Iň gowy dost (He­ka­ýa)

Iň gowy dost (He­ka­ýa)

Swet­la­na GO­RE­WA,
rus ýa­zy­jy­sy

Petýa synpyň iň gödek oglanjygydy. Ony hiç kim halamazdy. Ol hemişe gyzlaryň saçyndan çekerdi, oglanlary-da badak atyp ýykardy. Aslynda, ol bu zatlary etmegi halap barmazdy, ýöne onuň aňynda: «şeýle hereketler ony beýleki deň-duşlaryndan has ekabyr görkezýär» diýen pikir bardy. Ýöne bu zatlaryň erbet tarapam bardy. Onuň bilen hiç kim dostlaşmak islemezdi. Petýanyň partadaşy Kolýa iň köp ýumruk iýýänleriň biridi. Ol örän tertipli hem-de sapaklaryna oňat ýetişýän okuwçydy. Ýazuw barlag işlerinde ol hiç wagt Petýa kömek etmezdi. Şonuň üçinem Petýa ondan öýkelärdi. Bir gezek synpdaşy Katýa:

— Sen horaz ýaly bolup hemme kişini gorkuzýaň. Şonuň üçin saňa «Petka şermende» lakamyny goýduk — diýdi.

Şeýlelikde, bu lakam oňa şaplaşyp galdy. Mugallymlar oňa erbet häsiýetleri üçin käýinerdiler, öý işlerini ýerine ýetirmeýänligi sebäpli ikilik goýýardylar. Öýüne, ene-atasynyň ýanyna çenli barardylar. Emma Petýanyň pikirinde ýekeje zat — hemmelerden ekabyr bolmak arzuwy bardy.

Mekdebiň güýzki birinji çärýeginiň dynç alyş möwsümi hä diýmän başlanmalydy. Synpdaşlar bolup teatra gitmeşek edildi. Esasanam, muňa gyzlar sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Geçen gezekki tomaşa eden oýunlary diýseň ýaranlygy üçin olar ýene görmäge göwünjeňdi. Bu wakanyň öňüsyrasy Kolýa keselläp, hassahana girmeli boldy. Muny eşiden Petýa nämüçindir gynandy, partadaşynyň hemişe ýanyndadygyna, birdenkä bolsa ýoklugyna öwrenişip bilmedi.

Mekdepden öýüne gaýdyp gelen Petýa otagyna baryp, tekjeden mugallymlaryň okamagy tabşyran kitabyny ilkinji gezek eline aldy. Muny gören ejesi ýuwaşlyk bilen gapyny ýapyp ýylgyrdy. Oglunyň birinji gezek eline kitap alanyny görmek ejesine diýseň ýarapdy. Ýöne Petýa ertir teatra gitmän, Kolýany görmegi ýüregine düwdi. Ol ertesi gün ir bilen hassahana gitdi. Ýolda dükana sowlup, pyrtykal satyn aldy. Sebäbi Kolýanyň ony halaýanyny bilýärdi. Petýa hassahana baryp, otagyň gapysyny ýaýdanjaňlyk bilen açdy. Ol bärik gelenine azajyk utanýardy. Ony gören Kolýa geň galyp, düşeginden böküp turdy:

— Näme üçin teatra gitmediň?

— Bilmedim… Seň hal-ýagdaýyňy soramagy ýüregime düwdüm-de, bärik gaýdyberdim, saňa pyrtykalam getirdim.

— Hä, beýle bolsa gel, otur, bileje iýeli.

Petýa oturgyjy aldy-da, oturyp, ýuwaşlyk bilen sorady:

— Kolýa, gel ikimiz dost bolaly!

Kolýa muňa gülüp:

— Indi meni urmarsyňmy? — diýip sorady.

— Ýok, urman, ikilik almakdanam halys ýadadym. Men düýn şeýlebir gyzykly kitaby okap başladym. Ony seň okap görmegiň üçin ýanym bilen alybam gaýtdym.

— Köp sag bol! Öň okap görmedik bolsam, hökman okaryn — diýip, Kolýa jogap berdi.

— Kolýa, gel ikimiz aralaryndan gyl geçmeýän dost bolaly!

Kolýa ýylgyryp «Bolýar» diýen manyda başyny atdy.

Aradan bir hepde geçdi. Petýa her gün hassahanada ýatan dostunyň ýanyna gelýärdi. Oňa köke, alma ýa-da pyrtykal getirip bererdi. Dosty bilen oturyp, gyzykly we gülküli zatlar hakynda uzak wagtlap gürrüň ederdi. Soňra sapaklar başlandy, Kolýa hem hassahanadan çykyp, okuwyna gatnap ugrady. Ol agşamlaryna Petýanyň ýetişip bilmeýän sapaklaryna kömek etdi. Şeýlelikde, Petýa dörtlük-bäşlik bahalar alyp, bäşinji synpy oňat bahalar bilen tamamlamagy başardy, Kolýa bolsa onuň hemişelik dosty bolup galdy. Bu häli-häzirlerem şeýle.

Rus dilinden terjime eden Rüstem GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle