Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama — Iýul 2025)
HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04
Hamallar iýulda birbada hyýal hem-de hakykat bilen ýüzleşerler. Esasy zat, gyssanmazlyk. Gelip gowuşýan maglumatlary mazaly seljeriň. Gerek bolsa maslahat soraň. Haýsy mesele bolsa bolsun, parhy ýok, duýgynyň güýji bilen netijä gelmäň. Iş babatda etsem-petsemleriňizi özüňizde saklaň. Şeýle-de köpçüligiň inkär edip biläýjek meselelerinde öz pikiriňizi öňe sürmäň. Siz bu aý gep-gürrüňden daşda bolup, iş öndürijiligi artdyrmak barada oýlanyň. Bu siziň girdejiňiziň köpelmegi üçin hem gowy mümkinçilik bolar.
Arassa howada köpräk gezelenç etmäge çalşyň. Tebigat ähli dertleri bejermäge ukyplydyr.
SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05
Iýul sowurlaryň öz-özlerine içgin düşünjek aýy bolar. Bilip goýuň, özgeriş sizden yhlasy talap edýär, ýöne, netijede, olar durmuşy gowy tarapa üýtgetmäge ukyplydyr. Şonuň üçin bu aý näme isleýäniňizi ymykly anyklap, onsoň meýilnama düzüň. Işleriňiziň oňuna bolmagy üçin köpçülige ýakyn boluň, toparlaýyn işlere gatnaşyň, pikirdeşleriňizi köpeldiň. Şeýle etmek sizi gürrüňsiz üstünlige ýetirer we düşewüntli işlere ýol açar.
Saglygyňyzy berkitmek üçin oňat dynç, kadaly uky almagy unutmaň. Ýokuma baý iýmitleri, ylaýta-da, gök önümleri iýmek bedeniňize güýç-kuwwat berer.
JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06
Jöwzalar iýulda döräp biläýjek meselelere döredijilikli çözgüt gözleseler özleri üçin täze gözýetimleri açarlar. Şunda ýakynlaryňyzyň ýardamy size taýsyz goltgy, tükeniksiz güýç-kuwwat berer. Gujuryňyz artyk bolsa-da, wagtynda dynç almak gerek. Durmuşda ruhy hem fiziki deňagramlylyk esasy zat. Bu aý işjeňligiňiz artar, diýmek, girdejiňiz hem edil şonuň ýaly bolar. Kärdeşleriňiz bilen agzybir, dostlukly gatnaşyk iş ýeriňizde ýakymly ýagdaýyň döremegine getirer.
Saglygyňyz sizi bimaza etmez. Şeýle-de bolsa sport bilen meşgullanmagy unutmaň.
SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07
Seretanlar iýul aýynda gujurlarynyň artyp, ruhlarynyň beýgelýändigini duýarlar. Şu-da olara bar bolan kynçylyklary aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge kömek eder. Birsydyrgyn durmuşyňyzy üýtgetjek boluň, şonda siz munuň yzynyň garaşylmadyk hem örän ýakymly özgerişliklere eltjekdigini görersiňiz. Şonuň üçin bu aýyň her gününi ykbalyňyzy gowy tarapa üýtgetmäge mümkinçilik diýip düşüniň. Iş babatda ýekebara däl-de, köpçülik bilen bile hereket etmek gowy girdeji getirer.
Iýul aýynda size öz saglygyňyza esewan etmek üçin hem şert dörär. Şol sebäpli iş meýilnamaňyzy wagtyňyzyň köpüsini dynç alyp, göwün açyp biler ýaly görnüşde düzüň.
ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08
Esetler iýul aýynda özlerine ynamly hereket ederler. Daş-töweregiňizi özüňizi ylhamlandyrýan adamlar bilen gurşaň. Bu size ruhubelentlik eçilip, dörän meseleleri aňsatlyk bilen çözmäge kömek eder. Öz üstünlikleriňize begenmäge, artykmaç taraplaryňyzy görkezmäge ýaýdanmaň. Siz muňa doly mynasyp.
Iýul aýynda size öz hünäriňiz boýunça kämil tejribe toplamaga, netijede, başarjaň işgär hökmünde ykrar edilip, wezipäňiziň beýgelmegine hem ýol açylar.
Saglygyňyzy berkitmegi dowam edip, sagdyn durmuş ýörelgesini ýörediň. Ruhuňyzyň has-da beýgelmegi üçin ýakynlaryňyz bilen köpräk wagt geçiriň.
SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09
Bu aý sünbüleleriň öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin jan etmeli aýy. Ýetýän her bir üstünligiňizi mynasyp dabaralandyryň. Şeýle etseňiz, indiki ýeňişlere ýetmäge höwesiňiz artar. Esasy zat, ýüregiňizdäki maksadyňyz bilen edýän hereketiňiz deň bolsun. Iş ornuňyzda özüňizi görkezmäge mümkinçilik dörär. Kyn tabşyryklary ýaýdanman boýun alyň. Ýatda saklaň, adam kyn işleriň üsti bilen tanalýandyr.
Saglygyňyz — özüňize bagly. Degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp, özüňizde bolup geçýän iň owunjak zatlar hakynda hem aýdyp beriň. Öz ýagdaýyňyzyň nähilidigini bilmek, size ynamly hereket etmäge ýardam berer.
MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10
Mizanlara öňkülerden üýtgeşik, täze işleriň başyny tutmak gerek. Belki, siziň şeýle etmegiňiz, özüňizde bar bolan ukyplaryň üstüni açyp, goşmaça girdeji çeşmesiniň döremegine sebäp bolar?! Öz döredijilikli pikirleriňizi gizlemäň, gaýta, bu ylhamly pursatlardan peýdalanyp, zehiniňiziň joşmagyna ýol beriň. Iş ornuňyzda köpçülik bilen agzybirlikden başga-da, her bir adama aýratyn gadyr goýmagy başarmak sizi köp meseleden utuşly çykarar.
Bu aýda siz sagdyn bolmak üçin kadaly iýmitlenmäge üns berseňiz gowy bolar.
AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11
Ýyldyzlar iýulda akraplara uly özgerişlikleriň garaşýandygyny aýdýarlar. Nähili ýagdaýa duş gelseňiz hem, oňa ruhubelentlik bilen çemeleşiň. Çünki durmuşda kiçijik şowsuzlyklaryň uly bagtyň başlangyjy bolaýýan wagty-da az däl ahyry. Girdeji-çykdajyňyza hem seresaply çemeleşiň. Tygşytlylygyň zyýany degýän däldir. Bu siz babatda alanyňda hem şeýle.
Iýul sizden işjeňligi talap edýär. Diýmek, saglygyňyzy berkitmek üçin sport bilen meşgullanmakdan gowusy ýok. Bu size hem ruhy taýdan, hem fiziki taýdan uly täsir eder.
KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12
Kowuslar iýulda daş-töweregindäki adamlara zerurlyk duýarlar. Bilmeýän zadyňyzy soramakdan ýaýdanmaň, tejribe şeýdip toplanylýandyr. Adamlary diňleýän wagtyňyz öz ýüregiňiziň sesine-de diň salyň. Ol aýdylýan zatlaryň haýsynyň siz üçin gereklidigini syzdyrar. Bu aý ýiti bäsdeşlik duýarsyňyz. Özgelerden saýlanmak üçin öz artykmaç taraplaryňyzy peýdalanyň. Beýle diýmek, «Atyňy ýeke çapmaly» diýmek däldir. Köpçülik bilen oňat gatnaşyk size hemişe-de zerurdy, häzir hem şeýle.
Saglygyňyzy berkitmek üçin sport bilen meşgullanyň. Lukmanyň gözegçiliginden geçiň.
JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01
Jedilere bu aý has ünsli bolmak gerek. Hiç bir zatda howlukmaç netijä gelmäň. Aýdylanlaryň hemmesini jemläp, ýagdaýy göz öňüne getirmäge çalşyň. «Ýedi ölçäp bir kesjek» boluň. Ünjä galmaň, siziň işiňizde hiç hili bökdençlik döremez. Ýolbaşçylar hem siziň iş başarjaňlygyňyzy gözlerinden sypdyrmazlar. Şol sebäpden pikir-garaýyşlaryňyzy arkaýyn hödürläp bilersiňiz. Dogumlylygyňyz size abraý hem şowlulyk getirer. Munuň täze wezipä bellenmegiňize eltmegi-de juda mümkindir.
Saglygyňyza ideg etmek bilen, bolup biläýjek sökelligiň öňüni alyp bilersiňiz. Gaharjaňlykdan uzak durup, immun ulgamyňyzy ýokarlandyrmak hakda alada ediň.
DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02
Daluwlar iýulda az-kem tankyda sezewar bolarlar. Eger tankyt ýerlikli bolsa, näme sebäpden ony kabul etmeli däl?! Özüňize peýda getirjek islendik zada açyk boluň. Şol bir wagtda tutanýerliligiňizi-de elden bermäň. Belki-de, ýakynlaryňyza öz etsem-petsemleriňiz hakda gürrüň berip, ýüregiňizi açarsyňyz. Iň golaý adamlaryň bilen düşünişmek size indiki ädimler üçin goltgy berer. Şu wagt tygşytly bolmasaňyz, soň kösenäýmegiňiz ahmal.
Kadaly iýmitleniň. Iýmitleriň hatarynda beloga we beýleki ýokumlara baý önümleriň bolmagyna üns beriň.
HUT (Balyk) 21.02 — 20.03
Hutlar bu aý öz zehin-ukyplaryny täze başlangyçlar üçin sarp etseler üstünlige ýeterler. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň goldawyna biparh bolmaň. Olar hemişe-de gerekdir. Özüňize ynamly boluň. Bu size uly arzuwlaryňyza ýetmäge ganat berer. Täze işlere baş goşmakdan ýaýdanmaň. Şeýtmek siziň öňüňizde öň görmedik gözýetimiňizi açar. Esasy zat, ýyldyzlar siziň işleriňiziň şowuna, girdejiňiziň hem ýetik boljakdygyny söz berýärler.
Saglygyňyz hut «tut ýaly» diýilýäni. Bu amatly pursady özüňize ideg etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeňleşdirmek hem sport bilen meşgullanmak üçin ulanyň.