem toý eýeleri gadyrly garşyladylar. Üsti dürli iýgi-içgiden doly stoluň başyna geçmäge mürähet etdiler.
Selim stola geçip oturdam welin arka tarapyndan:
— Bagyşlaň! Toýy siz alyp barýaňyzmy?-diýen, tanyş zenan sesi eşidildi. Selim "Hawa, nesip bolsa. Alyp barmakçy özä!" diýmek üçin yzyna öwrüldi… Eý, Allam bu şol… Hawa, hawa bu şol…"Tiresi uşak, özem nirede bir aýdym-sazyň sesi çykarka diýip, toýdan-toýa enteýän oglana" berilmedik gyz…
Ýöne häzirki daş sypatyndan-a ol gyza meňzänok…

Yzyny ýazmak siziň bilen gadyrdanlar. Hany ukyp-başarnygymyzy görkezeliň!

Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle